16:22 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Serhetýaka güýçleri | |
SERHETÝAKA GÜÝÇLERI
Taryhy makalalar
Şol wagtlarda Şamda, Iordaniýada we Sina sebitlerinde serhetleri ýewropalylardan goraýan çarwa türkmen we arap taýpalary bardy. Bular hem bu serhetlerde mallaryny otladýardylar hem-de Ýewropa talaň edýärdiler. Türkmenler Şam serhetlerinde, çarwalar Iordaniýa – Sina sebitlerinde köpçülik bolup oturýardylar. Adatdan daşary ýagdaýlarda bulardan esger ýygnalýardy. Şeýle hem Iordaniýa we Sina sebitlerindäki çarwalar käwagt ýewropalylar bilen ylalaşyp, olar üçin içalylyk we ýolbeletçilik işlerini ýerine ýetirýärdiler. Bu türkmen we bedewi taýpalary Anadoludaky «Uç türkmenleri» ýaly elmydama hereketiň içindediler. Eger duşman bilen çaknyşmasalar, käwagt biri-birleri bilen çaknyşýardylar. Hatda olar käwagt obalara we şäherlere-de hüjüm edýärdiler. Hums emirliginiň wezipeleriniň biri hem Şamdaky çarwa araplary öz golastyna geçirmekdi. Salahaddin 1173-nji ýylda Kerek-Şöwbek ýörişine çykansoň, bu sebitde ýewropalylara ýolbeletçilik eden çarwa araplary dargadypdyr, bulardan beni ybada degişli iki müň kişilik bir atly bölümini Şama Nureddiniň ýanyna iberipdi. Şyhabynyň nygtamagyna görä, şol ýylyň içinde Salahaddiniň tarapdary Benu Şyhap Nureddinden gorkýandyklary üçin Harran sebitinde ýewropalylaryň elinde bolan Wadyl-Teýme gidipdiler. Ýewropalylar olary bu ýerden kowmak üçin uly goşun bilen üstlerine ýöräpdirler. Netijede, iki tarapyň arasynda üç güne çeken aýylganç söweş Beni Şyhabyň ýeňşi bilen gutarypdyr. 1181-1182-nji (577-578-nji hijri) ýyllardaky Reno we Şatillonyň Teýma we Gyzyl deňiz ýörişlerine çarwa araplary ýolbelet boldu-lar. 1181-nji (577-nji hijri) ýylda Salahaddin Şarkyýe welaýatynda ýaşaýan we ýewropalylara bugdaý beren Juzam we Saglaba araplarynyň yktalaryny ellerinden alyp, olary Buhaýra sürgün etdi. 1191-1192-nji (587-588-nji hijri) ýyllarynda Sina sebitindäki käbir çarwalar Angliýanyň koroly şir ýürekli Riçard bilen bilelikde hereket edip, Müsürden gelýän uly kerweniň talanmagyna sebäp bolupdyrlar. Şeýle hem 1178-nji (574-nji hijri) ýylda Şamda emele gelen gurakçylyk mahalynda bedewiler ýewro-palylaryň serhetlerinde bolan türkmenleriň üstüne çozup, olary talap, ýerlerinden kowup çykarypdyrlar. Salahaddin soň türkmenlere ilçiler iberip, olary öňki ýerleri-ne getirdýär. Çarwa türkmenler we araplar adaty döwürlerde serhetleri goraýyşlary ýaly, adatdan daşarky ýagdaýlarda goşuna alynýardylar we möhüm işleri ýerine ýetirýärdiler. Esgerlik düşewüntli iş bolandygy üçin, olar hem uly höwes bilen bu teklibi kabul ederdiler. Has öňräk Artyklylar we Damask atabegleri bu çarwa serhetýaka güýçlerinden köp peýdalanypdylar. Bulardan belli bolşuna görä, türkmenler tertipli söweşlerde, çarwa araplary olja almakda üstünlik gazanýardylar. Bulardan Nureddiniň we Salahaddiniň döwürlerinde, kyn wagtlarda esgerlige alnandyklaryny we möhüm işleri ýerine ýetirendiklerini bilýäris, ýagny Esededdin Şirkuhyň türkmenler bilen arasy gowudy. Nureddiniň döwründe Şirkuhyň serkerdelik eden bölümleriniň köpüsi türkmenlerden ybaratdy. Şirkuh üçünji Müsür ýörişine çykan wagty türkmenleriň arasyna gelip, olardan esger ýygnapdyr. Çeşmeleriň aýt-maklaryna görä, bu ýörişe gatnaşan esger-leriň köpüsi türkmenlerden ybaratdy. 1178-1179-njy (574-575-nji hijri) ýyllarda Şamda ýüze çykan gurakçylyk sebäpli, Sa-lahaddin uly harby güýji saklap bilmeýärdi. Ýöne ol şol mahal Merji-Uýun söweşi we Beýtil-Ahzan galasynyň ýeňşi mahalynda türkmenlerden we bedewilerden uly möçberde peýdalanypdyr. Tertipli-nyzamly bedewi bölümleri Şakyfy-Arnun söweşi mahalynda ýewropalylar bilen Sur Tybnin arasynda bolup geçen söweşlerde we üçünji haçly ýörişi mahalynda goşuna kömekçi bolupdyrlar. Rabyga araplarynyň serkerdele-rinden Nukra emiri Zamyl bin Tubbel, Hajy bin Mansur we Mutrif bin Rabyg Suruň eteginde, Şam araplarynyň serker-desi Mujella bin Merwan Akka etegindäki Uly Söweşde şehit bolupdyrlar. Türkmen-ler we bedewiler Akka goragynda, onuň yz ýanyndaky Arsuf hadysasynda we Remle söweşlerinde möhüm işleri ýerine ýetirýär-diler . Käbir taryhçylar tarapyndan aýratyn bir gatlak ýaly edilip görkezilýän «ejnat» gatlagy zerur wagty esgerlige alnan bu serhetýaka güýçlerinden başga zat däldir. Bular başga wagtlarlarda öz işleri bilen meşguldylar . PYÝADA GOŞUN Bu döwürde pyýada goşun atlylara görä has az hereket edýändikleri üçin meýdan söweşlerinde we çapawulçylykda kän ulanylmaýardy. Pyýada goşun, esasan, gala gabawy, goragy ýaly az hereket edilen harby işlerde ulanylýardy. Gala gabawlarynda we goraglarynda halaplylar uly abraýa eýediler. Iň gowy däri partladyjylar we nebitçiler olaryň arasyndan ýetişýärdi. Şeýle hem ol esgerler gala we diwar dikeldilmeginde uly işleri amala aşyrýardylar. Bular jandar (atyjy), manjanykçy, nakkap, naffat (nebitçi), çarhçy, hajjar (daşçy), horasa-ny (harjçy) ýaly birnäçe atlar bilen atlandyrylýardy. Aýratyn hem nebitçilik we nakkapçylykda musulmanlar haçlylardan üstündiler. Şonuň üçinem gysga wagtyň içinde galalary eýeläp bilýärdiler. Akka goragy mahalynda nebitçiler uly işleri alyp barýardylar. Jandarlaryň iň möhüm ýolbaşçylarynyň biri Togrul Jandardy. Bu kişini birinji Halap gabawynda, Azazyň eýelenmeginde, Baalbek gabawynda, Kudus korollygynyň topraklarynyň we Antakyýa topraklarynyň ýeňşi mahalynda, Akka gaba-wynda görýäris. Akkadan gaçanlaryň arasyn-da «Nakyp Jandaryýe Nasyryýe» Abdylkadyr Halabynyň Beýrutdan Akka azyk getirýärkä haçly floty tarapyndan gark edilen gämi barada gürrüň gozgaýarkak, gämidäki atyjy esgerleriň ýolbaşçysy Ýakup Halabynyň ady agzalýar. Soltan Hyttyn söweşinde bir gün öňürti Tabaryýa şäherini eýelemek üçin ýanynda gorag bölümi bilen jandarlary, daşçylary we horasançylary (harççylary) alyp gidipdi. Antakyýa topraklarynyň ýeňşinde Mälik Zahyryň Halapdan getiren manjanykçylary, çarhçylary, atyjylary, horasançylary uly işleri ýerine ýetirýärdiler. 1189-njy (585-nji hijri) ýylyň aýagynda flotuň deňizde döreden artykmaç-lygyndan peýdalanan Soltan Akka manjanykçylar, arradalar, nebitçiler, birnäçe ýaraglary ulanyp bilýän esgerler, çarh we zemberek (pružin) ulanýan okçylary salýar. 1192-nji (588-nji hijri) ýylda Soltanyň Ýafany eýelän wagty Riçardyň Darumy eýelän mahalynda halaply däri partladyjylar uly rol oýnapdylar. Has soň-soňlar otly ýaraglar has ösensoň pyýada goşun uly ähmiýete eýe bolandyr. Şonuň üçinem osmanlylarda ýany-çarlar atly bölümlerini däl, otly ýaraglar ulanylan pyýada bölümlerinden ybarat bo-lupdyr . Sybt bin Jöwziniň belligine görä, Hyttyn söweşine uly möçberde pyýada öz islegi bilen goşulypdy. 1189-njy (585-nji hijri) ýylyň aýaklarynda Akkanyň etegine gelen Mälik Adylyň serkerdeligindäki Müsür goşunynda pyýada sudanlylar bardy-lar. Kudus we Askalan ýeňişlerinde-de meýletin pyýadalar köpdi. Akka söweşle-rinde ogurlyk we talaňçylyk bilen gün geçirip ýören «lususyl arap» (arap garakçylary) toparlaryndan hem peýdalany-lypdyr. Pyýada bolan bu esgerler gijeleri duşmanyň üstüne hüjüm edip, uly zyýan ýetirýärdiler. ZERDHANA WE ISTABL (ÝARAG SAKLANÝAN ÝER WE SOLTANYŇ ATÝATAGY) Hökümdarlaryň ýarag we sowut ammaryna zerdhana, atlarynyň saklanylýan ýerine hem istabl-ahyr diýilýärdi. Soltan ýörişe çykan wagty derňew geçirilýärdi, aty we ýaragy bolmadyklara ýa-da aty we ýaragy söweşde pes bolup biljeklere bu ýerden at we ýarag berilýärdi. Bu ýerlerde at ýetişdirmek we ýarag öndürmek üçin döwletiň býužetinden ýörite serişde goýberilýärdi. Bu ýerde ýarag ýasaýan ýörite ussalar we at ýetişdirmek üçin ýörite seýisler saklanypdyr. Mydamalyk esgerleriň atlary we ýaraglary hemişe öz ýanlaryndady. Olar atlary sandan galyp, ýaraglary könelip zaýalanan ýagdaýynda täzelerini alýardylar. Käwagtlar esgerler gözden geçirilip atlar we ýaraglar gözden geçirilýärdi. Söweşde ölen atlaryň, döwlen ýarag-laryň ýerine soltan we emirler tarapyndan täzesi berilýärdi. Merji-Uýun söweşi maha-lynda we üçünji haçly ýörişi hadysalarynda zerdhana we istabl barada köp agzalýar. Bu ýerlerdäki beýanlardan belli bolşuna görä, zerdhananyň we istablyň goşunyň ýükleri bilen birlikde alnyp gidilendigi belli bolýar. Hiç gürrüňsiz istabla degişli bolan ýörite otluk meýdanlar bardy we bu ýerlerde soltan üçin at ýetişdirilýärdi. Ymaded-diniň aýtmagyna görä, Soltan üçünji haçly ýörişi mahalynda esgerlerine on iki müň at paýlapdyr. GOŞUN BAZARY Ýöriş mahalynda esgerleriň özlerine gerekli zatlaryny satyn alyp biler ýaly ýörite goşun bazary bolupdyr. Bu bazar go-şunyň ýükleri bilen bile hereket edýärdi. Bu ýerde işleýänler raýatlardan ybarat bolup, ýolbaşçylary şihnedi. Bazardaky dükanla-ryň we işleýänleriň şihne tarapyndan ýöredilýän bir depderde ýazgylary bardy. Salahaddin döwründe goşun bazaryndan ilkinji gezek 1177-nji (573-nji hijri) ýylda Askalan we Remle ýörişleri sebäpli gürrüň gozgalýar. Bu ýörişde goşun ýükle-rini Aryşda taşlap Palestinanyň içine girýärler. Şonuň üçinem Bilbisiň demir-gazyk-gündogaryndaky goşunyň ýygnanma ýeri bolan Mibrezde esgerlere on günlük ätiýaç azyklaryny ýanlaryna almaklary emr edilýär. Bu ýagdaý sebäpli goşun bazarynda bahalar örän ýokarlanypdy. Ymadeddin şu mynasybetli şeýle diýýär: «Bir zatlar almak üçin goşun bazaryna gitdim. Bahalar galyp, alynmaly zatlar gymmatlapdy, hat-da tapylmaýardy. Men mundan soňra hyzmatkärime: «Yzyma gitmek isleýärin. Ýüklerimi, goşlarymy satuwa çykar, bu amatly pursat-dan peýdalan» diýdim. Bulardan başga, 1184-nji (580-nji hij-ri) ýyldaky Kerek gabawy, Şakyfy-Arnun gabawy, Akka goragy mahalynda hem goşun bazaryndan köp gürrüň gozgalýar. Şakyfy-Arnun gabawy mahalynda Reno de Sidona goşun bazaryndan ýarag almagy, Akka goragy mahalynda Angliýanyň koroly Riçardyň ilçilerine goşun bazarynda gezmekleri we söwda alyş-satyş etmekleri üçin rugsat berlipdi. Goşun bazary barada iň köp maglumaty Makryzynyň Abdyllatyp Bagdadydan alan bir bölüminden tapýarys. Makryzy bu bölümi 1187-nji (583-nji hijri) ýylyň wakalary-nyň içinde berýär. Emma Abdyllatyp Bagdady özüniň terjimehalyny beýan edýän eserinde Akkanyň etegine 1191-nji (587-nji hijri) ýylda barandygyny anyk ýazýar. Bölümiň beýany hem biziň garaýşymyzy tassyklaýar. Abdyllatyp şeýle diýýär: «Akkanyň etegindäki Soltanyň ordasyn-da uly bazar bardy. Bir ýüz kyrk sany demirçi dükanlary bardy. Bir naharhananyň içinde ýigrimi sekiz gazan gördüm. Her gazan bir goýunyň başyny alyp biljek möçberdedi. Bazar şihnesiniň (subaşy) ýanyndaky depdere bellenilen dükanlaryň sany ýalňyşmasam ýedi müňdi. Bular şäher-däki dükanlar ýaly däldi. Bir dükan ýüz dükana deňdi. Goşuna gerekli ýetmezçilikler haltalar we ganarlar bilen satylýardy. Bir ýerde köp wagtlap ýaşaýandyklary üçin esger-leriň öýleri porsapdy. Golaý bir ýere göçen wagtlary bir ýag satyjysy harytlaryny daşatmak üçin ýetmiş müň dinar töläpdi. Köne we täze manufakturaçylar bazary akyl-darlar pikir berjek derejededi. Ordagähde müňden köp hammam bardy. Hammamlaryň köpüsini magryplylar işledýärdi. Iki-üç kişi birleşip, iki ziraga çenli ýeri gazýardylar, suw çykarýarlar, palçykdan howuz gurýarlar, töweregini diwar bilen ýapýardylar. Üstüni hem töwerekden kesen agaçlaryndan we şahalaryndan örtýärdiler, hammam gurýardylar. Bir ýa-da iki dirheme suwa düşýärdiler». Goşlar we goşun bazary goşundan aýrylan wagty bahalar diýseň uly möçberde galýardy. Ýewropalylaryň Akkadan Ýafanyň üstüne ýörän we musulmanlaryň olaryň yzyndan giden mahaly bahalar örän galypdy. Ýokarda Remle ýörişinde hem belleýşimiz ýaly, goşun duşmanyň içlerine hüjüm eden wagty goşlar we goşun bazary karargähde galýardy. Bu ýagdaýda esgerler karargähe gaý-dyp gelýänçäler öz azyklaryny, mallarynyň iýmitini ýanlarynda alyp gitmäge mejburdylar. Şeýle ýörişlere «jerideten» (aýak-ýalaňaç) ýörişi diýilýärdi. Şeýle hem esgerler uzak we agyr ýörişlere çykmakçy bolsalar, olara ätiýaçlyk üçin artykmaç pul (harçlyk) berilýärdi. Nureddin üçünji Müsür ýörişine çykan esgerleriň her haýsyna ýigrimi altyn beripdi. 1181-nji (577-nji hijri) ýylda Ýemene iberilen tawaşylara, yktaly bolsalar-da, on altyn-dan berlipdi. Şeýle hem söweşlerde esger-leri höweslendirmek üçin sylag hem töle-nipdir. Beýtil-Ahzan galasynyň ýeňşinde Sur gabawy mahalynda bu ýagdaý anyk görünýär, sebäbi ruhy täsirlerden başga-da, maddy täsirler hem esgerleriň söweşmeginde uly rol oýnaýardy. Hatda bu döwürdäki esgerleriň maddy peýda gazanmak üçin käwagt duşman tarapyna goşulandyklary hem bellidir. Çünki, Nureddin döwründe birinji we ikinji Müsür ýörişlerine goşulan esgerleriň käbirlerini Şawer altyn berip öz tarapyna çekipdi. Birinji Mosul gabawy mahalynda hem iki tarapdan birnäçe esger-ler mal-mülk we halat-serpaý tamasynda garşy tarapa goşulypdylar. Üçünji haçly ýörişi mahalynda käbir musulman esgerler aýallar üçin haçlylaryň ordasyna gaçyp-dyrlar. Şeýle hem ýewropalylaryň arasynda açlyk wagty käbir haçly esgerleriň musul-man ordagähine gaçandyklaryny bilýäris. Bularyň käbirleri musulman bolup ýewropa-lylara garşy söweşipdirler. Angliýanyň koroly Riçard pul bilen käbir türk memluklaryny satyn alyp, bulardan bir ýüz ýig-rimi töwerek kişini Ýewropa alyp gidipdir. Mydamalyk esgerleriň söwda, senagat we ekerançylyk bilen meşgullanmaklary gadagandy. Ne esgerler raýat işleri bilen, ne-de raýatlar esgerleriň işi bilen meşgullanýardylar. Şeýle ýagdaýa-da üns bermelidiris, ýagny eýýuplylaryň esgerleri hiç haçan mu-sulmanlar bilen bolan söweşlerinde halky ýesir almandyrlar, aýallara we çagalara degmändirler. Kuruny-Hama we Tell Soltan söweşlerinde ýesir alnan esgerler derrew boşadylypdyr. Hatda soltan we onuň esgerleri haçlylara hoşniýetlidi. ESGERLERIŇ LYBASLARY WE GOŞUNDA ULANYLAN ÝARAGLAR Kalkaşandy: «Fatymylar döwletiniň ýerine eýýuplylar döwleti geçensoň, ülkäniň dolandyrylyşynda birnäçe ugurdan üýtgeşmeler bolup geçdi. Atabegler döwletiniň nyzamyna görä hereket etdi. Eýýuplylar başlaryna sellesiz sary kelutalar geýýär-diler, saçlary bularyň aşagyndan görün-ýärdi. Bu meselede memluklar, emirler we beýlekileriň arasynda hiç hili tapawut ýokdy» diýýär. Dile degişli kitaplarda «telpekdigi» içi pagta bilen düşelen kiçi we burçly bir «külahdygy» aýdylýar. Alymlar gatlagy bolsa selle geýýärdi. Ymadeddin Kätip bu döwürde türkleriň arasynda saç ösdürip, soňra ony örüp, görkezip gezmegiň däpdigini aýdýar. Esgerler kelutadan başga gyýma balak, köýnek, bularyň üstünden don ýa-da içmek, aýaklaryna ädik ýa-da mesi geýer ekenler. Söweş wagtynda tuwulga, demir, tagta we örme sowut geýilýärdi. Sowudyň ýerine käwagt keçe ýa-da deriden örülen gursakça geýilýärdi. Esgerler ýarag hökmünde gylyç, galkan, ok-ýaý, birden köp ok atýan tüpeň (zeýýara), zemberek we çarh diýlip atlandyrylýan ýaý, palta, aýpalta, gürzi, bulawa, kemen, manjanyk, arrada (diwar deşiji), manjanyklar bilen ýa-da el bilen atylýan nebit gaplary, nebit el minalary, turbalar arkaly atylan we howada uçup nyşana baran dumansyz nebit raketalaryny ulanýardylar. Gabawlarda ýa-da gala goraglarynda manjanyk, arrada, debbaba diýilýän hüjüm minaralary, merdiwanlar, çeňňeller ulanýardylar. Goranmak üçin galkandan başga sitara, jefti, jenewi, taryky ýaly esbaplary ulanýardylar. Amydyň gabawynda görnüşi ýaly, oklaryň uçlaryna daňylyp wagyz hatlary hem atypdyr. Manjanyklar we arradalar bilen daş, gyzgyn demir, nebit gaplary atylyp, duşmanyň alatlary, galalary we diwarlary ýykylýardy. Goç kellesiniň ulanylandygyna duş gelmeýäris. Diňe Akka goragynda haçlylar tarapyndan ýasalan bir goç kellesinden, «pişik» diýlen galyň demirden bolan çeňňekleri bolan bir gural barada gürrüň gozgalýar. Has ýokarda bu döwürde musulmanlaryň ýarag üstünlikleriniň arasynda bolan däri partladyjylykdan we nebitçilikden gürrüň gozgapdyk. Däri partladyjy gabawlarda ýeriň aşagyndan diwaryň ýa-da galanyň diwarlarynyň aşagyndan çukur gazansoňlar bu çukury odun ýa-da beýleki ýanyjy maddalar bilen dolduryp otlaýarlar, netijede hem diwar çökýärdi. Nebit gaplara we turbalara guýlup atylýardy. Gaplaryň içine salnyp atylanlar manjanyk we arrada bilen howada uçan ak we tüssesiz nebit bolsa turbalar bilen atylýardy. Özboluşly raketa meňzeýän bu ikinji görnüş has ýörgünlidi. Nebitiň suwda sönmeýän bir görnüşi hem bardy. Akka goragynda we birnäçe galalaryň eýelenmeginde nebitçiler uly işleri ýerine ýetirip-dirler. Ol nebit gidrokarbonat diýilýän maddalaryň (kömür, ýag, simap, kükürt, ben-zin, smola ýagy) garyndysyndan we birleşi-ginden ýasalýardy. Ol suwuk we un ýaly bol-ýardy. Onuň esasan kükürt, kömür, nebit, smola we selitra goşulyp ýasalýandygy çeşmelerde agzalýar. Eýýuplylaryň döwründe ýasa-lan pelteli nebit el bombalarynyň birnäçe nusgasy biziň döwrümize gelip ýetipdir. Goşunda bazar şihnesi we kazy-esgerden başga, şeýle-de reýisul-etybba bolan goşun tebibi, wagyzçylar we sopular ýaly raýat işgärleri hem bolardy. Salahaddiniň döw-ründe goşun hekimligini reýisul-etybba Muwaffakaddin Esgat bin Matran ýerine ýetiripdir. Muwaffakaddiniň ölüminden soňra bu wezipä kimiň bellenilendigi näbellidir. Diňe Adyl döwründe 1207-nji ýylda (604-nji hijri) bu wezipä Muwaffakaddin Abdylezize goşmaça otuz nasyry dinary aýlyk bilen Muhezzebeddin Dah-waryň bellenilendigini bilýäris. Örän meşhur hekim bolan Dahwar bu wezipede 1230-njy ýyla (628-nji hijri), ölümine çenli işläpdir. DIWANYL-JEÝŞ (GOŞUN DIWANY) «Diwanyl-jeýşe» «diwanyl-ykta wel-rowatyp» hem diýilýärdi. Elisseýefiň aýt-magyna görä, Nureddiniň döwründe bu diwan «diwanyl- rowatyp we diwanyl-edara wel-tejhizat» bolmak bilen iki bölege bölün-ýärdi. Salahaddiniň döwründe «diwanyl-rawatyp» özüniň ornuny «diwanyl-ykta» beripdir. Ýöne onuň bu pikiri nädogrudyr. Salahaddiniň we Nureddiniň döwürlerinde diwanyl-ykta we diwanyl-rawatyp diwanyl-jeýşiň bölümi hökmünde dowam edipdir. Makryzynyň aýtmagyna görä, diwanyl-mal we diwanyl-inşa hakda ýörite eserler ýazylsa-da, diwanyl-jeýş hakda ýekeje eser hem ýazylmandyr. Diwanyl-jeýşiň diwanyl-mal bilen meňzeşligi bardyr. Ähli harby ykta-laryň paýlanyşygy, hak alýan esgerlere jamekiýe we aýlyk paýlanyşygy bu diwan tarapyndan amala aşyrylýardy. Bu diwanyň wezipeleriniň iň möhümi yktalaryň paýlanyşygy we gözegçiligidi. Şonuň üçinem ähli yktalary we bu yktalaryň üç ýyllyk girdejisini şu girdejiniň her ýyla düşen paýyny görkezýän bir depder ýöredilýärdi. Her bir yktanyň ýanynda ykta eýesiniň ady, ýyllyk möçberi we syýahat ýazuwy bilen ýyllyk girdejisi görkezilýärdi. Ikinji bir depderde esgerleriň, emirleriň atlary, her bir emiriň näçe esger saklaýandygy, permanynyň senesi, yktany alan senesi, yktadan oňa we esgerlerine näçe paý düşýändigi, yktanyň derbeste (yktalynyň doly ulanyşygynda) ýa-da derbeste däldigi ýazylýardy. Bu depderde emirlerden soňra halkatys-soltana degişli esgerleriň, türkmenleriň, kürtleriň we araplaryň atlary gelýärdi. Bulardan her kişiniň permany, yktany alyş senesi, yktanyň girdejisi we girdejiden öz paýyna düşen mukdary ýazylýardy. Diwanyl-jeýşde bulardan başga günde-likler taýýarlanyp, olara ýazylan permanlar, artykmaçlyklar, açyşlar, çykdajylar täzelenen perman bilen ýazylýardy. Bular derrew depderlere geçirilýärdi. Emirleriň atlary-ny we barlag senelerini görkezýän sanawlar geçirilýärdi. Bir esger bir emirden aýryl-sa ýa-da wepat bolsa, permana görä hyzmaty-nyň hasaby geçirilýärdi, esger hyzmatda kemçiligi bar bolsa gerekli möçberde yza alynýardy. Permanlarda we kararlarda ykta-nyň görnüşi we senesi hökmany suratda görkezilýärdi. Nablusynyň aýtmagyna görä, Müsürdäki diwanyl-jeýşiň başlygy her ýyl gullukçylardan ülkäniň suwlandyryş ulgamynda, ýeriň girdejisinde ýüze çykan üýtgeşmeleriň hasabatyny sorapdyr. Bu diwanyň wezipeleriniň biri-de, yktalardaky ekerançylyk işleriniň gözegçiligi, her üç ýyldan bir gezek ykta eýeleriniň algy we bergi bermegi zerur bolan möçberi gözden geçirilýärdi. Diwanyl-jeýş esgerleriň jamekiýeli we aýlykly gatlakdan yktaly gatlaga geçirýärdi. Şonuň üçinem Elis-seýefiň ýokardaky pikiri nädogrydyr. Eger bir kişi yktaly gatlaga geçirilse, geçirilen wagtyndan başlap yktasynyň girdejisinden paýyny alýardy. Bu diwan esgerleriň rugsatsyz yktalaryndan aýrylan wagt-larynda alan möçberleriniň yzyna alynmaly bolan «gaýbanaty» ýerine ýetirýärdiler we yzyna alýardylar. Bu diwan bir yktanyň hakyky girdejisi bilen ykta eýesine beril-megi meýilleşdirilen möçber arasyndaky tapawutlary jeridetul-fawazyla (depdere) belligi, bir esgeriň ölümi sebäpli artan pullaryň we mallaryň yza alynmagy bilen meşgullanýardy. Ady agzalan bu harby ykta has öňler gürrüňleri emirlere berlen ykta bilen has meňzeşdi. Diňe emirlere berlen ykta haslaryň permanlary «diwanyl-inşadan» çykýar-dy. Diwanyl-jeýşden çykan harby yktalaryň resminamalary mysal, berat, kyssa, nuzul ýaly atlar bilen atlandyrylardy. Harby yktalaryň meýdanlary örän dardy. Bularda hem yktaly diňe yktanyň kararda görkezilen möçberdäki girdejisinden peýdalanardy, ony mülk edinip bilmeýärdi. Şeýle hem harby yktalar ykta haslar (edara yktalary) ýaly atadan ogla miras galyp bilýärdi. Diwanyl-jeýşiň ýolbaşçysyna «nazyr juýuş» diýilýärdi. Salahaddin döwründe bu diwanyň başlyklygy Abdyljepbar bin Ýusup Makdysy, soňra Ysmaýyl bin Abdyl-jepbar bin Ýusup Makdysy ýerine ýetirýär. Eziz Osman döwründe we belki-de Salahad-diniň ahyrky senelerinde bu diwanyň ýolbaşçylygyny Alemuddin Muhammet bin Abul Hajjaç ýerine ýetiripdir. Müsürde Salahaddin döwründe bu diwanda köp möç-berde hristian kybtylary işleýärdi. Bu diwanyň gözbaşy bizi Pygamberi-miziň we Hezreti Omaryň döwürlerine alyp gidýär. Hezreti Pygamber döwründe söweşe gatnaşanlaryň sanawlary ýöredilýärdi. Hez-reti Omar bolsa esgerlere aýlyk bermek üçin ýörite diwanlary döredipdir. Bu diwana degişli bolan harby ykta ulgamynyň yslam dünýäsinde nähili ýagdaýda ýüze çykandygy hakda maglumatlar azdyr. Sasanlylara çenli baryp ýetendigi belli bo-lan bu ykta ulgamynyň bir nusgasy hem Geraklios döwründe Wizantiýada döredilen pronoýolardyr. Buweýhlilerde hem ykta ulga-myna duş gelinýär. Makryzynyň anyk aýtmagyna görä, emewilerde, apbaslylarda, fatymylarda harby ykta ulgamy ýokdy. Esgerleriň aýlyklary ýygnalan girdeji-lerden berilýärdi. Diňe halypalaryň ýa-da soltanlaryň käbir kişilere harby maksady bolmadyk ykta bermekleri öňden bäri bardy. Şunuň bilen birlikde ýene-de Makryzynyň beýanlaryndan we Fatymy döwletiniň ýykylmagyndaky wakalardan Şawer bilen Nureddiniň arasynda geçirilen gepleşik-lerden harby ykta ulgamynyň fatymylarda bardygy belli bolýar. Ymadeddin bilen Makryzynyň iki ýazgylaryndan belli bol-şuna görä, harby yktany yslam dünýäsine giň möçberde ilkinji bolup amala aşyran Nyzamylmülkdir. Nyzamylmülk birnäçe sebäpler üçin ýerden doly derejede salgyt ýygnalmaýandygyny, ýerlere seredilmeýändigini görensoň, ülkäniň ekerançylyk ýerlerini esgerlere ykta paýlap beripdir. Her harby yktanyň girdejisinden belli bir möçberini almak hukugyny beripdir. Şeý-dip, gazançlaryny artdyrmak üçin esger-leriň we daýhanlaryň ýere has gowy seret-meklerini üpjün edipdir. Örän gysga wag-tyň içinde ekerançylyk geçirilen ýerler özgeripdir. Nyzamylmülk özüniň «Syýasatnama» eserinde ösdüren bu ykta ulgamyny gowy düşündirýär we bu ulgamyň kadalaryny hut özi goýýar. Onuň tarapyndan döredilen bu ulgama görä ykta atadan ogla miras geçip bilýärdi, ykta eýesi esgerler daýhanlardan diňe belli möçberde salgyt alynýardy. Hukuklar kemsidilmelere sezewar bolan wagt-lary daýhanlar hökümete arz-şikaýat edip bilýärdiler, halka zulum edenleriň ykta-lary ellerinden alynýardy. Mundan soňra seljuklylarda we olaryň mirasdüşeri bolan döwletlerde harby ykta ulgamy ýöredilip-dir, zeňňiler we eýýuplylar hem şol ýoly dowam etdiripdirler. Osmanlylarda bolsa bu ykta tymar, dirlik ýaly atlar bilen atlandyrylypdyr. Nureddiniň haby ykta bilen baglany-şykly işleri barada Ymadeddin we Ibn Esir tarapyndan berlen iki möhüm belligi bilýäris. Ymadeddine görä, bu meselede «Nureddiniň işleri şudy. Bir emire bir ykta berýär, bu yktanyň girdejisinden käbir ýerleri oňa berse, oňa belli möçberde atly, ýaragly we üpjün edilen esger saklan-magyny şert goşýardy. Yktanyň girdejisi bellenilen möçbere ýetmese, ýetmeýän möçberi hazynadan töleýärdi». Ibn Esiriň aýtma-gyna görä «Nureddiniň iň gowy işleriniň biri hem esgerleri baradaky şu işidi. Eger esgerleriň biri ölüp, yzynda bir ogly galsa yktasyny onuň ogluna berýärdi. Eger ogly uly bolsa ykta hut özi eýeçilik edýärdi. Eger kiçi bolsa ýanyna ynamdar bir kişini belleýärdi, tä ol çaga ulalýança onuň iş-lerini ýöredýärdi. Esgerler «Bu topraklar biziň malymyzdyr. Ogullarymyz bu ýerlere mirasçy bolarlar. Bulary goramak üçin duşman bilen söweşýäris» diýýärdiler. Bu ýagdaý esgerleriň söweşlerde mert durmaklarynyň iň uly sebäbidi. Nureddin şeýle hem käbir emirleriň gysganyp bermeli borçlarynda gysyk bolmaklaryndan gorkandygy üçin her emiriň esgerlerini, esger-leriniň ýaraglaryny we mallaryny diwandaky depderlere ýazdyrýardy. Özi bolsa: «Biz hemmişe ýöriş ähtimallygy bilen gabat gelýäris. Ähli emirleriň esgerleri san we üpjünçilik taýdan kämil bolmasa yslam peseler» diýýärdi. Görnüşi ýaly bu iki ýazgy biri-biriniň üstüni ýetirýär. Ymadeddin şol ýerde özüniň muşrif (nazyr) bolmagy netijesinde emir Zyýaýeddin Bekrisan bilen birlikde her gün bir emiri esgerleri bilen söweşe taýýar ýagdaýda, doly üpjünçilikli hökmünde dep-derlere görä barlag geçirendiklerini ýazýar. Belli bolşuna görä, bu harby ykta ulgamy döwletiň çäklerindäki ähli ýerlerde ýerine ýetirilýärdi. Miri (döwlet) ýerlerin-den alnan salgyt käwagt ýarysyna çenli galýardy. Aşakda hem aýdylşy ýaly, Müsürdäki işleriň üstünde geçiren ylmy-barlaglarymyz bolsa alnan salgydyň hüşüre (ondan birine) deňdigini görkezýär. Käbir ýazgylardan hususy emläkde bolan ýerde esger saklanmaýşy ýaly bir netije çyksa, onda munuň hem nädogrudygy bellidir. Mysal üçin, 1219-njy (619-njy hijri) ýylda Al-tynjy haçly ýörişi mahaly Mälik Mugazzam Sybt Jöwzä Şamdaky iki müň obadan dört ýüzüsiniň miridigini (döwlet), bir müň alty ýüzüsiniň obalylaryň we daýhanlaryň hususy emläginde bolandygyny, dört ýüz obany saklaýan esgeriniň azdygyny, esasy güýjiň hususy emläk topraklaryndaky halkyň düzýändigini aýdypdyr . Makryzy-nyň aýdyşyna görä, Müsürdäki ýerler hem üýtgeşik ýagdaýdady. Şeýle hem wakyf ýerle-ri-de möhüm ýer tutýardy, bir bölegi otluk ýerlerdi, bir bölegi bolsa çöldi. Görnüşine görä, ülkäniň dürli sebitlerindäki ýeriň salgyt ýagdaýlary birmeňzeşdi. Ýokarda belleýşimiz ýaly, ykta eýesi döw-let tarapyndan görkezilen möçberden artyk paý almazdy. Ýeriň suwarylmagynda, ulanylmagynda, ýaplaryň-aryklaryň gözegçiliginde daýhanlara kömekçi bolýardy, bulara gözegçilik edýärdi. Salgytlar dinar jundi (goşun dinary) diýilýän puldan alynýardy. Ykta eýesi döwründe salgydynyň (harajynyň) yzygiderli tölenip-tölenmändigini gözegçilik edýärdi. Şeýle hem ykta hasdan miri (döwlet) salgytlarynyň bir bölegi ýa-da hemmesi geçirilýärdi. Söweşden gaçanlaryň ýa-da ýeňlişe sezewar bolanlaryň yktalary ellerinden alynýardy. Salahaddin 1172-nji (567-nji hijri) ýyla çenli Müsürde ykta ulgamyny giň möçberde ulanypdy. Ol özünden artyk esgerleriň ellerindäki yktalary alyp, olardan salgyt alynmagyny düzgünleşdiripdir. 1173-nji ýylda (568-nji hijri) Nureddi-niň mustawfysy Halyt Kaýsarany Müsüre derňewe gidende Salahaddin oňa: «Esgerleriň ýagdaýlaryny, yktalarynyň we jamekiýele-riniň möçberlerini, aýlyk haklaryny» gör-kezipdir. Soltan 1177-nji (572-573-nji hijri) ýyllarda Müsürde gezip ýörkä, «Rowk salahyny» (ýerleriň ölçegi we ýazylyşy) geçirdip esgerleriniň yktalaryny we goşu-nyny düzgünleşdirýär. Ol 1181-nji (577-nji hijri) ýylda Müsürde gezip ýörkä, esgerleriň sanyny we yktalaryny täzeden tertipledi. Döwlete peýda getirenleriň yk-talaryny artdyrdy, zyýan ýetirenleriň ykta-laryny azaltdy. Çarwa araplarynyň elle-rindäki yktalarynyň üçden ikisini alyp, Feýýumda yktaly esgerlere berdi. Feýýum we daş-töweregi bolsa soltanyň ykta hasy boldy . Türkmenlere we bedewilere ykta beril-meginiň iki möhüm sebäbi bardy. Birin-jisi adatdan daşarky ýagdaýlarda olardan kömekçi atly goşunlaryny almak, ikin-jisi olaryň ýollaryny goramagyny, azyk ibermeklerini, aragatnaşyk merkezlerini at we düe bilen üpjün etmekleriniň, soltana belli bir möçberdäki ýyllyk salgy-dyny tölemekleri üçindi. 1181-nji (577-nji hijri) ýyldaky özgerişiklerde Müsü-riň tertipli gury ýer goşuny bolan 8640 tawaşa, garagulama we emire ýylda 3 670 600 dinar harçlanmagy meýilleşdirilipdi. Hüşüre bagly bolan esgerler Şarkyýe we Buhaýradaky yktaly bedewiler, Kinaniýe we Müsürdäki käbir kiçi bölümler bu möç-beriň daşyndady. 1189-njy ýylyň (585-nji hijri) içinde 7-nji oktýabra (24-nji meret aýyna) çenli Müsürde ýyllyk umumy býujet girdejileri 4 653 019 dinardy. Diňe Adylyň diwanyna degişli bolan Şarkyýe, Murtaha, Dakhamyýe, Buş we beýleki ýerleriň girdejisi bolan 1 190 923 dinar bilen serhetleriň, diwany mallaryň şäherlerdäki we obalardaky döwlet öýleri, dükan, ýer ýaly gozganmaýan emläkleriniň, wakflaryň we käbir ýerleriň girdejisi umumy býujetiň daşyndady. 4 653 019 dinaryň 72 248 di-nary Adylyň diwanyna, 158 203 dinary emirlere we goşuna, 13 804 dinary diwa-nyl-sura, 234 296 dinary bedewilere, 25 412 dinary Kaýsaryýe we Salahyýe memluklary bilen Müsür goşunyna, 7 403 dinary kazy-lara we şyhlara, 25 412 dinary Kinaniýä, 10 725 dinary Dimýat we Tinnisdäki gorag-çylar bilen deňizçilere, galan 3 462 095 dinary tawaşy we garagulam gatlagynyň saýlama esgerlerine harçlanypdy . Bir emiriň ýa-da esgeriň ekerançylyk we ýygym wagtynda yktasynyň başynda bolmagy onuň özüne has bähbitlidi. Ykta eýesi bolmaklyk ony ýere garaşly edýärdi. Ýöriş wagtlaryndan başga wagt yktasynda bolmaga borçludy. 1174-nji (569-njy hijri) ýyldaky Fatymy tarapdarlarynyň topalaňy, 1175-nji (570-nji hijri) ýyldaky Sisiliýa flotunyň Isgenderiýä gelip girmegi esgerleriň özleriniň yktalaryna giden wagt-laryna gabat gelipdi. Maddy taýdan özle-rine zyýany ýeter diýen gorkusy bilen esgerler uzak möhletläp yktalaryndan uzakda bolmagy islemezdiler. Salahaddin üçünji haçly ýö-rişi mahalynda halypa ýazan hatlarynda uzak ýerlerden gelen esgerleriň gelip-gelmänkä rugsat soraýandyklaryndan, yzlaryna gaýtmak üçin gürrüň gozgaýandyklaryndan arz-şikaýat edýär. Şeýle ýagdaýa degip geçmelidiris, ýag-ny ýokarda emirlere berlen yktalar mowzugynda bellenilişi ýaly, ykta eýesiniň ölüp, ýerine oglunyň mirasçy bolmagy, ykta-nyň üýtgemegi, soltanlyk üýtgemegi ýagdaýla-rynda yktala berlen mysal, kyssa we nuzullar (hemmesi karar) täzelenýärdi. Ibn Memmatynyň eseriniň soňundaky bellikde «türk, kürt, türkmen we memluk esgerleriniň aýlyk hökmünde alýan dinarlary doly ykta (goşun, harby) dinarydygy aýdylýar. Kinanyýeli, asakyýeli (askalanlylar), müsürli esgerleriň alýan dinarlary ýarym ykta dinary, deňizçileriň we olaryň toparyna girýän esgerleriň alýan dinarlary dörtden bir, bedewileriň alýan dinarlary sekizden bir harby dinardy diýilýär. Şol belligiň dowamynda bir harby dinaryň Salahaddiniň döwründe dörtden biri doly dinar, üçden ikisi bugdaý we üçden biri arpa bolan bir irdebb azygyň jemidigi aýdylýar. Goşunyň maliýe çeşmeleriniň arasynda yktadan başga aýlyklar, hüşür we käbir salgytlar bardy. Aşakda agzaljak bolunýan diwan sur hem bu diwanyň bir bölümi bol-maly. Salahaddin diwanyl-sura pul seriş-desini goýberýärdi. Bu döwürdäki harby diwanlaryň arasynda diwanyl-mufred hem bolmalydyr. Ýokarda aýdylyşy ýaly, bu diwana bagly bolan esgerlere mufred diýilýär. Seljuklylarda bar bolan mufredlere Salahaddiniň döwründe Amytda we beýleki ýerlerde hem duş gelinýär. Merkeze tabyn hökümdarlarlykda, şazadala-ryň we emirleriň diwanyl-haslarynyň ýanynda, harby bolan diwanyl-mufred hem bardy. Bulardan belli bolşuna görä, mufred esgerler yktalydy. Bularyň yktalary ykta hasdan berilýärdi. DEŇIZ GÜÝÇLERI WE FLOT Ýokarda Ibn Memmata esaslanyp beren maglumatymyzda Fatymylaryň soňlarynda Müsür flotunyň 10 söweş gämisine çenli azalandygyny, deňizçi esgerleriň bolsa 10 000 kişi töweregindedigini aýdypdyk. Esededddin Şirkuhyň Müsüriň weziri bolan wagtynda flotuň ýagdaýynyň nähilidigi barada anyk maglumat ýok. Ýöne ol ölüm düşeginde ýatyrka, Bahaweddin Garaguşa flota sowuk-sala çemeleşmezliklerini wesýet edipdi. Salahaddin flotuň ähmiýetini doly bilýärdi. Ýöne wezirliginiň ilki döwürle-rinde ol hemmetaraplaýyn içerki we daşarky işler bilen meşguldy. Şonuň üçinem onuň bu döwürde flot bilen nä derejede gyzyklanandygyny bilmeýäris. Diňe Dimýat gabawyndan öňürti 6 gämilik kiçi bir Müsür flotunyň Kipr giňişliginde aňtaw edendigi bellidir. Salahaddiniň deňiz güýjünden ilkinji gezek peýdalanyp, eden ýörişi 1170-nji (566-njy hijri) ýyldaky Eýle galasynyň eýelenen ýörişidir. Ýokarda bellenilişi ýaly, Eýle adasyndaky gala Müsür deňiz arsenalynda (fabriginde) gurnama hökmünde gurlan we Suweýjde ýygnalan gämiler bilen eýelenipdir. Turan şanyň Ýemen ýörişi mynasybetli Müsür deňiz arsenalynda gurnama (sökülip düzülýän) söweş we ýük gämileri gurlupdyr. 1174-nji ýyldaky (569-njy hijri) Sisiliýa flotunyň Isgenderiýä gelip düşen wagtynda bolsa flotuň hereketi barada gürrüň gozgalmaýar. Belki hem flot duşman flotunyň öňünde örän pesdigi üçin Dimýat we beýleki portlara girendir. Bu döwürde Müsüriň Akdeňiz flotunyň esas karargähleri Isgenderiýe we Dimýat portlarydy. Müsürden (Fustat) başga bu iki şäheriň hersinde bir «daryl-senagat» (arse-nal) bardy. Salahaddin 1172-nji (567-nji hijri) ýyldaky harby özgertmeler mahalyn-da flot bilen hem meşgullanypdyr we flot dinaryny adaty dinaryň 5/8-inden ¾ gymmat-lygyna galdyrypdyr. Şeýle hem 1177-nji we 1181-nji (572-nji we 577-nji hijri) ýyllardaky edara we harby özgertmeler mahalynda Soltan Dimýat we Isgenderiýe flotlaryna ýörite gelip, olary barlag-derňew etdi. Bu derňewde flotuň gämileri-niň, ýaraglarynyň täzelenmegi we flota ussat täze işgärleriň alynmagy barada buýruk berdi. Bu maksat bilen arsenallar täze ussalar we serişdeler bilen üpjün edildi. Soltan diňe flotuň maddy işleri bilen iş salyşan diwanyl-ustuly gurdy. Bu diwana girdeji çeşmelerini baglady. Ibn Abu Taýyň aýtmagyna görä, Soltan bu diwany 1177-nji ýylda gurupdyr, onuň ýolbaşçyly-gyna hem özüniň ynamdar kişileriniň birini goýupdyr. Makryzynyň aýtmagyna görä bolsa, Soltan ony 1181-nji gurupdyr. Soltan bulardan başga bir perman çykaryp, onda häkimlere flot serkerdesiniň buýruklaryna boýun bolmaklaryny, flot üçin islän işgäri saýlap almagynda kömek etme-gine görkezme berdi. Flot serkerdesine hem deňziň içine köpräk girmegi we Ortaýer deňziniň adalaryna gözegçilik etmegi tabşyrdy. Dogrudan hem flotuň bu seneden soňra güýçlenendigini, hereketini köpeldendigi-ni görýäris. Ýokarda-da aýdylyşy ýaly, eýýuply floty 1179-njy ýylda Kudus korollygynyň Trablus graflygynyň Ortaýer kenarlarynda täsirli hereketleri alyp barypdyr. Flotuň bu hereketi we gury ýerdäki käbir möhüm ýeňişleri barada 1179-njy ýylda Kazy Fadyl tarapyndan Mekgedäki bir dostuna iberilen hatda flotuň ulalandygy, galereýalaryň sanynyň 60-a, tardalarynyň 20-ä ýetendigi barada gürrüň edilýär. Şeýle hem Soltan 1181-nji (577-nji hijri) ýylda Müsürde gezip ýörkä, flotdaky esgerleriň aýlyklaryny täzeden belledi. Ýemene iberilmek üçin Müsür arsenalynda bäş sany gurnama (sökülip-düzülýän) kiçi söweş gämisini ýasatdy. Ýemene iberilen esgerleriň azygy, mallaryň iýmleri, ýaraglarynyň käbir bölegi ýük gämileri bilen iberildi. Tinnisiň töwereginde söwda we ýüklerine hüjüm edip, garakçylyk eden bedewilere garşy ulanylmak üçin kiçi söweş gämileri ýasaldy. Şol wagt ýewropalylar 1181-nji ýylyň awgustynda Tinnisiň kenaryna hüjüm edip, bir söweş gämisini ele saldylar. Mundan soňra Dimýatda bolan 50 galereýadan birnäçe gämi bu kenarlary goramaga borçly edildi. Beýleki gämiler-däki esgerlere pul paýlanylyp, deňiz söweşine iberildi. Bu işler floty has hem güýçlendirdi. 1182-nji ýyldaky Beýrut gabawynda 40 galereýalyk bir eýýuply floty uly täsire eýe boldy. Şol ýylyň aýaklarynda Reno de Şatillonyň Gyzyl deňiz ýörişini Müsür arsenalynda ýasalan we Husameddin Lulu Hajyp tarapyndan serkerdelik edilen gurnama bir flot basyp ýatyrdy. Kudusyň ýeňşi mahalynda ýene şol admiral serkerdeligindäki bir flot deňiz tarapynyň howp-suzlygyny saklapdyr. Suruň gabawy maha-lynda bolsa Akkadan gelen 10 galereýa bilen Beýrutdan we Jubeýlden gelen käbir gämiler gatnaşypdyr. Ýöne serkerdeleriň günäsi sebäpli uly ýeňlişe sezewar bolupdyrlar. Kenar ýerleriniň eýelenmeginden soňra Beýrut, Jubeýn, Lazykyýe, Akka ýaly kenar şäherlerinden flota täze gämiler goşulypdyr we gündogardaky haçlylaryň flotlaryndan artykmaçlyk gazanylypdyr. 1188-nji ýylda gündogara gelen 60 galereýalyk Sisiliýa flotuna garşy eýýuply floty gündogar kenarlary üstünlik bilen gorapdyr. 1189-njy ýylda (585-nji hijri) Üçünji haçly ýörişiniň başlamagy we Ýewropa flotlary-nyň Akkany deňiz taýdan gabawa almagyndan bir aý soňra, 1189-njy ýylyň 26-njy dekabrynda (585-nji ýylyň zülkagda aýy-nyň 16-sy) Husameddin Lulunyň serkerdeliginde Müsürden gelen 50 galereýalyk bir flot duşmanyň gabawyny böwsüp Akka girdi. Bu flot gysga bir wagtyň içinde duşmanyň deňizdäki gabawyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Ýöne täze güýçler alan haçlylar deňiz häkimiýetini täzeden ele aldylar. Salahaddin Müsürde bolan Kazy Fadylyň ikinji gezek flot ibermegini isledi. 1190-njy ýylyň 13-nji iýunynda bu flot hem Akka portuna girmegi başardy. Ýöne ägirt uly haçly flotunyň artykmaçlygy bozulmady. Mundan soňra Soltan muwahhytlylaryň hökümdary Ýakup bin Ýusup bin Abdylmöminden flot kömegini isledi. Ibn Hallikan we Ibn Haldun ýaly soňky döwrüň taryhçylarynyň pikirleriniň tersine, muwahhytlylar döwleti hiç hili kömek flot ibermedi. Aradaky uzak aralykdan başga-da muwahhytlylar Sisiliýa we Ispaniýa flotlarynyň haýbatynyň aşagyndadylar. Emma bulara garamazdan 1179-njy ýyldan soňra eýýuply flotundaky gämileriň anyk sany barada maglumat ýok. Müsürden başga Ýemende, Beýrut we Jubeýl ýaly kenarýaka şäherlerinde näçe söweş gämi-siniň bardygyny bilmeýäris. Ýemendäki gä-miler deňiz söwdasyny garakçylardan goraýardylar. Beýrutdaky deňiz güýji käwagtlar haçlylardan uly üstünlikleri gazanýardylar. Belli bolşuna görä şol wagtky eýýuply flotundaky söweş gämileriniň sany 100 bilen 150-niň arasyndady. Ýewropalylar tarapyndan Akkanyň eýelenen wagtynda bu gämileriň näçesiniň duşmanyň eline geçendigi näbellidir. Ýöne flotuň ähmiýetini ajy tejribeleri bilen gören Soltan 1191-nji (587-nji hijri) ýylda diwanyl-ustul (flot diwany) edarasyny dogany Adyla berdi. Adyl bu diwanyň başyna maliýe işlerine ökde bolan we soňra özüne wezir bellän adamy Safyýeddin Abdylla bin Şüküri getirdi. Ýöne bu ýagdaý uzaga çekmedi. Salahaddiniň ölümi we munuň yzyndan bolup geçen içerki düşünişmezlikleriň flotuň ünsden düşürilmegine sebäp boldy. Diňe örän gerekli wagtlarda flot bilen meşgullanyldy. Flot käwagtlar şeýle bir ünsden düşürildi welin, flotuň işgärleri ýatdan çykaryldy diýen ýalydyr. FLOTDA ULANYLAN GÄMILER, ÝARAGLAR WE IŞGÄRLER Flotuň esgerlerine guzat (gazylar) diý-ýärdiler. Bularyň köpüsi gelip çykyşy boýunça magryplydy (Alžir, Marokka, Tunis), ispaniýalylar, sisiliýalylar, aralarynda müsürliler hem bardy. Meşhur admiral Husameddin Lulu, ýokarda aýdyşymyz ýaly, Fatymy köşgünde işleýän musulman ermenilerdendi. 1179-njy ýylda Kazy Fa-dyl tarapyndan halypa ýazylan bir hatda flotuň saýlama magryply deňizçiler we täze gämiler bilen güýçlendirilendigi aýdylýar. 1182-nji ýylda Gyzyl deňizde ýewropalylara garşy geçirilen ýörişde magryply ussat deňizçileriň işländigi bellidir. Sur gabawy mahalynda Akkadan gelen flotuň serkerdesi Bedran Farysdy. Ymadeddin bu flotdaky deňizçileriň dürli milletlerdendigini aýdýar. 1189-njy ýylda Husa-meddin Lulunyň serkerdeliginde Akka gelen flotdaky deňizçiler bilen Gyzyl deňiz ýörişine gatnaşan deňizçileri wasp edýär. Flotda serkerdeden başga deňizçileriň reýisi (ýolbaşçysy) ýa-da reýisleri (ýolbaşçylary) bardy. Sur gabawyna gelen kiçi flotuň ýolbaşçysy Abdylmuhsin Magrybydy. Akka goragy mahalynda Müsürden gelen ikinji flotdan bir gäminiň duşman tarapyndan gark edilmegi sebäpli «hataly ýolbaşçylardandy» diýen söz ulanylyp başlanýar. Flotda guryýer söweşlerinde ulanylan minaralardan başga ähli ýaraglary ulanýardylar. Şeýle hem duşman gämilerini ýakýan ot gämileri bardy. Flotda ulanylan gämiler hakda bize iň takyk maglumaty Ibn Memmaty berýär. Onuň berýän maglumatlaryna görä, flotda ulanylan gämiler galereýa, ýolagçy gämisi, tarda (at daşaýan gämi), hammala (ýük gämisi), musattah, harraka, berkus, şelendi, agrary ýaly atlar bilen birnäçe bölümlere bölünýärdi. Harraka galereýalaryň iň kiçisidi. Galereýada 140 kürek ulanylýardy. Musattah bilen şelendi iki gatly söweş gämileridi. Taryda at we ulag daşamak, hammala bilen agrary azyk we ýük daşamak üçin ulanylýardy. Örän dar ýerlere girip bilýän we esasan suw daşamak üçin ulanylýan kiçi gämilere bolsa berkus diýilýärdi. Taryh kitaplarynda iň köp agzalýan şini (galereýa) diýilýän söweş gämisi bilen ýük gämisi görnüşinden bolan butsa diýil-ýän ýolagçy-ýük gämileridir. Bular örän uludy. Gurup we harraka diýilýän kiçi söweş gämileri bilen at daşaýan tarda hem örän köp agzalýar. Berkus diýilýän gämiler Akka goragy mahalynda yslam goşunyna gaçyp sygynan haçly esgerler tarapyndan harby maksatlar bilen hem ulanylypdyr. Gämileriň ýöremegi üçin asyl ýelken ulanylýardy. Kürek esasan söweş mahalynda manýowra geçirmek üçin ulanylýardy. DIWANYL-USTUL Fatymylar döwründe flotuň maliýe iş-lerine diwanyl-jyhat seredýärdi. Ýokarda aýdylyşy ýaly, Salahaddin 1172-nji ýyl-daky harby özgerişikler mahalynda flotuň maliýe işlerinde ýöreýän we hümmetli bolan diwal ustulyň hümmetini sekizden bäş doly dinardan dörtden üç doly dinara galdyrdy. Ol 1176-njy we 1181-nji ýyllarynda Müsürde ýaşap ýören wagty reformalar maha-lynda flot işleri bilen hem gyzyklandy. Flotuň maliýe işlerine seretjek diwanyl-ustuly gurdy. 1191-nji ýylda bolsa bu diwa-nyň ýolbaşçylygyna dogany Adyly getirdi. Çeşmeleriň aýtmaklaryna görä, Soltan dür-li döwürlerde bu diwana Feýýumy we onuň etrabyny, Şarkyýe we Garbyýe welaýatlaryn-daky goşuna degişli wakflary, Behnesa, Safady-Rijeýn, Eşmuneýn, Asýut, Ihmim we Kus sebitlerindäki döwlete degişli ýerlerde bolan we gämi gurluşygynda ula-nylýan sint agaçlaryny, ýyllyk girdejisi salgyt ýygnaýjylara 8 000 dinara satylan soda (elitra) magdanlaryny, ýyllyk girde-jisi 50 000 dinardan köp bolan Fustatyň zekatyny, döwlete degişli bolup Nil derýa-synda we deňizde ulanylýan gämileriň gir-dejisini, Ihmim we Tanbeze ýerleriniň girdejisini beripdir . MALIÝE GURAMASY (DIWANYL-MAL) Musulmanlar sasanlylardan we Wizanti-ýadan basyp alan ýerlerinde güýçli ösen maliýe guramasyny miras alypdylar. Wagtyň geç-megi bilen bu guramany ösdürip orta asyr-laryň iň uly we iň ösen maliýe gurama-larynyň birini emele getirdiler. Taryh we geografiýa kitaplaryndan we «Kitabyl em-wal» atly eserden we maliýe guramasyna degişli ýazylan beýleki kitaplardan ýygnan maglumatlarymyzdan yslam dünýäsindäki maliýe guramasynyň fykh kitaplarynda beýan edilenlerden hem has kämillige we amaly gymmatlyga eýedigini düşünýäris. Bu mesele-de Salahaddiniň döwri barada has giňiş-leýin maglumata eýediris. Aýratyn hem Mü-sürde örän gadymy döwürlerden bäri yzygi-derli dowam eden güýçli bir maliýe guramasy bardy. Bu gurama diwanyl-mal diýilýärdi. Bu uly diwan birnäçe kiçi diwanlara bölünýärdi. Üç sany uly diwan (diwanyl-inşa, diwanyl-jeýş, diwanyl-mal) arasynda iň uly gurama diwanyl-maldy. Diwanyl-jeýş hem birnäçe meselede bu diwana baglydy. Salahaddiniň döwründe bu diwanyň guramaçylygy we işleýşi bilen baglany-şykly maglumatlaryň köpüsi Müsüre degişlidir. Şamdaky we beýleki welaýatlardaky maliýe guramasy hakda maglumatlar örän çäklidir. Müsür örän gadymy döwürlerden bäri uly söwda we ekerançylyk ülkesidir. Ülkede dürli magdanlar we dürli önüm öndürýän pudaklar bardy. Ekerançylyk gurluşy, suwaryş işleri, salgytlaryň ýygnalyşy käbir üýtgeşmelere garamazdan öňki görnüşini dowam etdirýärdi. Bu ülkede ekerançylygyň we ekerançylyk salgytlarynyň ähmiýeti barada käwagt ýörite eserler ýazylýardy. Salahaddin we onuň ogly Eziziň döwründe bu meselede ýazylan eserlerden Mahzumynyň «Minhaç fi ahkamil-haraç» atly eseri bilen Ibn Memmatynyň «Kawaninil-dewanin» atly eseri käbir üýtgeşmeler bilen biziň häzirki döwrümize gelip ýetipdir. Eserleriň ikisinde hem Müsüriň ekerançylyk durmuşy, haraç (ýer salgydy) we beýleki salgytlar, döwletiň beýleki gir-deji çeşmeleri barada köp maglumat bar. Ýokarda belleýşimiz, ýaly Şam emirliklere, Müsür bolsa welaýatlara bölünýärdi. Müsür-däki welaýatlar amyllyklara (etraplara) bölünýärdi. Şamdaky emirlikler bolsa kürelere (sebitlere), küreler bolsa amyl-lyklara (etraplara) bölünýärdi. Merkezdäki maliýe diwanynyň welaýatlarda, sebitlerde bölümleri bardy. Welaýatlardaky we sebitler-däki maliýe guramasynyň bolsa etraplarda bölümleri bardy. Müsürde merkezi edara bardygy sebäpli merkez bilen welaýatlaryň arasyndaky maliýe edarasynda uly bir büte-wilik bardy. Bu emirlikleriň käbiri bolsa ýörite statusa eýedi. Meselem, Hums emirliginde mukus (şerigat daşyndaky salgyt-lar) Nasyreddin Muhammet bin Şirkuhyň ölümine (1185-nji milady/581-nji hijri ýyl) çenli dowam edendir. Tabyn hökümdarlar bolsa bütinleý özbaşdak maliýe gurama-lara eýediler. Döwlet olaryň içerki işle-rine goşulmaýardy. Ýemen bolsa mihlaflara (welaýat), mihlaflar bolsa amyllyklara bö-lünýärdi. Bu ýeriň özboluşly maliýe guramasy bardy. Ähli salgyt görnüşleriniň diwanyl-mala degişli ýörite diwanlary bardy. Bula-ryň käbirleri diwanyl-haraç, diwanyl-zekat, diwanyl-jewaly, diwanyl-natrun di-wanyl-mukatagat, diwanyl-has, diwanyl-mewaris haşriýe (diwanyl-terekat), diwanyl-me-darys, diwanyl-jewamyg we beýlekilerdir. Diwanyl- jeýşiň diwanyl-mala degişlidi-giniň iň aýdyň delilleriniň biri hem 1191-nji ýylyň başynda Akkadaky bölümiň üýtgedilen (bu üýtgedilmä bedel diýilýärdi) mahalynda diwanyl-maldaky (diwanyl-hyzana) kypty kätipleriň esgerleriň maliýe işlerini düzgün-tertibe salan mahallary görmek bolýar. Soltanyň we ýörite emirleriň hususy maliýe işlerine seredýän özbaşdak diwanyl-haslary bardy. Dürli diwanlaryň ýolbaşçylaryndan emele gelen «Mejlisu eshap dewawyn» mejlisi käwagtlar soltanyň, weziriň ýa-da soltanyň naýybynyň ýolbaşçylygynda ýygnanýardy, dürli diwanlaryň işleýşini we diwanyl-malyň ýolbaşçysyny belleýärdi. Bu mejlisiň Salahaddin döwründe 1184-nji ýylyň 23-nji maýynda (580-nji hijri) ýygnanandygyny bilýäris. Bu ýygnakda diwanyl-malyň ýolbaşçylygy Ibn Osmana berlipdir, has soňra hem bu wezipä täzeden uly maliýe işgäri Ibn Şükür bellenilýär . Diwanyl-malyň ýolbaşçysyna «nazyr dewawyn ýa-da nazyr nuzzar» diýilýärdi. Bu kişi häzirki maliýe ministri hökmünde bolup, ähli maliýe diwanlaryň üstünden seredýän diwanyl-nazaryň ýolbaşçysydy. Nazyr dewawyna şeýle hem sahyb diwanyl-mal hem diýilýärdi. Ibn Şahyn öz döwründe nazar dewawyna «nazyr döwle» diýilýän-digini hem aýdýar. Şamda bu ýokary wezipä «sahyp diwan ýa-da muşrif diwan» diýil-ýärdi. Nureddiniň ahyrky döwürlerinde muşriflige öňürti Ymadeddin kätip belle-nildi. Ondan soňra bolsa Adyl bin Ajamy bellenilen bolmaly. Ymadeddiniň aýtma-gyna görä, Nureddiniň ahyrky ýyllarynda seljuklylarda bolşy ýaly, mustewfiniň abraýy artypdy. Onuň mustewfisi Halyt Kaýsarany wezir hökmündedi. Ol 1173-nji ýylyň baharynda Salahaddiniň işlerini derňew etmek üçin Müsüre iberilipdi. Fatymylaryň soňky döwürlerinde «na-zyr dewawyn» wezipesini Esir bin Bunan bilen kazy Salamat Uweýrisiň ýerine ýetirendigini bilýäris. Salahaddiniň wezirligi-niň irki döwürlerinde bu wezipede ýene Esir bin Bunan işlän bolmaly. Salahaddiniň döwründe agzalýan ilkinji diwanyl- malyň ýolbaşçysy Ibn Şükürdir. Ymadeddin 1177-nji ýylda Müsürdäki uly ýolbaşçylar barada gürrüň gozgaýarka: «Ibn Şükür diwanyň başlygy, Ibn Osman bolsa diwanyl-wazaýyfyň başlygydy» diýýär. Ibn Fazlylla we Safyýeddin bin Şüküriň Salahaddin döw-ründe nazar dewawyn wezipesinde işländigini nygtaýar. Biraz öňürti 1184-nji ýylda Ibn Osmanyň, yzyndan Ibn Şüküriň bu wezipä bellenendiklerini agzapdyk. Ibn Şükür bu wezipede 1191-nji ýyla çenli işledi. Şol ýyl ol Adyl tarapyndan diwanyl-ustulyň ýolbaşçylygyna belleni-lensoň, ýerine Ibn Memmaty bellenildi. Ibn Memmaty 1200-nji ýyla çenli bu wezipede işledi. Salahaddin döwründe Da-maskyň diwan ýolbaşçylygyny köp wagtlap Safyý bin Kabyz ýerine ýetirdi. 1188-nji ýylyň başlarynda onuň ölüminden soňra bu wezipä Damask şihnesi we Ferruh şanyň öweý dogany Bedreddin Mewdut bellendi. Bulardan başga ikinji derejedäki mer-kezlerde hem nazyr diwanlar bardy. Salahaddin Halaby eýelänsoň, diwanyň we darp-hananyň ýolbaşçylygyna Nasyheddin Ysma-ýyl bin Ahmet Damasky bellenipdir. Esededdin Şirkuhyň ikinji Müsür ýörişi mahalynda Isgenderiýe diwan başlygy (nazyr diwan) bolan Reşit bin Zubeýr onuň bilen bile hereket edipdir. Munuň netijesinde hem ol Şawer tarapyndan öldürilipdir. Salahaddiniň döwründe bu şäheriň nazyrlaryndan Kazy Fadylyň dogany Ab-dylkerim bilen Jemaleddin Huseýin bin Bassany bilýäris. Salahaddin tarapyndan Ibn Bassa berlen permanda Isgenderiýäniň dükanlarynyň, zekatynyň, gümrükleriniň ýöredilmeginiň oňa berlendigi aýdylýar. Eýýuplylar döwründe Halap nazyryna berlen bir permanda nazyryň diwanlaryň ähli işleriniň gözegçiligine, girdeji-çykdajylara, depderleriň we salgytlaryň ýagdaýlaryna, mustewfileriň we amyllaryň işlerine, depderleriň derňewine jogapkärdigi nygtalýar. Osmanlylar döwründe bolsa maliýe diwanlarynyň başlygyna defterdar diýil-ýär. Şeýle hem şeddil-dewawyn (muşidd ýa-da şedd) diýilýän bir gullukçynyň bolan-dygy aýdylýar. Bu wezipäni soltan ýa-da onuň adyna naýyplary ýerine ýetirýärdiler. Bu işgär golastynda harby güýç bolan emirdi. Ol diwanlaryň işleýşine gözegçilik edýärdi we bikanun hereket edenleri jezalan-dyrýardy. Nazyr dewawynyň galam gullukçy-syndan bolandygy üçin käbir emirler ýa-da wezipeler tarapyndan hasaplanmazlygy müm-kindi. Şonuň üçinem Ymadeddin 1173-nji (568-nji hijri) ýylda muşrif (nazyr) bellenensoň emirleriň we esgerleriň derňewçi-ligini emir Zyýaýeddin Bekrisanyň kömegi bilen ýerine ýetiripdi. 1177-nji (572-nji hijri) ýylda Müsürde soltanyň wekili bolan Ibn Sawla muşidd bolan bolmaly. 1184-nji ýylda Soltanyň Müsürdäki naýyby Takyýeddin, kätibi Razy bin Selama bi-len birlikde Buhaýradaky diwanlaryň hasap-laryny derňäpdi. Takyýeddiniň bu ýerine ýeti-ren işi muşiddiň işidi. 1191-nji ýylda Adyl Müsür naýyplygyndan boşadylansoň, ýerine Mübärek bin Munkyz bellenilipdi. Şeýle hem onuň bu ýylyň muharram aýynda Müsürde şeddil dewawyn bellenilendigi anyk nygtalýar. Hatda Salahaddin Kudusda gezip ýörkä, düzgüni bozan bir işgär Müsür-den gaçyp onuň ýanyna gelipdir. Soltan ony yzyna, Müsürdäki naýyby Mübäregiň ýanyna iberipdir. Şonuň üçinem naýyp şol bir wagtda muşidd dewawyn bolmalydyr . Maliýe gullugynda nazyrlardan başga dürli ýerlerde işgärler bardy. Bularyň tutýan depderleriniň, hatmanlarynyň (hasap-laryň netijelerini görkezýän hasabatlar), gündelikleriň, kundak we mesaha depderleriniň nähili ýörediljekdigi «kanun kitaba» diýilýän bir kanunnamada görkezilipdi. Bulardan başga salgyt ýygnamak üçin hasap depderi bilen iş ýüzünde ýygnalan salgytlaryň möçberini görkezýän muwafa we jemaga (meýilnama we ýygnalan) depderleri hem bardy. Döwletiň çykdajylaryndan başga zatlar bilnafaka diýilýän bir şahadatnama bilen bellenilýärdi. Birnäçe işgärler resminamalaryň derňewine we işgärleriň barlagyna jogapkärdi. Salgyt gullugy býuje-ti taýýarlaýan wagty bellikleri ýazar ýaly, hasaplary ýöreder ýaly salgytlaryň möçbe-rini dogry hasaplar ýaly ökde işgär bolýardy. Ähtimal, Müsürdäki salgyt gullugyna meňzeş gulluklar Şamda we beýleki ýerlerde hem bolmandyr. Nazyrdan soňra iň ýokary wezipeli işgär diwanlaryň mütewellileridi. Her diwanyň aýry bir mütewellisi (baş jogapkär, müdir) bardy. Diwanyň işleriniň ýöredilmegine jogapkär mütewellidi. Mütewelliniň galam gullukçysyndan bolup bilşi ýaly, emirlerden hem bolup bilýärdi. Nazyr diwanyň hemme işlerini ondan soraýardy. Mütewelli ýa amanatlylyk, ýa oruntutarlyk ýa-da zerurlyk ýoly bilen bellenýärdi. Amanat wezipeden boşadylmazdy. Oruntutarlyk ýoly bilen bellense söz beren möçberini üpjün etmegi, salgyt ýygnalyşynda möçberi saklamak üçin bidüzgünçilik etmezligi gerekdi. Ýöne söz berlenden az möçber ýygnasa ýa-da salgyt ýygnanyşygynda kemçilik görkezse, işden boşadylyp ýerine başga biri bellenýärdi. Eger mütewelli zerurlyk ýoly bilen bellenilse, onda ylalaşylan möçberi töle-mäge mejburdy. Maliýe ukyplylygy güýçli bolanlardan mütewelli bellenilýärdi. Eger adatdan daşary ýagdaý ýüze çyksa we mütewelli ylalaşylan möçberi üpjün edip bilmese ýagdaý soltana habar berilýärdi. Eger tölenmedik möçberiň bir bölegi etrap häkimleri sebäpli bolsa, Soltan ýagdaýa görä höküm çykarýardy. Mütewelliler ähli işlerini nazyr tarapyndan berlen taglymata görä ýöredýärdiler. Bir diwanda mütewelliden soňra iň yg-tyýarly kişi hökmünde mustewfi durýardy. Eýýuplylar döwründe bu işgär öňki ähmi-ýetini ýitiripdi. Seljuklylarda nazyr dewawyna mustewfi diýilýärdi. Eýýuplylar-da bu at mütewelliniň adyndan edara işlerini ýöredýän işgärdi. Ol diwanda işleýän gullukçylardan olaryň tölemeli mallaryny we bu salgytlara degişli hasap-lary soraýardy, depderleri, girdeji-çykdajylary barlag edýärdi. Tölenmeli maly we puly töleýärdi. Eger ol ýygnalmaly mal-lary habar bermese, girdeji hasaplarynyň özüne hasabatnamasyny talap etmese, öňürti edilmeli işleri soňa goýsa, sarp edilmeli işleri sarp etmese jogapkärçilik çekýärdi. Ol bikanunçylyklara, senesi bolmadyk resminamalara jogapkär däldi. Ibn Memmatynyň berýän maglumatlaryna görä, bir diwanda we olaryň bölümlerinde mütewelliden we mustewfiden soňra esasan şu işgärler bardy: Mugyn: Mustewfiniň kömekçisi. Gir-deji we çykdajylary depderlere belleýärdi we şaýada görkezýärdi. Kalkaşandynyň aýtmagyna görä, mugyn beýleki ýokary wezipeli işgärlere hem kömek ederdi. Şahyt (şaýat): diwanyň işleýşini soltanyň adyndan derňew edýän muşiddiň işgärlerindendi. Nasyh: Mugynyň kömekçisi. Diwana gelýän soltanyň buýruklarynyň we hatlaryň köpeldilmegi we degişli ýerlere iberilmegi bilen meşgullanýardy. Eger ol bikanun resminama ýazsa jezalandyrylýardy. Muşrif: Muşidd bilen mustewfiniň golastyndaky uly işgärleriň biridi. Ol salgytlar ýygnalandan soňra, olaryň depderlerdäkiler bilen gabat gelip, gelmeýän-digini barlag edýärdi. Salgyt ýygnaýjylar salgytlary ýygnanlaryndan soňra «mejlis harb» diýilýän bir toparyň huzuryndan murife berilýärdi. Muşrif günümizdäki hasapçylaryň wezipelerini ýerine ýetirýärdi. Olar özlerinden öňki müşrifden salgyt tölemelileriň atlaryny, salgytlaryň möçberini we görnüşini görkezýän depderleri alýardylar. Amyl: diwanyl-malyň amyllyklarynda-ky bölümleriniň müdirlerine amyl diýilýärdi. Ol amyllykda salgytlary ýygnaýan, salgytlaryň ýygnalma işlerini ýöredýän baş jogapkärdi. Her amyllykda bir amyl we onuň golastynda birnäçe salgyt işgärleri bardy. Nazyr bilen müşrif ony barlag edýärdiler, oňa kömekçi bolýardylar. Amyl hasaplary nazyr bilen müşrife hödür-leýärdi, golastyndaky işgärleriň hyzmatla-ryna gözegçilik edýärdi. Ol wezipesine geçen wagty öňki depderleri barlag edip alýardy. Ol salgytlary alan wagty, salgydyň tölenendigini aňladýan bir kagyz bererdi. Kätip: Ol amylyň kömekçisidi, onuň ýok wagtynda oňa wekil bolýardy. Jihbiz: Derňewçi bolan jihbiz salgytlar ýygnalanda şol ýerde bolýardy, girdejileri ýazardy, mahzumalary, ruznamalary (gün-delikleri) we hatmany taýýarlardy. Naýyp: Amyllyklarda Soltanyň salgyt derňewçisi hökmündedi. Ol işleriň ýöreý-şine gözegçilik edýärdi. Ymadeddin Nured-diniň diwan müşrifi bilen naýyplarynyň arasynda köplenç düşünişmezlikleriň bo-landygyny ýazýar. Emin: Ol naýyp bilen şaýadyň işlerine meňzeş işi alyp barýar. Haýyz: Galla işleriniň möçberlerini ýöredýärdi. Ol güwähatlaryň üstüne möhür urýardy we daýhanlaryň salgyt işlerinde bikanunçylyklaryna ýol bermeýärdi. Hazyn: Paç we pul salgytlaryny oňa tabşyrýardylar. Ol bulary saklaýardy. Haşyr: Tölenmedik salgytlary, zimmi-leriň arasyndan jizwe tölemeli ýaşyna ýetenlere gözegçilik edýärdi. Eger bikanun-çylyk bar bolsa amyllara habar berýärdi. Delil: Topragyň meýdanyny ölçeýän iş-gärden ölçelen sanlary alýardy. Bulara gerek-li bellikleri edýärdi. Kundaklary, ölçeg depderlerini, sijillat et-tahzyry taýýar-lardy. Ol depderlere ekilen ýeriň nirede we näçe möçberdedigini, näme ekilendigini, näçe hasyl we salgyt alyp boljakdygyny belleýärdi. Masyh: Ol ýerleri ölçäp, delile kömek edýärdi. Kassab: Kasba diýilýän bir uzynlyk ölçegi bilen (3,55 m) ýeri ölçeýärdi. Masyha kömek edýärdi. DIWANYL-HAS Şol döwürdäki çeşmelerde diwanyl-has hakda gürrüň gozgalmaýar. Soltanyň we uly emirleriň, memluklar döwründe hem diwanyl-haslarynyň bolandygyny bilýändigi-miz üçin, diwanyl-hasyň Salahaddiniň döw-ründe hem bolandygy bellidir. Çünki diwa-nyl-has adyny götermese hem, dürli kişile-riň ýörite diwanlarynyň bolandygyny anyk bilýäris. Adylyň, Takyýeddiniň, Ýemende Turan şanyň we Togteginiň ýörite diwanlary bardy. Bu diwanyň özbaşdak di-wan bolan diwanyl-mufredden aýrydygy hem bellidir. Haýsydyr bir emiriň hususy iş-leriniň ýöredilmegine, ýerlerinden salgyt alynmagyna diwanyl-has seredýärdi. 1186-njy ýylda Soltan ogly Mälik Ezizi Müsüre iberende: «Kusy we onuň amyllyklaryny oňa ykta berdi. Öz esgerleriniň bir böle-gini onuň golastyna berdi. Oňa döwlet býujetinden serişde goýberdi, ýakyn adamla-ryna hajyplar berdi. Onuň üçin ýörite bir diwan döretdi» diýilýär. Ähli uly emirleriň ýörite diwanyl-haslary bardy. Bu diwan hökümdaryň ýa-da emiriň hususy býujetini taýýarlaýardy, onuň hususy çykdajylary bu diwandan tölen-ýärdi. Çeşmeler köşgüň, dabaralaryň, hökümdaryň oturylyşyklarynyň, dürli hökümdarlara iberýän sowgatlarynyň, ahyr-larynyň, baýramçylykda we beýleki wagtlarda paýlanylýan harajatlaryň, gurbanlyk-laryň şu diwandan çykdajylarynyň çykýandygyny aýdýarlar. Memluklar döwründe bu diwanyň başlygyna Nazyr has diýilýärdi we onuň orny ustazuddardan (ussatdar) soň gelýärdi. 1190-njy ýylda Müsürde Soltanyň diwanyl-has býujeti 322 832 dinar, 1191-nji ýylda 354 454 dinar, 1192-nji ýylda 353 044 dinardy. Emma Adyl 1183-nji ýylda Müsür naýyplygyndan giden wagty Müsürdäki yktalarynyň ýyllyk girdejisi 700 000 dinar jeýşi (goşun dinary), 1189-njy ýylda bolsa 1190923 dinardy. Şeýle hem 1189-njy ýylda umumy býujetden 728.248 dinar Adylyň býujetine geçirilipdi. Belli bolşuna görä bu býujet onuň hem diwanyl-hasyna, hem-de diwanyl-müfredine degiş-lidi. Şeýle hem Soltanyň býujetiniň möhüm bir bölegi beýleki sebitlerden we beýleki çeşmelerden üpjün edilýärdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |