11:04 Şahyrlaryñ edähedi jem bolup... | |
▶ ADA
Goşgular
"Şahyrlaryñ edähedi jem bolup, Çykarmakdyr bir-birini püçege... Dmitriý Kedrin." Ol şeýle çarbagdy, ozaly-ahyr Goýnunda saýrapdy bir oýnam şahyr... Birisi Maşrykda, biri Magrupda, Birisi Jenupda, birisi Şamda. Hüjre içre eläp söz gyryndysyn, Çañyny ýuwdardy... Dürüni bolsa Paýlardy ile! Her biri aşykdy bir hili güle... Al gülleri wasp ederdi maşrykly. Magruply - ak güli, - Şamly - gök güli. Jenuply gezerdi aýdym edinip Dünýädäki ýok güli... Şol güllerden çemen bogup, adamlar Äkitdiler bir-biriniñ toýuna: Ilerkiler gaýrakylañ öýüne, Gaýrakylar ilerkileñ öýüne. Soñra näme bolanyna Gulak goý ine: Al gülüñ şahyry ak güli görüp, Ak gülüñ şahyry gök güli görüp, Gök gülüñ şahyry ýok güli görüp, Turdy bir goh-gopgun, turdy topalañ, Tolkunlar çyrpynyp, çarpaýa galdy Bolşuna olañ. - Kimmişin ol gülüñ reñkin üýtgeden! - Gygyrdy magruply... Soñra maşrykly... Gygyrdy jenuply... Şamly gygyrdy: - Gül waspyn etmäge täk özüm hakly! Çakyşdy kelleler, çakyşdy döşler, Çakyşyp, bir-birin kenara itdi. Men-de men bolşuldy. Şeýdip, birdenem Dördüsem ummana gapgarlyp gitdi. Depişdi bir-birin bir oýnam şahyr, Sygman dünýe ýaly äpet bir ada. Sargardy, süllerdi benewşe güller, Hazan ýeli urdy ada şo bada... ...Güller akmy, güller gökmi, parhy ýok Şahyrlañ mesgeni ýaşyl adadyr! Çyn şahyrlar tagzym eder şahyra, Çyn şahyrlañ asly ýagşyzadadyr! 1974 ▶ MEÝHANA • (D.Kedrinden) Jübüsinde müşki bolan müşküm bar diýip, köçä çykyp jar çekmez. Onun barlygyny ysy habar biýr. Sagdy. Şahyrlaryñ edähedi jem bolşup, Bir-birini çykarmakdyr püçege. Muhammet Omara barmak çömmeldip, Ters mündürip otyr ony eşege. Ters öwürip o pahyryñ imanyn, Art aýakdan ala tozan sowurýar: "Sen ahyry, haram ogry, diwanmyñ On bäşinji setirini ogurlan! Seniñ ýaly haramynyñ ýolundan Aýak sekjek telbe tapylmaz ylla!" Gojalar baş atýar ýatan ýerinde, Juwanlar gop berýär "Aý, berekella!" Omar bolsa daş işikde jöwjerip Jyzýar: "Näletkerde, tök haramzada, Huda seni ýalkamasyn eý görüp, Ýüzleriñ düşmesin sypaýy zada! Gorsuz ýören gorra, ajy garyn sen, Sen gazal ýazara hakyñ ýok ylla!" Gojalar baş atýar ýatan ýerinden, Juwanlar gop berýär "B-o-oý, berekella!" Diñe ýalñyz biri meý süzüp ümsüm, Diýdi: "Ýat edeliñ Hakyñ adyny. Ýeri, nätjek munça ajyny pürküp!.." Ol şygyr ýyldyzy beýik Sagdydy. Döwür döndi. Ýañky iki diwana Dönüp gitdi haşal basan meýdana. Sagdy bolsa döndi kümüş surnaýa, Sagda gulak goýdy gadym meýhana. Hoşboý güller deýin burk urup sözler, Süýjedi bal bilen miwe deý ylla. Törden baş atmady çal saç gojalar Juwanlar diýmedi bir "Berekella". Ýürekler joş urdy, söze meýmiräp, - Doldy guş owazly ýaýla-gujaga. Şahyrlaryñ edähedi şeýleräk, Bir-birini çykarmaklyk püçege. 1962 ◆ ◆ ◆ Şahyry şahyryñ garşysna goýmañ, Şahyry şahyryñ deñinde goýuñ! Il-günüñ üstüne bela abansa, Şahyry şol belañ öñünde goýuñ! Şahyry şahyryñ garşysna goýmañ, Şahyrlary şahyr ornunda tutuñ! Şahyrlar ýüregin tutan pursaty Şol näzik ýüregiñ dadyna ýetiñ! Şahyry şahyryñ garşysna goýmañ, Şahyrlaryñ baryn bir gözden görüñ, Başarsañyz, çyn şahyrlañ öñünde Goluñyz gowşuryp, hyzmatda duruñ! 1977 ý. Annaberdi AGABAÝEW. | |
|
√ Ilkinji ädimler / goşgular toplumy / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Pyragyň kyssasyn söýdüm / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Bize geçi bersene / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |