16:08 Saz gudraty / taryhy hekaýa | |
SAZ GUDRATY
Taryhy proza
Paryzdepäniň gaýra başynda ýalňyz bir tümmek bar. Galadakylar oňa «Naýzaçar» tümmek diýýär. Indi öňräkden bäri bu tümmegiň üstünde uzynly-kelteli naýzalar görünýär. Bu mertleri saýlaýan şertli tümmek. Mertleri saýlaýar. Kim duşman bilen gije söweşe çykasy gelse, bimaslahat şol tümmege ýaragyny sanjyp gaýdýar. Soňam, Ülker asmana galanda, duşman üstüne gidýär. Duşman bolsa indi, gör, nijeme aýdan bäri Paryzdepäni gabap ýatyr. Oglanjyk şu gün bet hyýala mündi. Özüniň ýaramazja ýangezligini Naýzaçar tümmege sançdy. Bu oguz ilinde geň görülmeýär. Sen Paryzdepäniň zürýadymy, ýaşu-garry bu külpetli topragy goraýmaly. Onsoňam ol, hemme oguz ogullary ýaly, hakyky ady — il-ulsunyň dakjak adyny alasy gelýär. Şeýle etse, onuň Paryzdepäniň öňünde öz parzyny berjaý etdigi bolar. Heniz Ülker asmana galyp ýetişmänkä, tümmegiň daşyna dört adam ýygnandy. Olaryň ikisi birneme ýaşan, giň agyzly, elleri agyr adamdy. Argyn sypaty bilen gollaryndaky agyr naýzalar olary gaharjaň edip görkezýärdi. Şonuň üçin oglanjyk olara gorky gatyşykly hormat bilen seredýärdi. Beýlekisi gözleri çaganyňky ýaly aýdyň, mylaýym ýüzli ýaş oguzdy. Olar hiç zat gürlemän ýola düşdüler. Hatda, ýaş ogzuň arkasynda gizlenip duran saz guralyny görübem, hiç zat geplemediler. Bu boluş oglanjygyň ýüregini gysdyrdy. Onda-da ol toýa barmaýandyklaryny bilensoň dymmaly boldy. Gijäniň garaňkylygy öňküsindenem has garaldy. Garaňkylyk sessiz aýdym bolup ýürege guýulýar. Arka aýlanan çigrekli şemal oglanjygyň ýagyrnysyny birsyhly üşedýärdi. Gije awyna çykan äpet guş ümsümligi bozup geçip gitdi. Şeýle mert haýwanyňam iýjek höregini kösenip tapmaly bolýanyna oglanjygyň nebsi agyrdy. Esli ýöränlerinden soň, ýol ikä bölündi. Oglanjygy arkasy saz gurally ýaş oguz bilen galdyryp, beýleki ikisi çepe öwrüm edýän ýol bilen gitdiler. Bu gürrüň açylmagyna sebäp boldy. — Adyň näme? Oglanjyk adyny aýtdy. — Näçe ýaşyňda? Oglanjyk paryzdepelileriň sözüni gaýtalady. — Ýanbaşyndan hanjar asan ogzuň ýaşy soralmaýar... Oglanjygyň jogaby ýaş ogzy kanagatlandyran borly. Ol sesini çykarmady. Gije edil ertekilerdäki ýaly... Töwerek-daş dym-dyrslyk. Uzakda galan Paryzdepede itiň göwünsiz üýrmegi ümsümligi bozman, gaýtam berkidýän ýaly edýär. Horazlar wagtyndan ir ikinji ýola gygyrdy. Asmanyň ýüzi açylyşmadygam bolsa, selçeňleşen bulutlaryň arasyndan ýyldyzlar köreksi ýylpyldady. Soň şemal bulutlary dagydansoň, depede altyn göreçler peýda boldy. Ýaş oguz, öz-özi bilen derdinişýän ýaly, çalaja hümürdedi. — Oguz ili rahatlygy, il bolup ýaşamagy halaýar. Ol dawa-jenjelden daşdaky halk. Olar bolsa gowy ýaşamak üçin üstümize sürünýär, bizem gowy ýaşaýşymyzy goramak üçin göreşmelidiris... Bu boýunsunujylykly gamgyn pikir oglanjygy içine urlan ýaly etdi. Gije ýene öz heňini çaldy... Esli ýöränlerinden soň, olaryň gulagyna ýakymly, ýöne düşnüksiz owaz gelen ýaly boldy. Soň ol ses mylaýym gamgynlyga öwrüldi. Şeýle owazy oglanjyk bir-ä ejesi jigisini üwrände, birem Paryzdepäniň üstünden durnalar geçende eşidýärdi. Arkasy saz gurally ýaş oguz gulaklaryny üşerdip diňşirgendi. Soň ol durky bilen gulaga öwrüldi. Şonda onuň agzyny açyp öwelişine oglanjygyň gülküsi tutdy. Soňam ol, söweşe barýanyny unudan ýaly, batly öňe omzady. Dünýeden sazyň sesi gelýär... Hol aňyrda oduň başynda iki sany çagyrylmadyk myhman otyr. Olaryň biri oguzlaryň saz guralyna çalymdaş, ýöne ujy birneme çowly guraly aýagaldygyna tiňňildedýär. Beýlekisi, oňa şüweleň berýän ýaly, elini çarpyp, oduň daşyndan aýlanýar. Ýüzüni asmana tutup, öz dilinde nähilidir bir gamly aýdyma hiňlenýär. Saz çalýan elindäki guralyny şeýle bir şowhunly çalýar, hamana ol kesekiniň topragynda däldigine sähelçe-de şübhelenmeýän ýaly. Ýöne saz düşnüksiz bolsa-da şirindi. Oglanjykdyr ýaş oguz emedekläp atyma geldiler. Ýaş oguz sagdagyndan okuny çykaryp, sary ýaýa ildirdi. Ýöne ol okuny atman, ilkinji ýola eşidýän mukamyna barha içgin diňşirgendi. Oglanjyk çalaja pyşyrdady. — Atjak dälmi?.. Bu sözi oglanjyk aýdanam bolsa, sazyň kesilmegini onuň özem islemeýärdi. Onuň kiçijik göwnüne, owaz eşidilýärkä, bu äpet dünýe öňküsindenem ulalyp, has owadanlaşan ýalydy. Häzir oňa «Dünýeden näme gerek zadyň bar?» diýseler, ýene şu owadan dünýäniň özüni hemem dek şu wagt eşidip duran sazyny sorajakdygy ikuçsuzdy. Ýöne saz şirnem bolsa, ol duşmanyňkydy. Ertir ol şirinlik bilen ýeňiş sazyny çalaýsa nätjek... Oglanjygyň gaşy ünjüli birikdi, ol öňküsinden has batlyrak pyşyrdady. — Atjak bolsaň, at-da indi! Ýaş oguz şatlykly pyşyrdady, hatda oglanjyga gözünem gypdy. — Ol sazyny gutarsyn... Onsoň.. Häzir atsak namartlyk bor. Saz kesiler. Soň ol ýatan ýerinden tirsegine galyp, oglanjygyň ýüzüne çynlakaý seretdi. — Şuny bilip goý... Saz öwlüýädir. Henize çenli oguz oňa kesek atan däldir. Oglanjyk uly günäde tutulan ýaly, müýnli pyşyrdady. — Sen näme, olaň sazyna düşünýäňmi? — Kalbym düşünýä. Ýaş oguz näme işläp ýöreninem, dünýänem unutdy. Ol golundaky ýaýyny, gerekmez ýaly, hol beýläk oklap, süýji gerindi. Soňam haýsydyr bir sazy burnuna salyp hiňlendi. Barmaklaryny dutaryň perdesine basan ýaly edip gymyldatdy. Ine, şu ýerde-de kitaplarda juda seýrek ýazylýan, ýazylaýanda-da, juda inçelik bilen beýan edilýän gudrat ýüze çykdy. Ýaş ogzuň ýap-ýaňy sagdagyndan ok çykaran barmaklary arkasyndaky saz guralyna uzady. Indi oglanjyk bir-ä aram-aram üzülip eşidilýän ýogyn kirişleriň sesini, birem özüne kiçiliginden tanyş oguz sazynyň owazyny eşidýärdi. Olar goşalanyp, günäsiz gijäniň ümsümliginde sözsüz aýdym bolup ýürege dökülýärdi. Oglanjygy uruşsyz-sögüşsiz ýere — sazyň dörän ýerine iteleýärdi. Takdyr adama hoşamaýlyk bilen örän seýrek bakýan borly. Indi sazandanyňam gaşlarynyň aşagyndaky oýtumda ýylpyldaşýan damjalar görünýärdi. Ol saz bilen bile aglaýardy. Oglanjygyň gopan ýüregi ýene mynçgalanyp başlady. Onuň bu süýji agyrydan sypmak üçin kimdir birine ömürboýy ýalbaryp gezesi geldi. Eger şeýle ýagdaý ýene sähelçejik dowam edäýse, onuň möňňürip aglaýmagam daşda däldi. Garşydan şuwlap gaýdan ok bilen bile oglanjygyň kalbyndaky süýji agyry gijäniň duýgur ümsümligine siňdi. Ol bir-ä ýoldaşynyň tisginip gidenini, birem ýene bir şuwwuldyny eşitdi. Soňky bolýan zatlara akyly çatardan oglanjygyň başy ejiz geldi. Ýap-ýaňam duşman diýlip öldüriljek bolup duran adam aňyrdan ylgap gelşine, serlip ýatan ýaş ogzuň başyny galdyrdy. Oguz sazandasy özüne zor salyp, çalaja ýylgyrdy. Üstüne abanyp duran saýry sazandanyň kiriş kakýan barmaklaryny sowap barýan eli bilen gysdy. Soňam üstüne döküljek-döküljek bolup duran ýyldyzlara uzak wagtlap seretdi. Soň ýene seretdi. Petreşip duran asman şuglasynyň biri öçügsilenip süýnende, oguz sazandasynyň gözleri ony görenokdy. Saýry sazanda oguz sazandasynyň başyna başyny goýdy, hälki oglanjygyň aglap bilmedik agysyny uly ili bilen ses edip aglady. Oduň başynda ýatan ýoldaşyna tarap tüýkürip, öz dilinde bir zatlar diýişdirdi. Bir eli bilen oguzlaryň saz guralyny, bir eli bilenem öz saz guralyny tutup, hamraklyk bilen bagryna basdy. Oglanjyk şeýle düşündi. Ol özlerini öňürti görüpdir, lalyň diline lal düşünipdir... Soň ol hiç zat geplemän, oguz sazandasyny arkasyna alyp, Paryzdepä tarap ýöneldi. Onuň çep aýagyna öň ok degen borly, çalaja ýempeýärdi. Oglanjygyň göwnüne häzir ony ýempedýän aýagynyň agyrysy däl-de, oguz sazandasynyň ajy hasraty ýalydy. Bu zatlaryň bary oglanjygyň gözüniň alnynda bolup geçýärdi. Şonuň üçin owadan däl zenany hem mylakatly görkezýän ajaýyp ýylgyryşyň bolşy ýaly, ol oglanjygyň ýüreginde nebsagyrma diýlen ýaly bir zady oýardy. Säher gijäniň elinden sypmanka, olar Paryzdepä ýetdiler. Oguz sazandasyny arkasyna hopba edip gelýän duşmany gören paryzdepelileriň haýýaty göçdi. Olar biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Hemmäniň nazary saýry sazanda gönükdi. Hiç kim hiç zat geplemän, täsin syra garaşýardy. Bu uruşdy. Adamlar her gün bir wakany başdan geçirýärdi. Ýöne bu has geňdi. Şonuň üçin olar bu oýnuň nähili gutarjagyna howlugýardylar. Paryzdepede indi öňräkden bäri ýesir saklanýan çalgyrt dilli gelmişek saýry sazandanyň dilinde bir zatlar diýdi. Saýry sazanda ullakan gözlerini oglanjyga tarap aýlap hümürdedi. Oglanjyk onuň öçügsi gözlerinde henizem saklanyp galan damjalary gördi. Saýry sazanda duluklary içine çöküp duran hor adamdy. Giň agzydyr agyr elleri onuň mysalasyny edrenç edip görkezýärdi. Şol gödeňsi eller saz çalman, odun çapsa gelşäýjek ýalydy. Ýöne onuň gözleriniň gyrasynda saklanyp galan çaganyňky ýaly mysapyrlyk onuň ähli günäsini ýuwýan ýaly edip görkezýärdi. Oglanjyk häzir şol duýgyny başdan geçirýärdi. Şonuň üçin ol ähli gören zatlaryny — saýry sazandanyň ýoldaşyny atyp, soňam üstüne tüýkürişini, özlerini öňürti görenem bolsa atmaýşyny, oguz sazandasynyň başyny tutup aglaýşyna çenli birin-birin gürrüň berdi. Paryzdepeliler gulaga öwrülip oglanjygy diňleýärdi. Agyr dymyşlykdan soň, guýlan kenek ýaly ykjam adamyň — oguz beginiň aýdan sözi, dymyşlygyň hakyndan çykjak bolýan ýaly, wagyrda öwrüldi. — Sungata ýaý çeken ýaýdan gitmelidir... Şu söz ýeterlikdi. — Ruhuňy nyşana mündürmek... — Sungaty harlany sungat bilen... Gylyçlaşma sungaty göz öňünde tutulan borly, eýýäm gany gyzgyn ogzuň biri ýalaňaç gylyçly orta çykypdy. Saýry sazandany südenekledip çykardylar. Kimdir biriniň salan daşy eýýäm onuň maňlaýyny ýarybam ýetişipdir. Merhumyň doganyna öjüni almaly etdiler. Bykyny kelte jortmak pyýada, inisiniň aryny almak üçin, sary ýaýyny gezedi. Edil şol pursat nämedir bir zatdan tebil tapan söweş aty eýesiniň elinden sypyp, iki-baka säpjedi-de, häzir şeýle oýnuň gerek däldigine düşünýän ýaly, saýry sazandanyň golaýjagynda saklandy. Söweş atyň sagrysyndan gön gatyşykly deriň ysy gelýärdi. Ömür at üstünde gezip ýören oguzlara ys tanyşdy. Hemişe öz ojaklarynyň ysyny ýatladýanlygy üçin, ol olara şeýle bir ezizdi. Şonuň üçin olar seslerini çykarman, bu ysy mähremlik bilen temeklerine dartýardylar. Şol ys saýry sazandanyňam burnuna kaklyşan borly. Olam ony boýnuny süýndürip temegine dartýardy. Şonda onuň ýylgyrmak diýlen zat ýat bolan ýüzünde çalaja ýagtylyk görünýärdi. Gör, ol nirelerde galan ojagynyň ysyny aldyka... Belki, ol obasyny, ilen-çalanyny görýändir... Bu zatlaryň bary adamlaryň gözüniň alnynda bolup geçýärdi. Şonuň üçin duranlar nyşana alnan duşmanam bolsa, lal açan dünýe bilen ylalaşyp, hasratly dymýardylar. Ümsümlik bilen ylalaşmaýan bir zat — Paryzdepäniň gaýra çüňkünden eşidilýän kör gyjakçynyň owazydy. Paryzdepeliler onuň bilen öwrenişipdi. Dünýeden sazyň sesi gelýärmi, diýmek, durmuş dowam edýär. Sary ýaý ýene öňe gezeldi... Oglanjyk mundan artyk saklanyp bilmedi. — Onuň günäsi ýok!!! Oglanjygyň agzyna kimdir biriniň agyr eli degdi. Adalatsyz urlan urgy ýürege ilki ýetýär. Urlan ýeri agzam bolsa, ýüregi agyrdy. Ýa bu özüňkiň urýanlygyndanmyka?! Bu oglanjygyň durmuşdan awunan ilkinji yzasydy. Ol ikinji ýola gygyryp ýetişmänkä, kimdir biriniň azmly sesi gulagyny gapdy. — Sem bol, bitli güjük... Dünýeden ýene sazyň sesi geldi. Bu sesi hemmeler bilen bile saýry sazanda-da eşiden borly. Ol howadan bir zat ysyrganan ýaly, esli salym diňşirgenip durdy. Soňam gözleri bilen oglanjygy tapyp, hoşlaşýan ýaly, çalaja ýylgyryp başyny atdy. Oglanjyk möňňürip goýbermekden zordan saklandy. Saz entegem dowam edýärdi. Saýry sazandanyň ýüregi düşüşip, azajyk dünýäsi giňän borly. Ol çalgyrt dilli bende şeýle sözleri aýtdy. — Saz gutaransoň... Onsoň... Soň nemedäýsinler... Ömür bir tutum saza diredi. Ine, häzirjek saz gutarar. Onsoň... Adamyň dünýeden gitmesiniň aňsatdygyny. Dünýäniň gyrasyndan girmek üçin, gör, ol näçe hupbat ýuwudýar. Gitmek üçin barmagyňy büküp ýetişseň zor boldugyň... Saýry sazanda, hamana, ömrüni dek şu günki gün üçin taýýarlan ýaly, merdemsi durdy. Ol o dünýä däl-de, toýa şaýlanýana meňzeýärdi. Gyjagyň owazyny tirýän kysmy, gasyn baglan gözlerini süzýärdi. Soň ol burnuna salyp hiňlenmäge durdy. Ýöne ol aýdymyň hiňňildisine däl-de, dişi agyrýanyň iňňildisine çalym edýärdi. Ses betlabzam bolsa, garaz aýdymdy. Soň ol, hoşlaşýan ýaly, hemmeleriň ýüzüne seredip, çalgyrt dilli adama şeýle diýdi. — Saz çalnyp durka atsynlar. Men sazyň owazyny eşidip durkam, dünýe bilen hoşlaşasym gelýär... Oglanjyk okuň şuwwuldysyny eşitmejek bolup, gulagyna barmagyny sokdy. Ýöne gaýyp gelýän peýkamyň okuna derek, basyk ses eşitdi. — Saklanyň! Bu ýaşy ýüzdenem aňryk ätlän oguz gojasynyň sesidi. Onuň agzyndan çykýan söz duranlar üçin Paryzdepäniň özi ýaly parzdy. Şonuň üçin mähelle oňa sypaýyçylykly, mylaýym garaýyş bilen seredişdiler. Oglanjygam oňa şeýle garaýyş bilen garady. Uly dünýede görjegini görüp, eşitjegini eşiden goja töweregine gözüni aýlap, agyr nazaryny saýry sazanda dikdi. — Hemişe imi-salalygyň tarapdary bolan, owal-ahyr abadançylygyň patasyny alan, agzybirligi depesine täç edinýän geçirimli oguz ili, goý, ýene geçirimlik etsin. Çaýkanyp duran uly dünýede, şeýle iliň — oguz iliniň bardygyny ýesir gören-eşidenine habar bersin. Bendilikden boşanam bolsa, saýry sazanda üç günläp Paryzdepede boldy. Dünýä dahylsyz ýaly bolup, ol ýene bir gün — dördünji günem gitmedi. Soňam ol oguz sazandasynyň saz guralyny bagryna basyp, öz saz guralyny mazaryň başujunda goýdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |