06:27 Şahyrlaryñ "dostlary" hakda | |
Sylapberdi Muhamowyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Duşenbe, 07.08.2023 ý. ("Daşda-içde pikir goýman..." syýahat depderinden) Şahyrlaryñ birtopar "dostjagazlary" bolýar. Seýregräk dostlaram. Emma dostjagazlar hakda aýtsam, olar baky bolmak hakda iñ köp arzuw edýän adamlar. Şahyrlar öz şahyranalygy bilen bakylyga gatylyp bilen adamlarmyka diýip ýalñyş pikir edýärler. Aslynda şu dünýäniñ özi baky däl, şahyrlar dagy nämejik. Ana, onsoñ şol şahyrlaryñ "dostjagazlary" bakylygyñ synyndan ýapyşýarmykak diýip, dost kişisiräp, döredijilik adamynyñ ýanyndan aýrylmaýarlar. Öýünde ýapa-ýassan ýatybermese-de, ýola-yza çyksa şahyryñ ýanyndadyr, toý-tomga gitse gapdalyndadyr. Garaz şahyra başga dert gerek däl, ol bolsa heziller edýar. "Maña palan şahyryñ ýegre dosty diýýändirler" diýip, içinden-daşyndan gaýtalar yörer. Eli galam tutan, hak kelamy kalbyna berlen şahyrlara maslahat däl, pikirim: gaça duruñ beýle adamlardan. Seniñ bilen dost boljak bolýan halanmaýan adamlardan soñ başyñy satyn alyp hem gutulyp bilmersiñ. Hem bu ýazjak-döretjek zatlaryñyzyñ agramyna-hiline birhili ýaramaz täsirini ýetirer, ynanaýyñ. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||