15:35 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Ýafanyň elden ele geçmegi | |
ÝAFANYŇ ELDEN ELE GEÇMEGI
Taryhy makalalar
22-nji iýulda Riçardyň Beýruty gabamak üçin Ýafadan Akka gidendigi eşidildi. Soltan hem ogly Mälik Zahyry ýanyna alyp, ýörite bölümi bilen Ýafa tarapynda Jip diýilýän ýere çykdy. Beýrut şäheri uly ähmiýetli deňiz güýjüne eýedi we ýewropalylaryň kömek alyş ýoluna uly zeper ýetirýärdi. Ymadeddiniň aýtmagyna görä, ýewropalylaryň niýeti Soltany Beýruta çekip, Ýafa we Askalandaky esgerleri bilen Kudusa ýöriş etmekdi. Soltan ýoluny aňyp, özi Kudusda galdy. Şol wagt Damaskdaky ogly Afdala Müsür, Sinjar, Jizre, Erbil we Diýarbekr esgerleriniň başynda durup, Beýrutyň kömegine gelmegini buýruk berdi. Afdal Merji-Uýunda karargäh gurup, Beýrut ýoluna gözegçilik etdi. Netijede, Beýrutyň goragy güýçlendirildi. 23-nji iýulda Mälik Adyl Kudusa geldi. Soltan 24-nji iýulda Beýti-Nubede, 25-nji iýulynda Remle bilen Ludd arasynda düşledi. 26-nji iýulda bolsa Ýafa aňtawa çykdy. Ýagdaýy maslahatlaşylyp, Ýafany gabamaga karar berildi. 1182-nji ýylyň 27-nji iýulynda bolsa, goşunyny nyzama düzüp, Ýafa ýöredi. Soltan merkezde, sagda Zahyr, çepde Adyl serkerdelik edýärdiler. Ýewropalylar Akka habar iberip, ýagdaýy mälim etdiler. Soltan 28-nji iýulda şäheri zabt edip aljak boldy, ýöne bu başartmady. Soňra manjanyklardan daş atyp, galadan gädik açdy. 29-njy iýulda duşman goragçylary aman dilediler. Iki günden soňra şäheri berjekdiklerini habar berdiler. Soltan Kudusyň boýun egdirlişi ýaly, galany derrew bermegini talap etdi. Galanyň bir tarapyny däri bilen ýaryp ýykdylar. Ýewropalylar gädigiň aňyrsynda ýygnap goýan odunlaryny ýakdylar. Içeri girmek mümkin däldi. 30-njy iýulda ýene iki ýerden däri guýup, galany ýardylar. Därileriň açan gädiginden esgerleri içeri girdiler. Haçly goragçylary galanyň içinde bukuldylar. Musulmanlar köp möçberde ýesir aldylar, şeýle hem Müsür kerweninden alnan oljalardan-da köp esse olja aldylar. Soňra bolsa gala hüjüm etdiler. Galany eýelemäge az pursat galan wagty galadaky ýewropalylar aman dilediler. Patrik Raul, galanyň serkerdesi we haçly rysarlaryndan ybarat bir topar girew hökmünde daşyna çykdylar. Olar bilen geçirilen gepleşiklerde, galanyň içindäki ähli ýaraglar we goş-galamlaryň tabşyrylmagy, galadaky esgerleriň musulman ýesirleri bilen çalşyrylmak şerti bilen ylalaşyk gazanyldy. Galanyň boşaldylmagyna buýruk berildi we otuz töweregi adam daşary çykaryldy. Agşamara düşensoň boşatmak işleri ertire goýuldy. Ýöne Soltan Akka-nyň etegindäki goşunlaryň serkerdesi Salymeddin Gaýmazdan Riçardyň goşuny bilen kömege gelýändiginiň habaryny aldy. Emma onda-da, boşatma işleri ertire goýlupdy we galanyň hemme ýerine doly gözegçilik edilmeýärdi. Boşatmak işlerini Mälik Zahyryň serkerdeligindäki Jurdik alyp barýardy. Ýewropalylar deňizden we gury ýerden tizlik bilen hereket edip Ýafa ýakynlaşypdylar. 31-nji iýulda, irden Riçard floty bilen deňizden, gury ýer goşunyna degişli kömekçi bölümler bilen hem gury ýerden Ýafanyň etegine geldi. Soltan tüýdükleriň we surnaýlaryň sesini eşidensoň, basymrak galanyň boşaldylmagyny talap etdi. Ýene kyrk dokuz rysar çykaryldy. Şol wagt galadaky goragçylaryň biri özüni deňiz ýanyndaky gumluga zyňyp, Riçardyň ýanyna gitdi. Riçard gala bütinleý elden gidendir öýdüp, öňürti gury ýere düşmäge ikirjeň-ledi. Gelen habarçy galanyň heniz doly boýun egmändigini aýdansoň, galanyň için-däki ýewropalylaryň kömegi bilen duşman güýçleri we goragçylar ellerine ýaraglaryny alyp, garşylyk görkezmäge başladylar. Soň bolsa hüjüme geçip deňizden we gury ýerden gelen ýewropalylar musulmanlary yza serpik-dirdiler. Ýewropalylar aman dilemek üçin gepleşikler geçirmek we girew bermek bilen köp wagt utupdylar. Şeýle hem Ýafa ýaly örän berk galanyň şeýle gysga wagtyň içinde eýelenmegi musulmanlar üçin uly ýeňişdi. Üstesine-de, galadaky birnäçe rysarlary ýesir alypdylar, uly möçberde olja alypdylar we duşmanyň Beýrutyň üstüne ýöriş etmeginiň öňüni alypdylar. Duşman gelensoň, Soltan goşlaryny we goşun bazaryny Ýazura göçüripdi. Ýafadan girew alnan patrik, gala serkerdesi we ýesir alnan ýetmişden gowrak haçly rysarlar Damaska iberildi. Riçard Ýafada karargähini gurdy, Akkadan kömek sorady we täzeden ylalaşyk gazanmak üçin gepleşiklere başlady. • YLALASYK GEPLESIKLERINIŇ TÄZEDEN BASLAMAGY WE ÝARASYGYŇ YGLAN EDILMEGI Şol gün ikindi wagty Riçard musulmanlardan hajyp Abu Bekr Adyly gepleşikler geçirmek üçin çagyrdy. Onuň ýany bilen Aýbeg Ezizi bilen Sungur Meştuby hem Riçardyň ýanyna gitdiler. Riçard olar bilen ýarym çyn, ýarym oýun edip gürrüňdeşlik geçirdi we gürrüňiniň arasyndan: «Walla, şu Soltan örän beýik adam. Ýer ýüzünde ondan beýik hiç kim ýokdur. Ol men gelip ýetmänkäm tertipli-düzgünli yza çekildi. Men ol Ýafany iki aýda alar öýdýärdim, emma ol iki günde aldy» diýdi. Soňra bolsa Abu Bekr Adyla: «Soltana aýt, Allanyň hatyrasyna, bu işleriň soňuna çykmak gerek. Deňziň aňyrsyndaky topraklaryň dargady. Bu söweşden size-de, bize-de peýda ýok» diýdi. Abu Bekr Soltanyň ýanyna baryp, Riçardyň aýdanlaryny aýtdy. Soltan emirleri bilen maslahat geçirdi. Soňra bolsa: «Ýafa şäheriniň demirgazygyndan Sura çenli bolan ýerler haçlylaryňky bolsun. Galan ýerler hem biziňki bolsun. Bu şertlere razy bolsaň, derrew ylalaşalyň» diýip, jogap berdi. Abu Bekr bu jogap bilen Riçardyň ýanyna gitdi. Riçard Ýafa bilen Askalanyň haçlylarda galmagyny isledi. Onda Soltan: «Ýafa sizde, Askalan bizde galsyn» diýdi. Riçard Ýafa üçin sag bolsun aýtdy we Askalanyň hem haçlylarda galmagyny haýyş etdi. Soltan munuň jogabynda: «Askalandan dänmegimize hiç hili mümkinçilik ýokdur. Korol ýa indiki gyşy bu ýerde geçirmäge mejbur bo-lar ýa-da yzyna gider. Biz olaryň eýelän ýerlerini derrew yzyna alarys. Ol ýaşlygynyň baharynda watanyndan uzakda bu mähnetlere döz gelýän bolsa, men dünýä nygmatlaryndan nesibini alan öz watanynda ýaşaýan we jyhady ybadat hasaplaýan bir ýaşuly hökmünde kynçylyklara döz gelerin» diýdi. Soltan özüniň karargähini Remlä göçürdi we Ýazurda haçlylaryň täze guran galasyny ýykdyrdy. 1192-nji ýylyň 2-nji awgustynda ýekşenbe güni Akkadan ýene-de haçly goşunlarynyň ýafadakylylara kömek etmek üçin ýola çykandygynyň habary geldi. Soltan gyssagarada ýygnak geçirdi we duşmanyň ýolunyň öňüni kesmäge buýruk berildi. 3-nji awgustda duşman goşuny Kaýsaryýadan yzyna dönmäge mejbur boldy. Duşmanyň goşuny yza çekilenden soňra, Soltan Ýafanyň daşynda karargäh guran Riçardyň üstüne hüjüm etmäge niýetlendi. 3-nji awgustdan 4-nji awgustda geçilýän gijede Soltan ýanyna bir bölüm alyp, arap ýolbeletleriniň ýol görkezmeginde bütin gijä ýöräp, ertir irden Riçardyň karargähine golaýlaşdy. Şol wagt aňtawda gezip ýören bir genuýaly esger Soltanyň esgerleriniň sowutlarynyň we ýaraglarynyň sesini eşidip ýagdaýy Riçarda habar berdi. Muny eşiden Riçard karargähiniň daşyny pruşinaçy we naýzaly pyýadalardan bir diwar bilen aýlap, gorag işlerine taýýarlanmaga başlady. Soltan duşmanyň özüniň gelýändigini eşidip, zerur taýýarlyklary görendiginden bihabardy. Esgerler hüjüme geçenlerinde duşmanyň galkanlardan, naýzalardan ýasan diwaryndan geçip bilmediler. Riçard ýanyndaky rysarlary bilen musulmanlaryň üstüne hüjüm etdi. Onuň üstüne tarap atylan oklardan ýaňa, aty we özi kirpi ýaly göründi. Ýöne özi sowutlydygy üçin agyr ýaralanmady. Şeýle hem şol gün musulman esgerlerinden bir topar Ýafanyň ýanyndaky deňizçileriň üstüne hüjüm etdi. Riçardyň kömege gelmeginden soňra ýewropalylar gaçyp, gämilerine girdiler. Soltan bu hüjüm netijesiz bolandygy üçin Ýazura gaýtdy. 5-nji awgustda öz kararfähini Natruna göçürenden soňra, 6-njy awgustda juma güni syrkaw ýatan dogany Adylyň ýanyna hal-ahwal soramaga geldi we Kudus şäherinde gurlan gurluşyk we bina işlerini gözden geçirdi. Ýewropalylaryň Beýruta hüjüm etmekleriniň öňüne böwet bolmansoň, Mälik Afda-lyň serkerdeliginde Merji-Uýunda ýygnanan esgerler esasy goşuna goşulmak üçin ýöriş etdiler. 7-nji awgusta, şenbe güni Alaýeddin Hurrem şanyň serkerdeligindäki Mosul esgerleri, Mujahydeddin Ýaranguşyň serkerdelegindäki Sinjar we Erbil esger-leri, Kutbeddin Sökmen bin Gara Arslanyň serkerdeligindäki Diýarbekr esgerleri we Mälik Afdalyň serkerdeligindäki Damask esgerleri geldiler. Bulardan soňra, 20-nji awgustda, penşenbe güni Soltanyň ogly Mälik Mesgut, Mejdeddin Huldury, Seýfeddin Ýazgyç we esetlilerden bir bölüminiň serkerdeliginde täze Müsür goşuny geldi. 22-nji awgustda bolsa iň soňundan Takyýeddiniň ogly Mälik Mansur Nasyreddin Muhammet geldi. Ahlagyň häkimi Begteýmiriň ilçisi gelip, hojaýynynyň kömek iberjekdigini habar berdi. Musulmanlaryň ýagdaýy güýçlenýärdi. Haçlylaryň ýagdaýy bolsa gün geçdigiçe peselýärdi. Riçard agyr syrkawlady. Duşmanyň ýagdaýy erbetleşýärdi, azyklary azalypdy. Fransuzlar basymrak ülkelerine gaýtmak isleýärdiler. Goşun ýygnanansoň Soltan emirler bilen maslahat geçirdi. Maslahatda ýa Askalanyň, ýa-da Ýafanyň ikisinden birini gabawa salmak karar edildi. 25-nji awgustda Soltan Jurdigiň serkerdeliginde bir bölümi Ýafa aňtaw üçin iberdi. Bu bölüm Ýafanyň gola-ýyna baryp, özleriniň içalylaryndan ýewropalylaryň Ýafanyň galasyny dikeldendik-lerini, şäherdäki esger sanlarynyň azdy-gyny we fransuzlaryň ülkelerine dolanmak isleýändikleriniň habaryny aldylar. Soňra bolsa bu ýagdaýy Soltana habar berdiler. Soltan 27-nji awgustda, penşenbe güni karargähini Remlä göçürdi. Soltan şol wagtlarda halypa iberen bir hatynda soňky wakalar barada şeýle diýilýärdi: «Hyzmatkäriňiziň gün-güzerany söweşiň içinde, duşmanyň gabadynda geçýär. Käwagt ýeňiş umytlary peýda bolýar, käte bolsa ýok bolýar. Kynçylyklar gutaryp gelýärkä, ýene-de täzeden başlanýar. Hadysasyz gün geçmeýär. Soňky günlerde musulmanlaryň ýüzüni güldüren wakalaryň iň ähmiýetlisi şudur, ýagny ýewropalylar Kudusyň üstüne ýöriş etmekde ejiz geldiler, elleri boş yza gitdiler. Kapyrlar başga bir erbetlige ýüz urdular. Beýrutyň üstüne ýöriş etmek üçin bize garşy herekete geçdiler. Yslam esgerleri olaryň ýollaryny kesmek üçin herekete geldiler. Hyzmatkäriňiz bolsa, Allatagala-nyň kömegine umyt edip, ýörite güýçleri-niň başynda durup, Ýafa bardy. Oklaryny we şirlerini ol ýere ýöneltdi. Ýafany gyly-jy bilen basyp aldy. Ol ýerdäki kapyrlary öldürdi. Mallary we ýaraglara eýe çykdy. Galadakylar ölümden gorkup, özlerini ýesirlikden halas etmek üçin aman dilediler. Musulman ýesirler azat edildi. Patrik, gala serkerdesi, marşal we beýleki rysarlar çykyp, girew boldular. Olar galadan çykýan wagty, denizden kömek geldi. Galadakylar ýene goranmaga başladylar we pikirlerinden döndiler. Biziň bu hereketimizden esasy maksadymyz duşmany niýetinden dändirmekdi. Allatagala bize ýeňişden-de ulusyny berdi. Gana suwsan gylyçlarymyz olaryň ganyny içip, hereketlendi. Duşman öz başyna gelen bela bilen we özüni ýygnamaga meşgul. Askalanyň özlerine goýulmak şerti bilen ýaraşyk başlaşmak üçin ilçi iberdiler. Emma biz ola-ry kabul etmedik. Ýewropalylaryň jahalat-dyklary sebäpli işleriniň nädogrudygyna gözleri ýetdi. Yslam esgerleri olara garşy jemlendi. Olaryň başlaryna bela ýagdyrmak üçin taýýarlandy. Indi eýeläp bolmadyk galalaryň diwarlary ýykyljak bolup dur. Allatagala eger bize ýeňiş nesip edýän bolsa, onda halypa Nasyryň belent dergähine bolan tabynlygymyz üçindir». 2-nji awgustda Riçardyň ilçisi Soltan-dan Askalan meselesinde ylalaşyp bilmänsoň, syrkaw ýatan Mälik Adylyň ýanyna gitdi. 7-nji awgustda bolsa Hajyp Ýusup bilen Ýafa gaýdyp geldi. Riçard Soltany ýaraşyga mejbur etmek üçin Hajyp Ýusuby şähere kabul etmedi we şeýle diýdi: «Soltanyň öňüne özümi şeýle oklaýaryn. Ol meni kabul etmeýär. Gyş golaýlapdy. Men bu ýerde galmaga niýet etdim. Indi aramyzda gürleşere zat ýok». Netijede, geple-şikleriň yzy kesildi. Riçard syrkawlansoň Soltana yzly-yzyna ilçi ibermäge başlady we ondan miwe, azyk ýaly zatlary talap edýärdi. Soltan onuň islän zadyny iberýärdi we ýewropalylaryň içki ýagdaýyny bilmek isleýärdi. Riçard 25-nji awgustda Hajyp Abu Bekri täzeden ýanyna çagyrdy. Ilçi iki gün Ýafada galansoň, 27-nji awgustda, pen-şenbe güni Riçardyň ilçisi bilen gaýdyp geldi. Riçardyň adyndan hödür-keremleri üçin Soltana minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem, eger Askalan üçin çykarylan çykdajyny tölese, ony berjekdigini aýtdy. Ol Mälik Adyla «doganym» diýip ýüzlenýärdi we onuň şertnama üçin kömek etmegini haýyş edýärdi. Soltan ilçisine: «Mälik Adylyň ýanyna gidiň. Askalandan el çekjek bolsalar, şertnama gol çeksin. Esgerler uruşdan bizar boldular, azyk ýetmezçiligi bar» diýdi. Hajyp Abu Bekr haçly ilçisi bilen 28-nji awgustda, juma güni Mälik Adylyň ýanyna gitdi. Şeýle hem şol gijesini öň hatarky goşunyň arasynda geçiren Bedreddin Duldurym Soltana çapar ýollap, Riçardyň ýakyn adamlaryndan Huartyň özi bilen gürleşmek isleýändigini habar berdi. Soltanyň rugsady bilen Bedred-din bilen Huart gürleşensoň, gelip korolyň Askalandan we dikelden işleri üçin hiç hili pul islemeýändigini we ýaraşyk meselesinde çynlakaýdygyny aýtdy. Soltan Riçard öňküsi ýaly wagt saklamak syýasatyny alyp barýandyr öýdüp howatyrlanyp, Bedreddin Duldurymyň Huart bilen täzeden duşuşmagyny isledi. Ol Bedreddin täzeden duşu-şansoň, 29-nji awgustda, şenbe güni Riçardyň Mälik Adyl bilen ylalaşyk şertnamasyna razydygyny we bu meselede Huartdan kasam alandygyny aýtdy. Şondan soňra Soltan kätibi Ymadeddini çagyryp: «Remle, Ýubna we Mendelýadan galan Ýafa töwerekleriniň, Kaýsaryýa, Arsuf we Haýfa we bularyň töwerekleriniň, Nasyra we Safriýadan galan Akka we töwereginiň ýewropalylara beriljekdigini, beýleki ýerleriň bolsa musulmanlaryň elinde galjakdygyny görkezýän şertnamanyň mazmunyny ýazdyrdy. Bu şertnamany Bedreddin bilen gelen haçly ilçisine berdi. 30-njy awgustda Torontaý bilen haçly ilçisi bu taslamany alyp geldiler. Riçard ilçilere bu tasla-many kabul edýändigini, şeýle hem Solta-nyň öz hödür-kereminden munuň üstüne goşsa, hoşal boljakdygyny aýtdy. Haky-katda bolsa korol Riçard Askalana çykaran çykdajysynyň öwezine Ludd bin Remläni isleýärdi. 31-nji awgustda, irden Soltan ilçileri kabul edenden soňra, emirlerini we maslahatçylaryny ýygnady. Iki tarapyň arasyndaky gepleşikleriň we wakalaryň gidişini giňişleýin gürrüň berdi. Bu şertlere razy bolmalymy ýa-da söweşi dowam etdirmelimi diýip, emirlerine maslahat saldy. Emirleri: «Uzaga çeken söweşlerden soňra ülke harap, halk perişan boldy. Esgerler ýadadylar, atlar heläk boldular. Azyk we iýmit Müsürden başga ýerden gelmeýär. Bahalar galdy. «Eger olar ýaraşyga meýil bildirseler, sen hem meýil et we Alla töwekgel et» aýatyna görä, ýaraşygy kabul edeliň» diýdiler. Soltan emirleriniň pikirlerini kabul edip, şertnamany gürrüňsiz kabul edendigini ilçilere habar berdi we Bedreddin Dulduryma haçly ilçisini ýanyna alyp, Riçardyň Remle we Ludd meselesindäki talaplaryny maslahatlaşmak üçin Mälik Adylyň ýanyna gitmegine buýruk berdi. Adyl haçly ilçileri bilen gepleşikler geçiren-soň, ady agzalan şol iki ýeriň musulmanlaryň golastynda galmagyna, girdejisiniň hem iki tarapyň arasynda şärikli ýagdaýda paýlaşylmagyna karar berdiler. Şertnamanyň göwrümi has-da giňeldilip, şertnama musulmanlar tarapyndan haşhaşlylar, ýewro-palylar tarapyndan bolsa Antakyýa patrik-ligi we Trablus graflygy girizildi. Ýara-şyk şertnamasy 1192-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda (588-nji ýylyň şagban aýynyň 21-i) sişenbe gününden başlamak bilen üç ýyl sekiz aýlap gury ýerde we deňizde güýjüni saklamalydy. Iki tarap goragsyz, biri-birleriniň ülkesinde, salgytsyz söwda we syýahat edip biljekdiler Askalanyň diwarlary we galasy iki tarapyň umumy güýji bilen ýykylmalydy. Şertnama gutarnykly görnüşe girmänden soň, Soltan kätibi Ymadeddini ýanyna çagyryp, şertnamanyň mazmunyny ýazdyrdy we Riçarda iberdi. Riçard bolsa latynça mazmunyny Soltana ýetirdi. Iki hökümdar, 1192-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda şert-nama gol goýdular. 2-nji sentýabrda, çarşenbede iki tarapyň emirleri şertnama wepaly boljakdyklary barada kasam kabul etdiler. Karargählerde, bazarlarda ýaraşygyň güýje girýändigi yglan edildi. Iki tarapyň esgerleri bilelikde dabara geçirdiler. Sebäbi iki tarap hem uzaga çeken uruşdan ýadapdy-lar. Musulman täjirler söwdagärçilik üçin Ýafa, hristianlar bolsa haç üçin Kudusa gitdiler. Soltan bulara gerekli ýeňillikleri döretdi. Ibn Esiriň aýtmagyna görä, kasam dabarasy gutaransoň Balian D'Ibelin Soltana: «Yslam taryhynda seniň görkezen hyzmatyňy hiç kim görkezen däldir. Ýewropalylaryň bu ýörişlerde heläk boluşlary ýaly, hiç wagt heläk bolan däldir. Biz deňizden gelenleri sanadyk, 600 000 adamdy. Bulardan ondan biri-de yzyna, ülkelerine gaýdan däldir. Birnäçesini siz öldürdiňiz, birnäçesi syrkawlap öldi, birnäçesi bolsa deňizde gark boldy» diýipdir. Şeýdip, haçlylar bilen bäş ýyla çeken söweş gutardy. Haçlylaryň elindäki topraklaryň köpüsi musulmanlar tarapyndan yzyna alypdy. Haçly döwletleri Ýafa bin Sur aralygyndaky ýere, Trablus bilen Antakiýa we bularyň töweregindäki birnäçe galalarda ýerleşdiler. Salahaddiniň we töweregindäki esgerleriň gazanan üstünligi örän uludy. Diňe haçly döwletleriň golastyndaky mülk-leriň we galalaryň uly bölegini eýelemek bilen çäklenilmändi. Eýsem bütin haçly dünýäsine garşy durlup, olara musulmanlaryň söweş güýji görkezilipdi. Munuň netijesi hökmünde Soltan Salahaddin haçly ýörişleriniň taryhynda gündogar-günbatar arasyndaky söweşde, häzirki döwürde hem yslamyň simwoly hökmünde beýan edilýär. Soltanyň wepatyndan soňra, eýýuplylar döwletindäki agzybirligiň dargamygyndan we içerki düşünişmezliklerden peýdalalan haçlylar Salman dagyndan Ýafa çenli bolan ýerleri ýene-de eýelediler. Hatda, bir gezek Damask häkimi Abul Fida Ysmaýyl agasy (kakasynyň dogany) Mälik Salyh Nejmed-din Eýýuba garşy, özüniň şahsy bähbidi üçin haçlylar bilen ylalaşyp, Askalan, Safad, Köwkep, Tabaryýa ýaly birnäçe şäherleri we galalary olara peşgeş beripdir. Ýöne bulara garamazdan, bu sebitdäki musulmanlaryň syýasy, harby we medeniýeti özüni gorapdyr, ýewropalylar hiç haçan öňki güýçlerini gazanyp bilmändirler. Şeýlede, belli bolşy ýaly, haçlylaryň dördünji ýörişi haçlylaryň Stambuly eýelemegi bilen tamamlanypdyr. Müsüriň üstüne edilen bäşinji we altynjy haçly ýörişleri bolsa netijesiz, ýagny haçlylaryň ýeňilmegi bilen gutarypdyr. Nureddin Mahmyt Zeňňi we Salahaddin Eýýup bilen başlanýan bu döwlet şeýle berkdi welin, hatda mongollar hem özleriniň ilkinji iň uly ýeňlişini memluklardan alyp, yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. Memluklaryň ilkinji iki hökümdary Beýbars Soltan bilen Kalawun Salahaddinden galan topraklary mongollardan goramakdan başga-da, Akka, Trablus we Antakyýa haçly döwletlerini ýykyp, 1291-nji ýylda Gündogarda haçlylary ýok edipdirler. ____________________________________ Feth Kussi, 601-602 s. Enfal süresi, 61-nji aýat. Ibn Şetdat, 219-220 s. Ibn Esir, Kämil, HII,86 s. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |