11:42 Artyk ýaşalan bir gün / hekaýa | |
ARTYK ÝAŞALAN BIR GÜN
Hekaýalar
Meniň kireýine ýaşaýan kiçijik öýüm hamana öň hammam bolan ýaly ondan çüýrän samanyň hemem sabynyň ysy gelýärdi. Ýöne oňa garamazdan jaýyň eýesi garry Dora depozit – jaýyň kireýini öňünden soranok. Gaýtam birki gün gijikdirip töläýseňem sesini çykaranok. Şonuň üçin men bu tagaşyksyz jaýda garry Jonotan bilen bile ýaşaýaryn. Garry Jonotan bu ýerden gaty uzakda bolan Afrikadan – balykçynyň maşgalasynda, Ganida doglan. Bu ýere ol has ir düşüpdir. Şondan bärem ol öz aýdyşy ýaly durmuşyň içinde bir günem sypdyrman terslin-öňlin ýaşap ýör. Garry Jonotanyň ýaşaýan otagy bilen meň ýaşaýan otagymyň arasyny tagaşyksyz çüýlenen tagtalar tutýar. Şonuň üçin men öz otagymda bolsamam garry bilen arkaýyn gepleşip bilýän. Ol kän geplemeýär. Bir zat soraýsaňam jogap bermäge howluganok. Diňe agşamlaryna men oň gyryljak sesini eşidýärin: − Gündogarly, kofe içmälimi? Garry Jonotan turman ýazýan ýazyjy. Ol özüniň uzak ömründe kän zatlary − birtopar nowellany, şonuň ýalam taryhda köwşüniň yzyny goýup giden şa aýal Kleopatra barada roman ýazypdyr. Oň hiç hili girdejisi ýok. Ýazyjy ýerli gazetleriň töleýän ujypsyzja galam haky – gonorary bilen gününi dolandyrýar. Onuň bar arzuwy tomus geýer ýaly ýuwkajyk ak balagy satyn almak. Ýöne galam haky az berlensoň men hemişe şeýle sözleri eşidýärin: − Gündogarly, bu gezegem aljak zadymy alyp bilmedim. Zyýany ýok, indiki galam hakymy köpräk emleseler şonda alaryn… Negözel nowellany ýönekeýje gazetleriň birine hödürlemeli bolýaryn. Näme etjek. Gün ötelgede gerek… Meň oňa kitap edip çykarýan kompaniýalara golýazmalaryňy berseň bolmaýamy diýen sowalyma gussaly jogap berýär. O ýerde oturan adamlar saçlaryny biderek düşürmändirler. Olar diňe awtor bolup kabul edilen ýazyjylaryň eserlerini kabul edip alýarlar. Men bolsam o derejä ýeterden ejiziräk… Men garry Jonatanyň döredijiligi bilen tanyş däl, ýöne oň berýän gürrüňleri meni özüne çekýär. Şonuň ýalam men onda ýazyjynyň häsiýetini görýärin. Ol haýsydyr bir nowellalyk tema tapan mahaly, ony ýazmazdan öň birki-üç günläp oňa – tapan temasyna guwanyp gezýär. Soň ony ýazyp bolandan soň begenýär. Käte-de ol ýazjak eseriniň pikirini özündenem gizleýän ýaly bolup ýaşaýar. Şol görnüş şu wagtam meniň gözümiň öňünde. Öz-ä ony ile-güne hödürlejek, ýene-de ony özüne-de dözenok. Men ony şeýle ýagdaýda köp görýärdim. Şol pursat ol şeýle bir jomartdy, şeýle bir sahydy. Hat-da ol şeýle pukaralygyna garamazdan jübüsinden eplem-üplem bolan Linkini – bäş dollarlygy çykaryp şeý diýýär: − Gündogarly, bar gaty köp wagt bäri duşmadyk dostuňa duşaňda nähili hezzet edilýän bolsa, şo hili nygmat alyp gel! Men şonda puly pugta gysymlap, oň eý görýän höregini – mekgejöweniň unundan bişirilen çöregi, gowurlan kädi çigidini, mango şerbetini, şonuň ýalam bir bölejik peýniri alyp gelýärin. Käte-de ol şeýle begençli pursatynda köçede gezim ederdi. Gezim eden mahaly ol öňünden kim çyksa, hat-da çagajygam çyksa oňa äpet başgabyny galdyryp süýji sözlerini gysganmazdy. Käte bolsa, hemişe ýadyňda galjak öz ýurdunyň taryhy hakyndaky gürrüňleri aýdardy. Ol gürrüň täsindi, şonuň ýalam gyzyklydy. Ýurda belli at ogrusy uzak aňtawdan soň gola düşýär. Adyl sud eden günälerini birin-birin sanap oňa on bäş ýyl kesýär. At ogrusy hiç hili garagollyk etmän on dört ýyl dokuz aý oturansoň, juda berk saklanýan zyndandan gaçýar. Aňtawçylar ony gözläp barsalar ol öýüne-de barman bir uly depäniň üstüne çykyp, owadan bahary – obalarynyň ýazyny synlap otyranmyşyn. Ogry gelenlere hiç hili garşylyk görkezmän, iki goluny uzadyp, iň soňky ýola obalarynyň baharyny synlap, “ýörüň indi” diýýär. Gözlegçiler oňa haýran galyp şeý diýýärler: − Gaýço, sen ýene bary-ýogy üç aýjyk gaýrat eden bolsaň, bütinleýin “azat” bolardyň. Indi bolsa bu eden işiň üçin saňa ýene üç-dört ýyl doňdursalar gerek. Ogry ak ýürek bilen şeý diýýär: − Walla başarmadym. Obam halys ýüregime düşensoň durup bilmedim. Innem ýüregim rahatlandy. Näçe ýyl berseler beribersinler… Hernä garry Jonotan şu sözleri aýdandan soň burnuna salyp birzatlara hiňlenerdi. Ol ony ýerli halkyň dilinde aýtman, öz ene dilinde – birwagtky ejesiniň hüwdilän dilinde aýdansoň men oňa düşünmeýärdim. Ýöne gaty köp ýyllardan soň, hiňlenmäniň şeýle setirlerden düzülendigini anykladym. Gözellik gerekdir aýdym-sazlara, Gözellige aýdym-sazlar gerek däl… Goja şu setirleri ýatlanda meň gözümiň öňüne uzakda galan gum depeleri, guýynyň başyndaky adamlar, Ýerbendiň gamgyn ýelleri hemem Baltagyň haýbatly üýrmesi gelýärdi. Şeýdip Garry Jonotan meniň hiç haçan bitmeýän ýaramy dyrmalardy. Meň şeýle mähriban adam bilen ömürboýy gürleşip oturasym gelýärdi heme olary kimdir birine – düşünýän adama gürrüň beresim gelýärdi. Seýrek dişlerini, ýöne entegem özüniň jowur aklygyny ýitirmän gelýän dişlerini görkezip gülen mahaly ol hasam eziz adama öwrülýärdi. Men seýrek dişli adamlaryň ýürekleriniň gowy bolýandygy barada kän eşidipdim. Jonotan bolsa şolaryň naýbaşydy. Käte bolsa ol elini Sokratyňky ýaly maňlaýyna ýetirip, şeýle sözleri aýdardy: – Gündogarly, Allanyň bizi edip ýaradaýşyna haýran galaýmaly, sen-ä indi dokuz ýyllap öýüňden-iliňden jyda düşüp ýat ýerlerde sergezdan bolup ýörsüň, menem edil seniň ýaly iýjek lukmamy ýonulyp-ýonulyp bir tutum bolan galamym bilen gazanmaly bolýaryn. Şonuň üçin käte-käteler şu topragy şeýle bir ýigrenmek ýigrenýän welin, aýdyp-diýer ýaly däl. Ýöne onuň – topragyň Mark Tweni dünýä bereni üçin oň bar günäsini geçýän-dä. Goja şu sözleri aýdanda gözleriniň owasyny ýaşdan doldurýardy. Ol gözýaşlar bolsa gojanyň tämiz ýüregidi. Men o ýüregiň başga-başga-da hasam gowy zatlary aýdýanynam eşidipdim. Ol häzirem ýadymdan çykanok. Bir gezek goja öz-özüne gürrüň berýän ýaly şeý diýdi: – Eger meniň eserim sylaga, onda-da uly sylaga mynasyp bolsa, men oňa berlen pula uly jaý saldyrardym. O jaýy bolsa edil ikimiz ýaly öýsüz-öwzarsyz – dünýä bir zat berip biljek adamlara bererdim. Gojanyň o sözleri gaty aňyrlary tozadýardy. Bir döwürlerde pereň ýurdunda Lýudwigler zamanasynda bir ýagşy iş edilipdir – barjamly adamlaryň biri bir uly jaý saldyryp, giň düýnä jar çekdirip şeýle diýipdir: – Kimde-kim dünýä bir zat berip biljek bolsa, şu topraga gelsin, men onuň günötelgesini öz boýnuma alýaryn. Şonda öýsüz-öwzarsyz gezip ýören adamlar – suratkeşler, sazandalar, edebiýat adamlary, Mikolanželo, Leonardo Do Winçi we başgalar şo çagyrylan ýere baryp, dünýä özleriniň çotgalarynyň yzlaryny galdyryp gidipdirler. Gojanyň agzyndan çykýan arzuwlar menem gozgalaňa salýardy. Sebäp meňem ejem pahyrdan galan köneje tamkepbämizden başga jaýym ýokdy. Şonuň üçin hemişe şäherde owadan hem tämiz jaýlaryň iň bolmanda ýekeje otagynda ýaşamagy arzuw edýärdim. Bir gün bolsa ol gamgynlyk bilen şeý diýdi: − Gündogarly, Alla seň kysmatyňa edebiýaty ýazmanlygy üçin sen bagtly adam… Men oňa: “Heýem bir telim ýyllap ýurdundan jyda düşen adam bagtly bolup bilermi?” diýesim geldi. Ýöne diýmedim. Oňa derek oňa şeýle sowal berdim: −Näme edebiýat ömür bereniňe degmeýärmi? Goja aýtmasyz sözi aýtjak bolan ýaly dymdy. Soňam gussaly gürrüňlerini pyşyrda geçirdi: −Eger sen çyn ýazyjy bolsaň degýär… Ynha men ne gowy zat ýazyp ili begendirýän, ne-de ýazman oturýan. Bi iň erbedi. Iki jahan owarrasy… Men entek oň nowellalarynyň hijisini okap göremokdym. Ýöne oň gowy ýazýandygyna ynanýardym. Sebäp oň agzyndan çykýan gürrüňleri gaty gyzykly roman okan ýaly edýärdi. Ol bolsa üýşmek bolup ýatan golýazmalaryny görkezip şeý diýerdi: − Bu ýerde ýüzlerçe nowella bilen uly roman ýatyr… Men olary adamlaryň elinde göresim gelýär. Ýagdaýym ylaýyk bolansoň men-ä olary kitap edip çykaryp bilemok. Öz hasabyna çykarýan neşirçilerem olary gowşak görýärler… Şondan uzak wagt geçmänkä garry Jonotanyň ömür boýy arzuwy hasyl boldy. Ýöne kitap garrynyň öz adyndan däl-de başga bir nätanyşyň adyndan çykdy. Şondan soň goja begençli agy bilenmi ýa gynançly agy bilenmi ýaşap başlady. Ol illeriň öz kitabyny elden-ele geçirip okaýandyklaryna begenýärdi. Ýöne öz adynyň ýerine başga bir adamyň durandygyna-da gynanýardy. Ýene-de ýüregine teselli berip içinden şeý diýýärdi: − Mende ýatsa olar henizem ýatardy. Bolsa-da men olary adamlaryň gowy görüp okaýandyklaryny öz gözüm bilen gördüm. Şoňa-da şükür… Men edil ertekileriň döreýän ýerinde ýaşaýan ýaly bolup ýaşaýardym. Sebäp bu bolýan zatlaryň hemmesi gözümiň alnynda bolup geçýärdi. Goja nebsim agyrýardy. Ýene-de onuň öz ýazan eserleriniň ömrüni bir ýyl uzaldýandygyna begenýärdim hemem çyn eseriň ýeke bir adamyny begendirmän, eýsem ömrünem uzaldýandygyna haýranlar galýardym. Ýöne bi ýagdaý begençlem bolsa ýowuzdy. Şol bir ýyllap uzalan ömür, adam oglunyň hiç haçan eşitmedik rowaýaty ýaly täsindi. Şonuň ýalam adamynyň öz jany üçin nämeleri etmeýänligi seni oýlandyrýardy. Bu zatlaryň hemmesi gojanyň ýanbermez kesele sataşanyndan soň başlady. Ony ýazmag-a däl, gürrüň bermegem kyndy, onda-da gaty kyndy. Sol gün ol eline galam alman kän oturdy. Soňam maňa ýüzlenip şeý diýdi: − Gündogarly, men ýanbermez kesele sataşdym… Indi meň galan ömrüm derman bilen geçer… Oňa bolsa kän pul gerek bor… O bolsa mende ýok… Şol günden başlap bujurygy çykan günleriň gapysy giňden açylan ýaly bolly. Garry şol gün etmeýänini edip säher bilen bir ýerlere ýitirim boldy. Agşamaralar ol yzyna alyn dişleri öňe mese-mälim çykyp duran adamyny tirkäp alyp gelli. Soňam ol üýşmek bolup duran golýazmalaryny oňa görkezip şeý diýdi: − Ine, bularyň hemmesi meň ömrümi sarp eden nowellalarym. Olam ölmez-ýitmez Kleopatra barada ýazylan roman… Men seň adyňy öz adymyň aşagynda goýaýaryn. Hamala bulary biz iki bolup ýazan ýaly duýulsyn… Ýöne sen maňa bir guty dermany – şol näletkerde keseliň garşysyna göreşip bilýän dermany alyp ber. Ol meň bir ýylyma ýeter… Ol adam eglibiräk pikirlenip şeý diýdi: − Ýok, kitabyň ýokarsynda meň adym – Alen Adamson diýlen ýazgy dursun. Sen öz adyňy meň adymyň aşagynda goý. Ýogsam adamlar gümürtik pikir ederler. Men o şerte goja ylalaşmaz öýtdüm. Ýöne ýalňyşan ekenim. Bu “ Günüm üçin günüýmiň sallançagyny üwreýän” diýleni boldy. Gör durmuş adama nämeler etdirmeýär: − Bolýa, goý seniň diýeniň bolsun… seniň adyň ýokarda dursun. Şu sözleri aýtmak garra kyn düşen borly. Ol ýuwdunyp-ýuwdunyp zordan sözüni düşündirdi. Alen şineliniň jübüsinden gök gutyny çykaryp, ony çep elinden sag eline geçirip başlady. Garry näçe seretmejek bolsa-da, ol indi özüniň ýaşaýşynyň çözgüdi boljak gök gaply guta seredýärdi... Alen bolsa beterinden beterini tapýardy: − Jonotan, bi söwdamyz hakykata ters gelýär… Sen maňa golýazmalaryňy satýarmyň… Sen indi olardan düýbünden el çek. Kitabyň ýokarsynda diňe Alen Adamsonyň ady ýazylgy dursun – başga hiç kimiň! Şeýle etsek ol hakykata dogry geler… Men bu bolýan zatlary aklyma sygdyryp bilemokdym. Oňa edip biljek zadymam ýokdy. Oň kysmatyndaky şeýle ýowuzlyga, gamgynlyga nebsim agyrýardy. Ýöne gojanyň ömrüni sarp edip ýazan eserleri oňa ýene tutuş bir ýyly – üç ýüz altmyş bäş güni wada berýärdi. Bütin ömrüň azaby tegelek bir ýyl bilen çalşylýardy. Eger garry ýüz öwürse… Onda ömrüň gutardygydy. Ertirki gün uly dünýäniň içinde garry Jonotany ýatlaýanam bolar, ýatlamaýanam… Kesel garryny egbarladan bolarly, ol zordan bir oýnam sözi aýdyp bildi: − Seň diýeniň bor Alen… Ol şeý diýip, üýşüp duran golýazmalaryň içinden birini – has saralanyny goltugyna sally. Soňam beýleki üýşüp ýatan golýazmalary nätanşyň öňüne süýşürdi: − Alyň, ene süýdünden razy… Owadan dünýäni äpberip gitmesem bolýa… − Ol goltugyňa salan kagyzyň näme? − Ol başga zat hakynda ýazylan… Alen gutuny garrynyň eline tutduryp, gapyny gürpüldedip çykyp gitdi. Adamyň ömrüniň sanalman berilýändigem gowy zat. Ýöne gojanyňky sanalgydy. Sebäp indi oň çalşar ýaly hiç zady galmandy. Şoň üçünem bu peşgeş – ýok, satyn alnan ömür has çalt geçýän ýalydy. Men ony sanamaga gorkýardym. Garram şoň ýaly borly. Indi ol her gezek säher bilen turanda, öň etmeýänini edip, gapynyň ýokarsyndaky çagasyny emdirip ýatan enäniň ajaýyp suratyna seredip kän doga okaýardy. Menem şo bäbejigini ýanap ýatan enäniň mukaddes şekilini gowy görýärdim. Göwnüme ol ýeke bir garry Jonotanyň kiçijiki külbesine gelşik bermän, bütin dünýä gelşik berýän ýalydy. Şonuň ýalam onuň penjeginde gizlän nowellasy maňa hiç ynjalyk berenokdy. Şol günden başlap onuň bimany ömründe ýene-de täsin ömür başlady. Indi ol çüýşe gaba üç ýüz altmyş bäş sany owunjak daş salyp, her gün aýlansa daşlaryň birini çykaryp, oňa gussaly seredýärdi-de, daşaryk zyňyp goýberýärdi. Men bu görnüşe seretmejek bolýardym. Ýöne barybir seredýärdim. Sebäp her gezek gutujykdan daş çykarylanda daş ýaly gojanyň ömrüniň bir günem zyňylýardy… Şeýdip goja ömre goşulmajak günleri başdan geçirip başlady. Indi hiç bir zat, hat-da has möhüm wakada ýadyňda galanokdy. Bar üns çüýşe gutynyň içindäki daşjagazlardyr gojanyň olary barmaklaryny saňňyldadyp çykaryşy hemem agras dem almasyny eşidýärdim. Oňa derek şowhuny ýatmaýan şäherjikde täze ýazyjy Alen Adamsonyň nowellalaryny elden-ele geçirip okaýardylar. Ýazyjy ulumsylyk bilen kitabyna goluny goýup okyjylara paýlaýardy. Bu zatlary görüp garry bozulýardy. Hemem ömrüniň biderek geçirmänligi hakynda çuňňur pikir edip ýaşaýardy. Ol özi begenmese-de, kişiniň begenjine sebäp bolýandygyna guwanýardy. Men şol guwanjyň gojany dünýede ýaşadýandygyna, ýene ýaşasynyň gelýändigine, ýöne ömrüni şu günki güne taýýarlandygyna hem begenýärdim, hemem gynanýardym. Şeýle günleriň birinde täze ýazyjy oňa köçede pete-pet gabat gelip şeý diýdi: − Eý Joni, men agşam seň ýanyňa barjakdyryn… Agşam Alen mähetdel etmän geldi. Menem gojanyň dermany azalany üçin nebsi agyryp gelendir öýtdim. Gojanyň bolsa atýan dermany gutaryberipdi. Alen gürrüňini sypaýçylyksyz başlady: −Eý Jony, seň eserleriň maňa şöhrat hem uly girdeji şonuň üçin men saňa minnetdarlygymy aýtmalydyryn. Garry sesini çykarman diňe başyny atdy. Alen ýene gürrüňini dowam etdi: −Biz dostlugymyzy ýitirmeli däldiris… Meň diýjek bolýan zadym, sen şo saralan sahypada ýazan nowellaňam maňa berseň nädýä… Oň üçin men birnemejik eçilerin. Jonotan başyny ýaýkap ömrüne etmeýän zadyny edip, gaty sesi bilen gürledi: −Ýok, Alen. Ol eser humara goýulýan eser däl! −Sen ýalňyşýan bolaýma Jony… −Ýok, diýdim, ýok… Alen birneme gaharly gepledi… −Men ýene golýazma üçin ömrüňi ýene bir ýyl uzaldýan dermanyň tutuş bir gabyny gysgançlyk etmerin… Garry Jonotan indi gürlemän diňe başyny ýaýkaýardy. Sebäp indi oňa gürlemek agyr düşýärdi: −Samsyklyk etme Jony, ýekeje golýazma üçin tutuş bir ýyl – üç ýüz altmyş bäş gün az möhlet däl ahyry… Garry gürlänokdy. Dermanly gutunyň sany ikä, soň üçe ýetdi. Onda-da Jonotan gürlemän dymyp oturdy. Muňa Aleniň gahary gelip, gapyny tarpylladyp, iň soňky sözüni aýdyp gitdi: −Saňa müň gündenem artyk ýaşaýyş hödürlenýär. Sen bolsaň… Pikir et, soň giç bor… Gojanyň müň gün bilen çalyşmadyk gizlin ýazgysy barha meni özüne çekýärdi. Ýöne garrynyň özi gürlemänsoň hiç zat aýdyp bilemokdym. Ertesi durup bilmän şol nowellanyň syryny soradym: −Ýene üç ýyl ömür uzaljak bolsa, ony berip goýbermeli ekeniň… Garry sesini çykarmady. Soňam maňa seretmän gürledi: −Eneler terezä goýlardan agyrdyr. Men enäni terezä salyp bilmen… Men durup bilmedim: – Üç ýyl ömür az möhlet däl-ä… Garry ýene agyr dymyp şeýle diýdi: – Men beriljek derman bilen üç ýyl, belki ondanam köpräk ýaşaryn. Ýöne eseriň ömri otuz ýyla, üç ýüz ýyla, belki üç müň ýyla ýeter… Çüýşe gutynyň içinde dogry üç sany daş galypdy. Şol gün agşam gojany “Tiz kömek” maşyny alyp gitdi. Ol gitmänkä hoşlaşýan ýaly, ýazuw stoljygyny kän sypalady. Üçegiň öňünde durup kän doga okady. Jübüsinden çykaran bir oýnam kädi çigidini ysgady. Iň soňunda-da elimi gysyp şeý diýdi: −Gündogarly, çaýkanyp duran uly dünýede dost tapmag-a juda kyn, ylaýyk ýoldaş tapmagam görgi. Esasy ýerem saňa ynanyp bolýar. Seň dözümsiz ýüregiň bar. Şo ýüregi Isusyň özi aman saklasyn… Gojanyň şo gidişi boldy. Men ony gaýdyp görmedim. Dört gün diýlende gapydan bir uzynrak adam gelli. Oň goltugynda-da dolangy bir zatlar bardy. Ol soraşmazdan gojanyň hemişe irkiljiräp oturýan uly oturgyjyna äpet göwresini goýberdi-de, oň aýdyp beren gürrüňiniň yzyny dowam edýän ýaly gepläp başlady: − Lukmanlar ony görenden, garrynyň üç günden artyk ýaşamajagyny aýtdylar. Ýöne olar ýalňyşan eken… Men ýerimden zöwwe galyp, uzynnagyň elinden tutdum: −Goja dirimi?.. −Ýok, lukmanlaryň ýalňyşy bary-ýogy bir gün boldy. Betbagt garry dört gün ýaşady… Ol şeý diýip, goltugyndaky zatlary çykaryşdyryp başlady. Ol ilki gojanyň keýpiniň çag wagty penekläp çekýän müşdügini çykardy. Soň dört-bäş sany kädi çigidini emaý bilen goýdy. Oň çykaryp goýan zatlarynyň içinde garrynyň ömür boýnundan aýyrman ýören Isanyň haja güýlenip çekilen şekilem bardy. Iň soňunda bolsa ol, syrly nowellany üýşmek bolup duran zatlaryň üstünde goýdy. Garry dirikä men bu zatlara höwesli seredýärdim, indi bolsa seretmäge gorkýaryn. Tanyş müşdük, bir oýnam gowrulan kädi çigidi. Kädi çigdi bi özbaşyna syr – ol gojanyň perzende bolan guwanjy. Goja şu ýaşyna hiç haçan öýlenmändir. Öýlenmänsoň onuň perzendem bolmandyr. Ýöne bir gezek ol uzak Ganiden gelýärkä bir zenana kömek edip çagajygyny götermeli bolýar. Şonda çagajygyň süýr depesinden – kellesiniň ýumşajyk ýerinden täsin bir ys gelýän eken. Goja şol ysy soraglap kän gezipdir. Iň soňunda-da, gowrulan kädi çigidiň ysyny çagajygyň kellesinden gelýän ysa meňzedipdir. Şondan bärem ol hernä perzent küýsegi bolanda kädiniň çigidini ysgap gelýär. Men howlukmaçlyk bilen gorka-gorka nowella golumy uzatdym. Onuň saralan gyralarynda damjanyň tegmilleri görünýärdi. Belki ol damjalar gojanyň hiç haçan tarypyna ýetip bolmajak azaphon gözlerinden gaýdandyr… Nowella şeýle başlanýardy. Afrikanyň bir künjeginde on-onbir ýaşlaryndaky oglanjyk balyk tutup otyrka ony garakçylar ogurlap alyp gidýär. Soň ol garakçylar başga bir topar garakçyň eline düşýär. Soň ikinji garakçylaram başga bir has ýowuz garakçy daşyny gabaýar. Balasyndan jyda düşen ene şol ýowuz garakçynyň baştutanynyň ýanyna barýar. Ine, şu ýerde-de nowella açylyp başlaýar. Ýaranlary enäni ýowuz garakçynyň ýanyna goýbermejek bolýar. Niçeme ýol söküp gelen ene telbä öwrülip ýowuz garakçynyň ýanyna kürsäp girip şeýle sözleri aýdýar: − Sen kim bolaňda-da, seni men ýaly ak saç ene heniz boýuň jümjümäniň boýundan uly dälkä goluňdan tutup ýagty dünýä getirendir. Şonuň üçin sen meň ýumşumy – balamy tapyp bermelisiň. Ony balyk tutup otyrka garakçy Megulyň adamlary ogurlap alyp gitdi. Soň olary garakçy Ebri tutup bar emlägini golundan alypdyr. Ebridenem siz üstün çykdyňyz. Oglum indi siziň eliňizde bolmaly… Ýowuz garakçy enä ýüzlenýär: −Aýal, siziň aýdýanyňyz näme, siz dälimi, telbemi? −Men ene kimin telbe… −Onsaňam sen aýal, sen haýyş edýäňmi ýa talap… Ýowuz garakçynyň sesi gaharly eşidilýär. Ene darykmaýar. −Eneler hemişe haýyş etmän talap edýändir. Sebäp olar dünýä ýaşaýyşy alyp gelýänler. Musanam, Isusy dünýä berenem enelerdir… −Aýal, bizem ömrümi köçede gezip geçirmedik… gazanan üstünliklerim, ýanbermez ýeňişlerim buýsandyryjy .. −O zatlaryň hemmesi jansyz şöhratdyr. Sen janly zat – adamlaryň söýgüsi hakda gürrüň et… Olar seni söýýärmi, hormat goýýarmy… −Haçan-da adamlar gorkýan mahaly hormat goýýarlar… Enäniň bu sözünden soň ýowuz garakçy ah edip kükregine urýar-da, enäniň öňünde – göwsi bilen uly dünýäni kemala getiren aksaç enäniň öňünde başyny egip şeýle diýýär: −Sen maňa adamlaryň söýgüsini gazanmagy ýatlatdyň… Ol şeý diýip ah çekýär-de, nökerlerine ýüzlenip şeýle diýýär: −Kim-de – kim enäniň – uly dünýäni göwsi bilen kemala getiren enäniň ogluny atynyň öňüne mündirip alyp gelse, ol zeminiň iň bagtly adamsy bolar… Nowella meni tolgundyrýardy. Hemem şojagaz balykçy garry Jonotan bolmaly diýlen pikire getirýärdi. Soň men gijäniň içinde garrynyň ömri salnan gabyň içine nowellany düýürläp saldym. Düýnki ýagyşa ýuwulan Aý garry Jonotanyň pukaraja, ýöne mähriban külbesini ýagtylytmaga howlugýan ýaly barha barik süýşýärdi. Uly umman oýundan ýadap rahat ýatan çaganyň ýüregi ýaly asudady. Uzakdan Bethoweniň ölmez-ýitmez “Surikasynyň” sesini şemal kowalap alyp gelýärdi. Kimdir biri Alla mynajat edip, ýalbaryjy ses bilen zarynlaýardy: – Aý, maý gad… Men soňky ýola nowella seretdim-de, agzy berk dyky bilen dykylan çüýşäni bar güýjüm bilen ummana tarap zyňdym. Çüýşe suwuň ýüzünden tyrpan ýaly edip, çökmek bilen bolly. Goltugymda garrynyň golýazmasy barka ol gapdaljygymda ýöräp barýan ýalydy. Häzir bolsa men özümi ýalňyz duýýardym. Kanadanyň üsti bilen Alýaskadan gaýdýan sowuk şemal birsyhly ýagyrnymy üşedýärdi. Ertesi men gidip, iň soňky puluma Jonotanyň köp wagtdan bäri alyp bilmedik ýukajyk ak balagyny alyp, oň öňki goşlarynyň – köne äýneginiň, müşdüginiň, bir oýnam gowrulan kädi çigidiniň, saralyp giden hasasynyň, Isanyň agaja çüýlenen şekiljiginiň üstünde goýdum. Soňam dünýä dahylsyz ýaly bolup, şol eziz öýde üç gün ýaşadym. Indem gidip barýan. Nirä barýanymy özümem bilemok. Ýöne bir zady – obamyza barmaýanymy bilýän… Garry Jonotan ýaly adamlar meň bimany durmuşymda kän bolmasa-da, gabat gelipdi. Olar azajyk begendirip, köpem gynandyryp ýitip gidýärdiler. Ýöne olaryň hereketleri hemişe kalbymda ýaşap ýör… Agşam ol meň ýene düýşüme girdi. Bu indi oň ikinji ýola girişidi. Ol seýrek, ýöne entegem şuglasyny ýitirmedik ap-ak dişlerini görkezip şeý diýýär: −Gündogarly, seň kysmatyňa Allanyň ýazyjylyk ykbalyny salmanlygyna begen… Bu bir adama lezzet hem hupbat berýän ýakymly dertdir… Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||