00:57 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Kudusyň berkleşdirilmegi | |
KUDUSYŇ BERKLEŞDIRILMEGI
Taryhy makalalar
Şol wagtlar Kudusyň gowşak ýerleri köpdi. Soltan emirleriniň hersine diwaryň we garymyň bir bölegini berip, şäheriň galasyny berkidip başlady. Soltanyň hut özi we beýleki emirler bu gurluşyk işlerinde işlediler. Mosul häkimi atabeg Yzzeddin Mesgut daş we gurluşyk ussalaryny iberdi. Bu gurluşykda 2000 sany haçly ýesirler hem işledildi. Kudus gysga wagtyň içinde sarsmaz gala öwrüldi. Ýewropalylar Remlede üç gün bolanlaryndan soňra 20-nji ýanwarda Askalanyň üstüne ýöriş etdiler. Öň hem belleýşimiz ýaly, şäher weýran edilipdi. Soltan Seýfeddin Ýazgyja, şäheriň häkimi Alameddin Kaýsara we esedilere şäheri goş-golamlary bilen göçürmegi tabşyrypdy. Ýewropalylar 21-nji ýanwarda Askalana geldiler. Riçard şäheriň daşyna aýlanyp ýörkä, uzakdan tüsse gördi. Derrew ýanyndaky güýçleri ol ýere iberdi. Şol mahal ýükleri daşap ýören esgerler agşam naharyny edinýärdiler. Duşman duýdansyz üstlerinden geldi. Bereket bersin, musulmanlar ikä bölünip nahar edinýärdiler. Duşman olaryň birini gördi. Duşmanyň hüjüm edýändigini gören beýleki topar atlaryna atlanyp, dostlaryna kömege gaýtdylar. Iki topar bileleşip, duşmany yza serpikdirdiler. Şol wagt hyzmatkärler ýükleri ulaglara ýükläpdiler. Musulmanlar söweşe-söweşe uzaklaşdylar we goşlary bilen bile halas boldular. Ýewropalylar dört aý der döküp işläp, Askalany täzeden dikeltdiler. Musulmanlar hem dek ýatmaýardylar, olaryň üstlerine we karargählerine hüjüm edýärdiler. Bularyň biri 1192-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Jurdikiň serkerdeliginde Ýubnadaky ýewropalylaryň üstüne edilen hüjümdir. Ikinjisi hem ýene-de Jurdigiň serkerdeliginde Askalanyň golaýynda geçirilen hüjümdir. Iki hüjümde hem köp möçberde ýesir, mal we azyk alyndy. Faryseddin Meýmunyň serkerdeligindäki başga bir bölüm 2-nji martda Ýubnanyň golaýynda buky gurup, bir haçly kerwenini eýeledi. Soň hem Ýafa gidip, şäheriň daşarky bölümini talady. 1192-nji ýylyň 16-njy aprelinde 50 000 dinar fidýe tölenenden soňra ýesirlikden halas bolan Akkadaky goragçylaryň serkerdesi Seýfeddin Aly bin Meştup Kudusa geldi. Soltan oňa Nablusy ykta berdi. • ÝEWROPALYLARYŇ ARASYNDA BILELEŞIGIŇ GURULMAGY Şol wagt ýewropalylaryň arasynda Guiniň tarapdarlary bilen Konradyň tarapdar-larynyň arasyndaky agzalalyk dowam edýärdi. Riçard korollyk meselesinde Guiniň tarapyny çalýardy. Riçard, şeýle hem dogany Žakyň Angliýada korollygy eýelemek üçin gozgalaň turzandygyna degişli habarlary eşidýärdi. Riçard täze haçly korollygynyň tagtyna kimiň çykjakdygy barada belli bir netijä gelmek üçin, 1192-nji ýylyň başlarynda baronlary ýygnap, maslahat geçirdi. Bu maslahatda Konradyň korol bolmalydygy barada karar kabul edildi we Konradyň Akkada jyga geýmek dabarasyna taýýarlyk görülmegi üçin Genrih Akkada taýýarlyk işlerini görüp ýörkä, 1192-nji ýylyň 28-nji aprelinde Konrad Surda iki haşhaşly tarapyndan öldürildi. Çaklama görä, bu işde Riçard bilen Genrihiň eli bar eken. Konradyň ölüminden soňra, Genrih de Şampagne 1192-nji ýylyň 5-nji maýynda onuň dul galan aýaly Izabella öýlendi. Genrih hem Fransiýa korolynyň hem-de Angliýa korolynyň garyndaşydy. Netijede, Genrih korol diýlip yglan edildi we ol täze haçly korollygynyň koroly boldy. Şeýle hem Riçard öňki korol Guiniň göwnüne degmejek bolup, ony 1192-nji ýylyň maý aýynda Kipre korol belledi. Gui de Lusignan Kipr adasynyň dolandyrylyşyna geçip, tä 1472-nji ýyla çenli dowam eden Lusignanlar döwletini gurdy. Ýewropalylar üçin bolsa üçünji haçly ýörişiniň iň uly netijesi, gündogar Ortaýer deňzinde Kipr ýaly örän strategik adanyň eýelenmegi we ol ýerde Latyn korollygynyň döredilmegi bolupdy. • MUSULMANLARYŇ ARASYNDA BILELEŞIGIŇ GURULMAGY Ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, Takyýed-diniň ogly Mälik Mansur agasy Soltandan kakasyna degişli Fyratyň gündogaryndaky ýerleriň özüne berilmegini isläpdi, Soltan hem onuň bu hereketlerini halamandy. Şonuň üçin, Fyratyň gündogaryndaky ýerleri ogly Mälik ehl-Afdala berdi. Soltan 1192-nji ýylyň 19-njy fewralynda Afdaly Kudusdan onuň öz bölümi bilen bu meseläni we Diýarbekr sebitlerindäki beýleki düşünişsizlikleri çözmek üçin iberildi. Ol bu sebitdäki hökümdarlara hat ýazyp ogluna goldaw bermeklerini isledi. Afdal söweş tarapdary däldi. Onuň gelýändigini eşiden Mälik Mansur agasy Mälik Adyldan kömek sorady. Onuň penalamagyny isledi. Adyl inisi Mälik Afdaly köşeşdirip, Mansury Soltanyň ýanyna getirmäge söz berdi. Beýleki emirler hem muny makul bildiler. Afdal soň yzyna gaýtdy. Soltan Eljezire sebitini Adylyň yktasyna goşdy we ony 22-nji maýda gündogara iberdi. Şeýle hem Mansura habar ýollap, eger ýanyna gelse Hamany we Magarrany berjekdigine söz berdi. Mälik Adyl gündogardaky meseleleri çözüp birýanly etdi. Mälik Mansur hem 1192-nji ýylyň 22-nji awgustynda Diýarbekr we Erbil esgerleriniň yz ýanyndan Kudusyň golaýyndaky Soltanyň karargähine geldi. Soltan ikisiniň ähli etmişlerini bagyşlady. Oňa Hamany, Magarrany, Seleniýäni we Menbiji berdi. Soltan Mälik Mansury goşunyň öň hatarky bölümleriniň arasyna ýerleşdirdi. Netijede, musulmanlaryň arasynda hem agzybirlik emele geldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |