01:02 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Döwlet dolandyryşy | |
DÖWLET DOLANDYRYŞY
Taryhy makalalar
Eýýuplylar döwleti özüniň adyny nesilşalygyň esaslandyryjysy Salahaddiniň kakasy Nejmeddin Eýýupdan alypdyr. Zeňňiler döwletiniň dowamy bolan bu döwlet merkeze tabyn welaýatlardan, etraplardan, begliklerden (emirliklerden), tabyn hökümdarlyklardan ybarat soltanlykdy. Döwletiň kanuny şerigat kanunlaryndan, «ahkam soltanyýa» (soltanlyk däpleri, usullary) däplerinden we urp-adatdan ybarat yslam hukugyna görä ýöredilýärdi. Iň ýokarda soltan, soňra nesilşalyga degişli emirler, soňra beýleki emirler (begler), wezirler we maslahatçylar durmak bilen, döwlet adamlary tarapyndan dolandyrylýardy. Bulardan soňra beýleki wezipelerdäki döwlet işgärleri gelýärdi. Eýýuplylaryň döwlet gurluşy Zeňňiler döwleti bilen Fatymy döwletiniň gurluşlarynyň garyşmagyndan emele gelipdir. Zeňňiler döwleti bolsa tabynlygynda duransoň Seljuklylardan uly möçberde täsirlenipdi. Salahaddin Zeňňilerden we Fatymylardan miras galan gurluşlara diňe käbir üýtgeşmeler girizmek bilen çäklenipdir. Ol Fatymylardan özüne galan gurluşyň üstüni Zeňňilerden alyp ýetiripdir. Onuň döreden bu ulgamy kämilleşip, memluklar döwletiniň ýykylmagyna çenli dowam edipdir. Döwletiň welaýatlarynyň arasyndaky käbir dolandyryş we medeni ara tapawutlar, öňki iki döwletiň (Zeňňiler we Fatymylar) dolandyryş gurluşlaryndaky tapawutlar sebäplidi. Müsürde ysmaýylyýe mezhebine degişli gurluşlar ýatyrylyp, olaryň ýerine sünni gurluşlar ornaşdyrylyp, harby dolandyrylyşyň ýerine hem Zeňňiler döwletiniň harby dolandyrylyşy ornaşdyrylypdyr. Nureddiniň döwründe Halap we Damask merkez hasaplanýardy. Salahaddiniň döwründe bolsa Halap öňki ähmiýetini ýitiripdir we döwletiň merkezleri Damask bilen Kair bolupdyr. Bu döwürde Müsür merkezleşdirilen dolandyryş ulgamy bilen ýöredilýärdi. Fatymylaryň ahyrky döwürlerinde bolşy ýaly, ülke welaýatlara, welaýatlar hem etraplara bölünýärdi. Ýemende örän gadymdan gelýän häkimlik we arçynlyk gurluşy bardy. Şamda, Eljezirede, Diýarbekrde, demirgazykda bolsa öňküsi ýaly gala häkimýetine esaslanýan ownukly-irili beglikler bardy. Uly emirlikler amyllyklara (etraplara), amyllyklar bolsa obalara bölünýärdi. Dolandyryş ulgamynda topraga esaslanýan ykta ulgamy ýöredilýärdi. Haçlylardan yzyna alnan ýerler şu ulgama laýyk alnyp barlypdyr. Harby ugurda bolsa ülkäniň hemme ýerinde ykta ulgamy ýöredilipdir. Tabyn hökümdarlyklar bilen emirlikleriň aglabasy Nureddiniň döwründäki nebereleriň golastyndady. Salahaddin özüniň häkimýetine tabyn bolup, boýun egip, ykrar etmek şerti bilen, olaryň ellerindäki topraklara degmedi. Emirler Soltanyň çykaran permanyna laýyklykda bellenilýärdiler. Permandaky görkezilen şertlere laýyk hereket etse, Soltan olara degmeýärdi we bu emirleriň häkim bolan ýerlerindäki topraklar atadan ogula miras geçýärdi. Bu emirler içerki we daşarky işlerinde merkeze tabyndylar. Tabyn hökümdarlar bolsa şertnama bilen ülkeleriniň ýolbaşçylygyna bellenilýärdiler. Bu tabyn hökümdarlar içerki işlerinde garaşsyz bolup, daşarky işlerinde merkeze garaşlydylar. Olar eger döwlete garşy çykmasalar we şertnama laýyk hereket etseler, soltanyň olaryň hukugyna degmäge hiç hili hak-hukugy ýokdy. Hutbada we zikgede Soltanyň adynyň ýanynda tabyn hökümdaryň ady bolýardy. Emma döwlete gönüden-göni tabyn emirler bu hukuga eýe däldi. Merkezdäki dolandyryş ulgamy, tabyn hökümdarlyklarda we emirliklerde hem ýöredilýärdi. Eýýuplylar döwletiniň garaşsyzlygynyň nyşany hökmünde özüniň baýdagy bardy. «Eýýuplylaryň baýdagy ýerligi sary reňkde bolup, ýüzünde gyzyl reňkli bürgüdiň keşbi çekilgidi». Uly çaklama görä, olar bu baýdagy Zeňňilerden miras alan bolmaly. Çünki, memluklaryň baýdagy sary reňkdedi. Eýýuplylar döwleti hemmetaraplaýyn türk-men döwletidi. Şol döwürdäki beýleki türkmen döwletlerinde bolşy ýaly, döwlet, nesilşalygyň umumy mülküdi. Şonuň üçinem nesilşalygyň emirleri «Mälik (hökümdar)» derejesini alýardylar we beýleki tabyn hökümdarlar bilen deň derejede görülýärdi. Döwlet hemmetaraplaýyn alanyňda, harby döwlet özboluşlylygyna eýedi. Nesilşalyga degişlilerden soňra, iň ýokary wezipede esgerleriň arasyndan ýetişen emirler (begler) durýardy. Harby wezipelere eýe bolmadyk wezirler bolsa, emirlerden soňra durýardy. Kimdir biriniň emir bolmagy üçin, harby derejelerden başga-da, ýokary edara wezipelerine hem eýe bolmagy gerekdi. Soltanyň naýyplary, häkimler, gala serkerdeleri emirleriň arasyndan bellenýärdi. Emirlik hökümdarlygyň bir goly diýmekdi. Şonuň üçin emirleriň köpüsi türkmendi. Döwlet harby özboluşlylygy üçin, býujetiň hemmesi diýen ýaly harbylara harç edilýärdi. Iň asuda gatlak hem emirlerden we esgerlerden ybaratdy. Resmi wezipelerden we harby gatlakdan soňra araplardan, ajamlylardan, ýerli hristianlardan we ýehudylardan durýan kätipler gelýärdi. Işiň resmi tarapyny we maliýe işlerini şolar ýöredýärdiler. Bulardan soňra alymlar gatlagy gelýärdi. Başda kazylyk we bilim edarasy durmak bilen, wezipelere esasan bu gatlakdan bellenýärdi. Şeýle hem alymlar gatlagy döwletiň syýasatyna öz täsirini ýetirýärdi, sözi geçýärdi. Olaryň halka we harbylara hem uly täsiri bardy. Bulardan soňra täjirler, senetçiler we uly ýer eýeleri gelýärdi. Iň aşaky gatlagy bolsa kiçi daýhanlar, çopanlar, gullukçylar we telekeçiler düzýärdi. Umumy göz gezdirişden soňra, Salahad-diniň dolandyryş ulgamyna görä, döwlet gurluşyny, esasan, dört ugurda derňäp bileris. Bular tertip boýunça edara, hukuk, harby we maliýe guramalarydyr. Söwda, abadanlaşdyryş, haýyr-sahawat guramalary, ylmy durmuşy we beýleki ugurlar hakda bolsa soň gürrüň gozgalar. • EDARA (DOLANDYRYŞ) GURLUŞY Döwletiň edara gurluşynyň başynda Soltan durýardy. Onuň yzyndan nesilşalyga degişli emirler bilen «ykta has» (ýörite ykta) eýeleri bolan emirler, beýleki emirler, wezirler, häkimler, gala serkerdeleri, köşkdäki ýokary wezipeliler, şihne, başlyklar we beýlekiler gelýärdi. Tabyn hökümdarlyklarda we emirliklerde hem merkezdäki edara gurluşynyň başgaçarak görnüşi bolan köşk, diwan we edara gurluşy bardy. • SOLTAN WE KÖŞK GURLUŞY Soltan diwanyň ýolbaşçysy, edara we harby taýdan iň ygtyýarly kişidi. Onuň çykarýan permanlary kanun bilen deňdi. Ol bu permanlary çykarýan we olary ýerine ýetirýän wagty şerigata we edara kanunyna (ahkam soltaniýe) laýyklygyny göz öňüne tutýardy. Ol aýratyn ähmiýetli kararlary ashaby-şuradan (geňeş agzalaryndan) ybarat maslahat mejlisine garap çykarýardy. Aýratyn hem söweş we asudalyk kararlarynda emirlerine we maslahatçylaryna hök-man maslahat salýardy. Ýogsam, onuň çykaran permanlarynyň ýerine ýetirilmek mümkinçiligi azalýardy. Soltanyň ýokarda agzalan ýagdaýlary göz öňüne almazdan, çykaran her bir karary we başlan her bir işi, ilkibaşda emirler we alymlar bolmak bilen halkyň nägileligi bilen duş gelýärdi. Soltanyň beýleki ýolbaşçylaryň, halkyň janyny we malyny ulanmaga hiç hili hukugy ýokdy. Nähak ýere bir iş kesilen ýagdaýynda her bir kişiniň kazylyga arz etmäge hukugy bardy. Ýokary gatlak işgärleri barada gelen arzalara daryl-adyldaky mezalim sudynda (soltanlyk sudy), soltanyň, kazylaryň we fakyhlaryň toplanan bir toparynyň öňünde seredilýärdi. Soltan özüni häkimýet hukugyny Alladan alan kişi hökmünde däl-de, düzgün-tertibiň goragçysy hasaplaýardy. Soltan her kişiniň pikir edişi ýaly, hemme zada hukugy bolan hökümdar däldi. Söweşde alnan käbir haçly ýesirlerden başga, fatymy dildüwşijilerine hem fakyhlaryň beren fetwalaryna esaslanyp, ölüm jezasy berlipdir. Wezipä bellemek we wezipesinden boşatmak, söweşlere baş serkerde bolmak, daryl-adylda mejlis geçirip, arz-şikaýatlary diňlemek hem soltanyň wezipesine girýärdi. Salahaddiniň döwründe muwahhytlylardan galan yslam topraklarynyň hukuk eýesi Apbasly halypasydy. Bu topraklarda höküm süren hökümdarlar özleriniň häkimýetleriniň kanuny bolmagy üçin, oňa halypa tarapyndan golastynda bolan topraklaryň mülkiýetnamasynyň berilmegi şertdi. Ýogsam öz güýji bilen eýelän hasaplanýardy. Şonuň üçinem her bir hökümdaryň halypa ýüz tutup, mülkiýetnama almak bilen kanun taýdan hökümdarlyk şertlerini tassyklamagy gerekdi. Ýokarda syýasy wakalarda agzalşy ýaly, Nureddin we Salahaddin hem halypadan mülkiýetnama isläpdirler. Halypa haýsydyr bir hökümdaryň kanunylygyny tassyklasa, onda ol hökümdaryň golastyndaky ýerleriň mülkiýetnamasy bilen halat, gylyç, eýerli at, demir halka we baýdak ýaly hökümdarlyk nyşanlary iberilýärdi. Bular hökümdaryň häkimýetiniň kanunylygyny aňladýan nyşanlardandy. Bu meselede Salahaddiniň ýagdaýy aýratyn özboluşlylyga eýedir. Ol öňürti Fatymy halypasy Azyt tarapyndan soltan hökmünde wezir bellenipdi. Azyt tarapyndan oňa wezirlik permany bilen bilelikde Soltan lakamy we birnäçe hökümdarlyk nyşanlary berlipdi. 1171-nji ýylda Fatymy halypalygy ýykylansoň, Nureddin Apbasly halypasy Mustagzydan haýyş edip, Müsüriň we Şamyň häkimýet-leriniň özüne berilmegini sorady. Halypa hem Nureddin we onuň Müsürdäki naýyby Salahaddine hökümdarlyk nyşanlaryny iberdi. Nureddine iberilen hökümdarlyk nyşanlarynyň arasynda mülkiýetnama, Müsüriň we Şamyň häkimýetlerini aňladýan iki gylyç, halat, eýerlenen at, demir halka we baýdaklar bardy. Salahaddine iberilen zatlaryň arasynda bolsa mülkiýetnama bilen gylyç ýokdy. Salahaddin 1174-nji ýylda Nureddiniň ölüminden soňra ýurdy başyna düşen kynçylyklardan halas etmek üçin Şama gelensoň, Nureddiniň ogly Mälik Salyh we daş-töweregindäkiler bilen ylalaşmagyň mümkin däldigini gördi. Soňra hem Müsüriň baş kätibi Şemseddin bin Abul Maza Baalbegi Bagdada iberip, halypadan Nureddiniň ülkesiniň mülkiýetnamasy bilen hökümdarlyk nyşanlaryny sorady. Bular Kuruny-Hama ýeňşinden soňra Hamada bolan Soltana halypanyň ilçileri tarapyndan getirildi. Netijede, Soltanyň hökümdarlygy kanunlyk gazandy. Ol öz adyna hutba okatmaga we pul çykarmaga başlady. Soň-soňlar hem ýokarda aýdylyşy ýaly, halypa tarapyndan Soltana we daş-töweregindäkilere halatlar we käbir ýerleriň mülkiýetnamasy iberildi. Bulardan başga-da hutbada we pulda Soltanyň adynyň bolmagy, köşgüniň we otagynyň gapysynyň öňünde günde bäş gezek nobat (marş) çalynmagy, polkunyň öňünde gaşyýe göterilmegi hem hökümdarlyk nyşanlaryndandy. Gaşyýe uly emirleriň polklarynyň öňünde hem göterilýärdi, olaryň gapysynda hem üç gezek nobat (marş) çalynýardy. Şeýle hem söweş wagtynda her bir hökümdaryň ýa-da emiriň depregi, surnaýy we baýdagynyň bolşy ýaly açyk görülýärdi. Hutbada we pulda öňürti halypanyň, soňra soltanyň, soň bolsa eger bar bolsa şazadanyň ady tutulýardy. Tabyn hökümdaryň ülkesinde basylan pulda we okalan hutbada onuň adynyň bolmagy şertdi. Halypa tarapyndan iberilen baýdaklardan başga, ýokarda aýdylyşy ýaly, döwletiň garaşsyzlygynyň alamaty bolan ýörite baýdak bardy. Bu baýdak eýýuplylarda sary reňkli bolup, ýüzünde bürgüt keşbi bardy. Apbaslylaryň baýdagy gara, Fatymylaryňky bolsa akdy. Eýýuplylara bu baýdak Zeňňilerden miras galypdy. Memluklaryň baýdagynyň reňki sary bolupdyr. Salahaddiniň döwründäki hökümdarlyk nyşanlarynyň arasynda täç we tagtdan gürrüň gozgalmaýar. Ýöne Eljezire we Diýarbekr sebitlerinde Salahaddiniň adyna basylan pullarda bir tagtyň üstünde oturan, başynda täç, çep elinde togalak zat bolan, sag eli bolsa budunda bolan bir hökümdaryň suraty bar. Bu suratyň Salahaddinmi ýa-da öňden gelýän däp-dessurmy doly belli däl. Ibn Abu Taý fatymy weziri bellenilen wagty Salahaddine täç we tagt berlendigini hem agzaýar. Ymadeddini Kätibiň aýtmagyna görä, Nureddiniň ogly Mälik Salyh emirleriniň ykrarlaryny Tutuşyň döwründen galan bir tagtyň üstünde kabul edipdir. Ymadeddin 1175-nji we 1180-nji ýyllarda halypa tarapyndan Soltana iberilen sowgatlaryň gowşurylyş dabarasynda gatnaşyp-dyr. Onuň aýtmagyna görä, halypa tarapyndan iberilen hökümdarlyk nyşanlarynyň arasynda mülkiýetnama, baýdaklar, halat, demir halka, eýerlenen at, gylyç bolupdyr. Ibn Abu Taý bolsa 1180-nji ýylda Halypa Nasyr tarapyndan iberilen sowgatlaryň arasynda täç we tagtyň bolandygyny ýazýar. Ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, soltanyň raýatynyň üstündäki hukuklary çäklidi. Emirleri we halky tarapyndan söýülýändi-gine garamazdan, Salahaddiniň hem käwagt sözüni diňlemeýärdiler. Öň hem aýdylşy ýaly, 1178-nji ýylda Şemseddin bin Mukaddem özüniň hukugynyň kemsidilendigini öňe sürüp, özüniň ýörite yktasy bolan Baalbeki bermejek bolup dyrjaşypdyr. 1186-njy ýylda onuň inisi (doganynyň ogly) Takyýeddine demirgazyk Afrika ýörişinden kynlyk bilen el çekdirilipdir. Şol ýylda Rawendanyň häkimi Mugyneddin Abdyrahman baş göteripdir we soňra Sur şäheriniň gabawy bilen üçünji haçly ýörişleri wagtynda Soltan käwagt emirlerine diýenini etdirip bilmändir. 1191-nji ýylda Takyýeddin bilen Gökböri Soltanyň haýyşyna gulak asman, gündogara gidip, yzyna gaýtmandyrlar. Takyýeddiniň ölümin-den soňra, ogly Mälik Mansur hem gulak asman, soňunda Seýfeddin bin Meştubyň dogany Jenah Ýafada hemmeleriň gözüniň alnynda Soltana garşy durupdyr. Ýöne soltan bu meseleleriň hemmesini özüniň maslahatçylarynyň nesihaty bilen oňyn netijä baglapdyr. Soltanlyk gurluşy hemmeler tarapyndan ykrar edilen berk esaslara oturdylmandyr, döwletiň toprak bütinliginiň müdimiligine kepil geçilmeýärdi. Döwlet bütewiliginiň goralmagy nesilşalyk agzalary we uly emirleriň arasyndaky bilelişige baglydy. Köplenç haýsydyr bir soltan ölensoň nesilşalyk agzalary we emirleriň arasynda düşünişmezlik ýüze çykyp, soltanlyk göreşleri başlaýardy. Zeňňiniň döwleti Nureddin bilen Seýfeddin Gazynyň arasynda bölünipdi. Ýöne iki doganyň arasyndaky hiç hili uly düşünişmezlik ýüze çykmady. Nureddiniň mirasdüşeri, kiçi ýaşly ogly Mälik Salyhdy. Bu çaga Nureddiniň emirleriniň elinde oýunjaga öwrülipdi. Gylyç Arslan II başyna düşenler hem şeýleräkdi. Salahaddin bularyň hemmesini görüp dursa-da, heniz 1186-njy ýylda döwletiniň özünden soňraky bölünşigini belli etdi. Ýagny, 1183-nji ýylda Halaby eýelän soň, Soltan bu ýeri ogly Mälik Zahyra beripdi. Munuň yz ýanyndan, şol ýylyň içinde dogany Mälik Adyl Soltana ýüzlenip, eger Halabyň özüne ykta berilse, Müsürdäki ähli hukuklaryndan geçjekdigini habar berdi. Soltan onuň islegini kabul etdi. Ol şol ýyl Halaby ogly Zahyrdan alyp, dogany Adyla berdi. Takyýeddini hem Adylyň ýerine Müsür naýyplygyna belledi. Takyýeddin bu täze wezipä we Müsürde özüne berilen yktalaryň deregine Hamadan galan Şamdaky ähli yktalaryndan el çekdi. Şol wagt Soltanyň uly ogly Afdal Müsürde, ikinji ogly Eziz bilen üçünji ogly Zahyr Damaskdady. Munuň yz ýanyndan 1184-nji ýylda Soltan tarapyndan çykarylan bir perman bilen Eziz kakasynyň dogany Adylyň kepilligi bilen Şamda, Afdal bolsa Takyýeddiniň kepilligi bilen Müsürde kakalarynyň naýyby bolup durýardylar. 1186-njy ýyldaky agyr hassalygyndan soňra Soltan möhüm merkezlerdäki dolandyrylyşynyň arasynda täze düzgün başlady. Uly ogly Afdaly Müsürden Damaska çagyrdy. Ony Damask naýyby we mirasdüşer şazada belledi. Öň Müsüri örän ussatlyk bilen dolandyran Adyly Müsüre naýyp belläp, ikinji ogly Eziz bilen iberdi. Takyýeddini Müsürden Şama çagyrdy boşan Halaby Zahyra berdi. Şama gelen Takyýeddine Müsüre giden wagty alan yktalaryny yzyna iberdi. Has soň-soňlar Myýafarykyn, Çapakçur (Müňköl), Lazykyýany we Jebeläni hem Takyýeddiniň yktalaryna goşdy. Ymadeddin, Ibn Şetdat we Sybt bin Jöwziniň aýtmagyna görä, Sol-tanyň bu bellenişiklerinde Adyl bilen Kazy Fadylyň täsirleri bardy. Ibn Esiriň aýtmagyna görä bolsa, Alemuddin Süleýman bin Jandaryň täsiri bolupdyr. Biziň pikirimize görä, birinji aýdylan has dogrudyr. Bulardan başga 1176-njy ýylyň başlarynda Nasyreddin Muhammet bin Şirkuha Humsuň berilmegi bilen Eýýuplylaryň Hums goly, 1178-nji ýylyň başlarynda Baalbegiň Ferruh şa berilmegi bilen Baalbek goly öň gurlupdy. Turan şanyň 1181-nji ýyldaky ölüminden soňra Soltan Ýemeniň dolandyrylyşyny dogany Togtegine berýär we netijede Ýemen goly hem döreýär. El-jezire sebitinde Harran, Urfa, Samsat we Mewzir Gökböriniň, Erbil we daş-töweregi Gökböriniň dogany Zeýneddin Ýusubyň, Busra sebiti Soltanyň ogullaryndan Mälik Zafyryň golastyndadylar. Beýleki galalar ululy-kiçili sebitleriň ýeňlişinden soňra bu emirliklere goşuldy. 1190-njy ýylda Zeýneddin Ýusup wepat bolansoň, agasy (kakasynyň dogany) Gökböri Soltandan Erbiliň edarasyny isledi. Munuň deregine Eljezire sebitindäki ähli topraklaryny Soltana berjekdigini aýtdy. Soltan ony Erbile belledi. Eljezirede onuň taşlan topraklaryny hem Takyýeddiniň ýerlerine goşdy. Takyýeddiniň Malazgirt gabawynda wepat bolmagyndan soňra, onuň mirasdüşeri ogly Mälik Mansurdy. Soltan 1192-nji ýylda Fyratyň gündogaryndaky Takyýeddine degişli ýerleri oglundan alyp, Iordaniýanyň üstüne goşup, dogany Adyla berdi. Şeýlelikde, Eýýuplylar döwletiniň emirlik bölünişigi Soltan heniz dirikä doly görnüşde ahyrky görnüşini aldy. Bulardan görnüşine görä, Müsürden galan edara bölünişigi gala häkimýeti esasyna görä tertiplenipdi. Galanyň häkimi merkezi hökümete aňsatlyk bilen garşy durup biljek ýagdaýdady. Salahaddiniň bu ýagdaýdan we Nureddiniň ölüminden soňra ýüze çykan wakalardan sapak alyp, ogly Mälik Afdalyň ýerine, döwletiň salamatlygy üçin, dogany Adyly mirasdüşer şazada bellemegi zerurdy. Şeýtse onuň ölüminden soňra döwlet agzalalykdan halas boljakdy. Ýöne ol bu daşdan görüjiligi görkezip bilmedi, gurt ýaly döwlet adamlarynyň we emirleriniň başyna gowşak häsiýeti we abraýy pes bolan ogly Afdaly belledi. Soltan özüniň ölüminden soňra çagalarynyň olaryň elinde oýunjak bolmaklaryna sebäp boldy. Munuň netijesi hökmünde Nureddiniň ölüminden soňra Salahaddiniň eden işini onuň dogany Adyl gaýtalamaga mejbur bolupdyr. Soltanyň köşgi: Köşk gurluşy öňden gelýän däp-dessurdyr. Ýokarda Kairdäki köşklerden gürrüň edildi. Gürrüňsiz Damask, Halap ýaly uly merkezlerde, hatda emirlikleriň merkezlerinde hökümdarlaryň we emirleriň ýaşaýan köşkleri bolandyr. Bu köşkler, esasan, galalaryň içinde bolardy. Salahaddiniň döwründäki köşk ulgamy we dolandyrylyşy hakda maglumat az. Ýöne, şuny ynam bilen aýdyp bileris, ýagny Salahaddin Fatymylaryň dabaraly köşk durmuşyndan Nureddiniň sada köşk durmuşyny has-da halýardy. Ýokarda hem aýdylyşy ýaly, Salahaddin Kairde Fatymylar döwrün-den galan daryl-wizarada (wezirlik köşgünde), Damaskda galanyň içindäki emirlik köşgünde we galanyň daşyndaky kakasynyň öýi bolan Daryl-Akykyda ýaşaýardy. Ol hemmetaraplaýyn kämil bir köşk gurluşyny döretmek barada pikir edýärdi. Ol Kairiň we Fustatyň daş-töweregini gurşap aljak diwaryň we Kaletil-Jebeliň gurluşygyna, bu galanyň içinde soltan maşgalasy we hyzmatkärleri üçin köşgüň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna başlapdy. Haçlylar bilen uzaga çeken söweşler we ara üçünji haçly ýörişiniň girmegi bu äpet gurluşygyň soltanyň diriliginde gutarylmagyna böwet boldy. Başlanan bu gala we köşk gurluşygy 1207-nji ýylda Adylyň ogly Kämil tarapyndan tamamlandy. Memluklar döwletiniň ahyryna çenli bu ýer soltanlaryň ýaşaýan ýeri boldy. Soňra Osman-ly häkimleri hem bu ýerde ýaşadylar. Ýöriş wagtynda bolsa soltan otag diýilýän uly çadyrynda ýa-da baran şäheriniň resmi binalarynyň birinde bolardy. Köşgüň edarasyna we işlerine gözegçilik edýän birnäçe işgärler bardy. Bu köşk işgär-leriniň ol döwürde bolan we ýüze çykaran wezipeleri şulardyr: Ustazutdar (ussatdar – saraýagasy): Köpüsi emirlerden bolan köşkdäki wezipeleriň iň ulusy saraýagasydyr. Saraýagasy (ussatdar) köşgüň howpsuzlygyny, asudalygyny, gurluşyk işlerini, aşhanasyny we dermanlaryň saklanýan ýeri bolan şerbethanany dolandyrýardy. Gysgaça aýdanyňda, köşge girip-çykýan hemme zada ol jogapkärdi. Çaşnigirlik (ussatdarlyk) wezipesini hem saraýagasy ýerine ýetirýärdi. Çeşmelerden alnan maglumatymyza görä, soltandan beýleki nesilşalygyň agzalarynyň we uly emirleriň hem ussatdarlary bardy. Ibn Hallikan Turan şanyň saraýagasyndan gürrüň açýar. Salahaddiniň Kairdäki saraýagasy Bahaweddin Garaguşdy. Fatymylaryň iň soňky saraýagasy Sanygat Mülk Jöwheriň öldürilmeginden soňra, bu wezipä Garaguşyň bellenilendigini ýokarda agzap geçipdik. Damaskda bolsa bu wezipäni şol bir wagtyň özünde hazynadar bolan Safy bin Kabyz ýerine ýetirýärdi. Çünki, 1187-nji ýylda onuň Damask galasynyň diňleriniň birini soltan üçin ýörite köşk ýagdaýyna öwürendigi aýdylýar. Saraýagasynyň wezi-peleriniň arasynda köşkdäki memluklaryň (hyzmatkärleriň) terbiýeleri we ýetişdiril-megi hem bolupdyr. Hajyp : hajyplyk köşkdäki köne wezipeleriň biridir. Yslam äleminde Mugawyýanyň döwründen bäri hajyplar bolupdyr. Hajyplar hökümdar bilen beýlekileriň arasynda iş ýöredip, hökümdaryň howpsuzlygyny üpjün eder ekenler. Nureddiniň hajyby Ekiz bolupdyr. Salahaddin hem ýaşly-gynda Nureddiniň hajyplaryndan bolupdyr. Soltandan başga uly emirleriň we şazadalaryň hem hajyplary bolupdyr. Esededdin Şirkuh Şamda wagty emir Zyýaýeddin Bekrisan hem onuň hajyby bolupdyr. Salahaddiniň hajyplaryndan bolan Halyl Hakkary 1189-njy ýylyň 4-nji oktýabrynda Akkada bolup geçen uly söweşde şehit bolupdyr. 1192-nji ýyldaky geçirilen ýaraşyk geple-şiklerinde musulmanlaryň wekili hökmünde hajyp Ýusup bolupdy. Sylahdar: bu wezipedäki kişä «Nazyrul hazaýynyl silah» («Ýarag ammarynyň serkerdesi) hem diýilýärdi. Seljuklylarda bar bolan bu işgär Soltanyň ýaraglarynyň we zerdhanananyň (ýarag ammarynyň) gözegçiligine, dabaralarda soltanyň ýaraglaryny götermek bilen jogapkärdi. Çeşmelerde Salahaddiniň sylahdarlary barada hiç hili maglumat ýokdur. Ýöne Takyýeddiniň sylahdary Emir Nasyreddin Ybraýymyň Şerefeddin Garaguş bilen demirgazyk Afrika ýöriş edendigi barada ýokarda gürrüň gozgaldy. Mirahur (Emir ahur): Mirahurlyk wezipesi hem öňden gelýär. Soltan özüniň golastyndakylar, hyzmatkärleri we gerek wagty esgerlerine bermek üçin atýataklarynda we otluklarynda at saklar eken. Bu atlaryň idedilmegine, ýetişdirilmegine we seýislenmegine mirahur jogapkärdi. Salahaddiniň döwründäki çeşmelerde bu gullukçynyň adyna känbir duş gelinmeýär. Diňe 1192-nji ýylda Riçardyň Müsürden gelýän kerwenine hüjüm eden emir-ahur Eslemden gürrüň gozgalýar. Dawadar: bu döwürde dawadaryň nähili iş bilen meşgullanandygy näbellidir. Memluklarda hem bolan bu gullukçy emirleriň arasyndan saýlanypdyr. Ol memluklaryň aýlyklarynyň bellenilmegi we timarlaryň (feodal ýerler) paýlanyşygy bilen meşgullanypdyr. Memluklaryň bu wezipäni eýýuplylardan alandygy gürrüňsizdir. Salahaddiniň döwründe Akka goranyşynyň soňlarynda, yslam taryhynda ilkinji gezek Seýfeddin Sungur Dawadar atly bir emirden gürrüň gozgalýar. Salahaddiniň ogly Mälik Eziziň 1199-njy ýylda wepatyndan soňra, onuň Müsürdäki alyp baran işleri barada gürrüň gozgalýarka dawadar ady agzalýar . Mukebbes: Onuň Soltanyň dabara ýörişleri we ýolda ýöreýän wagty köpçüligiň öňüni açmak wezipesi bolupdyr. Salahaddiniň mukebbesi Ysmaýyl Sufy Akkanyň öňünde ýüze çykan çaknyşykda şehit bolupdyr. Taştdar: Soltanyň şerbet işleri bi-len meşgul bolupdyr. Salahaddiniň taştdarlarynyň biri Akkanyň öňündäki çaknyşykda şehit bolupdyr. Çawuş: Soltanyň golastyndaky wezipeli işgärleriniň biri hem çawuşdyr. Seljuklylarda we has öňki türkmen döwletlerinde hem bar bolan bu gullukça Salahaddiniň döwründe ilkinji gezek, ikinji Müsür ýörişi mahalyndaky Babeýn meýdan söweşinde duş gelinýär. Üçünji haçly ýörişi mahalynda haçlylar bilen Akkanyň öňünde we has soňraky bolup geçen meýdan söweşlerinde çawuş barada köp gürrüň agzalýar. Bu ýerdäki agzalýan gürrüňlerden belli bolşuna görä, çawuşyň wezipesi goşunbaşynyň buýruklaryny goşuna ýetirmek bolupdyr. Mehter we harem: Soltanyň köşgünde nobatlar çalýan mehter (sazandalar) topary, aýdym-saz topary (orkestr) we aýdymçylar bardy. Şeýle hem köşkde haremhana bolupdyr. Salahaddin söýgüli gyrnaklarynyň birini özüniň «Reýis-il-etybbasy» (lukmanlaryň ýolbaşçysy, baş hekim) Muwaffakaddin Eset bin Matrana durmuşa çykarypdyr. Bu toý gijesinde köşkdäki orkestr we aýdymçylar daňa çenli şatlyk-şagalaň gurnapdyrlar. Köşkde bulardan başga wezipä duş gelmedi. • WEZIR WE DIWANYL-INŞA Yslam döwletlerinde döwlet ýolbaşçysynyň dolandyryş işlerinde iň uly kömekçisi wezirdir. Wezirler häzirki döwürdäki premýer-ministr we osmanlylardaky sadragzam ýalydyr. Wezirler ýa gylyç gullukçylaryndan (emirlerden) ýa-da galam gullukçylaryndan (kätiplerden) bellenipdir. Galam gullukçysy bolan wezirlere «Sahyp» diýlipdir. Şeýle wezirlik «wezaret tefwiz» we «wezaret tenfiz» bolmak bilen iki bölege bölünýärdi. «Wezaret tefwiz» wezipesine eýe bolan wezirler gylyç gullukçylaryndan bolup, halypanyň ýa-da soltanyň adyndan döwlet işlerini alyp barýardy, goşuna serkerdelik edýärdi, ýagny iş ýüzünde döwlet işlerini ýöredýärdi. Pulda we hutbada onuň ady bolýardy. «Wezaret tenfiz» wezipesine eýe bolan wezirler halypanyň ýa-da soltanyň buýruklaryny ýerine ýetirmek bilen meşgullanýardylar. Ýöne olar halypanyň ýa-da soltanyň adyndan olaryň işlerini ýöredip bilmeýärdiler, pulda we hutbada bu weziriň ady agzalmaýardy. Nureddiniň belli bir weziri ýokdy. Diňe Ymadeddin bir ýerde, onuň mustewfisi Halyt Kaýsarynyň soňky ýyllarda onuň weziri bolandygyny ýazýar. Şeýle hem Nureddiniň soňky ýyllarynda diwan başlygy bolan Adyl bin Ajama wezir lakamy ulanylýar. Aşakda hem nygtaýşymyz ýaly, bular ikinji derejede wezirlik işlerine eýe kişilerdi. Olar hakyky manyda wezir däldiler. Müsürde bolsa Fatymylaryň ahyrky ýyllarynda wezirler uly ähmiýet gazanypdylar. Bedrel-Jemalydan soňra goşun serkerdeligi we döwletiň iş ýüzündäki dolandyrylyşy wezirleriň eline geçýär. Halypalar bolsa ikinji derejä düşýärler. Bu wezirleriň atlary pulda we hutbada agzalýardy. Bu wezirler galam gullukçylaryndan däl-de, gylyç gullukçylaryndandyrlar. Döwlet iş-lerinde weziriň iň ýakyn kömekçisi «syr kätibi» (mürze) we «Diwanyl-inşa» ýolbaşçysydy. Salahaddin agasy (kakasynyň dogany) Şirkuhyň ölüminden soňra Fatymy weziri bellenilýär. Onuň iň ýakyn kömekçisi «Kätip syr» we «Diwanyl-inşa» ýolbaşçysy Kazy Fadyldy. Salahaddin garaşsyz soltan bolansoň, özüne wezir bellemäge mätäçlik çekmedi. Kazy Fadyl hem onuň iň ýakyn kömekçisi hökmünde galdy. Çünki, emewiler döwründe, apbaslylaryň we fatymylaryň ilkinji döwürlerinde döwlet işlerinde halypanyň iň ýakyn kömekçisi «Diwanyl-inşa» ýolbaşçysydy. Bu «Diwanyl-inşa» ýolbaşçylary galam gullukçylaryndandy, olar şeýle-de wezir lakamyny hem göterýärdiler. Bu ýagdaý çeşmelerde birnäçe kişileriň Salahaddiniň weziri hökmünde agzalmaklaryna sebäp bolupdyr. Sybt Jöwziniň we Ibn Nazyf Hamawynyň aýtmaklaryna görä, Soltanyň weziri hazynadar Safy bin Kabyzdyr. Salahaddin tarapyndan halypa iberilen we Kazy Fadyl tarapyndan ýazylan bir hatyň girişinde Ymadeddin Kätibiň wezirdigi agzalýar. Ymadeddiniň beýanlaryndan we Salahaddiniň işlerinden çykan netijä görä, Soltanyň weziri Kazy Fadyldyr. Salahaddin baryp 1174-nji ýylda oňa: «Sen meniň kätibim, döwletimiň dolandyryjysy we sahybymdyrsyň (wezirimsiň)» diýipdir. Ibn Uneýniň Salahaddiniň we emirleriniň tankydynda Kazy Fadyl wezir, Ymadeddin bolsa kätip hökmünde agzalýar . Bu döwürde diňe Salahaddiniň däl, eýsem ikinji derejeli hökümdarlaryň hem wezirleri bardy. Mälik Adylyň weziri Sanygat bin Nehhal, soňra bolsa Safyýeddin bin Sukr bolandyr. Mälik Afdalyň weziri Zyýaýeddin bin Esiri, Togteginiň weziri Esir bin Bukandy. Ymadeddiniň dürli beýanlaryndan belli bolşuna görä, Sinjar häkimi Ymadeddin Zeňňiniň weziri Şemseddin bin Käfi, Amyt (Diýarbekr) häkimi Nureddin bin Gara Arslanyň weziri Kywameddin bin Summakat Ysardy. Görnüşi ýaly, bu wezirleriň hemmesi galam gulluk-çylaryndan bolup, emirlerden däldi. Bular diwanhananyň ýolbaşçylarydy. Bu döwürdäki birnäçe alymlaryň ömür döredijiliginden we Şeýzeriniň eserinden belli bolşuna görä, käwagt baş kazylara, maliýe diwan ýolbaşçylaryna, diwanyl-inşa ýolbaşçysynyň uly kömekçilerine hem wezir diýlipdir. Safy bin Kabyza we Ymadeddine şu manyda wezir diýilýärdi. Bularyň hemmesi diwanhananyň ýolbaşçylarydy, harby derejeleri ýokdy. Eýýuplylaryň ahyrlarynda wezir bolan şyhyl-şuýuhuň ogullary hem goşun serkerdesi, hem-de soltanyň naýybydylar. Bu döwürdäki wezirler «diwanyl-inşanyň» ýolbaşçylary bolandyklaryny sebäpli, şu ýerde bu diwanlar barada durup geçmelidiris. Bu diwandan gürrüň gozgaýarkak, şol bir wagtyň özünde weziriň wezipelerinden hem gürrüň gozgadygymyz bolar. Yslam döwletlerinde birnäçe diwanlar (ministrlikler) bolsa-da, bularyň hem üç sany esasy diwanhana degişlidiler. Bular : «Diwanyl-inşa», «diwanyl-jeýş» we «diwanyl-maliýe». «Diwanyl-inşa» döwlet dolandyryşynda diwanhananyň merkezidi. Bu diwanyň welaýatlarda we etraplarda bölümleri bardy. Ähli içerki we daşarky ýazuwlar, wezipä bellemek, boşatmak we başga işe geçirmek ýaly permanlar bu diwandan çykýardy. Bu diwanyň başlygyna «kätip syr» diýilýärdi. Makryzynyň «kätip syr» wezipesi barada maglumatlary şol döwüre hem degişlidir. Onuň aýtmagyna görä, «kätip syryň» wezipeleriniň arasynda içerden we daşardan soltana iberilen hatlary okamak, olara jogap bermek, dabara çärelerini geçirmek, «daryl-adylda» soltanyň öňünde oturyp gelen arz-şikaýatlary okamak we gerekli jogaplary ýazmak, soltanyň huzurynda ýygnanan şura mejlislerinde gerek bolan düşündirişleri bermek, soltan bilen emirleriň arasynda ýüze çykýan düşünişmezliklerde we möhüm işlerde araçy bolmak, ýurtda kagyzlaryň, müderrisleriň bellenmek, başga wezipä geçirmek, işden boşatmak, gerek ýerinde soltana maslahat salmak ýaly wezipeleri bardy. Bulardan başga-da, «Diwanyl-inşanyň» wezipeleriniň arasynda aragatnaşyk we habar beriş işleriniň tertiplenmegi we alnyp barylyşy hem bardy. Salahaddiniň döwründe «Diwanyl-inşanyň» we onuň ýolbaşçysy Kazy Fadylyň döwlet dolandyrylyşykdaky işleri ýokarda agzalan ugurlardan has giňdi. Sebäbi olar şol bir wagtyň özünde wezirdi. Şonuň üçinem «Diwanyl-inşanyň» ýolbaşçysy beýleki diwanlaryň üstünden gözegçilik edýärdi. Beý-leki diwanlaryň ýolbaşçylygyna belleniljek bolan kişiler Kazy Fadylyň garaýşy alnyp bellenilýärdi. Şol mahal «Diwanyl-inşada» Kazy Fadyldan başga-da onuň kömekçisi we Nureddiniň «Diwanyl-inşa» ýolbaşçysy Ymadeddin Kätip Yspyhany hem bardy. Bu iki şahsyýetiň hersi uly usulçydylar. Bular özlerinden soňky nesillere uly täsir edipdir. Şu ýagdaýa hem degip geçmelidiris, ýagny «Diwanyl-inşa» fatymylar döwründäki däplerden uly täsirlenýärdi. Nureddiniň «Diwanyl-inşa» ýolbaşçysy Ymadeddin hem bu meselede Yrakdaky usulçylaryň däl-de, Müsürde ýetişen we kärini ol ýerde kämilleşdiren Kazy Fadylyň ýoluny dowam etdirijidir. «Diwanyl-inşada» gürrüňi edilen bu iki usulçydan we dolandyryjydan başga, Kazy Fadylyň obadaşy Ibn Kureýş, Müsürde Kazy Fadylyň wekili bolan Ibn Sena Mülk, Ýahýa bin Jerrah ýaly meşhur akyldarlar bardy. Şamdaky «Diwanyl-inşada» Ymadeddinden başga Zyýaýeddin bin Esir, Abu Talyp Abdylwahhap bin Hüseýin ýaly meşhur kişiler işleýärdi. Has soň-soňlar uly abraýa eýe bolan Ibn Şiş Esnaýy hem bu döwürde Kus, Isgenderiýe we Kudus «Diwanyl-inşalarynda» işläpdir. Müsüriň «Diwanyl-inşasynda» ýazylan hata şeýle bir üns berýärdiler welin, ýörite bir dilçiniň gözegçiliginden geçerdi. Fatymylaryň döwürleriniň ahyrlary bilen Salahaddiniň döwründe bu işi meşhur dilçi Ibn Berri ýerine ýetirýärdi. «Diwanyl-inşadan» çykan permanda soltanyň tugrasy bolardy. Käbir kişiler tugranyň eýýuplylara seljuklylardan geçen-digini öňe sürseler-de, biziň pikirimize görä, tugra örän gadymdan gelýän däpdir. Fatymylarda-da tugra ulanylýardy. «Diwanyl-inşadan» çykan resminamalar mowzuklaryna we iberilen ýerlerine görä dürli atlar bilen atlandyrylýardy we dürli möçberdäki kagyzlara ýazylýardy. Salahaddiniň döwründe Kazy Fadyl we Ymadeddin tarapyndan ýazylyp, biziň günlerimize çenli gelip ýeten ýazgylar arasyndaky soltaniýat (soltanyň adyna ýazylan hat) hatlaryndan bu wagtlar «Diwanyl-inşadan» çykan resminamalaryň atlary barada umumy maglu-mata eýe bolýarys. Bu resminamalardan bize çenli ýetip gelenleriň iň möhüm bölegini halypa, Bagdatdaky birnäçe emirlere, höküm-darlara we beglere iberilen hatlar düzýär. Bu hatlar birnäçe mowzuklara degişli zatlardan, gazawata çagyryşlardan, buşluknamalardan, gutlaglardan we gynanç hatlaryndan ybaratdyr. Buşluknamalaryň köpüsi ýeňiş we basyp alyş mowzuklary baradadyr. Hatlary tertip boýunça dürli wezipelere çykarylan permanlar dowam etdirýär. Ymadeddine görä, soltan tarapyndan ähli wezipe pudaklaryna çykarylan belleniş perma-nyna «menşur» diýilýär. Diňe Sinjar kazysynyň bellenilişi bilen baglanyşyk-ly resminama «taklyt» sözi ulanylypdyr. Onuň aýtmagyna görä, «taklyt» halypa ýa-da soltan tarapyndan haýsydyr bir ýeriň bir hökümdara mülk hökmünde berlendigini aňladýan mülkiýetnamadyr. Ymadeddin Fatymy halypasy Azyt tarapyndan Esededdin Şirkuhyň we Salahaddiniň wezir bellenilişi bilen baglanyşykly çykarylýan permanlara we Salahaddin tarapyndan 1172-nji ýylda Müsürde mukusyň ýatyrylmagy üçin çykarylan permana-da «menşur» diýýär. Abu Şama bilen Kalkeşendi bu permanlary «sijil» diýip atlandyrýarlar. Kalkeşendi muhtesibe çykarylan «menşur» üçin hem «taklyt» we «sijil» diýýär. Şeýle-de häkim üçin çykarylan permanda hem «sijil» sözüniň ulanylanandygyny görmek bolýar. Bu aýdylanlardan ugur alyp aýtsak, «menşur», «taklyt» we «sijil» adalgalarynyň bir manyda ulanylandygy äşgär bolýar. Şeýle-de aman diläp boýun bolan şahslara, şäherlere we galalara berlen aman nusgasy hem bolupdyr. «Towky» sözi bolsa resminamanyň ýa-da permanyň gyralaryna ýazylan goşmaça bellikdir. Bu bolsa onuň gözden geçirip, gol çekilendigini aňladýar. Kimdir biri üçin haýyş edilip ýazylan arza «rukga» diýilýär. Bu haýyşyň ýerine ýetirilmegi üçin «towkydan» (bellikden) geçmegi gerek bolýar. Şeýle hem «mysal» adalgasy perman, harbylara berlen ykta karary we nusga ýaly manylarda ulanylypdyr. Kimdir biri üçin çykarylan «taklytda» we «menşurda» öňürti hutba bölümi bolýardy. Ondan soňra ol işgäriň bu wezipä laýyklygy, wezipesi we ukyplylygy barada düşündiriş berilýär. Iň soňunda bolsa perman çykarylan şahsa we beýleki işgärlere maslahat bölümi bilen gutarýar. Ýokarda aragatnaşyk işleriniň hem «Diwanyl-inşa» degişlidigini aýdyp geçipdik. Sebäbi aragatnaşyk «Diwanyl-inşanyň» iň möhüm wezipelerinden bolan habarlaşmagyň esasy bölegidir. Aragatnaşyk işleri – aragatnaşyk merkezleriniň gurluşygy we seredilişi, aragatnaşyk ulaglarynyň iýmiti, aragatnaşyk kepderilerini ýetişdirmek, çapar taýýarlamak ýaly meselelerdi. Aragatnaşyk kepderileri aragatnaşyk menzillerinde we aragatnaşyk merkezlerinde gurlan diňlere gonýardylar. Aragatnaşyk menzillerinde kepderilerden başga çaparlar üçin atlar we düeler hem bolupdyr. Bu menzilleriň arasyndaky ýollaryň howpsuzlygy, aragatnaşyk ulaglarynyň üpjünçiligi we idegi çarwa taýpalarynyň wezipesidi. Beýleki birnäçe gurluşlarda bolşy ýaly, musulmanlar aragatnaşyk ulgamyny wizantiýalylardan we sasanlylardan alypdyrlar. Apbaslylarda we fatymylarda bu ulgam «Diwanyl-berit» atly ýörite diwana degişlidi. Seljuklylarda bolsa bu ulgam «Diwanyl-inşa» («Diwanyl-tugra») degişlidi. Zeňňilerde, eýýuplylarda we memluklarda hem bu ýagdaý dowam etdi. Bu ulgamyň wezipeleriniň arasynda habarlaşmakdan başga, döwletiň dürli ýerlerindäki möhüm dolandyryjylaryň ýagdaýlary hakda merkeze maglumat ýygnamak hem bardy. Hökümdar bu ulgamyň saýasynda ülkesiniň iň uzakdaky burçlary bilen aragatnaşykda bolup, haýsydyr bir duşmanyň hüjüminden derrew habarly bolýardy. Gysgaça aýdanymyzda, bu ulgam häzirki döwürdäki aragatnaşyk we habar beriş serişdeleriniň wezipelerini özlerinde jemläpdir. Nureddin habarlaşmagy çaltlandyrmak üçin ýollarda ýörite we Ýewropa serhetlerine diňler gurdurypdyr. Bu ýerlere aragatnaşykçylar, goragçylar, kepderiler ýerleşdirilipdir. Bular duşmanyň hereketini gören wagtlary derrew kepderi uçuryp, serkerdeler hem zerur çäreleri görüpdirler. Netijede, duşman duýdansyz çozup bilmeýärdi. Nureddin ülkesi giňänsoň, 1171-1172-nji ýyllarda serhetlerden we ýurduň çar tarapyndan iň gysga wagtyň içinde habarly bolmak üçin Kus we Aýzap serhedine çenli diňleriň gurulmagyna, bu ýerlerde aragatnaşyk kepderileriniň saklanmagyna görkezme berýär. Kepderi aragatnaşygy arkaly iberilen hatlar örän ownuk hat bilen ýazylýardy. Salahaddiniň döwründe kepderi aragatnaşygynyň ulanylmagyna Sisiliýa flotunyň Isgenderiýede gelip düşmeginde, Mälik Salyhyň ölüminde, üçünji haçly ýörişi mahalynda ýüze çykan çaknyşyklarda duş gelýäris. _____________________________ Bark Şamy, 3, 66; 1396-140 a; 5, 17, 115 c.; Senal Bark, 1, 250 s. ; Rawzateýn, 2, 44 c.; Nujum Zahyra, 6, 236 s. Ibn Jubeýr, 298 c.; Şeýzeri, 72-76 s.; Ashaby şuranyň aýratynlyklary barada gürrüň gozgalýar. Rawzateýn, 1, 173 s. Senal-bark, 1, 115-175s.; Suluk, 1, 44-47s; Saladin, 95-96 s. Gaşyýe - esger topary. Eýýuplylarda Soltanyň toparynyň döwründe gaşyýe göterilmegi Adyl döwründe başlady. Bu wezipä bellenmeler sebäpli Adyla we Takyýeddine berlen permanlarda wezipeleri, jogapkärçilikleri görkezilýär (Seret: Bark, 5, 154-262 s.). Feth Kussy, 438-439, 570, 595-596 s.; Ibn Esir, 12, 56-57, 82-93 s.; Ibn Şetdat, 144-146, 204, 208-209, 215 s. Ibn Şetdat, 164 s.; Ibn Furat, 6/2, 157 s.; Makryzy bu wezipäniň memluklar döwründe ýüze çykandygyny aýdýar (Ser : Hytat, 2, 226 s.). Ibn Şetdat, 3 s. Ibn Şetdat, 3 s. Feth Kussi, 147, 457, 588s. ; Ibn Şetdat, 49, 98, 109, 148, 159, 176, 178 s.; Rawzateýn, 168 s. Senal-bark, 1, 194 s. Ibn Uneýn, Diwan, Halyl Merdem neşiri, Damask 1365/1946, 210-211 s. Osmanlylarda wezirlik harby we edara derejesidir. Eýýuplylardaky emir dereginedir. Şonuň üçinem welaýat beglerine, häkimlere, gala serkerdelerine wezirlik derejesi berilýärdi. Senal-bark, 1, 79, 154 s.; Rawzateýn, 1, 230 s. ; Subky, 4, 234 s. Subhul-agşa, 3, 47, 51, 128 s.; 7, 227-276 s.; 8, 12-19 s. Brokman, menşur maddasy, YÝE, 7, 721 s.; Uzynçarşyly, 378-383 s.; Salahaddiniň döwründe eýýuplylaryň döwleti, 125 s. Mukus - şerigat daşy salgytlar. F.Köprüli, Berit maddasy, YÝE, 2, 546-547 s.; Salahaddiniň döwründe eýýuplylaryň döwleti, 126-127 s. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |