21:05 "Müñ geçitden bir içit" | |
"MÜÑ GEÇITDEN BIR IÇIT"
Kyrk gulaç ýeriň aşagynda süýji suwuň bardygyny obamyzda diňe Polpy ussa bilýär. Sebäp diýseň, ol özüniň uzak ömrüni guýy gazyp geçirdi. Häzirem onuň gazan guýulary il-günüň teşneligini gandyryp ýör. Özem olar barmak büküp sanardan juda kän. Ýerbendiň owadan ýaýlasyna aralaşsaň, ilki bilen, onuň gazan guýularyna gözüň düşýär. Özem olaryň suwy bal ýaly. Şonuň üçin obamyzyň adamlary her gezek guýudan suw çekip çykaranlarynda «Müň geçitden bir içit» diýlen sözi ýatlap, Polpy ussa hoşallyklaryny bildirýärler. Polpy aganyň dünýä goýup giden ýagşy işleri başga-da kän. Ýöne biz ony ýene bir güne goýup, onuň gara ýeriň teýinden nähili edip süýji suwy tapyşy hakynda gürrüň edeliň. Ilki bilen, biz sähralaryň ýowuz şertinde ýaşajak bolsak, janly tebigatyň dilini bilmelidiris. Ýogsam, gündiziň günem büdräýmegiň gaty ähtimal. Sebäbi tebigat bilen has köp gepleşmeli bolýarsyň. Polpy aganyň süýji suwy tapyşy juda täsin, şonuň ýaly hem geň. Ol ilki gara ýeriň üstündäki çöp-çalamlary, soňam asmandan asyl-asyl bolup duran ümür-dumanlary öwrenýär. Ol her gün daňa golaý sähralyga çykyp, topbajyk bulut ýaly bolup duran ümür-dumany gözleýär. Ol ony tapaýsa, ertesem, birigünem, soň-soňlaram ony synlap gezýär. Ümür- dumanlar dargaman, şol bir duran ýerinde dursa, şol ýeri bellik edip goýýar. Özem ol ony tomus aýlary şeýle edýär. Soňam ol şol ýeriň — asyl-asyl bolup duran ümürligiň aşagyndaky çöplere syn edýär. Şol ýerde ak sözen köp gögeren bolsa, beýleki çöp-çalamlaryň başy ýokaryk uzalyp duran bolsa bolany şol. Onsoň gazyber, süýji suwuň üstünden bararsyň. Gojanyň bu ýörelgesi juda inçe synçylygy, anyklygy talap edýär. Onuň gazan kyrk gulaç guýularyndan örän süýji suw çykýar. Ine, tebigatyň täsin syrlarynyň ýene-de biri. Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |