22:57 Köz keteniniň sary ýoly / hekaýa | |
KÖZ KETENINIŇ SARY ÝOLY
Hekaýalar
Ogullanyň ketenisi diýseň gowudy. Meni esasan-da onuň ysy beýhuş edýärdi. Dogry, obamyzda başga-da jana ýaramly yslar bar: Howalygyryň sagrysynyň ysy, Akmaýa janawaryň gäwüş gaýtarandaky ysy, sähralaryň ysy. Ýöne olaryň ysyny keteniniň ysy bilen deňäp boljak ýeri ýok. Keteniniň bozgunç ysy düýbünden başga. Şeýle ysyň hemişe gelip durmagy üçin Ogulla-da az alada edenok. Ol sähralaryň ilkinji güli gülläp başlandan şeý diýýär: — Öwekge, bar ýene öňkiň ýaly, sähra güllerini ýolup gelsene! Şeýle ýumşy men begenip edýärin. Hemem aýakýalaň ýaňy dürterip ugran ýylakdyr ýepelegi basgylap, garaýapbanyň, tekesakgalyň, çigildemiň gülüni gujagymy dolduryp, Ogulla getirip berýärin. Ogulla-da ol güllere begenip, ilk-ä tä demi gutarýança gülleri ýekänýekän ysgaşdyrýar. Soňam olary wawwasy bar ýaly edip, keteniniň petiniň arasynda goýýar. Şeýle etseň gülüň ähli ysy keteniniň süňňüne siňýär. Onsoň ýene aý aýlanyp, bahar gelerdi. Ýene sähralaryň ilkinji güli Ogullanyň gursagynda gögererdi. Onsoň men ýene haýyş ediji mylaýym sözi eşiderdim: — Öwekge jan, öňkiňdenem kän getirsene! Käte men bälçiräp, oňa şeý diýýärdim: — Güle gül nämä gerek? Seniň özüňem, keteniňem gülüň aňrybaşy... Bu sözi men ýöne ýerden aýdamok. Ol meniň ýeke oglan gözlerime däl, hemmeleriň gözüne şeýledi. Ogulla ketenisini hemişe geýip ýörmezdi. Diňe toý-tomga bolanda geýerdi. Ana, şojagaz pursadam adamlaryň gözüni dokundyrardy. Ýogsam Gülsün eje: «Ýoknasyzyň gözi degäýmesin!» diýip, Ogullanyň ýüzüniň bir çetine gazanyň garasynam çalardy. Onda-da, adamyň zandy owadan bolsa, ol owadan bolar eken. Meniň gözüme gazanyň garasy onuň owadanlygyna sähelçe-de zeper ýetirmän, gaýtam şol çalynmasa Ogulla beýle owadan bolmajak ýaly bolup görünýärdi. Onsoň onuň şeýle sypaýy jemalyna garry eneler-ä: — Bize-de şeýle gelni Hudaý ýetirsin! — diýip, ýüzüne sylardy. Ýaşulular bolsa, agyr başlaryny yrap, şeýle pikir ederdi: — Alla janlarym, ol garraýsa şu gelşikliligi saklanarmyka? Alla ajala sabyr berse, bizem ony görsedik. Ogulla bolsa garyň aşagynda uzak wagtlap ýatan maýsanyň Günüň çoguna parlap galşy ýaly barha owadanlaşýardy. Ketenisem egnine gelşik berýärdi. Hawa, Ogulla şeýle gyzdy. Ol öz hiç wagt gaýtalanmajak jemaly bilen «Bir gülden bahar bolmaz» diýlen sözi ýalana çykaryp bilen gyzdy. Şol döwürler obamyzda ketenini geýýän gyz seýrek bolardy. Sebäbi keteniniň owadan bolşy ýaly, bahasy-da arzan däldi. Ogulla-da ketenisi arzan düşmedi. Ol onuň üçin kiçiräjik dokan halyçasyny berdi. Köz ýaly bolup duran ketenä ýüregi maýyl bolan Ogulla «Zer dök, gözel al» diýenlerini edip, satyn aldy. Soňam ol onuň ýakasyny öz eli bilen bejerip, sypaýy edibem tikindi. Keteniň öz reňkine meňzeş edil onuň bagjygam ýerine düşdi weli, iki gapdaldan gaýdýan sary ýol hasam oňa gelşik berdi. Sary ýol hakynda Gülsün ejäniň aýdýan bir sözi bar. Ol oňa: «Köz keteniň sary ýoly» diýýär. Beýle diýmeginiň sebäbi, ilkinji ketenini dokan gelin ony sözen odunyň yşkyna dokapdyr. Odunyň bolsa aşagy gyzyl köz bolup, ýokarsam asmana sary ýalyn bolup galýarmyş. Bu boluş üýtgeşik owadanlygy döredensoň gelin şol owadanlyga maýyl bolup otyrka asmandan Akmaýanyň ýoly süýnüpdir. Janly tebigat gözelligi öz göwsünde özi döredýär. Ony hiç bir güýç bozup bilmeýär. Tebigatyň döreden gözelligi müdimilik bolup galýar. Şonuň üçin gelnem şol gözelligi ketenä siňdireýin diýip köz ýaly ketenä sary ýoly siňdiripdir. Şondan bärem onuň ketenä ýaraşyk berip gelşi. Keteniniň ajaýyplygy onuň süňňüniň — bir gyrasynyň asmandan nusga edip alnandygy. Ol zenanlaryň garagülli guşagy ýaly uzalyp gidýär. Joşgunly derýa ýaly durmuş dowam edýärdi. Dünýe hezildi. Şeýle hezillikli dünýäde Ogullanyňam, köz ýaly keteniniň barlygam ony hasam hezilleşdirdi. Şeýle günleriň birinde Ogullalaryň gapysyndan bir zenan geldi. Onuň ýüzi gamgyndy. Şeýle bagtyýar ýaşaýyşda bir adamynyň ýüzüniň gamgynlygyny görmek geňdi. Ol gepläp bilmän ilki kän durdy. Soňam uýalybrak şeýle diýdi: — Men gaýraky Egin obadan geldim, oglumy öýerdim weli, gelni bilen kän ysnyşybermedi. Şonuň üçin bir haýyş bilen ýüz tutmaly boldum... Ol şu sözleri sakynybrak aýdýardy. Şonuň üçin Gülsün eje onuň göwnüni götermek maksady bilen sypaýyçylyk etdi. — Aýal dogan, çekinmäň-de aýdyberiň, bizden bitýän zady oňardygymyzdan bitirjek bolarys. — Aýtsam — diýip, ol ýene sakyndy, soňam ýuwaşja, ýöne düşnükli gürläp, şeý diýdi: — Gelnime geýdirer ýaly, Ogulla gyz ketenisini bäş-üç gün berip bilmezmikä? Men bermez öýtdüm. Sebäbi ol ony özi geýmäge-de dözenokdy. Ýöne beýle bolmady. Ol döwtalap dillendi. — Alyň, bäş-üç gün däl, tä gelniňizi gaýtarýançaňyz geýibersin! Şondan soň uzak wagt geçmänkä obamyza buşlukçy habar ýaýrady. Muňa ýeke Ogulla däl, hemmeler begendi. — Şol oglan gelni bilen allanämemiş. — Gör keteniniň gudratyny... Şondan soň Ogullanyň ketenisiniň gadyry hasam artdy. Men muňa hemmelerden beter begendim, sebäbi keteni uly işi, onda-da, sogaply işi bitiripdi. Ýöne işiň has ulusy öňdedi. Obaňda jahyl çykan oglan wagtynda öýlenmese-de, özüňi müýnli ýaly duýýaň. Eger boýy ýeten gyzyň wagtynda başy bogulmasa ol has erbedi. Sebäbi olar dünýä ene bolmak üçin gelýärler. Ol şeýle hem bolaýmaly. Obamyzyň Gytjasam şeýle arzuw bilen ýaşap ýör. Ýöne näme üçindir henize çenli bagty açylyberenok. Men muňa Gytjadanam beter kemsinýän. Ýöne elimden hiç zat gelmänsoň diňe oňa duýgudaşlyk edýän. Gytja görmeksizrägem bolsa, sadadan türkana gyz. Ana, şol türkanalygam ony köp zatdan galdyrýar. Özi ýaly ýeserje gyzlar, toý-beýleki bolsa Gytjany ýany bilen jora edinip alyp gidýärler. Onsoň şeýtanlyrak oglanlaram Gytja kän üns bermän ýeserje jorasyna üns berýärler. Soň näme bolýar — joras-a taýyny tapýar, Gytja görgüli bolsa, ýene umytda bolup ýaşaberýär. Şonuň üçin men Gülsün ejä şu gün öz arzymy aýtmaga bardym. Ol meni görüp ýene ikilik alandyr, şonuň üçin mugallym käýändir öýtdi. Sebäbi men sapagyma gowşagrak ýetişýärdim. Şonuň üçinem Gülsün ejäniň mekdebe barmaly bolýan gezekleri bolýardy. — Näme, ýene ikilik aldyňmy? Men ýüzümi aşak salyp durşuma mydyrdadym. — Ýok... Gülsün eje ýüzüme çiňerildi. — Onda näme? — Ogulla ketenisini toýda geýmäge Gytja bermezmikä? Düşnükli adama kän zat aýdyp oturmaly däl, ol seniň ýarpy sözüňe düşünýär. — Berer, näme bermän?! Ogullanyň ketenisi Gytja azajyk giňräk boldy. Ýöne keteni ketenidi. Hernäme bolanda-da, ol öz şuglasyny ýitirenokdy. Gytja muňa monça boldy. Ilk-ä: «Amanat geýseň, endamyňa tiken çümýän ýaly bolýar» hem diýdi. Soň ýene: «Saňa gowy gelişýär» diýlensoň basym ümsümleşdi. Şeýdip Gytja Ogullanyň ketenisini geýip, üç ýola toýa çykdy. Ýöne entek hyrydar göz bilen seredýän ýokdy. Men muňa birhili bolýardym. Hemem öz içimden jahyltak oglanlara käýinýärdim. Şeýle günleriň birinde gaýraky gädikden eli saçakly iki sany aýal göründi. Olar meniň çöpleme çöpläp ýören ýerime gelip sägindiler-de, habaryny aýtdylar. — Jigi, biz gaýraky obadan, siziň obaňyza beletçiligimiz ýok. Biz ýitigimizi gözläp geldik. Oglum toýda keteni köýnekli bir gyzy görüpdir. Şolaň öýleri nireräkdekä, şony soraýaly diýdik. Meniň gursagym gürsüldäp gitdi. — Han-ha, hol gapysyna ala sygyr daňylan öý şolaňkydyr... * * * Ondan bäri kän-kän ýyllar geçdi. Meniň alasarmyk başyma ýetmişinji ýylyň gary sepeledi. Bu gün men ýene oglan aýak yzlarymy, sähralary görmek üçin obama barýan. Ogulla-da edil meniň garraýşym ýaly garrapdyr. Gözlerem gubarlaşan eken. Adamyň ýaşy ýokaryk gitdigiçe ol gowy günlerini ýatlar eken. Biz geçen günleri ýatlap, kän oturdyk. Ogulla şol günleriň şaýady bolan suratlaryny döküşdirdi. Soňam ol bir suraty alyp şeý diýdi. — Öwekge, şu suratda men haýsy köýnekde? — Keteniňde... Ogulla bir wagtky gyz begenji bilen begendi. Öýüň içine-de keteniniň bozgunç ysy ýaýran ýaly boldy... "Garagum" žurnaly, 4/2022. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |