04:52 Saýra, sazym | |
SAÝRA, SAZYM
Goşgular
Hünär kändir tamdyramyñ kirşinde, Uzak ýatsa, perdeleri heñleýär... Durmuş tejribesi doly başynda, Eziz halkym owazyny diñleýär. Dürli nagma heñler bilen saýraşyp, Duýgulary oýandyrşy ne gözel! Näzik sesi dumly-duşa ýaýraýyp, Döwrelaýyk owazlançy ne gözel! Taryhyny sözlän wagty halkymyñ, Şan-şöhrata örkün baglaýan ýaly. Geçmişini görkezmäge ülkämiñ, Hanha diýip elin salgaýan ýaly. Dutaryñ tarlary owazlananda, Şol geçmişiñ ahy-zary iñleýär... Emma täze döwrüñ heñin çalanda, Göçgün göwnüñ galkynýar hem ýeñleýär. Göýä şol tarlarda bökjekläp, oýnap, Ýañlanýar şatlykly aýdym owazy: ''Azat bir zähmetiñ rehnedi gaýnap, Äleme bark urýar durmuşyñ ýazy! Erk eýesi, hiç bir weçden ýok müýni, Gaýratyn, gudratyn görkezýär adam. Öz ýurdunyñ doly hakly hojaýyny, Döşüni gaýşardyp urýar ol gadam. Hiç tapawut goýulmaýar millete, Gahryman halk bir-birine mähriban, Durmuş sili joşýar biziñ ilata, Gülüstana dönýär Watan, jan, eý, jan!'' 1947 Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |