GOWRULAN KÄDI ÇIGIDINIÑ YSY
Ähli erkek kişileriň ogly gowy görşi ýaly, Anna ýöwselem oglunyň bolanyny kem görmedi. Ýöne aýaly Gyzdogmaz ýeňňe uly dünýä ýedi gyzy gysganman berenem bolsa, gara galpakly oglanjygy sowgat etmäni kyn gördi. Ilki-ilkiler-ä Anna oňa kän bir ünsem bermedi.
“Entek ýaş başymyz bar, gyzy beren Hudaý oglam berer. Onsoňam bu bendesiniň elinden gelýän zat däl, Alla öz etjegini özi bilýändir”.
Kanagata kaýyl Anna şeý diýip ömrüniň gylla ýarysyny geçirdi. Soň ýene bäş-üç ýyl “ine bolar, ine bolar” bilen geçdi. Ýöne soňkujalaram ýene gyzjagaz boldy. Elbetde, gyzam gerekdi. Ýöne ýerinde oglanam bolsa gowy-da. Emma sag bilen samsygy ekip alyp bolmaýşy ýaly, isläniň bilen diýen bäbegiňi alyp bolanokdy. Oňa Annanyň üşügi ýetýärdi. Onda-da soňky döwürler ol barada köp pikir etdi. Pikir etmez ýalam däldi. Öň-ä ol, çuň derýalaryň sessiz akyşy ýaly, uly dünýäd-ä däl, obalarynda-da, bardygy-ýokdugyny bildirmän ýaşady. Indem ony kyrk dokuz ýaş gyssaýardy. Ýöne bu öňüňden çykandan sorabermeli zadam däldi. Ugur-ýoly bilýänden, birneme könäni yzarlap bilýänden soramalydy.
Annayň kellesine ömür kellesinden papagyny çykarman gezýän Ýelli ýetişikliniň gazete ony-muny ýazýan ogly geldi. Ilki ol ony keleçewiräk gördi. Soňam onuň gazete odur-budur ýazýanlygynyň hatyrasyna hormata mynasyp bildi.
“Näme diýseňem ol şäher bilen gatnawly. Şäherde ýaşap bäş ýyl okadam. Ors dilinde doly gepläp bilmese-de, aýdylan zada düşünýär diýýärler. Arada ýeke özi Awaza gidip dynjam alyp gelli. Kitabam gowy görýärmiş. Ýerbendiň geçmişi bilenem gyzyklanýarmyş. Şolar ýalylar bilimsek bolýar”.
Ýöne näçe oýlansa-da onuň ýazan zatlarynyň ýekejesem Annanyň ýadyna düşmedi. Şonuň üçin ol, pikirinden bahym dändi.
“Aý ýok, munça çyrşap ýekeje zadam halkyň aňynda galdyryp bilmedik bolsa, näbileýind-ä. Ýok, bolanok, maňa gerek sowat, öňýeteniň kellesi götererden agyrrak papak”.
Şol gün Anna kän pikir etdi. Küren obanyň içinde maslahat sorar ýaly idili adamyň ýoklugyna-da, özi utandy. Iň soňunda-da, obalarynda ilkinji bolup garmon çalmany öwrenen rus dili mugalymyň ýanyna gitmegi makul bildi.
Ol barada obada gürrüň kändi. “Gowy adam” diýýärdiler. Öňräk uly gazetleriň birinde ol hakynda suratly makalanyň çykanyny Annanyň özem görüpdi. Iňlis diline-de düşünýärmişin. Ýaşka birki sany hekaýasy gazete-de çykypdyr. Şonda onuň hekaýa ýazyp bilmejegini aýdanlarynda, gaty görmän mert ýazmasyny goýupdyr. Şondan bäri ýazanokmyş.
Hat-da onuň ilkinji söýgüsem çalýan garmony bilen baglymyş. Gyz ony garmon çalyp bilýänligi hemem aýagyndaky täze ädigi üçin söýüpmişin. Arada-da, Anna uly ýoluň ugrunda durka, maşynyna-da mündürdi. Şonda ol ýekeje teňňe almady.
Obada dutardyr gyjaga aslyşýanlar kändi. Ýöne garmona ýykgyn edýän ýek-tükdi. Şonuň üçin Anna gumda garmon çalmany öwrenen bolsa, boş däldir diýlen pikir bilen rus dili mugallymyňka tarap hyýallandy.
* * *
Anna rus dili mugallyma köp zatlary gürrüň berdi. Ýaşynyň birneme aňyrrak gidenligine garamazdan entejik gurbatynyň bardygyny asyrgynlyk bilen duýdurdy. Aýaly Gyzdogmazyň ýedi gyzynyň barlygyna garamazdan entegem gyz bolanyny gowy görýänligini aýtdy. Ýöne indi çen bolandygyny, erkek göbeklije dogmajyk bolsa kem bolmajagyny, özüniňem atadan ýeke dikrardygyny düşündirdi. Iň soňunda-da onuň çykalgasynyň ýokmudygyny sorady. Emini salgy berse, ýaz gyrkymynda ak ýürekden bir işşegi gysgançlyk etmän eçiljekdiginem duýdurdy.
Mugallym Annany uzak diňlänem bolsa, jogaby gysgajyk boldy.
– Ogla hantama bolmak, sagyňdan çepiňe agdarylan ýaly däl. Ol köp zatlar bilen bagly. Esasy zat, erkek adam süňňüni sowugrak saklamaly.
Ömür işiň agyryny-ýeňilini dannaman gezen – ol ömürboýy obalarynyň çekenesini bakypdy – Anna, bi söze ör-gökden geldi.
– O nähili süňňüni sowugrak saklamaly?! Jany sag adama-da işiň agyry ýeňili bomy? Onda malyň yzynda kim gezer, traktory kim sürer? Guýulary kim gazar? Päheý, sen-ä oňaraýdyň…
Ors dili mugallym ýene öňki sözüni tekrarlady.
– Süňňüň gyzsa gyz dogýar.
Anna ýöwsel ors dili mugallymdan närza bolup gaýtdy. Ýol boýam oňa käýindi.
– Ýagşyda bir gep tapdy. Ýene-de garmonam çalýarmyşyn. “Süňňüňi gyzdyrmaly däl”. Şol sözi ýeke meň ýanymda aýdanam bir gowy zat. Ony obadaky işýakmazlar eşidäýseler-ä, öňem-ä gönençlik berenoklar welin, bul-a hasam uly bahana bor.
Anna soňam kän hüňürdedi. Şeýle gepi gozganyna-da, özi özünden utandy. Ýöne ol ors dili mugallymyň: “Süňňüň gyzmaly däl” diýen sözüni hiç hakydasyndan çykaryp bilmedi. Ýene-de öz ýüregine özi teselli berip, hemişeki adamlaryň aýaly hamyla bolandan çaganyň – oglanjygyň edermen, çydamly, mert ýürekli bolmagy üçin agyrdan-agyr işländigini ýatlady. Soňam ol hemmäniň ýykylýan ýeri bolan Jüýten tebibiňkä sowulanda, kerpiç guýup duran ýaş oglana gözi düşdi. Oglan ýaşdy, gujurlydy. Howanyň birneme çigrekländigine garamazdan garader bolup işleýärdi.
Onuň işleýşi Annanyň göwnüni göterdi. Aýagyna süýkenmäge gelen Baltagyň başyny sypap, jübüsinden çykaran, birneme gäzlelen ak gandy gysgançlyk etmän öňüne oklady. Baltak ýene hantama bolanda, ýüz bermän herreldi.
– Jit-äýt.
Mundan artyk sypaýyçylygyň ýoklugyny duýan it tüýi düşen guýrugyny ýamzyna gysyp gitmek bilen boldy.
Anna soňam oglanyň işleýşine keýp edip özüniň birwagtky balagyny çyzgap kerpiç guýşuny ýadyna saly. “Ýaşlyk bir gowy zat” diýen sözi ýatlady. Ýigrimi bäş ýene gaýdyp geläýse agyrdanam agyr iş etjekdigine göwün ýüwürtdi.
– Günde näçeräk alyp bilýäň?
Oglan ap-ak dişlerini görkezdi.
– Müňden geçýän.
– Az-a däl.
– Sowukdan öň dynaýaýyn diýýän.
Anna birneme üşerildi.
– Öýlendiňmi?
– Hudaýa şükür, üç çagam bar…
Anna oglanyň gözüne gönüläp seretdi.
– Ogul bamy?
Oglan gowşaksy gürledi.
– Heniz-ä, üçüsem gyzjagaz…
Annanyň agyr dymanyny görüp, ýigit müýnürgäp gepledi.
– Aýalymyň ýene aýagy agyr, şü gezek bir ogul bolaýar öýdüpdik, ýene gyzjagaz diýdiler. Oglam bor-da…
– Ogul bäbek gerek bolsa süňňüňi gyzdyrma. Men muny ygtybarly adamlardan eşidip aýdýan.
Anna şeý diýip, içini gepletdi.
“Ýa oň diýýäni ugrunda bamyka?!”
* * *
Jüýten tebip Anna ýeňiljek em – tüýs türkmeniň emini salgy berdi.
– Dört pasyl çalşanda hemem ýyl täzelenende köpräk gowrulan kädi çigidiniň ysyny al. Maý tapdygyňam alda çigitläber. Enşalla, garagalpak ogluň bogar.
Bu ýeňiljek çykalga Annaň ýüzi açyldy.
– Niräň kädisiniňkini?
Jüýten kempir ýekeje dişem bolmadyk agzyny gyşardyp gatyrgandy.
– Elbetde, özümiziňkini.
Anna Jüýten kempiriň eminden hoşal bolup gaýtdy. Ertirden bäri açylman gelýän ýüzünde azajyk ýagtylygam göründi. Ho-ol aňyrda gyssanyp barýan, özi ýaly çopantaň adamy görüp az-kem gürleşesi geldi. Ýöne ol howlukmaç bolansoň basym habaryny aýdyp, gyssagy özi bilen boldy.
– Çaga dogulýan ýere barýan. Keýwany şo taýda.
– Nämäňiz bolly?
Çopantak adam gidip barşyna elini salgap hüňürdedi.
– Aý, halypa, näme bor öýdýäň, ýa oguldyr ýa gyzdyr-da…
Anna onuň yzyndan aňalyp durşuna ýene kädi çigitli meselä dolandy.
“Kädi çigidiniň ysyny alynmanyna-da kän ýyl boldy. Azajyk duz sepseň-ä hasam şüwlümli bor. Gyzdogmaz-a oňa hasam ökde, ynha, bahymam ýyl çalyşýar. Ýyl täzelenende-de hemme kişi saçagyň başyna ýygnanar. Onsoň, gowrulan kädi çigidini çigitläris…”
Anna çalaja ýylgyrdy.
Ertesi ol gyzjagazlarynyň ekabyrjasyny ýanyna alyp, bazara ýörite kädi almaga gitdi. Hem-ä gyzlaryň soýkasyny täzelärin, hemem Täze ýyla çagalaryň agzyny süýjeder ýaly oduk-buduk alaryn diýen neýet bilen obalaryndan gidýän ilkinji awtobusa mündi.
Awtobusda ýer ýok ýerinde, ýaşuly hökmünde sylap Anna ýer berdiler. Anna muňa monça boldy. Soňam ol töwerekden eşidilýän tortly gürrüňe goşulman laýygyna düşse kädiden köpräjik almalydygy barada oýlandy.
* * *
Bazaryň mähellesini gören Anna içini gepletdi.
“Allajanlarym, munça jemende nireden geldikä?”
Negada bolmasa Anna bazara baryp ýören adam däldi. Şonuň üçin ol biri bir zat gürlese özüne diýilýändir öýdüp kän üşerildi.
– Menem ýeri Atamyrat mgallymyň ýanyndan aldym. Oňky ýigrimi bäş gektar.
– Azajyk ýygnalman galan jöwenim bardy, şony ýygnaýjakdym.
– Eý, saňa diýilýär, ädigiňi näçä dikdirdiň?
Tasdanam Anna, özüne diýilýändir öýdüp, “Ýetmiş üç manada” diýipdi. Ýene-de, özüne üns berilmeýändigini bilip, öz bolşuna özi utandy.
Bazar mazaly gyzypdy. Wagyrdynyň depesinden Annanyň gowy görýän aýdymynyň sesi eşidilýärdi. Anna aýdyma maýyl bolup başyny yrady:
“Häk, bagşyny alkymynda diňläýseň”.
Soň ol itenek-çomanak edip ahyry kädi satýanlaň ýanynda saklandy.
– Kädi niräňki?
Satýan ýyljyraklady.
– Öz mellegimden, almak niýetiň bar bolsa alyber. Şabadyň suwuny içen kädidir.
Kädiler Güne ýaldyrap hasam owadan görünýärdi. Anna olara hyrydar göz bilen garady.
– Çigidi pak däldir gerek?
Satyjy ykjamlandy.
– Saňa çigidi gowusy gerekmi?
Anna başyny atdy.
– Onda daş kädini al. Çigidiniň her biri apbasy ýalydyr.
Satýan alyjysynyň duşanyna begenip, ýyljyraklady.
– Ine, bi, bal kädi, bu-da palaw kädi. Aňyrkam daş kädi.
Satýan bälçiredi.
– Derwüşleň boýnundan asýan betbagt kädisinden galan hemme kädi bardyr. Alyber.
– Nyrhy näçeden?
– Iliň nyrhy bor.
– Hany maňa mazalyragyndan on bäş sanysyny çek.
Ýolda barýarkalar gyzjagazy Anna çalaja igendi.
– Kaka, soraman göni alaýdyň, soran bolsaň ol azajyk aşagragam bererdi.
Anna gyzynyň başyny sypap, onuň gözüne seretdi.
– Zyýany ýok gyzym, olam häzir: “Artygrak aýdanam bolsam aljak eken” diýip, bizçe pikir edýändir.
* * *
Maşgala Täze ýyl saçagyny bezemäge taýýarlanýardy. Anna aýalynyň gulagyna pyşyrdabyrak şeýle diýdi.
– Kädini bişirseňem bişir, ýöne bahymyrak çigidini gowur. Özem düzüw gowur.
Soňam ol ömründe etmedigini edip husytja ýylgyrdy. Adamsynyň bolşundan utanan Gyzdogmaz ýeňňe bildirmän ýakasyna tüýkürdi.
“Üýtgäp ýörmükä bu”.
Gyzdogmaz ýeňňe çigidi bolmalysy ýaly edip, birwagtky Annanyň ejesi – gaýyny pahyryň edişi ýaly, gazanyň aşagyna ot salyp gowurdy.
Ol ilki çigit ýumşak gowrular ýaly gazanyň içine arassa ürgün çäge guýdy. Soňam çäge gyzansoň çigidi atyp, soňam duz sepeledi. Howadan ilki sazak odunyň ysy geldi, soňam gowrulan kädi çigidiniň.
Ys ýakymlydy. Şonuň ýalam nepesiňi durlaýardy.
Şol gün Täze ýyl saçagyna üýtgeşik tagam goýuldy. Şol gün agşam Täze ýyl gijesi Anna daňdana çenli kädi çigidiniň ysyny aldy. Özem düzüw edip aldy.
Soň ertesem, birigünem şol ys bilen ýaşady. Ýöne ol çigidiň ysyny alsa-da, böwründäki müňňüldisi aýrylanokdy. Şonuň üçin ol obalaryndaky süňňüni gyzdyrman kölegede işleýän adamlaryň hasabyny düzdi:
“Hasapçy, pul paýlaýan, dükançy, medeniýet ugrunda işleýän oglan, oba arçynynyň kätibi, lukman, mugallym, hat-petek paýlaýan…”
Soň Anna ömür Günüň aşagynda, süňňüni gyzdyryp işleýän adamlaryň hasabyny ýöretdi.
“Mal yzynda gezýän adamlar, Gartaň aga, Goýunsüren aga, traktor sürýänler, düýekeş Guljumak aga, gyrkymçy, odun ýygýan, ýatymlyk işlerde işleýänler”.
Bir günem ol, çagalarynyň öýde ýoklugyny peýeläp, pyşyrdabyrak aýalyna şeý diýdi.
– Gaýraky Garýagdy Pyşşynyň näçe ogly bar?
Gyzdogmaz ýeňňe adamsyna üşerildi.
– O saňa nämä gerek?
Anna ýeňse damaryny gataltdy.
– Soralýan bolsa, gerekdir-dä? Hemme zadyň anygyna ýetjek bolup durmada, aýdylanyny ediber.
– Toba, sen däliräp ýörmüň? Alty sany, ýeri näme?
Anna “hm” edip, böwrüni az-kem diňledi-de, ýene aýalyna ýüzlendi.
– Kassiriňki näçe?
Gyzdogmaz ýeňňe kibtini gysdy.
– Bilmedim, ýöne öýünden bir topar oglan-a girip çykyp ýör.
– Gyz ýokmy?
– Ýok öýdýän.
– O oýun görkezýäniňki näçe?
– Artist oglanyňkymy?
Anna başyny atdy.
– Iki sany ekizje oguljyklary bar.
– Düşnükli.
– Hol ilerki Maralyňky näçe?
Gyzdogmaz ýeňňe mölerildi.
– Düýn: “Täze ýyl sowgady” diýip, birtopar podarka alyp barýady. Şoňkyňam galabasy oglanjyk bolaýmasa.
Soň Anna ýöwsel beýleki hasabyna – süňňüni gyzdyryp işleýänleň hasabyna geçdi.
– Ho odun çekýän düýekeşiňki näçe?
– Gyzyň sany bäş-ä ýetýändir.
– O ýer sürýän oglanyňky?
– Olaň entek ogul-gyz hiç zatlary ýok.
– Hm.
– Ilerki obadan göçüp gelen guýy gazýanyň näçe ogly bar?
Gyzdogmaz ýeňňe adamsyna nebsiagyryjy nazar bilen seretdi.
– Olaňkam agramly bölegi biziňki ýaly gyz öýdýän.
Anna ýene iňkise gitdi.
“Allajanalarym, ýa ors dili mugallymyň aýdany ugrunda bamyka?!”
Soň Anna, ors dili mugallymyň aýdanyny, Jüýten tebibiň: “Gowurlan kädi çigidiň ysyny al” diýenini birin-birin aýalyna aýdyp içini dökdi. Iň soňunda-da süňňüňi sowuk saklamalymy ýa kädi çigidiň ysyny almalymy diýlen meseläni orta goýdy.
Sataşaly bäri adamsynyň Güne galkan, ýele ýelken bolup ýörşüni bilýän aýaly görgüli nebsiagyryjy pyşyrdy bilen duýgudaşlyk etdi.
– Çigidiň ysyny alasyň gelse al welin, bolmasa senem il ýaly dynç alaýsana, tüweleme, indi gyzlar dokmaň üstüne münmäge ýaradylar.
Dogrudanam Anna dynç alaýyn diýip birnäçe günläp ýatan adam däldi. Çekene çopanyňky şeýledi. Ýöne Annanyň “ýadaýan” diýen gezegi ýokdy. Özem muňa öwrenişipdem.
Anna Gyzdogmaz ýeňňäniň diýenini edip, arassa bir hepde ýatan çöpi galdyrmady. Ýok, dynç aldy. Ýöne ol tas däliräpdi. “Işlemän gezýänler nädip gününi geçirýärkä?”diýip, ýene bir gün gaýrat etdi. Sekizilenji gün çydam edip bilmän çopan erkegine howut salmak bilen boldy. Aýalynyň:
– Gidiberjekmi? – diýen sözüne-de sesini çykarmady.
* * *
Soňky döwür Annanyň jübüsi kädi çigidinden doly boldy. Ol ilk-ä goşawujyny dolduryp ony ysgaýardy. Soňam hezil edip çigitleýärdi. Ýöne rus dili mugallymyň: “Süňňüň gyzsa gyz bor” diýen sözüni hiç ýadyndan çykarmady. Bir günem oňa buşlukçy geldi. Bu esli wagt geçenden soň gelen buşlukçydy. Aýaly ikisi oňa barmagyny büküp garaşypdy. Buşlukçy sürüp gelen motoryny saklap-saklaman söýünjiläp gygyrdy.
– Anna kaka, özlerem ekizje…
Anna öň oglum bolsa, täsin at – Sähraýy dakaryn diýip oýlanypdy. Diýmek, olar indi iki sany – ekizje. Beýlekisiniň adynam, sähralar bilen baglamaly bolar – Bozoglan. Tüýs ylaýyk, özem şahyrana atlar. Edil akar çeşmäniň suwy ýaly akgynly. Sähraýy… Bozoglan…
– Özlerem meňzeşje.
“Bu kädi çigidiniň oýny bolmaly. Ýa dynjyrak bolan günlerimdenmikä?”
Annanyň pikirini ýene buşlukçy böltedi.
– Bir seretseň ikijigem Gyzdogma ýeňňeme meňzeýär, bir seretseňem agynjak sen Anna kaka.
Anna ýene süýji pikirinden daşlaşyp bilmedi.
“Munça garaşdyrybam. Daýylaryna meňzeýän bolsa…”
Buşlukçynyň soňky sözi Annanyň bar keýpini uçurdy.
– Eýýäm adam dakdylar, dessanyň gahrymanlary…
Annanyň süňňi gowşady.
“Onda biri hökman gyzdyr? Bir döwürler gumda ýaşap geçen aşyk-magşugyň adyny dakandyrlar”.
– Gowy at. Gül – Pamy.
Anna myssardy. Hat-da onuň uýluklaryna çenli sandyr-sandyr etdi. Şonda ol öýkeläp – kimden öýkeläninem bilmän – tä bäbejik çilesinden çykýança oba barmady. Soňam öz ýüregini razy edip, şeýle pikirde gezdi.
“Ekizje – nähilem bolsa üýtgedi. Belkem, indiki ýola…”
Ýene Täze ýyl dolanyp geldi. Ýene ýylçalşygynda gowrulan kädi çigidiniň ysy, üýtgeşik tagam bolup, Täze ýyl saçagyny bezedi. Soňky Täze ýyl bolsa Annalaň ogul bäbegi boldy. Özem agynjak Annanyň özi. Şonda Gyzdurmaz ýeňňe utanyp, tä bäbejik aýaklanýança mal üstünde – meýdanda boldy.
Soň men Annany görmedim.
* * *
Soň men gaty köp ýyllardan soň obama bardym. Annanyňam Jüýten tebibiňem barlygyna begendim. Hatda gum içinde ilkinji bolup garmon çalmany öwrenen, öz garmon çalşy hemem täze ädigi bilen owadan gyzy ýesir eden ors dili mugallym henizem öz aýdan sözüni berk tutup oturan eken. Meni hasam begendiren zat – obamyzda gyzjagazlardan erkek göbeklileriň has köpelenligidi. Ýöne Jüýten garry indi obamyzda gyzjagazlaryň köpelmegi üçin täze bir em salgy berýärmişin. Aýdyşlaryna olam kädi çigidi bilen baglymyş. Ýöne çigidi kimiň ysgamalydygyny henizem aýtmaýarmyşyn.
Annanyň şo öňki bolşy eken. Özem entegem işläp ýör. Ol meni görüp ýyljyraklady.
– Paýtagtdan obamyza myhman gelipdir diýdiler, kimkä öýtdüm. Bi asyl sen ekeniň-ow. Tüýs şäherli bolup gidipsiň. Aýdyşlaryna seň ýazýan zatlaryňy biri-biriniň yzyna tirkeseň obamyzdan şähere durman ýetjek diýýärler. Näme üçin sen şeýle köp ýazsaňam kädi çigidi barada ýazaňok.
Soň ol meniň ýüzüme üşerildi.
– Çagaň bamy?
Men başymy atdym.
– Ogluňam bamy?
Men ýylgyrdym. Anna jübüsinden bir gysym gowurlan kädi çigidini çykaryp maňa uzatdy.
– Ilk-ä ysga, soňam çigit-läý.
Agşam Täze ýylda men Annalarda boldum. Gyzdogmaz ýeňňe gazanyň aşagyna ot salyp, kädi çigidini gowurdy. Howadan ilki oduň ysy soňam gowurlan çigidiň ysy gelýärdi. Men şol yslaryň arasyndan Annanyň garagol pyşyrdysyny eşidýärdim.
– Ilki ysy temegiňe dart, soňam çigitle…
Öwezmyrat ÝERBENDI.
Hekaýalar