22:33 Ýagşyrak | |
ÝAGŞYRAK
Goşgular
Ak bugdaýy goýup, süle sependen, Täze şaly barka çigin ekenden, Kyrk günläp ýerliksiz gaýgy çekenden, Jan saglykda bir gün şatlyk ýagşyrak. Dünýä ineňden soň bagtyň getirse, Duşmanyň ýeňilip, özün ýitirse, Boýun egip, gol gowşuryp otursa, Alarlyp garandan hezzet ýagşyrak. Doguldyňmy, gaýgyrma sen deriňi, Il-gün, ärler üçin dik tut seriňi. Söýüp göbek ganyň daman ýerini, Tä ölýänçäň hyzmat eden ýagşyrak. Hiç mahal dostlaryň bolmasyn haýran, Başarsaň duşmany eýlegin weýran, Il bilen bir bolup eýläň siz seýran, Dogduk depäň üçin hormat ýagşyrak. Kast edip gezip ýör Hywanyň hany, Salgytdan teň boldy garbyň haly. Namartaý hem bolsa boý derek ýaly Ýigit ýüz sapasyz taldan ýagşyrak. Ir bilen turaňda işiňe çykyp, Goluňy gabardyp, biliňi büküp, Dyzyňy syzladyp, zähmetin çekip, Iýen bir zagaraň baldan ýagşyrak. Aýdyň akyl gerek sözi düzmäge, Dury hyýal gerek baryn syzmaga. Suw içinde ýüzüp, erkin gezmäge, Bir gaýyk alty ýüz saldan ýagşyrak. Hakyňy berjek diýip, soňra bermedik, Zähmetkeşiň hakyn töläp görmedik, Lebzin ýuwdup, ýalan sözläp olmedik, Nurmyrat ahundan haýwan ýagşyrak. Eý, Nurmyrat ahun, siz maňa bakyň, Selläňi oraýaň güberdip şahyn, Aldap zähmetkeşiň köp iýýäň hakyn, Eýsem, ala garga senden ýagşyrak. Ana, görüp otyr Gulmyrat, Musa, Köňli hiç agarmaz kyrk gezek ýuwsa. Garyplaň alnyndan nurly gün dogsa, Arymy almasam ölen ýagşyrak. Bir gije aýtdyryp, ýazyksyz urdy, Gazyksyzja daňyp, artdyrdy derdi, Garagalpak günüň tüm boldy durdy, Bu öten ömürden zyndan ýagşyrak. Berdimyrat aýdar, bagtymyň bagy Asla çözülmedi, çoýmady çogy. Berdimyrat halky, halk hem Berdagy Ýalňyzy dek, jandan ýagşyrak. Garagalpakçadan terjime eden Sapar ÖRÄÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 14.12.1977 ý | |
|
√ Peýda ýokdur, eý, köňül, yşky-peri ruýdan saňa... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Senden özge, eý, senem, bu jümle duşmandyr maňa... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Eý, Isa demli toty, eý, şirin sesli bilbil... / Goşgular - 04.08.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |