10:07 Pikirdeş / hekaýa | |
PIKIRDEŞ
Hekaýalar
On bir ýaşda kitabyň yşkyna düşdüm. Ana, şol gündenem meniň özboluşly hem gyzykly ömrümiň başy başlandy. Kitaplar meni diýseň özüne çekýärdi. Men mekdebiň kitaphanasyndaky çeper kitaplary yzly-yzyna okap başladym. Şol kitaplara gyzygyp, öýe berlen ýumuşlary ýerine ýetirmäge-de ýaltanýardym. Şol sebäplem soňky wagtlar üçlükden ýokary baha gözüm düşmän başlady. Ýöne bir gezek dörtlük aldym. Ýöne şol gezekki ýazan düzmämiň ömri bäşlik alanlaryňkydanam uzak ýaşady. Ol şeýle boldy. Mugallym uruş hem obamyz barada düzme ýazmagy tabşyrdy. Şol gezekki ýazan düzmäm meniň ilkinji ýola galamymy ýöredişimdi. Ol meniň şu wagtam ýadymda. Eziz obam, mährem obam, Geçmişiň şatlykly hem ýowuz. Sen hakynda gürrüň berýär, Gadym türkmen, babam Oguz. Depelendi ürgün çägäň, Ýetim galdy bala-çagaň. Pederleriň süýekleri, Seň çägäňe dökün boldy. Eneleriň gözde ýaşy, Akçägede akyn boldy, Boldy ýene köp zat boldy... Goşgy hemmelere ýaran borly. Bu goşgyny eşiden himiýa mugallymymyz hem ömür bahasyny gysganyp ýörenem bolsa, H2O nämedigini bilmesemem, jomartlyk etdi. — Öwekge, sen ikilige jogap berdiň, ýöne ak goşgyň üçin, men saňa üçlük goýjak. Men şonda edebiýat diýlen zadyň adamlary biri-birine ysnyşdyrjakdygyna, oglanam bolsam, gözümi ýetirdim. * * * Men durmuşda hiç kime meňzemeýän, diňe özüme meňzeýän, kitaplardaky ýaly adamy gözleýärdim. Ol bolsa ýokdy. Onuň üçin adamlary günäkär edip boljak däldi. Kitaplaryň içine girdigimçe hasam dünýäm giňelýärdi. Ýöne gözleýän adamymy tapamokdym. Bu asyl şeýle bolýan eken. Bir wagtlar, heniz oglankam, ýaşuly adamlar: «Pylany gürrüňçil adam bar diýip eşeklije Hywa-da gidäýipdir» diýerdiler. Ol wagtlar oňa düşünmezdim. Häzir bolsa, öz diýen adamyň bar diýseler, ondanam aňryk gidilse geň görjek däldim.Käýarym-käýarym bolgusyzja hekaýa ýazýardym. Ýöne olam göwnümdäki ýaly ýazylanokdy. Muňa-da oturyp-oturyp içim ýanýardy. Orta mekdebi tamamlanymdan soň şähere işlemäge gitdim. Şol döwürde ýazan hekaýalarymyň käbiri gazetlerde hem çap edilýärdi. Dogrusy, olar meni ganatlandyrýardy. Şol gün obama barýardym. Obanyň içinden däl, daşyndan seretmek has ýakymlydy. Gumaksy ýollar, daraýy depeler, hon-ha, birtopar çaga-da oýnaşyp ýör. Olar meni — şäher li obadaşlaryny görüp ýylgyryşdylar. Menem ýylgyrdym. Ýöne ýylgyrmak uzaga çekmedi. Oglanlaryň biri dogumlyja gürläp, obada tutulýan adymy tutup, şeýle diýdi: — Eý, Öwekge, seniň ýazan ýazgylaryňy biri-biriniň yzyna tirkeseň, obamyzdan şähere durman ýetjek. Ýöne sen şeýle köp zat ýazsaňam ýadyňda galar ýaly hiç zat ýok. Men aljyradym. Dogry sözi çaga-da aýtsa aljyradýan eken. Onda-da sypaýy-çylyk eden boldum. — Näme, sizem ony-muny ýazýaňyzmy? Dogumlyja oglan pert-pert gürledi: — Ilki ýazmagyň hyýalyna düşüdim. Ýöne soň pikir edip, meňem ömrüm seňki ýaly boş geçer öýdüp gorkdum. Al saňa gerek bolsa! Oglan dogry aýdýardy. Deň-duşlarymyň köpüsi ertir ýatlanar ýaly iş edipdi. Kim köpri gurdy, kim haýat galdyrdy. Aý, garaz, boş çykan ýokdy. Men bolsam, ne özüm ýazyp gönenýän, ne-de ili-güni gönendirýän, tüýs iki jahan owarrasy-da. * * * Soňam durmuşyň içinde terslin-oňlyn kän gezdim. Ýöne jynym jyňkyryşýan dost tapyp bilmedim. Şol gün bolsa birine sataşdym. Ony düýn görüpdim. Ol şonda birküç sany adama bir zatlary gürrüň berip şeý diýýärdi: — Sag bilen samsyk ekip alynýan hasyl däl. «Geliň, şu ýyl sagy ekeliň, indiki ýylam samsygy ekeris» diýip bolmaýar. Ony Alla bermeli. Şonuň üçinem akylly adamy dirikä hormatlamaly. Bu gün bolsa köp wagtlap Günüň dogşuny görmänimden soň hemem pikirimi jemlemek üçin ýola çykanymda oňa gabat geldim. Oňa aýdan düýnki sözüni halandygymy aýdanymda, ol şeý diýdi: — Görýäňmi, ýagşy söz nirede aýdylsa-da tapawudy ýok, ol ýaramly bolsa, dünýäni gezýär. Onuň gürrüňleri maňa bada-bat ýarady. — Kitaplar bilen dostlugyň nähili? Ol çaganyňky ýaly gözlerini maňa gönükdirdi: — Kitaplar hakynda gürrüň köp, dost, men şolar sebäpli gowy görýän gyzymdan aýryldym. Onuň bu jogaby meni hasam gyzyklandyrdy. Gaty köpden bäri gözläp ýören adamyma sataşan ýaly boldum. Ol şeýle diýip, ýuwaşja, ýöne gaty düşnükli edip gürrüňe başlady. — Gyz, elbetde, barjamly ýeriň gyzydy. Terbiýe gören gyzdy, sypaýydy. Şonuň ýalam owadandy. Elinde-de hemişe kitap bardy. Meniň bolsa gaçgynym kitap, ony elime alsam, uky dermany berlen ýaly, ýatasym geliberýär. Bir gezek ol maňa şeý diýdi: «Paşşy, sen gowy oglan». — Paşşy, ýöne çyn adym Patyşaguly. Iller Paşşa diýýärler. Ýuwaşja ýagyş çisňäp başlady. Ýöne ol iri damjalaryny gysganyp geçip gitdi. Men ýagyşda gezelenç etmegi gowy görýärdim. Öz pikiriň bilen ikiçäk galyp ýöremek iň eý görýän zadymdy. Golaýdan Mosartyň ölmez-ýitmez «Surkasynyň» sesi eşidilýärdi. Hawa, gyz şeý diýdi: «Sen gowy, sada oglan. Kän zatlary bilýäň. Eger kitaplar bilen dostlaşsaň, hasam gözýetimiň giňär. Belki, bir zatlar ýazarsyňam. Ýöne durmuşda ähli zat göni ýol ýaly däl, käte kynçylygam bolýar.Gyzyň gözleri şu wagtam gözümiň öňünde. Kimdir biri sen hakynda alada etse, ýaşamagam hezil ýaly bolýar. Ol gyzyň: «Belki, bir zatlar ýazarsyňam» diýmegi has-da odukdyrdy. «Ol diýmände-de, başgalaram ýazyp ýör, menem ýazaýsam näderkä?» diýip, pikir edipdim. Ýöne näme hakynda ýazmaly? Bu pikir meni öz erkime goýmady. Soňam gowusy, ýazmazlyk diýip oýlandym. Şol günüň ertesi ol gyz maňa bir kitaby hödürläp: «Me şuny oka, köp zada düşünersiň» diýdi. Ony okamag-a däl, agdaryp çykjak bolsaňam uly iş. Onsoň men pikir etdim-de, öz-özüme şeý diýdim: «Paşşy, sen, gowusy, bi gyzdan kynam bolsa daşlaş. Bu gowy, akylly gyz, birden ol sen sebäpli bagtyny ýitiräýse, seni ýalkan adam tapylmaz». Nähili kynam bolsa, şeýle netijä geldim. Beýle gyzlar ynjamag-a däl, gaşynam çytmaly däldir. Paşşy gürrüňini berýän hasratyny dek şu wagt başyndan geçirýän ýaly uludan demini aldy. Onuň: «Gyzy bagtsyz ederin öýdüp gorkdum» diýen sözi oglanlaryň agzyndan seýrek çykýan sözdi. Şonuň üçin oňa nebsim agyryp pikire çümdüm. «Indi onuň öňünde näme garaşýarka?!». Paşşy meniň: «Gyz bilen nädip aýrylyşdyň?» diýen sowalyma ep-esli wagtlap jogap bermän, ahyry durmuşyň iňsoňky kynçylygyny başyndan geçirýän adam ýaly, çalaja ýylgyryp gürläp başlady. — Özüme, «Gel, gowusy, başga şähere gideýin, şeýtmesem, men ony unudyp bilmen» diýen netijä geldim. Ýöne baran badyma ýalňyşanyma düşündim. Gyz öňküdenem beter ýadyma düşüp ugrady... Asmandan durnalar toýnuk gurap Bagdat sary uçup barýardy. Iň soňky durna duşumyzdan geçende olaryň çagyryjy sesine ikimizem diň salyp otyrdyk. Biz ýene bahana bolmasa-da asmana seretdik. Soň Paşşy ýene ýyllaryň beýnisine guýan zatlaryny çöşläp başlady. Gürrüňe başlamazdan öňinçä şeýle sözleri aýtdy. — Sen gowy ýoldaş ekeniň, gürrüň bermän diňleýäň. Käte şeýle ýagdaý bolýar. Özüň bilen pikirdeş, saňa düşünýän adama gören-eşiden zatlaryňy gürrüň beresiň gelýär. Ýöne pikirdeş adam tapaňok. Jemende kän, ýöne olary bu gürrüňler gyzyklandyranok. Aý, hawa-da, her kim bir hili ýaradylan. Ýöne olary günäkärläp boljak däl... Paşşy tüýs içimi bilip gepleýän ýalydy. Menem ýyllaryň beýnime guýan zatlaryny, gören-eşidenlerimi diňlejege gürrüň beresim gelýärdi. Şol gün Paşşynyň beren gürrüňleri erkime goýmady. Öýe gelip, naharlanjagam bolmadym. Kagyz galamy elime alyp, Paşşynyň beren gürrüňlerini ýazmaga başladym. Daňa golaý uklapdyryn. Şol günüň ertesi ýazanlarymy täzeden gözden geçirdim. Ozalky ýazanlaryma göwnüm ýetmeýänem bolsa, bu ýazanlarym göwnüme jaýdy. Obadaky oglanlaram onuň täsirini duýarlar diýip pikir etdim-de, ýazanlarymy jemläp redaksiýa sary ýola düşdüm... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||