00:15 Salgyt | |
SALGYT
Goşgular
Bildirkiden bu ýyl ýaman, Neneñ-niçik boldy zaman, Garyp-gasar galman aman, On tylladan geldi salgyt. Burden diýip haýbatly han, Salgyt salan Nurymmetjan, Töläp bilmän il bagry gan, On ýyllardan geldi salgyt. Meniñki hiç, eşegim bar, Bazar güni satsamam bor. Ýöne zada Ärnazar zar, Oña has kyn boldy salgyt. Oñ zadynyñ ýoklugy hak, Ýene bolmaz oñ garny dok, Halallara towugam ýok, Aljyratdy ony salgyt. Öýündäki ýetim bary, Gan aglaşyp, çeker zary. Olar aş-nan intizary, Juda agyr boldy salgyt. Eý, hasaly Bahawetdin, Ýok berere bizde bir tiýn. Açlar üçin boldy bu kyn, Juda agyr geldi salgyt. Ol juwazçy murtun towlap, Adamlary añtap, awlap, Gün berenok ajy talap, Il-halky saraltdy salgyt. Holha otyr Kulymbet baý, Öñünde dur sary ýag, çaý. Il janyna tapanok jaý, Zulu bolup geldi salgyt. Goýmansoñlar halky talap, Ýetimler ýaş dökýär nalap, Baýlar otyr pulun sanap, Aç garyba geldi salgyt. Minara dek selle ören, Gurhan açyp gatyn dören, Garyp halkyñ ganyn soran, Işanlara ýokdur salgyt. Ada ýaly ak öý tutup, Ýermen otyr bala batyp. Biler ol arkaýyn ýatyp, Şoña dagam ýokdur salgyt. BERDAK, garagalpak şahyry. Garagalpakçadan terjime eden Sapar ÖRÄÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 14.12.1977 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |