11:37 Sanjardan "sanjyly" sözler | |
SANJARDAN "SANJYLY" SÖZLER * Türkler üçin şejere möhüm şertleriñ biridir. Çünki türki kowumlar häzirki käbir beýleki halklar ýaly garym-gatym bolup orta çykmady. Türki kowumlar ýeke-täk bir şejeräniñ eseridir. Ol hem türk şejeresidir. * Türkler üçin ýene-de bir möhüm şertleriñ biri dindir. Häzir türki kowumlaryñ hemmesi diýen ýaly yslam dinine uýýar. Başga dine ynanýan türki kowumlaryñ sany az diýiljek derejede ujypsyzdyr. Türki kowumlar yslamyýeti kabul etmekde, ýaýmakda, hristian dünýäsine garşy goramakda görkezen tutumlary bilen göýä yslamy milli dinlerine öwürdiler. * Türk ýaşlary depeden dyrnagyna çenli türklük ruhuna we buýsanjyna eýe bolmaga mejburdyr. Diñe bu ruh we buýsanç häzirki wagtyñ çylşyrymly dünýäsinde alyp barmaga mejbur bolan göreşinde ýeñilmez güýç bilen üpjün edip biler. * Beýik Tañry türki kowumlary bir bitewi millet edip ýaratdy. Asyrlaryñ dowamynda bu bitewilik bölünmedi. Türkler sözüñ hakyky manysynda türk bolup Beýik Tañrynyñ bu eradasyny gaýtadan amala aşyrmalydyr. * Dil örän ähmiýetli meseledir. Ony ýitirmek millet üçin ölümdir. Türki kowumlary söweş meýdanynda ýok edip bilmedikleriñ nesilleri bu gün dilimizi ýok etmek bilen ýeñiş gazanmagyñ höwesine we kül-külüne düşüpdirler. "Dil arassalygy" bu duzagyñ adydyr. * Adamzat taryhynyñ iñ ýokary şejeresi we milleti bolan türki kowumlar asyrlar boýy dünýä häkimiýetini öz elinde saklanam bolsa, ýakyn taryhlarda yza galyp başladylar, dagadylar, ejiz ýagdaýa düşdüler. Dünýäni titredýän wagtlarymyz bizden ýeñilenler bu dowamly ýeñilişleriñ täsiri netijesinde türklere garşy duşmançylyk we ýigrenç ruhy bilen dolup-daşdylar. Türki kowumlaryñ bedewleriniñ torç eden we baýdaklarynyñ parlan üç yklymyndaky halklaryñ köpüsiniñ türkleri ýigrenmeginiñ sebäbi hem şudur. * Sizden adalata garaşýaryn diýmekçi däl. Çünki kazyýet adyl däl bolsa, onda hemme zat bütinleý bimanydyr. Iñ uly kazyýet bolan taryhyñ huzurynda alny ak türk ogly hökmünde hiç hili endişäm ýok. * Türki söýdüm, ýene-de söýerin. Emma munuñ soñunda azaplar, peläketler barmyşyn, hatda duçar bolunjak birnäçe pyssy-pyjurlyklardan dolumyşyn. Bolsa bolup geçsin! Türk milleti salamat bolsun! * Beýik adam şahsy durmuşynda-da beýikdir we arassa adamdyr. Birtopar üstünliklerini mazamlaýan pöwheler hiç wagt beýik däldir. * Şu beýik hakykaty hemişe ýadyñyzda saklañ:Türkçülik türklüge garşy duşmançylykly ýykyp-ýumrujy zyýanly pikirleriñ we ynançlaryñ hiç birisinde-de bolmadyk aýratyn güýje eýedir. Bu güýç türkçüligiñ idea güýjüdir. Biziñ garşysyna göreşýän we ýeñmäge mejbur bolan güýçlerimiziñ hiç birisinde-de bu synmaz ideýa ýokdur. * Simwol bilen milletiñ bir-birine iñ sazlaşykly düşeni Möjek bilen Türkdir. Çünki Möjek haýwanat dünýäsiniñ penjesi iñ berkidir. Türk bolsa adamzat dünýäsiniñ edermenlikde iñ öñdebaryjysydyr. * Göreşimiz milliýetçilik ýumrugynyñ içerki we daşarky türkçülige duşman güýçleriñ kellelerinde atom bombasy ýaly ýaryljak gününe çenli dowam eder. * Ýyllar boýy, häzirem, ertirem ynanmaga dowam etjek iñ beýik ideamyzyñ iñ beýik şygary "Barça türkler bir goşun!" şygarydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |