16:25 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Salgytlar we döwletiň beýleki girdeji çeşmeleri | |
SALGYTLAR WE DÖWLETIŇ BEÝLEKI GIRDEJI ÇEŞMELERI
Taryhy makalalar
Musulman döwletlerinde şäher durmuşynyň ösenligine garamazdan, esasy önümçilik çeşmesi ekerançylykdy, salgyt ýüküniň iň agyryny daýhanlar çekýärdi. Fykh alymlary we halk senetden, söwdadan we senagatdan zekatdan başga salgyt alynmagyna garşydylar. Emma şonda-da hemme ýerde dürli işlerden mukus (şerigat daşy salgydy) alynýardy. Dindar bolan Omar bilen Abdyleziz ýaly käbir halypalar we hökümdarlar fakyhlaryň (fykh alymlarynyň) pikirlerine goşulyp, bu salgydy ýatyrypdylar, ýerine zekat salgydyny goýupdylar. Hezreti pygamberiň döwründe bu salgyt ülkeleriň arasynda ösüp, söwda eden musulmanlardan hüşür hökmünde alynýardy. Hezreti Omar bolsa gaýry-musulmanlardan alypdy. Ýöne ol bu salgydyň «daryl-harp» (keseki) täjirlerden hüşür, zimmilerden hüşüriň ýarysy, musulmanlardan hüşüriň dörtdenden biri möçberinde alynmagyny buýrupdy. Wagtyň geçmegi bilen bu salgytlaryň meýdany giňelip, içerki söwda mallaryndan, senetçilerden mukus alynmaga başlandy. Fakyhlaryň pikirine görä bolsa, bu salgydyň pygambe-riň we hezreti Omaryň kanunlaryna görä, diňe daryl-yslam bilen daryl-harp arasynda söwda edýänlerden alynmalydy. Makryzynyň berýän maglumatlaryndan belli bolşuna görä mukus bilen ýygnalýan salgytlar şerigat taýdan bikanun bolmadyk «soltany» atly salgytlardy. Ýagdaýa görä bolman diňe şerigatyň kanunlaryny tutup oturan fakyhlaryň bu salgytlary şerigata ters hasaplamaklary sebäpli Nureddin 1157-nji ýyl-daky uly ýer titremelerden soňra Şam we Eljezire şäherlerinden bu salgytlary aýyrdy. Onuň ýerine zekat salgydyny goýdy. Fatymy halypalygy ýatyrylansoň Salahad-din 1171-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda juma güni Kazy Fadyl tarapyndan ýazylan bir permany Kair metjidiniň münberinde halkyň öňünde okadyp Müsürde ýygnalýan mukusy ýatyrdy. Mukus ady bilen ýygnalýan salgytlaryň ýerine zekat salgydyny goýdy. Darylhary täjirlerinden humus (bäşden bir) ýa-da ikitaraplaýyn ylalaşylan möç-bere görä salgyt alynmaga başlandy. Bu perman bilen mukusdan döwletiň algylary hem geçilýärdi. Ibn Abu Taýyň aýtmagyna görä 564-nji maliýe ýylynyň (566-nji hijri/1171-nji milady) soňuna çenli döwletiň mukusdan algysy bolan 1 000 000 dinar we 200 000 irdeb bugdaý diwan hasaplaryndan öçürildi. Makryzynyň aýtmagyna görä ady agzalan perman bilen ýatyrylan mukusyň hazyna ýyllyk girdejisi 100 000 dinardy. Segsen töwregi guramadan ýatyrylan mukusyň arasynda iň möhümi ýylda 33 364 dinar bilen azykdan alynýan salgytdy. Munuň yzyndan 6666 dinar bilen daşary çykýan mallardan, 6000 dinar bilen Niliň üstündäki portlara getirilen azyklardan, 5193 dinar bilen mata, mis we merjenlerden, 3311 dinar bilen daryl-gantdan (şeker önümi) we başga-da birnäçe senet we söwda işgärlerinden alnan mukus gelýärdi. Muku-syň alnan ýerleriniň arasynda permanda agzalmasa-da, içgi taýýarlanýan ýerler, meýhanalar, jelephanalar hem bardy. Makryzynyň bir ýazgysyndan şu netijäni çykarmak mümkindir. Sebäbi bu permanyň çykmagyndan biraz möhlet geçensoň, Salahaddiniň kakasy Nejmeddin Eýýuplyň belli bir möçber salgyt tölenmek şerti bilen Isgenderidäki meýhanalaryň we şeraphanalaryň işleme-gine rugsat berendigi bellidir. Meýhana-laryň we şeraphanalaryň Eýýubyň ölümin-den soňraky ýagdaýy barada hiç zat bilme-ýäris. Diňe Mälik Adylyň 1177-nji ýylda Müsürdäki meýhanalara we jelephanalara garşy göreşendigini bilýäris. Salahaddiniň ölüminden soňky ýyl bolan 1194-nji ýyldaky (590 hijri) maliýe çöküşliginde mukus täzeden dikeldilipdir, salgyt almak maksady bilen şerap önürilmegine, meýha-nalaryň we jelephanalaryň işledilmegine rugsat berlipdir. Şeýle hem Kairda tirýek degirmeni gurulypdy. Bu ýerden günde 16 dinar salgyt alynýardy. Nureddiniň ölümin-den soňra Halaba, Eljezirä we Mosula de-gişli sebitlerde mukus ady bilen ýygnalan salgytlar täzeden ýygnalyp başlandy. Salahaddin bu ýerleri eýelänsoň bu salgydy ýene-de ýatyryp, zekat salgydyny goýdy . Mukusyň ýatyrylmagy ülkede içerki söwdanyň ösmegine kömek etdi. Bu salgytlaryň ýerine goýlan zekat salgydy döwlet tara-pyndan ýygnalmaga başlandy. Daryl-harp täjirlerinden bolsa humus (bäşden bir), hü-şür (ondan bir) atlary bilen salgyt ýygnalyp başlandy. Şeýle hem soltan 1177-nji ýylda Kus häkimine bir perman iberip hajylardan we Igenderiýe-Emen arasynda söwda edýän söwdagärlerden (Tujjar kerim) mukus almagy ýatyrdy, ýerine zekat salgydyny goýdy. Çünki 1181-nji ýylda «Tujjar kerimden» dört ýylyň zekatlaryny tölemek-leri talap edilipdir. 1183-nji ýylda haj etmek üçin Müsürden geçen ibn Jubeýr döwlet işgärleriniň salgyt almak üçin Ortaýer we Nil derýasyndaky portlarda ýolagçylaryň we hajylaryň berk barlag edilýändigini nygtaýar. Salahaddiniň ýatyran salgytlarynyň biri hem Aýzap-Jidde portlarynda Mekgäniň emiri tarapyndan magryply hajylardan al-nan aýakbasdy puludy. Kazy Fadylyň we Ibn Jubeýriň sözlerine görä, ady agzalan iki ýurduň birinde magryply her bir hajydan 7,5 müsür dinary mukus alynýardy. Ymadeddiniň aýtmagyna görä, bu mukusy tölemedige jebir-sütem we tussag edilýärdi, hajyň dessurlaryny ýerine ýetirmekden mahrum edilýärdi. Soltan 1177-nji ýylda Mekgäniň emiri Muksira magryply hajylardan alynýan bu salgydy ýatyrmagyny buýruk berdi. Munuň öwezine Hyjaz halkyna her ýyl 8 000 irdebb bugdaý we 2 000 dinar pul kömegini bermegi göz öňünde tutdy. Soltanyň salgyt ulgamyndaky iň möhüm reformalarynyň başynda 1177-nji ýylda Müsürde gezip ýörkä başladan «rowk salahy» (ýeriň ölçegi we bellenilmegi, yktalaryň bölünişigi) işidir. Bu rowkda (bellikde) has öňki rowklara (belliklerde) görä ýerde emele gelen üýtgeşmeleri belli edildi. Bu işiň ýöredilmegi Bahaweddin Garaguşa berildi. Giňişleýin işleri barada anyk maglumat bolmadyk bu rawk Eýýuplylaryň döwri boýunça Müsürde ekerançylyk salgyt-larynda esas edilip alyndy. Salahaddiniň salgyt ulgamynda amala aşyran başga bir reformasy hem haraç ýyly bilen hijri ýylynyň arasyndaky aýraçylygy düzgün-tertibe salmak boldy. Sebäbi haraç ýyly güne görä düzülen kypty aýlaryna görä ýöredilýärdi. Şonuň üçinem her otuz ýylda bir kypty ýyly bilen hijri ýylynyň arasyndaky tapawut düzülýärdi. Fatymylaryň ahyrlarynda bu düzgün ýerine ýetirilmändir, haraç ýyly hijri ýylyna görä iki ýyl yza galypdy. 567-nji hijri ýylynyň başy sentýabrda başlaýan kybty ýylynyň başy bilen deň döwre gabat gelýärdi. Salahaddin salgytlardaky sene bulaşyklygynyň öňüni almak üçin, 567-nji ýylyň 1-nji aşyr aýynda (1171-nji ýylyň 4-nji sentýabry) Kazy Fadyl tarapyndan ýazylan bir perman bilen 565-nji we 566-njy ýyllaryny 567-njä geçirdi. Bu perman bilen mundan soňra permanlaryň we resminamalaryň kypty hasabyna görä dälde, hijri senesine görä ýazylmagy buýruk berilýärdi. Salgytlar hijri ýylyna görä ýygnalanlar we şemsi (gün) ýylyna görä ýygnalanlar bolmak bilen iki bölege bölünýärdi. Zekat, jizýe, öý, dükan, hammam, tamdyr, degirmen, mellek, harby wakflaryň, balyk tutulýan meýdanlaryň, şerbet we ýag öndürýän ýerleriň tölegleri, salgytlar, keseki täjirlerden alynýan humus (bäşden bir), hüşür we şuňa meňzeş möwsümlere bagly alynýardy. Ýere we möwsümlere bagly bolan haraç we hüşür ýaly ekerançylyk salgytlary bolsa gün hasabyna görä alynýardy. Hijri salgytlarynyň ýygnama möwsümi 1-nji muharramda (aşyr aýynda), gün senesi salgytlaryň ýygnama möwsümi bolsa sentýabr (tut) aýynda başlanýardy. Gün senesi salgytlary hasyl ýygnalýan wagtynda ýygnalýardy. Manzumy bilen Ibn Memmatynyň berýän sanawlaryna görä döwle-tiň girdejileri salgytlar we salgytdan daşgary girdejiler bolmak bilen ikä bölünýärdi. Salgyt gatlagyna girýän girde-jiler haraç, hüşür, zekat, jizýe, «mukarrar jusur wel-bakar» (köprüler we sygyr salgydy), bal salgydy, rusumyl-wulat, muwazzaf etban (saman salgydy), sunduk nafakat daryl-yýar we daryl-darp salgytlary, söw-dadan alynýan hums we hüşür, sint agajy salgydy ýaly salgytlardy. Salgytdan daşgary girdejiler «mewaris haşriýe» (mirasdüşeri bolmadyk mallar), musadereler (paýlaşma) we fidýeler (töleg pullary), kwas, soda, daryl-tiraz (atlas kärhanasy), sint agajy we miwesi (dubyň görnüşi) serhetler, metjir soltany (döwlet ammary), mabhar (port girdejileri), habs juýuşi (harby wakflar), merakyp sotan (döwlete degişli ýük we ýolagçy gämileri), ýaly salgytlardy. HARAÇ Döwletiň alýan salgytlarynyň arasynda ilkinji orny ekerançylyk önümlerinden alynýan haraç salgydy eýeleýärdi. Käbir ýerlerden bolsa hüşür alynýardy. Sebäbi Makryzynyň aýtmagyna görä, Müsüriň ýerleri ýedi bölege bölünýärdi. Birinji bölek Soltanyň diwanyna degişli ýerdi. Bu ýer hem üçe bölünýärdi: Diwanyl-hasa, diwa-nyl-mufrede, diwanyl-jeýşe degişli ýerler. Ikinji bölek emirlere we esgerlere ykta hökmünde berlipdi. Üçünji bölek dürli haýyr-sahawat guramalaryna we durmuşy guramalara degişlidir. Dördünji bölek haýyr-sahawat guramalarynda we dini gura-malarda işleýänleriň aýlyklary üçin işleýärdi. Bäşinji bölek şahsyýetler tarapyndan satyn alnan hususy ýerlerdi. Bu bölek hususy emläge degişlidi. Altynjy bölek öri meýdanlary ýa-da tokaýlyk ýerleridi. Ýedinji bölek bolsa çöllerden ybaratdy. Şam we beýleki sebitlerdäki ýeriň ýagdaýy hem muňa meňzeş bolan bolmaly. Ýokarda Sybt bin Jöwziniň Mälik Mugazzamdan alan maglumatlaryna görä, Şamdaky Solta-nyň ýerleriniň hususy böleklere degişli ýeriň dörtden biri möçberinde eken. Mak-ryzynyň bir belliginden hem belli bol-şuna görä ykta ulgamy ekilýän ähli ýerlerde ýöredilýärdi. Elisseýef: «Zeňňiler döwründe Şamdaky we Eljeziredäki ekerançylyk önümlerinden Yrakdaky ýaly salgyt alynýardy. Bu ulgama «mukaseme» ýa-da «mesaha» diýilýärdi. Haraç ýerleri şäriklik görnüşinde ulanylýardy. Salgyt iň köp hasylyň görnüşinden ikiden bir bilen bäşden üç möçberinde alynýardy. Galladan köplenç ýarysy alynýardy. Her sebitiň ýerli diwanyl-harajynda ol sebitiň tapu (salgyt) bellik depderleri bardy. Bu depderde Müsürde bolşy ýaly ýer eýeleriniň ýa-da şärikleriň, yktaly kişileriň atlary ýazylgydy. Zeňňi bu depderlere esaslanyp Magarrat Nugman halkyna öňki ýerlerini yzyna gaýtaryp beripdi. Bu depderlerde her bir kişiniň ýeriniň serhedi, ýeriň we ekilen hasylyň görnüşi ýazylgydy. Hüşür ýerle-rinden bolsa hüşür alynýardy» diýýär. Biziň pikirimize görä, bu usul diňe şäriklere degişli bolmaly. Müsürdäki Nil derýasy öňden bäri möhüm ekerançylyk meýdanydy. Birnäçe kanal we howuz bilen Niliň suwlary daş ýerlere çenli gidýärdi. Bu kanallar we howuzlar suwaryş, içme we beýleki işlerde ulanylýardy. Bularyň ýöredilişine häkimler we ykta eýeleri jogapkärdiler. Şam we Eljezire bolsa Munbit Hilalyň agramly bölegini düzýärdi. Ýöne bu ýerlerdäki suwaryş ulgamy Müsürdäki ýaly ösen däldi. Esasan aryklar we suw çaýlary arkaly suwaryş işleri geçirilýärdi. Müsürdäki ekerançylyk hasy-ly Nil derýasynyň joşmagyna baglydy. Eger Nil joşmasa we suwlary nilometriň 16-njy ziragyna çykmasa, Soltan haraç almak hukugyna eýe bolmaýardy. Munuň deregine ülkäniň beýleki sebitlerindäki ekerançylyk esasan ýagyşa baglydy. Ýer hasylynyň hiline görä dürli görnüşlere bölünýärdi. Munuň üçin Müsürdäki ýerler Niliň joşmagyndan öňürti we çekilmeginden soňra deliller tarapyndan gözden geçirilýärdi, emele gelen üýtgeşmeler depderlere ýazylardy. Her bir ýere näme ekiljekdigi, takmynan näçe salgyt alyp boljakdygy hem görkezilýärdi. Deliller bu depderleri amyllara we müşriflere tabşyrýardylar. Salgyt ýygnalýan döwründe amyllar bu depderlerdäki bellikleri hem göz öňüne alyp, salgyt alýardylar. Galla, mal, pagta, miwe, we gök önümler ýaly uzak durmaýan hasyllardan nagt pul alynýardy. 1177-nji ýyldaky rowk (ýeriň görkezilmegi) mahalynda Soltan haraçda täze işlere başlady. Fatymylar döwründen bäri Müsürde bir Bagdat feddan ýere ekilen bugdaýdan 3 irdebb alynýardy, ol muny 2-5 irdebbe çenli çykardy. Arpa, noýba, nohut we çeçewisadan (merji-mek) feddan başyna 2,5 bilen 3 irdebb salgyt alynýardy. Pul salgyt alynýan hasyllardan ýygnalýan salgyt feddan başyna 1 bilen 5 dinar arasynda üýtgeýärdi. Feddan başyna şeker çiňrikden 5, zygyr tohumyn-dan 3, künjiden we pagtadan 2, sogandan we sarymsakdan 2 dinar salgyt alynýardy. Miwe agaçlary bilen baglardan birinji ýylda feddan başyna 1, dördünji ýyl bolsa 4 dinar salgyt alynýardy. Ähli salgytlaryň bellenmeginde gürrüňsiz hasyllylyk göz öňünde tutulýardy. Harby wakflardan bolsa feddan başyna 3,3/4 dinar salgyt ýygnalýardy . Makryzynyň sözlerine görä, Kairiň demirgazygyndaky ýerleriň hemmesinden nagt (pul) salgyt alynýardy. Hasyly az bolan pes ýerlerden az möçberde salgyt alynýardy. Bir musulmanyň hususy mülkiýetindäki ýerden hüşür (ondan bir) ýygnalýardy. Bag-bakja, şeker çiňrigi ösdürilýän ýerler üç ýyldan bir gezek gözden geçirilýärdi. Işgärler agaçlaryň ekilen senesini, möçberini we görnüşlerini depderlere belleýärdiler. Gürrüňsiz salgyt hasabynda mal eýesiniň zähmeti hem göz öňünde tutulýardy. Çünki Togtegin Ýemende daýhanlaryň salgytlaryny azaldyp, hurma bakjalarynyň salgytlaryny köpeldipdi. Beýle etmek bilen hurma bakjasynyň eýele-riniň az zähmet harçlaýandyklaryny, daýhan-laryň bolsa köp zähmet çekýändiklerini göz öňünde tutupdy. Haraja girýän salgytlaryň biri hem Behnesa, Safad-Rişeýn, Eşmuneýi, Asýut, Ihmim we Kus sebitlerindäki dub agaçlaryndan peýdalanýan daş-töweregiň halkyndan alynýan salgytdy. Ýokarda hem aýdylşy ýaly, bu agaçlar döwlete, Soltana degişlidi, olar gämi gurluşygynda ulanylýardy. Bular soltan tarapyndan bellenilen kişiler tarapyndan goralýardy. Halk munuň şahalaryn-dan, gämi gurluşygyna ýaramaýan agaçlaryny suw degirmeni ýasamakda we gurluşykda ulanýardylar. Munuň öwezine hem salgyt töleýärdiler. Agaçlaryň şahalary bogulyp 100 sanysy bir dinara halka odun üçin satylýardy. Bu agajyň miwesi bolan palamut derileriň eýlenmeginde we beýleki senagat pudaklarynda ulanylýardy. Bu miwe (palamut) hem Soltanyň garamagyndady. Gysgaça aýda-nyňda dub agajy döwletiň girdeji çeş-meleriniň biri bolup durýardy. Bu döwürde Ýemende nähili bir salgyt ulgamynyň bolandygy hakda anyk bir maglumata eýe däldiris. Şeýle hem Müsürde ulanylan ulgam Şamda hem ulanylan bolmaly. Çünki Togtegin Ýemeni golastyna alansoň edara işlerini, salgytlary we diwanlary täzeçe gurupdyr. Onuň goýan bu kanuny 1295-nji ýylda hem ýöreýärdi. Şeýle hem Togtegin gämiler bilen Müsürden dürli agaçlar getirip, Ýemende miwe ekerançylygyň ösmegine uly ähmiýet beripdir. ZEKAT, HUMUS WE HÜŞÜR Salahaddiniň döwründe döwletiň girdeji çeşmeleriniň biri hem zekatdy. Bu salgyt altyn, kümüş, pul ýaly nagt görnüşinde söwda mallaryndan, süri mallaryndan, käbir gök-önümlerden we hurmadan alynýardy. Makryzynyň Kazy Fadyldan gürrüň bermegine görä, Fatymylar döwründe zekat döwlet tarapyndan ýygnalmaýardy. Munuň ýerine mukus alynýardy. Salahaddin 1171-nji ýylda mukusy ýatyransoň, belki-de Nureddiniň usulyna esaslanyp, Müsürde zekatyň döwlet tarapyndan ýygnalmagyna, Gurhanda görkezi-len ýerlerine berilmegine karar edildi. 1117-nji ýylyň 14-nji dekabrynda zekatyň ýygnalmagy gutaransoň garyplaryň, ýoksul-laryň, bergidarlaryň we ýolda galanlaryň haklary içinden aýrylyp, berilmeli ýerlerine paýlandy. Galanlary bolsa salgyt ýygnaýjylaryň, goşunyň we flotuň (Alla ýolun-da bolanlaryň), «muýellefet kulub» (ýürek-lerini yslama meýillendirmek isleýänleriň) we ýesirleriň haky bolan dört bölek hazyna goýlup, soňra degişli ýerlerine paýlandy. Ýöne belli bolşuna görä zekaty töleýänler dürli ýollar bilen salgytlary tölemeýärdiler. Mundan döwlet we garyplar zyýan çekýärdiler. Muny düzetmek üçin Esgat bin Memmaty «diwanyl-zekatyň» ýolbaşçy-lygyna bellenildi. Ol bu meseledäki bika-nunçylygy düzetmek üçin kärende usulyny girizdi. Mundan soňra zekat ýyllyk kärendelere satylmaga başlandy. Bu bolsa zekatyň öňküden hemhas köp zekat ýygnalmagyna alyp geldi. Isgenderiýedäki Zekat portunda, Nil derýasynyň üstündäki Munýet bin Hasyp, Ihmim, Kus ýaly portlarda zekat ýygnaýan işgärler täjirleriň we hajylaryň ýanlaryndaky mallary gözläp, ellerindäki artyk-maç pullardan we mallardan zekat alýardylar, olara azar berýärdiler. 1183-nji ýylda Isgenderiýe we Nil portlarynda zekat ýygnaýan işgärleriň hajylara we täjirlere eden zulumlaryny Ibn Jübeýr gynanç bilen ýatlaýar. Ibn Memmaty pitre sadakasynyň hem zekata degişlidigini, altyndan we kümüş-den başga söwda mallaryndan we söwdasy edilýän düe, öküz, goýun, arpa, bugdaý, tüwi, dary, kişmiş, hurma ýaly zatlaryň hem zekata degişli mallardandygyny aýdýar. Müsürde döwletiň zekatdan salgydy diýseň uly möçberi düzýärdi. Salahaddin 1191-nji ýyl-da Fustatyň zekatyny «diwanyl-ustulyň» garamagyna beren mahaly, bu zekatyň ýyllyk girdejisi 50 000 dinardan köpdi. 1192-nji ýylda diwanyl-zekatyň ýolbaşçylygyna Ibn Hamdan atly bir kişi bellenilýär. Ol Fustatdan bir ýylyň içinde 52 000 dinar zekat ýygnamagy söz berdi. Bu malyň Garaguşa berilmegine karar berildi. Ýöne bu ýyllar söweş ýyllary bolandygy üçin berilýän möçberler adaty döwürleriňkä garanyňda az bolmalydyr. Eksport we import amala aşyran musulman täjirleriň satýan harytlaryndan hem zekat alynýardy. Şonuň üçinem musulman täjirleriň alyp-satýan mallary zekat portunda ulanylýardy. Bu zekatyň möçberi 40-dan bir möçberindedi. Mahzumynyň nygtamagyna görä, 40 dinar gymmatynda 200 irdebb mekgejöwen eksport edenden 1 dinar, 50 dinar gymmatynda 100 terezi pagta alyp gidenden 1,1/4 dinar salgyt alýardy. Elisseýefiň aýtmagyna görä, kümüşde 200 dirhemden 2,5 dirhem, altynda 20 dinardan 2,5 dinar zekat alynýardy. Magdan zatla-rynyň zekaty borçlaryň ýagdaýlaryna görä üýtgeýärdi. Musulmanlar 2,5 göterim, zimmi-ler 5 göterim, daryl-harba degişliler 10 göterim möçberinde salgyt töleýärdiler. Ýokarda hem aýdylyşy ýaly, 1181-nji ýylda Hindistan-Emen-Müsür arasynda söwda eden tüjjar kerimdan dört ýyllyk zekatyň birden tölenmegi talap edipdir. Ýemende musulman täjirler tarapyndan eksport we import edilen harytlardan hüşür alynýardy. Togtegin Ýemene baranda fatymly-lar döwründe alynýan eksport-import salgyt-laryň deregine täjirleriň gämilerini garakçy gämilerden goramagy öz boýnuna alypdy. Söwda gämileri söweş gämileriniň penalamagynda syýahat edýärdiler. Sebäbi gury ýerde we deňizde söwdanyň asudalygyny üpjün etmek döwletiň iň möhüm wezipe-leriniň biridi. Şeýle hem ülkäniň içinde öndürilýän käbir zerur önümler söwda salgytlaryna girmeýärdi. Künji, zygyr tohu-my, injir, zeýtun, ýag, azyk-bugdaý, un, gant, tüwi, sabyn, çogan, zeýtun, zeýtun ýagy bilen azajyk möçberde bolan ownuk iýmitler we bal hüşürden azatdy. Hindistandan getirilýän harytlardan, çüýden, künjiden, sabyn-dan hüşür alynmaýardy. Eksport salgydyna sadyr, import salgydyna waryt diýilýärdi. Soltan 1176-njy ýylda Isgenderiýede ýewropalylardan alnan harydyň bir bölegini fykh alymlaryna berdi. Eksport we import edýän daryl-harb täjirlerden bolsa humus (bäşden bir) alynýardy. Bular Isgenderiýe, Dimýat, Reşit, Tinnis portlarynda söwda edýän Piza, Genuýa, Wenesiýa, Wizantiýa we beýleki ýerleriň täjirleridi. Bu salgyt esasan ikitarapla-ýyn şertnamalar bilen belli edilýärdi. Hatda şertnama görä käbir keseki täjirler-den hüşür (onda bir) hem alynýardy. Humus barada Mahzumy giňişleýin maglumat berýär. Ibn Memmaty bilen Mahzumynyň aýtmaklaryna görä, häzirki gümrük salgydynyň ýerine bolan humus köplenç harydyň 20 bilen 35 göterimi arasynda üýtgeýärdi. Humusdan gazanylan girdeji Isgenderiýedäki Metjer Soltana degişlidi. Bu pul bilen Metjer Soltana döwlet we goşun üçin gerek bolan agaç, demir, smola, mazut we degirmen daşy ýaly zatlary satyn alynýardy. Humus alnan zatlaryň deregine ýetmese galan möçberiň 2/3-i kwass, 1/3-i bolsa altyn berlip tölenýärdi. Salahaddin döwründe döwletiň humusdan alýan ýyllyk girdejisi barada artykmaç maglumatymyz ýok. Ýöne 1191-nji ýylda Isgenderiýe humusyndan 26 613 dinar girdeji gazanylandygyny bil-ýäris. Ýöne III haçly ýörişiniň iň gyzga-laňly döwrüne gabat gelýän bu sanyň haky-katy ýaňzytmaýandygy hem şeksizdir. Aýzaba gelen we daryl-harba degişli bolmadyk musulman täjirlerden ýokarda agzalyşy ýaly, zekat alynýardy. Aýry musulmanlardan bolsa «wajyp zimme» diýilýän bir salgyt alynýardy. Isgenderiýe, Dimýat, Tinnis we Reşit portlarynda hem şol bir iş ulanylýardy. Şeýle hem bu portlara gelýän keseki gämilerden portuň we portuň işgärleriniň çykdajylarynyň öwezini dolmagy üçin gelýän harydyň tonnasyna görä 1,2/3 bilen 0,5 dinar arasynda üýtgeýän salgyt alyn-ýardy. Bulardan başga kiçi dükan eýelerinden «zekat döwleba» atly bir salgyt, «daryl-wekala» ambarlarynda saklanýan harytlardan belli bir möçberde salgyt alynýardy. Bu döwürdäki önümçilik we senagat sal-gytlary hakda käbir maglumatymyz ýok. Damask, Halap, Mosul, Isgenderiýe, Kair, Tinnis ýaly uly şäherlerde ýarag, magdan zatlaryň önümi, dokmaçylyk has ösendi. Gurluşyk pudagy hem janlydy. Damask, Halap zergärçilikde, misçilikde, amaly haşamda örän ösendiler. Ýokarda belleýşimiz ýaly, bu medeni ugurlardan alnan mukus ýatyrylypdy, onuň ýerine zekat salgydy goýlupdy. JIZÝE Aýallar, çagalar, monahlar, gullar we dälilerden başga kämillik ýaşyna ýeten azat ziilerden alnan salgyda jizýe diýilýärdi. Salahaddiniň döwründe jizýe döwletiň girdeji çeşmelerinden biri bolupdyr. Gönüden-göni Soltana garaşly alymlar we müşripler özlerinden öňki işlänlerden jizýe tölemelileriň sanawyny we näçe möçberde salgyt tölemelidiklerini görkez-ýän depderleri alypdyrlar. Şeýle hem her ýyl hristian we ýehudy zimilleriň ýolbaş-çylary özleriniň jemagatlaryndan jizýe tölemelileriň sanawyny ýöredýärdiler, bu sanawy döwlete berýärdiler. Bu sanawlary ýöredýän işgärlere ratyp diýilýärdi. Bu sanawa «tawary» diýilýän gaýry musulman ýolagçylar we myhmanlar hem ýazylýardy. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň sanawlary hem ýöredilýärdi, bu çagalara «newabyt» diýilýärdi. Şeýle hem ýogalanlaryň we musulman bolanlaryň sanawy-da ýazylýardy. Bular jizýe tölemelileriň sanawyndan çy-karylýardy. Bu salgydyň ýygnalyş möwsümi muharram (aşyr) aýynyň başynda başlanýardy, baýlardan adam başyna 4,1/6 dinar, orta gurplydan 2,1/4 dinar, garyplardan 1,5/8 dinar, gullukçylardan 2,1/4 dinar ýyllyk salgyt alynýardy. Ýygnalan salgytlaryň gündelik sanawyna «taglyk» ýa-da «mahsuma», on günlik sanawa «ruznama», aýyň soňunda çykarylan sanawa bolsa «hatma» diýilýärdi. Şeýle hem ýyllyk sanawa «amal» diýilýärdi. Bulara amyl we müşrif tarapyndan gol çekilýärdi. Makryzynyň aýtmagyna görä, 1191-nji ýylda Müsürde jizýeden 13 000 dinar ýygnanylýardy. Eýýuplar döwletiniň çäklerinde bu mukdar 200 000 dinardy. MEWARIS HAŞRIÝE Salahaddiniň döwründe döwletiň girdeji çeşmeleriniň ýene biri hem «mewaris haşriýe» (mirasdüşeri bolmadyk mallar) bolup durýardy. Ýagny bir kişi yzynda mirasdüşer goýmazdan wepat bolsa, öňürti wesýetleri ýerine ýetirilýärdi, galan emlägi hem döwlet hazynasyna geçirilýärdi. Ölen kişiniň wesýeti ýok bolsa mirasy şol durşuna hazyna geçýärdi. Öleniň mirasdüşeri bar bolsa, emma onuň hem mirasynyň hemmesini almaga hukugy ýok bolsa, ol mirasdan öz paýyny alýardy, galan bölegini döwletiň hazynasyna geçirýärdi. Makryzy bu meselede dürli bidüzgünçilikleriň bardygyny aýdýar. Ibn Memmaty hem özüniň eserinde Kazy Fadyl tarapyndan «mewaris» guramasynyň ýolbaşçysynyň harsydünýäligi tankyt edýändigini belleýär. Ymameddin hem muny tassyklaýar. Ol Nureddiniň döwründe «mewaris haşriýe» diwanynyň gürrüňi az wagty bu çeşmeden gazanylýan girdejiniň üçden biri baş kaza geçirilensoň, naýyplaryň hile ulanyp bilmändiklerini, netijede hem bu çeşmeden hazynanyň girdejisiniň artykdygyny nygtaýar. Salahaddiniň Damaskdaky hazynadary Safy bin Kazbiniň miras-düşeri ýokdy. Ol ölüminden öňürti mallarynyň agramly bölegini memluklarynyň arasynda paýlapdy. Haýyr ýollaryna sarp edipdi. Galan bölegi bolsa «mewaris haşriýe» diwanyna alyndy. Emma bulara garamazdan bu diwanyň Salahaddiniň döwründe hiç bir ýyla degişli girdejisi çeşmelerde agzalmaýar. RIBA WE AHKAR Köpüsi Kairdäki monahlar bilen Isgen-deriýede bolan döwlete degişli öýler, dükan-lar, degirmenler, hammamlar, tamdyrlar, söwda öýleri, birnäçe guramalar we ambarlar «riba» görnüşine degişli mülke girýärdi. Bularyň köpüsi boýagçylara, dokmaçylara, atyr satýanlara, mumçylara, gylyç we eýer ussalaryna we senetçilere tölegine berilýärdi. «Ahkar» bolsa tölegine berlen ýerler we bossanlardy. Bularyň köpüsi fatymylardan galan, bir bölegi bolsa Salahaddin tarapyndan gurulypdy. Bulardan her bir toparyň başynda bir mütewelli bardy. Mütewelli özüniň garamagyndaky gozgalmaýan emläkleriň nyrhlaryny diwana habar ber-mäge, gündelik we aýlyk girdejileriň bel-liklerini «hatma» bilen hasabat bermäge mejburdy. Bu guramalaryň köpüsi Salahaddin tarapyndan galalaryň, keselhanalaryň we hanakalaryň dikeldiş işleri üçin wakf edipdi. Bularyň tölegleri hijri aýa ýa-da ýyla görä bölünýärdi. Kazy Fadyl Fustatdaky «Daryl-Temri» satyn alyp, ýewropalylaryň elinde ýesir bolan musulmanlaryň halas edilmegi üçin wakf edilipdi. Nureddin hem ribanyň we ahkaryň köpüsini wakfa öwrüpdi, gala, diwar, sosial kömek guramalaryna beripdi. Onuň döwründe Şamda ribanyň ýörite bir diwany bardy. Şamda bu diwan Salahaddiniň döwründe hem dowam eden bolmaly. Müsürde Garbyýedäki «Gars» diýilýän we döwlete degişli bolan ahkar görnüşli käbir ýerler hem bardy. Bularyň her bir feddany belli bir nyrh bilen kärendä berilýärdi . ÖRI, SYGYR, GÄWMIŞ, GOÝuN SALGYTLARY Süri eýelerine öri hökmünde kärendä alnan käbir ýerler hem döwletiň girdeji çeşmeleriniň arasyndady. Ýöne bu ýol bilen näçe girdeji ýygnalandygyna degişli hiç hili maglumat ýok. Örilerde otlaýan gäwmiş-lerden, sygyrlardan we geçiden, arydan aýry salgyt alynýardy. Bu ýol bilen hazyna ep-esli girdeji girýärdi. Bu salgytlaryň zekatdan aýrydygy bellidir. Ýöne Salahaddin döwründäki bu işler hakda hiç hili maglumat ýokdur. Seljuklylarda, Horezmlilerde we Osmanlylarda hem goýun salgydy bardy . MUSADERLER, FIDÝELER, OLJALAR Bu döwürde döwletiň girdeji çeşmeleriniň arasynda musaderler (konfiskasiýa), fidýeler (töleg pullary) we oljalar hem möhüm orny eýeleýärdi. Ýöne bular yzygiderli girdeji çeşmeleri däldi. Ýokarda hem aýdylyşy ýaly, Salahaddin 1169-njy ýylda Sudanlylar bilen ermenileriň gozgalaňyny basyp ýatyransoň, olaryň ellerindäki mal-lary we olaryň tarapynda bolan mülklerini konfiskasiýa edipdi. Yzyndan halypa Azytdan köp möçberde altyn, ýarag we at alypdy. Azydyň ölüminden soňra Fatymy köşgündäki gymmatbaha zatlary we gozgal-maýan girdeji çeşmelerini döwletiň haýryna geçiripdi. Oljadan we fidýeden iň köp pul bolsa 1179-njy ýylda Merji-Uýun ýeňşi bilen 1197-nji ýylda Kudusyň ýeňşi mahalynda düşendir. Soltan Kudusyň ýeňşi mahalynda 300.000 dinar töwereginde fidýe alypdyr. Bu möçberi ol alymlara we sopulara paýlapdyr. Şeýle hem 1174-1175-nji ýyllarda Halap-Mosul güýçlerinden gazanylan ýeňişlerde we halap töweregindäki galalaryň eýelenmeginde, Ysmaýylylara garşy geçirilen ýörişde, 1179-njy ýylda Beýtil-Ahzan galasynyň eýelenmeginde, 1183-nji ýylda Amydyň eýelenmeginde, 1183-nji we 1184-nji ýyl-larda Kerek we Kudus korollygynyň ýerle-rine edilen ýörişlerde, 1187-1188-nji ýyllarda Kudus korollygynyň topraklary-nyň we Antakyýa patrikliginiň topraklary-nyň eýelenmeginde köp möçberde olja alnyp-dy . KÖPRI SALGYDY Kairda, Garbyýe we Şarkyýe welaýatlarynda, Kusna adasynda köprüleriň gurluşy we dikeldişi üçin halkdan salgyt ýygnalýardy. Bu salgyt her kiçi sebitden 10 dinar möçberinde alynýardy. Köprüleriň çykdajylaryndan artyk galan pul bolsa hazyna geçirilýärdi. Ibn Memmatynyň aýtmagyna görä, soň-soňlar bu salgyt daýhanlardan harajyň bir bölegi hökmünde alnyp başla-nyldy . RUSUM WULAT Bu salgyt umumy hyzmatlaryň düzgün-tertibini üpjün etmek üçin ýygnalardy. Salahaddin 1181-nji ýylda Kair, Fustat, Ýokarky Müsür we Feýýum halkyny bu salgytdan boşadypdy . SAMAN, ÖÝ GOŞLARY WE GORAG-HEMAÝaT SALGYTLARY Yktalardan galan saman üçe bölünýärdi. Birini daýhan, birini yktaly, birini döwlet alýardy. Döwlet ähli saman salgydyny zat hökmünde däl-de, her 100 ýük samana derek daýhandan 4,1/6 dinar salgyt alýardy. Öý guşlardan bolsa döwlet her 100 jandardan 20 bilen 70 dirhem arasynda üýtgeýän bir salgyt alýardy. Şeýle hem ýaşalýan ýerlerde we ýollarda asudalygy üpjün edýändigi üçin bedewiler-den goraýandygy üçin «resm hafara» ýa-da «hemaýat» salgydy alynýardy. Ýaplaryň we kanallaryň gözegçiligi üçin rusumu hawliý-ýil-bahr, resm jerarif has ýaly halkdan we daýhandan salgyt alynýardy . MAGDANLAR Ibn Memmaty: «Dünýäde Müsürden başga hiç bir ülkede bir kişiligi 100 dinar bolan mata öndürilmeýär. Ol ýerde altyn we kümüş magdanlary bardyr. Müsürden başga ýerde zümerret magdany we belesan ýagy ýokdur» - diýýär. Salahaddin döwründe Müsürde soda, kwass, duz, zümerret magdanlary gazylyp alnypdyr. Ehrenkreuzyň we Rabygyň aýdýanlarynyň tersine, Ibn Memmatynyň sözlerinden altyn magdanynyň hem alnandygy ýüze çykýar. Ehrenkreuzyň sözleriniň tersine, Salahaddiniň bir hatyndan Eýýuplylar döwletiniň çäklerinde demir magdanlarynyň alnandygy hem belli bolýar. Altyn we zümerret ýurtdan çykarylmaýardy. Demir bolsa döwletiň isleglerine ýetmeýärdi, bir bölegi Ýewropadan getirilýärdi. Agaçda-da ýagdaý şeýledi. Ýöne bu döwürde döwletiň garamagyndan köp möçberde daşary çykarylýan soda we kwassyň magdanlary iberilýärdi. Bularyň deregine ýewropaly täjirlerden demir, agaç we smola satyn alynýardy. BALYKÇYLYK Bu döwürde Müsüriň içindäki köllerde, Nil derýasynda, Ortaýer we Gyzyldeňiz kenarlarynda balykçylyk diýseň ösüpdi. Başda Nastaru we Tinnis kölleri bolmak bilen bol balygy bolan köller Soltanyň garamagyndady. Bularyň arasynda aýratyn hem Nastaru kölüniň balykçylyk taýdan ähmiýeti uludy. Nastaru we Tinnis köllerinde balyk awlamak pursady döwlet tarapyndan ýyllyk kärendeçilere satylýardy. Salahaddin döwründe Nas-taru kölüniň ýyllyk balyk tutmak muzdy 17 500 dinara çenli galypdy. Salahaddin bu kölden gelýän girdejini ýetimlere we dullara berýärdi. WAKFLAR Wakflaryň käbiri barada riba we ahkar bölüminde gürrüň edildi. Bular dürli zamanlarda musulmanlar tarapyndan dürli maksatlara wakf edilen öýler, myhmanhanalar, degirmenler, ekerançylyk ýerleri we Nil derýasynyň golaýyndaky ekerançylyk meýdanlarydy. Bularyň wakfiýeleri (wakf dep-derleri) wagtyň geçmegi bilen ýitipdir. Bu wakflaryň girdejileri metjitlere, medreselere, müderrislere, ymamlara, hutbaçylara, suw ýollaryna, talyplara, sadaka alýanlara sarp edilýärdi. Bulardan ekerançylyk ýerleri bolanlar nagt salgyt töleýärdiler. Bu ýerlerde esasan zygyr ekilýärdi, her feddan başyna 3,1/2 bilen 3,1/4 dinar salgyt alynýardy. Salahaddin bu meselede Nuraddiniň ýoluny dowam etdiren bolmaly. Çünki ol hem wakflary Emewi metjidiniň wakyflary bilen birleşdirip, bulara «Mal masalyh» diýip at goýupdyr. Mundan mätäçler, garyplar, misginler, dullar we ýetimler ulanýardy . AJEZ-UDDE WE AJEZ-MAL Haýsydyr bir emire 20 000 dinarlyk olja berilse, munuň deregine 50 sany tawaşy (memluk esger) taýýarlamaga şert goýulýardy. Eger ol 48 tawaşy berse, ýetmedik 2 tawaşynyň ýerine 800 dinar alynýardy. Alnan bu pula «ajez mal» ýa-da «ajez udde» diýilýärdi. HAZAÝYNYL SILAH SALGYDY Goşuna gerekli ýaraglaryň öndürilýän ýeri bolan hazaýyn silahda (zerhanada) işleýänleriň ýarag öndürilişinde gerek bolan agaç, demir, çeňňel, manjanyk ýaly zatlar üçin hem aýry salgyt alynýardy. FLOT WE ARSENAL SALGYDY Flotuň gämileriniň gurluşyk we dikel-diş çykdajylary üçin hem aýry salgyt alynýardy. Fustatda, Dimýatda we Isgenderiýede we Kairde arsenallar bardy. Bu arsenalyň gozgalmaýan emlägi we ekerançylyk wakflary bardy. Arsenala gerekli bolan demir, agaç we smola «metjer soltanydan» we beýleki çeşmelerden alynýardy. Alnan bu zatlaryň pulunyň bir bölegi arsenalyň we flotuň wakflaryndan alynýardy. MUTEWEFFIR Eger bir yktaly wepat bolsa, onda onuň şol ýylky hakyndan ölümine çenli möçber çykarylýardy, galan mal mirasdüşerlerine berilýärdi. Mirasdüşeri ýok bolsa bu artan möçber hazyna geçirilýärdi. Şeýle hem ynsanyň çeşmesi yktalylara bellenilen puldan köp bolsa, galan bölegi beýtil-mala geçirilýärdi. Bularyň ikisine hem muteweffir diýilýärdi. FAWAZYL Bir esgere ýyllyk 600 dinar girdeji (ykta) bellenýärdi. Ýöne eger ol bir ýylyň içinde iki aýlap rugsatsyz yktasyndan (wezipesinden) gitse, ondan 100 dinar hazyna geçirilýärdi. Muňa hem fawazyl diýilýärdi. GAÝBANAT Mysal üçin, bir esgere ýylyň üç aýy geçensoň 1000 dinarlyk bir jamekiýä yzygiderli görnüşde ykta berilse, yktalynyň hyzmat etmedik ýylynyň dörtden biri bolan 250 dinar çykarylýardy. Bu möçber has öňki yktala berilýärdi. Bu möçbere tapawut ýa-da öňki möhletden galan pul diýilýärdi. Bu işe hem «gaýbanat» diýilýärdi. NYSFUL-HÜŞÜR (HÜŞÜRIŇ ÝaRYSY) Bu salgyt daýhanlaryň gazanan hasyly-nyň mukdaryna görä alnan salgytlary ykta eýelerinden alynmaýardy. Eger ykta eýesi daý-hanyň bu salgytdan azat edilmegini isleýän bolsa, salgydy özi tölemeli bolýardy. Salahaddiniň döwründäki bu iş ahyrky görnüşidi. Çeşmelere görä, bu salgytda adalatsyzlyk bardy. Şerigat hüşüriň ýarysyny we zekaty käbir hasyllarda şert goýupdy. Bu salgyt zähmet çekilýän ekerançylyk hasyllaryndan alynýardy. Bugdaý, arpa we gök-önüm arasynda bu salgydyň ýygnalmagynda hiç hili tapawut ýokdy. Belli bolşuna görä, bu salgyt harajyň ýa-da hüşüriň alynmaýan ýeri bolan hasylsyz pes ýerden alynýardy. DARYL-AÝaR (ÖLÇEGHANA) Bu döwürde şäherlerde muhtesibe degiş-li «daryl-aýar» diýen gurama bardy. Dürli ölçeg we çeküw gurallary we daşlary bu ýerlerde satylýardy. Muhtesibi we onuň naýyplary bazarçylaryň agyrlyk, uzynlyk we göwrüm ölçeglerini bu ýerde barlag edýärdiler. Eger göwrümde, çeküwde, ölçegde, terezide kemçilik bar bolsa, onda eýelerini jezalandyrýardy, gurallaryny ellerinden alýardy. «Daryl-aýar» olara täzesini berýär-di. Bu gurallar mis, demir, aýna, agaç, daş we beýleki magdanlardan ýasalýardy. Agyrlyk ölçegleri dürli görnüşdedi. Bu ýerde söw-dadaky däp-dessuryň uly täsiri bardy. Salahaddin Kairdäki daryl-aýaryň girdejisini «diwanyg-sura» geçiripdi. DARYL-TIRAZ (TIKINÇILIK USSAHANASY) Bu döwürde Isgenderiýe, Kair, Damask, Halap, Mosul we Kudus ýaly uly dokmaçylyk merkezlerinde «daryl-tirazlar» bardy. Bu ýerlerde köşk we döwlet adamlary üçin kümüş, gyzyl çaýylan, dürli görnüşli ýüpek, ýüň, pagta we keteni ýaly gymmatbaha matalar dokalýardy. Hökümdar we döwlet ýolbaşçylary üçin dabara geýimleri, halatlar, keseki hökümdarlara iberilýän geýimler we mata sowgatlar bu ýerlerde öndürilýärdi. «Daryl-tirazyň» soltan tarapyndan perman bilen bellenilýän nazyry, mujrifi, alymy we şahydy (şaýady) bardy. Bu ýerlerde öndürilýän matalaryň pullary kümüş we altyn hökmünde diwanyl-mal ýa-da şahslar tarapyndan tölenýärdi. Eger diwanyl-malyň berýän puly matanyň çykdajysyndan artyk bolsa, galan bölegi yzyna berilýärdi . DARYL-DARP (DARPHANA) Salahaddiniň döwründe döwletiň girdeji çeşmeleriniň biri hem darphanalardy. Bu döwre degişli çeşmelerden we bu döwürde basylan pullardan Müsürde, Kairde, Fustatda, Isgenderiýada, Şamda, Eljezirede, Damaskda, Halapda, Harranda, Nusaýbde, Mosulda, Alşytda, Hysyp-Keýfada, Myýafarykda, Sinjarda we Erbilde darphanalaryň bolandygy bellidir. Döwlet pul çykarýan kişilerden ýörite salgyt alýardy. Bu ýollar bilen döwlet hazynasyna köp möçberde gir-deji girýärdi. Darphanada işleýän işgärler dürli-dürlidi. Bu ussalaryň başynda mukaddem (ussabaşy) bolýardy. Ol pul çykarmak bilen baglanyşykly ähli işlere jogapkärdi. Pul ýasalmaly magdan onuň gözegçiliginden gowy edilip geçirilýärdi. Mukaddemden soňra nakgaş gelýärdi. Nakgaş pullara möhürleri basýan ussadyr. Ondan soňra darrap gelýärdi. Bu ussa ereýän magdanyň üstüne duz, sirke goşýardy, bu ergini galyplara guýýardy. Magdany erediji «Sebbak» bolsa darphanalardaky wezipelileriň iň soňkusydy. Darphanadan çykansoň, puluň gözegçiligi muhte-sibiň wezipesidi. NETIJE Bir döwrüň taryhy baradaky maglumat-larymyz bilen şol döwrüň medeniýet durmuşynyň arasynda dogry deňagramlylygyň bardygyny aýtsak ýalňyşmarys. Salahaddi-niň döwri şol nukdaýnazardan dogrudan-da baý we kuwwatly döwletleriň biridir. Hatda bütin Eýýuplylar döwri käbir içerki düşünişmezliklere garamazdan, medeniýet, dur-muş taýdan janly geçipdir. Belki-de, taryhda ilkinji gezek hadysalar şeýle anyk çyzgylar bilen soňky nesillere geçi-rilendir. Elimizdäki bu taryhy maglumat-laryň uly bir bölegi üçin Salahaddini örän ýakyndan tanaýan döwlet diwanhanasynda möhüm wezipelerde işleýän taryhçylara bergidardyrys. Bularyň başynda wezir Kazy Fadyl, «Syr kätibi» Ymadeddin Kätip Yspyhany, Ibn Şetdat, Ibn Memmaty we taryhçy Ibn Esir ýaly yslam taryhynda meşhurlyk gazanan alymlar gelýändir. Salahaddin diňe öz döwründe däl, eýsem has soňraky ýyllardaky taryhçylar tarapyndan üstünde uly ähmiýet berlen şahsyýetdir. Köpçüligiň haýalynda ol nusgawy soltan hökmünde ýaşapdyr. Has soň-soňlar Beýbars döwründe ýaşan Ibn Wasyl Salahaddin we Kazy Fadyl barada: «...Soltan diýeniň şunuň ýaly bolsun. Wezir hem Kazy Fadyl ýaly maslahatçy bolsun» diýip, baha berýär. Usama bin Munkyz bolsa ony dört çaryýarlar döwrüni täzeden janlandyran soltan hökmünde görýär. Salahaddiniň kakasy we agasy Seljuk-lylaryň we Zeňňileriň hyzmatynda işlän uly emirleriň biridir. Nejmeddin Eýýubyň gysga wagtyň içinde Zeňňi tarapyndan Baal-bek ýaly möhüm şähere emir bellenilmegi hem munuň aýdyň delilidir. Onuň agasy Şirkuh bolsa Zeňňi ýogalan wagty döwletiň iki sany uly serkerdesiniň biridir. Ol Nureddiniň Halaba eýe bolmagynda, haçlylara garşy ýeňişlerinde iň uly kömekçisi bolandyr. Eýýuplylar Nureddiniň iň uly üstünligi bolan Damaskyň we Müsüriň eýelenmeginde köp işleri edendirler. Bu ýeňişleri üçin Nureddin türkmenlere bergi-dardyr. Eýýuply maşgalasynyň ähli soltanlary, esasan, türkmenlere daýanypdyrlar. Türkmenlere bu döwletde elmydama aýgyt-laýjy orun degişli bolupdyr. Aslyýetinde zeňňiler, eýýuplylar, memluklar döwletiniň esas daýançlary, ýaşan ýerleri we döwlet gur-luşlary birmeňzeşdir. Bu döwletleri biri-birinden tapawutlandyrýan zat diňe nesilşa-lyklardyr. Çünki Wizantiýa döwletinde hem birnäçe nesilşalyklar höküm sürüpdir. Şonuň üçinem zeňňiler, eýýuplylar we memluklar döwletlerini bütewi bir döwlet hasaplamalydyr. Bäş ýüz ýyla golaý höküm süren bu döwlet, türkmen döwletleriniň arasynda Osmanly döwletinden soňra iň köp döwran süren, çuňňur kökli bolupdyr. Zeňňiler-eýýuplylar-memluklar döwleti arap ülkelerinde türkmen hökmürowanlygyny düýpli ýerleşdiren ilkinji döwletdir. Bu döwlet yslam dünýäsiniň iň agyr döwür-lerinde Ýakyn Gündogardaky haçly ýörişleriniň soňuna çykyşy ýaly, mongollaryň we haçlylaryň yslam dünýäsini gysgyja alan iň umytsyz günlerinde umyt yşygy bolupdyrlar. Olar haçlylary we mongollary ýeňip yslamyň ýaşamak güýjüni bütin dünýä subut edipdirler. Bu döwletiň medeniýet durmuşy, döwlet gurluşy taýdan ösen döwrüni ýaňzydypdyr we haçly ýörişler arkaly Ýewropa täsir edipdir. Şeýle hem olar Anadoly Seljuklylaryna we Osmanlylara sungat we medeniýet taýdan täsir edipdir. Anadoly Seljuklylarynda we Osmanlylaryň ilkinji döwürlerinde ýetişen alymlaryň köpüsi Müsür we Şam medreselerinde okap, bilim alypdyrlar. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |