13:15 Şamyñ janly taryhy: "Zahiriýe" kitaphanasy | |
ŞAMYÑ JANLY TARYHY: "ZAHIRIÝE" KITAPHANASY
Taryhy ýerler
Yslam dünýäsiniñ beýleki şäherleri ýaly Şam hem ylmy hereketliligiñ bolup geçen döwürlerinde gurlan medreselere we medeni desgalara baý bolupdyr. Restawrasiýa edilen kümmetde ýatan mamlýuk soltanlary Beýbarsyñ we onuñ ogly Berke hanyñ guburlary / Fotosurat: Independent Arabia Güýçli döwlet guran eýýubylar we mamlýuklar döwründe Şam (Damask) durmuşyñ, medeniýetiñ, dürli ylymlaryñ tolkun atan ýeri bolupdyr. Şamda togsandan gowrak medrese gurlupdyr. Emma biziñ günlerimize çenli gelip ýetýänçä birnäçesi ýa tebigy betbagtçylyklar, ýa ýangynlar, ýa-da seresapsyzlyklar zerarly ýok boldy. Häzire deñiç barmak büküp sanaýmalyja medrese galdy. Şolaryñ iñ esasysy-da "Zahiriýe" medresesidir. Fotosurat: Syria Today News • Medrese gurmak pikiri haçan orta çykdy? Medinedäki "Mesjidi-Nebewi" yslam dünýäsiniñ ilkinji medresesi hasaplanýar. Öñler yslam dünýäde metjitler medresäniñ wezipesini-de ýerine ýetiripdir. Metjitleriñ bilim bilen baglanyşygy XV asyryñ ortalaryna, ýagny döwletiñ metjitden aýry medreseleri gurmafa başlan döwrüne çenli dowam etdi. Yslam dünýäsinde medrese gurmagyñ pikirinu eden birinji adam Beýik seljuk-(türkmen) döwletiniñ baş weziri Nyzamylmülk boldy. Ol Bagdatda "Nyzamyýe" medresesiniñ gurmagy buýurdy. Şeýlelikde bilim almak üçinem, ybadat etmek üçinem üýtgeşik geometriki şekillere eýe täze medeni kompleks döredi. "Lewant" sebitinde (Biladuş-Şam) häkimiýet guran seljuklar ýanlary bilen täze medrese gurmak pikirini-de getirdiler. Şamda "Sadiriýe" (Şamyñ iñ gadymy medresesi), "Belhiýe", "Eminiýe" medreseleri guruldy. Yzyndan gelen eýýubylar döwri täze renessans döwrüni-de öz ýany bilen alyp getirdi. Eýýubylaryñ bu ýerlere sowgat beren iñ uly medresesi "Adiliýe" medresesi boldy. Medrese ýakyn wagta çenli "Arap dili akademiýasynyñ" binasy bolup işläp geldi. Eýýubylaryñ yzyndan gelen mamlýuklaram bu ýerde köp sanly medrese we medeni desgalary gurdular. Mamlýuklaryñ Şama beren medreseleriniñ iñ meşhury "Darül-Akiki" diýip atlandyrylan "Zahiriýe" medresesi boldy. "Zahiriýe" medresesi Şamyñ gadymy raýonlaryndan "medeni raýon" hökmünde tanalýan "Kelase" ýaşaýyş massiwindäki "Emewiýe" metjidiniñ ("Jamiu-Beni Umeýýe") ýakynlarynda ýerleşýär. Surat: kitapcy.ru • "Darul-Akiki" "Darul-Akiki" Faryseddin Aktaý tarapyndan satyn alynmazdan öñ eýýubylar maşgalasynyñ köşkleriniñ biridi. Yzyndan Mälik Seýit Nasyreddin Berke han Kairdäki üstünlikli tejribedinden soñ Şamda şol üstünligini gazanma arzuwuny amala aşyrmazdan aradan çykan kakasy Beýbarsyñ (El-Mälik el-Zahyr Rukneddin Soltan Beýbars el-Bundukdary) arzuwyny amala aşyrmak üçin bu ýeri medresä öwürmegi buýurdy. "Zahiriýe" medresesiniñ işleri heniz tamamlanmanka kakasynyñ mazaryny bu ýerik geçiren Berke han şol ýyl aradan çykdy we kakasynyñ ýanyna jaýlandy. Medresäniñ girelgesiniñ ýokarsyna ýazylan ýazgyda hem Berke hanyñ kakasy üçin şu ýeri oñardandygy ýazylan. Berke hanyñ we onuñ kakasy Beýbarsyñ guburlary medresäniñ içindäki kümmetde ýerleşýär. Bu ýerde eýýubylardyr mamlýuklar tarapyndan gurlan binalaryñ köpüsinde hanedan agzalarynyñ mazarlarynyñ ýatandygyny aýtmak gerek. Beýleki bir ýandan "Darul-Akikiñ" içinde eýýuby soltany Adyl I bilen onuñ ogly Muazzamyñ guburlarynyñ ýatan "Adiliýe" medresesi bar. Fotosurat: WikiMedia • Atlandyrylyşy Osmanly döwründe başlangyç bilim berýän mekdebe öwrülen "Zahiriýe" medresesi patyşa Faýsalyñ döwründe halk kitaphanasyna öwrüldi. Patyşa Faýsal 1924-nji ýylda Şamyñ Bilim inspektory Tahyr el-Jezaýyra kärdeşleri we talyplary bilen bile golýazma eserleri "Zahiriýe" medresesinde toplamagy tabşyrdy. Yzyndan "el-Mektebetul-Umumyýe" (Halk kitaphanasy) adyny berdi. 1919-njy ýylda "Ed-Datul-Kutubul-Arabiýýe" (Millet kitaphanasy) we ahyrynda bolsa 1947-nji ýylda "Zahiriýe" kitaphanasy adyny aldy. • Gurluşygy Mamlýuklar döwründe hijri 676-njy (milady 1277-nji ýyl) ýylda "Zahiriýe" medresesiniñ meýdanynda gurlan "Adiliýe" medresesiniñ arhitekturasy şol bir wagtyñ özünde Beýbarsyñ "Ablak" köşgüni (häzirki "Süleýmaniýe" tekgesi" diýilýän ýer) guran Ybraýym ibn Ganemdir. "Zahiriýe" medresesi mamlýuk arhitekturasy bilen gurlupdyr. Bir ugurda gurlan "Adiliýe" medresesi bolsa eýýuby arhitekturasy stilunde gurlupdyr. Şol sebäpden arhitektor Ybraýym ibn Ganem medresäniñ gurluşygynda iki gurluşyñ arasynda utgaşyksyzlyk bolmaz ýaly eýýuby stilindäki nagyşlar bilen bir bitewi kompozisiýa döredilipdir. Surat: kitapcy.ru • Mamlýuk arhitekturasy Mamlýuk arhitekturasy bilen gurlan medrese dört eýwanly howludan ybarat. Her eýwan aýry mezhebe ýa-da mezheplere bölünen. Şeýle stilde gurlan medreselerde köplenç talyplaryñ ýatyp-turmagy üçin ýatakhana, çeşme, haýwanlary suwarar ýaly howuz, fontan we beýleki zatlar bar. Mamlýuk arhitekturasynyñ iñ esasy aýratynlyklarynyñ birem binanyñ daşky görnüşine berilen ünsdir. Diwarlar tutuşlygyna sary daşyñ üstünde, goýy gyzyl ýa-da gara daşlar düzülip gurlupdyr. Penjireleriñ ýokarky böleklerinde çykyndyly perwazlar bar. • Medresäniñ girelgesi "Zahiriýe" medresesiniñ köçä bakýan tarapyndaky girelgesi gülgüne reñkli daşlardan gurlupdyr. Diwaryñ ýokarky böleginde üst-üste münýän otaglaryñ emele getirýän geometriki motiwler bilen gurşalan togalak nişa (diwaryñ içine köwlüp ýasalan tekje) bar. Medresäniñ daşky diwaryndan iki metr içerä ýerleşdirilen gapysy sarybwe gara reñkli gül nagyşlary bilen bezelen. Gapynyñ ýüzünde medrese boýunça maglumatlaryñ ýerleşen ýazgysy bar. Gapynyñ mukarnas formada täki bar. Gapynyñ demirgazyk burçunda "Ybraýym ibn Ganemiñ eseri" diýlip ýazylan. Fotosurat: SANA Bezegli gapysyndan girenimizde, öñümizden iki sany uly sütüniñ üstünde demirgazykdan günorta uzaýan üç kemerli portik çykýar. Portigiñ daşy açylýan howly, köne we täze dürli gurluşyklar bilen gurşalyp alynan. Günortada kümmet bölümi, guk ýanynda hanafy mezhebi boýunça okadylýan eýwan, garşy tarapda, ýagny gündogarda bolsa diñe kemerinden üç daşyñ galan we şafy mezhebi boýunça okadylýan eýwany bar. Bu ýerde birem osmanly döwrüne degişli ýaly bolup görünýän bina ýerleşýär. Binanyñ sagynda we günortadaky eýwan bilen arasynda geçirilen ähli üýtgeşmelere garamazdan diñe girelgesi galan "Darul-Hadys" ýeeleşýär. • Kümmet bölümi Kümmediñ geometriki nagyşlar bilen bezelen daş gapysynyñ ýüzünde ak daşdan plitanyñ ýüzünde haýyr-sahawat kömegini edenleriñ atlarynyñ ýazylan dört setirlik ýazgy asylyp goýlan. Gümmezli gurluşy bolan kümmediñ edil ortasynda mamlýuk soltany Beýbarsyñ we onuñ ogly Berke hanyñ ýaşyl mermer örtükli guburlary ýatyr. Gümmezi göterip duran, biri-birine bagly dört sütüniñ baglanyşykly ýerlerinde togalak nişalar bar. Şeýle-de, kümmede günüñ her sagadynda ýagty düşüp durmagy üçin kümmediñ dört burçunda kiçijik penjireler goýlupdyr. Gümmez ylaýyk mamlýuk arhitekturasynyñ nusgasydyr. Fotosurat: SANA Kümmediñ günorta tarapynda ýerleşen mährap ýedinji asyra mahasy reñkli mozaikalar bilen bezelen. Iki taralynda ýerleşen kiçijik sütünleriñ üstünde mukarnas (cотовый свод) täji bolan mährabyñ ýene iki tarapynda "Allanyñ metjitlerini diñe Allaha we ahyret gününe ynanýan, namazy dogry okaýan, zekatyny berýän, Alladan başgasyndan gorkmaýan adamlar gurar" kysmyndaky "Toba süresiniñ 18-nji aýatynyñ birinji bölegi ýazylypdyr. Mährap oýma mermerden egremçeli (изгиб) gurluşdadyr. • Bezeg sungaty Kümmet dürli-dürli we reñbe-reñ arhitektura daşlaryndan düzülen sungat eserleriniñ ýerleşýän galareýasyny ýada salýar. Gümmeziñ diwarlary reñbe-reñ, şekilme-şekil geometriki temaly kartinalar bilen bezelen. Diwarlardan gül desseli kemer hem geçýär. Gapynyñ ýerleşen diwaryndan başga beýleki diwarlarda üsti ýarym otaglaýyn kemerli çyzylan penjire motiwleri bar. Üsti bölekleýin syrly mozaiki motiwler bilen dekorasiýa edilipdir. Tutuşlygyna syrly nagyşlar ulanylan diwarlaryñ dört burçunda altyn reñkli we güldesseli kemerler bar. Kemeriñ ýüzüne agaçlar, inçe şahalar, güller çekilen. Kümmetdäki bu motiwler "Emewiýýe" metjidinden soñ dünýäniñ iñ esasy diwar nagyşlaryndan hasaplanýar Fotosurat: wadod.com • "Zahiriýe" kitaphanasy Kitaphanada üç okalga zaly we üç arhiw otagy bar. Arhiwleriñ birinde dürli golýazma kitaplar, ikinjisinde kitaphana berilen kitaplar, üçünjisinde arap dilinde we gaýry dillerde gazet-žurnallar, býulettenler, habarnamalar ýerleşdirilen. Kitaphanada şeýle-de, soñky tehnologiýalar bilen üpjün edilen fotokopiýa otagy bar. Kitaphanada dürli ugurlara degişli 72 müñe golaý kitap, 85 müñ žurnal bilen 13 sany seýrek duş gelýän golýazma eser bar. Nermin ALI, Siriýaly žurnalist. @nermenali1 Ýekşenbe, 08.12.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |