20:25 Şehit | |
ŞEHIT
Hekaýalar
Gün ýaşyp, garañky düşenden soñ, şamlanyp getirilen goýun sürüsi goşuñ daşynda egrildi. Süri jaýlaşansoñ, Aşyrberdi inisi Öre bilen çaý-nahar edindi. - Ertir obada toý bar. Men maşyn gelse, iba gitjek - diýip, Öre agasynyñ ýüzüne seretdi. Aşyrberdi biraz oýlanyp oturdy, soñ şeýle diýdi: - Bolýar, maşyn gelse, özüm mündürip goýbereýin. Öre sesini çykarmady-da, gyşardy. "Ertir toýa ýetişip bilermikäm?! Maşynyñ geljegi, gelmejegi hem belli däl" diýip, dokuz ýaşly oglan pikirlenýärdi, gözüne uky gelmeýärdi. Aşyrberdi hem goşlary ýygnady, gäwüş çalyp ýatan goýun sürüsiniñ gündogar tarapyna geçip, şol ýerde kiçijik keçäni düşäp, sakçy geçini ýüpe baglap, gyşardy. Dañ atdy. Aşyrberdi goşa geldi. Ol añk-tañk bolup, birmeýdan durdy. Goşda inisi Öre ýokdy. Aşyrberdi daş-töweregine garanjaklady, soñ sürüsiniñ daşyndan aýlanyp, yz çaldy. Öräniñ aýak yzyny tapyp, yzarlap gitdi. "Yzlar oba tarap gidipdir. Suwsap heläk bolaýmasa ýagşy" diýip pikirlendi. Aşyrberdi uzaga gitdi. Emma golaý-goltumda adam-gara görünmedi. Onsoñ yza dolanyp, pytrap ugran sürüsine ýetmäge howlukdy. Aşyrberdi agyr oý-pikirler astynda, goş erkegini idip, goýun sürüsi bilen howza gelende, gün günorta bolupdy. Ýanyp duran gün yssa howanyñ boljagyny habar berýärdi. Aşyrberdi goýun sürüsini suwa ýakyp, çopanlara tabşyrdy-da, olaryñ birinden münmäge at alyp, gözlege çykdy. Ol yzy yzarlap, gaty uzaga gitdi. Ululy-kiçili gum depeleri yzda galdy. Yssy düşüpdi. Düñle çöl dym-dyrslykdy, çöp başy gymyldanokdy. Yz takyrsow ýere gelensoñ ýitdi. Aşyrberdi uly depäniñ birine çykyp, uzaklara ser saldy. Bu beýik ýerden, gaty uzak ýerler eliñ aýasynda ýaly aýyl-saýyl görünýärdi. Ol esli salym daş-töweregi synlap durdy. "Bu uç-gyraksyz çölüñ niresinden gözlärsiñ?" diýip pikirlendi. Şol mahal maşyn ýoly bilen oba barýan motosikletçä gözi düşdi. Aşyrberdi gol galdyryp, gara bulady. Motisikletçi ýigit ony gören bolarly, ýoldan çykyp, Aşyrberdä tarap gaýtdy. Ol obadaşy Aman eken. Aşyrberdi saglyk-amanlykdan soñ bolan ýagdaýy gürrüñ berdi. Ýolda-yzda Örä gabat gelse oba alyp gitmegini haýyş etdi, gabat gelmese-de, oba ~ öýe tiz habar etmegi, berk sargady. Ferma müdiri Gulmämmet Gulmämmedow jokrama yssyda özünden hemaýat isläp gelen Öräniñ atasy Annaberdi aga göwünlik berip, wagt ýitirmezden, gyssagarada ýigrimä golaý adamdan ybarat gözleg toparyny düzüp, ýola düşdi. Çöle belet ýaşuly çopan Baýram agany hem ýanlaryna aldylar. Uly çölüñ bir çetinden girenlerinde, Baýram aga maşyny saklamagy haýyş etdi. Ol maşyndan düşüp: - Adamlar, şu ýerlere bir aýlanyp çykalyñ - diýdi. Tiz wagtdan gözlege giden ýigitleriñ biri: "Bäri geliñ" diýip, el salgap, adamlary çagyrdy. Adamlar hem şol tarapa ýöneldiler. * * * Gölegçiler topary ses edip, golaý gelende, "Şum ajal, al meni, görmesin gözüm seni" diýip zarynlaýan mährem naçar ~ Maý eje özüni ýitirdi. Ony şu çaka çenli: "Öde bardyr. Çopan-çoluklaryñ ýanyndadyr" diýip köşeşdirip güýmäpdirler. Öre onuñ körpe ogludy. Oglany ýol ýykylan ýerinde hem ýerlediler. G.Mämmetbaýew, Balkan welaýatynyñ Türkmenbaşy etrabynyñ Goýmat obasy. | |
|
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |