22:07 Selaheddin Eýýuby we döwlet: 1191-1192-nji ýyllarda bolup geçen wakalar | |
1191-NJI ÝYLYŇ AÝAKLARYNDA WE 1192-NJI ÝYLYŇ ILKINJI ÝARYMYNDA MUSULMANLAR BILEN HAÇLYLARYŇ ARASYNDA BOLUP GEÇEN ÇAKNYŞYKLAR Ýewropalylar bilen musulmanlaryň arasyndaky iň uly jeň meýdany Ýafa-Remle aralygyndaky sebitdi. Emma beýleki ýerlerde hem iki tarapyň güýçleri bardy. Bu jeň meýdanynda käwagtlar kiçi möçberde çaknyşyklar bolup geçýärdi. 13-nji noýabrda Akkanyň eteginde bolan musulmanlaryň öň hatarky bölümleri şäherden daşary çykan duşman bölüminden 21 kişini ýesir alypdyr. Bu ýesirler Riçardyň syrkawlap, Akka gaýdyp gelendigini we ýewropalylaryň arasynda azyk ýetmezçiliginiň bardygyny habar berdiler. Şeýle-de şol gün Antakyýa güýçleriniň Jebele we Lazykyýe mülklerine hüjüm edip talaň edendikleriniň we ýeňlendikleriniň habary geldi. 17-nji noýabrda Akkadaky ýesirlerden Şirkuh bin Bahyl Zerzary gaçyp Soltanyň ýanyna geldi. Ol şeýle hem Togrul Silahdar bilen Soltanyň memluklaryndan käbirleriniň gaçandygyny we Riçardyň uly möçberde fidýe tölense, Seýfeddin bin Meştuby azat etjekdigini habar berdi. 26-njy oktýabrda flotuň käbir haçly gämilerini ýesir alandygynyň habary geldi. Şol wagt duşmanyň Akkadan täze güýçleri alýandygy we hüjüme geçmek niýetiniň bardygy hakdaky habar geldi. Soltan emirlerini ýygnap mejlis geçirdi. Ýygnakda ýükleriň has içeri gelip, goşunyň duran ýerinde durmagyna karar berildi. Şeýle hem haçlylardan gaçyp gelen iki duşman atlysy ýewropalylaryň Ýafada 10 000 atly ýygnandyklaryny we Remläniň üstüne hüjüm etmekçidiklerini habar berdiler. 29-njy oktýabrda ýewropalylaryň Ýazura çykandyklarynyň habary eşidildi. Soltan goşuny söweş nyzamyna saldy, öň hataryň serkerdeligini dogany Adyla berdi. Şol wagt Anadoly seljuklylaryndan meýletin bir bölüm geldi. Bular bilen duşmanyň arasynda çaknyşyk başlandy. Duşman özüniň gysylýandygyny görüp, atly goşuny bilen şol pursatda hüjüme geçip, öň hatardakylary yza serpikdirdi. Riçard Ýazura geldi we Ludd bilen Ýazuryň aralygynda iki sany gözegçilik diňini gurmaga başlady. Iki tarapyň arasynda her gün çaknyşyk bolup geçýärdi. Soltan Remledäki karargähinden käwagt aň-tawa çykýardy. 1191-nji ýylyň 1-nji noýabrynda aňtawdan gaýdyp gelensoň, Takyýeddiniň ölendigini beýan edýän hat geldi. Soltan we emirler onuň ölümine örän gynan-dylar. Habary goşundan we duşmandan gizlin sakladylar. Soltan 6-njy noýabrda özüniň ýörite bölümini Ýazuryň demirgazyk-gündogarynda buky gurmak üçin iberdi. Ertesi irden templiýerler odun ýygnamaga çykdylar. Bukynyň golaýynda bolan araplar, bukynyň üstüne getirmek üçin duşmana zeper ýetirip başladylar. Bukydan bihabar bolan duşman bölümi olar bilen çaknyşmaga başlady. Duşman özüne kömek isledi. Kömek gelensoň araplar başga tarapa gitdiler. Bukydakylar bolsa duşman ýakyn gelendir öýdüp ýerlerinden çykyp, duşmanyň üstüne hüjüm etdiler. Ýöne aralyk örän uzak bolansoň, duşmanyň ýanyna barýançalar atlary ýadady, yza gaçmak bolsa asla mümkin däldi. Haçly bölümi Andre de Çawiçin, Hugo de Saint-Pol IV, Robert de Laýnçestr, Guillaum de Çeýkes we Eud de Treýzanyň serkerdeligindäki güýçlerden ybarat güýçleri goşmaça güýç hökmünde alypdy. Az sanly buky bölümi bilen bu haçly güýçleriniň arasynda çaknyşyk başlandy. Emma sanlarynyň köpdügine garamazdan ýewropalylar kyn ýagdaýda galdylar. Riçard öz bölümi bilen kömege gelip ýetişdi. Bu habary eşiden Soltan, Seýfeddin Ýazgyç we Emir Eslem serker-deliginde kömekçi bölüm iberdi. Netijede, iki tarapyň arasynda ýüze çykan söweşde ýewropalylaryň rysarlardan 60 ölini taş-lap we iki ýesir berip, yza çekildiler. Iki sany rysar hem atlary bilen gaçyp musulmanlaryň hataryna geçdiler. Musulmanlardan Aýaz Mihrany, Çawly Gaýdy we Sary dagylar şehit boldular. Bu wakadan soňra iki tarapyň arasynda ýene-de gepleşikler başlandy. Gepleşikler-den hiç hili netije çykmansoň, Soltan Natrundaky karargähine çekildi. Ýewropalylar Kudusyň üstüne ýöriş etmek üçin Remlä geldiler we ol ýerde karargäh gurdular. Soltan Natrundan ýewropalylara zeper ýetirmek we kömek ýollaryna böwet bolmak üçin her gün birnäçe bölüm iberýärdi. Şol wagtlar ýagyş döwri başlapdy we ýollar palçykdan ýaňa ýörär ýaly bolmandy. Soltan esgerlerini ýadatmazlyk üçin, öň hatarky bölümlerini ýerinde goýup, 1191-nji ýylyň 11-nji dekabrynda, Kudusa gaýdyp geldi. Uzakdan gelen esgerlere ýaza çenli rugsat berdi. 22-nji dekabrda, ýekşenbe güni Abul Heýja Semini-niň serkerdeliginde Müsürden uly güýç geldi. Bulardan soň hem leşgerleriň gelmegi dowam etdi. Şol gün haçly öň hatarky bölümleriniň Natruna gelýändikleriniň habary geldi. Soltan Kudusda gorag işlerini artdyrdy we öň hatarky bölümleri güýçlen-dirdi. Gyş möwsümidigi üçin hemme ýer palçykdy. Daglaryň üstüni gar basypdy. Ýewropalylaryň öň hatarky bölümleriniň Kudusa 20 kilometre ýakynlaşandyklarynyň habary gelensoň, Soltan uly bir bölümi aňtawa goýberdi. Bu bölüm 26-njy dekabrda ýewropalylaryň aňtaw bölümine duşdy. Iki tarapyň arasynda ýüze çykan çaknyşykda duşmanyň edermen rysarlarynyň birnäçesi öldürlip, 50 töweregi adam hem ýesir alnyp, Kudusa getirildi. 29-njy dekabrda Sabykeddin Osman bin Daýe başga bir duşman bölümine duşup, olaryň serkerdelerinden alty kişini öldürdi, dört kişini bolsa ýesir aldy. Galanlary atlaryny taşlap daglara gaçdylar. Araplar we beýleki kiçi bölümler duşmanyň karargähine hüjüm edip, olara zyýan ýetirýärdiler. 1192-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Seýfeddin Ýazgyç we Alemeddin Kaýsar Remlede duşmana gelýän kömek bölümine duş gelip, olary flotlary bilen eýelediler. Ýewropalylar şol wagt ulaglarynyň we mallarynyň köpüsini ýi-tirdiler. Azyk kynçylygyny çekip, syrkawladylar. Ymadeddin şeýle diýýär: «Ýewropalylara garşy hüjümler we çozuşlar yzly-yzyna geçirilýärdi. Ýer ýüzi olara darlyk etdi. Ruhdan düşdüler. Heläk bolan-dyklaryny görüp, yzlaryna gitdiler we kenarlara gaçdylar» . Haçly çeşmelerine görä, ýagyşlaryň ýagmagy sebäpli, ýewropalylaryň esasy azyklary bolan suhary (guradylan çörek) bilen doňuz etleri zaýalanypdy. Mallary açlygyndan ölýärdi. Emma onda-da Ýewropadan gelen haçlylar Kudusa çenli gidip, şäheri gabamagyň tarapdarydylar. Ýerli haçlylar, templiýer we gospitaliýer rysarlary beýle etmegiň görnetin howpuň öňüne oklamak boljakdygyny aýdýardylar. Ahyrsoňy, Riçard Kudusyň we onuň töwereginiň kartasynyň getirilmegini isledi. Ol karta gowy göz gezdirensoň, Salahaddin dirikä, musulman goşunynda agzybirlik barka hiç hili ýeňiş gazanmak ähtimalynyň ýokdugyna we şäher deňizden uzakda ýerleşendigi üçin gämilerden kömek almagyň kyn boljakdygyna göz ýetirdi. Şonuň üçinem, 1192-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda yza dolanmaga buýruk berdi. Haçlylar günäni biri-birleriniň üstüne atyp, Remlä we Ýubna tarap yza çekildiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |