22:02 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Selaheddiniň soňky günleri we aradan çykmagy | |
SELAHEDDINIŇ SOŇKY GÜNLERI WE ARADAN ÇYKMAGY
Soltan Damaska gelen wagty weziri Kazy Fadyl, ogullary Mälik Afdal, Mälik Zahyry, Mälik Zafyr dagylar hem bu ýerdedi. Soltan Damask günlerini «Daryl-adylda» (Adalat köşgünde) ýygnak geçirmek, halkyň arz-şikaýatlaryny diňlemek, alymlar üçin ylym mejlislerini gurnamak bilen geçirdi. Şeýle hem daş-töwerekden gelen ilçileri we toparlary kabul etdi. Damaskda bir aý bolandan soňra, Mälik Zahyr Halaba gitdi. Kair şäherine täze häkim bellenilen Garaguş bolsa Müsüre gitdi. 24-nji noýabrda Iordan derýasynyň aňyrsyndaky ýerleriň dolandyryşyny birýüzli eden Mälik Adyl Damaska geldi. Şol wagtlar Soltanyň nähili maksatlarynyň bolandygy meselesini taryhçylar dürli görnüşde düşündirýärler. Ýokarda hem aýdyşymyz ýaly, Ibn Şetdat Sotanyň Damaskda biraz wagtlyk bolup, soňra Müsüre gidip ol ýeriň dolandyryşyny täzeden gözden geçirmekçi bolýandygyny aýdýar. Ibn Esir onuň niýetiniň Anadoly, Ahlat, Azerbaýjan we Eýran mülklerine ýöriş etmek bolandygyny nygtaýar. Ymadeddin hem Ibn Şetdat ýaly Soltanyň ülkäniň dolandyrylyş ulgamyny täzelemek niýetinde bolmandygyny aýdan soň, «Damaskda gezip ýörkä, Soltanyň ýanyna gündogardaky we günbatar-daky hökümdarlaryň ilçileri geldiler. Ony öz ülkelerine çagyrdylar. Esgerler ýygnanyp aňtaw bölümleri daş-töwerekde herekete geçdiler» diýýär. Şeýle hem Ibn Esir Angliýanyň koroly Riçardyň Ýewropa hereketinden soňra Akkanyň koroly Genrih de Şampagneniň Soltana bir ilçi iberip, ondan özüne halat-serpaý isländigi, onuň «Biziň adymyzdan halat we serpuş (kellä geýilýän gap) geýmegiň aýypdygyny bilýärsiňiz. Ýöne seni gowy görýändigim üçin siziň iberen haladyňyzy we serpuşyňyzy geýjek» diýendigini, Soltanyň hem oňa gymmatbaha halat iberendigini nygtaýar. Şeýlelikde, Soltan gyşy Damaskda geçirdi. Ol fewralyň başynda dogany Adyl bilen Damaskyň gündogardaky çöle 15 günlük aw güýmejesine çykdy. Ol 16-njy fewralda awdan gaýdyp geldi, dogany Adyl hem Kerege gitdi. 19-njy fewral güni haçly ilçileri geldi, ýöne Soltan keýpsiz bolandygy üçin olary kabul etmedi. 20-nji fewralda Mekgeden gaýdyp gelýän hajylary garşylady. Hajylar bilen dogany Togteginiň uly ogly Mälik Mugyz Ysmaýyl hem gelipdi. Ol ondan Hyjazyň we Ýemeniň ýagdaýlaryny sorady. Soltan şol gün syrkawlady. Beýleki tebipler maslahat bermese-de, Razyýeddin Rahbiniň diýenini edip, uklap ýatyrka gan aldyrdy. Syrkawçylygy gün geçdigiçe erbetleşdi. Ibn Şetdadyň aýtmagyna görä, onuň keseli ýa garahassalykdy ýa-da meningit keselidi. Ol ýagdaýy has erbetleşensoň, mejlisdäki ýerini iň uly ogly we mirasdüşer şazada Mälik Afdala berdi. Onuň ýaşaýşyndan umyt kesilensoň Mälik Afdal Damaskdaky emirleri we uly döwlet adamlaryny çagyrdy. Olardan özüniň häkimiýetine wepaly boljakdyklary barada ýazmaça kasam aldy. Ahyrsoňy, Soltan 1193-nji ýylyň 4-nji martynda (589-nji hijri ýylynyň sapar aýynyň 27-si), çarşenbe güni bu dünýäden ötdi. Ol wepat bolanda 56 ýaşyndady. Şol wagtky däbe görä, aty we ýaraglary ruhy taýdan tabyn bolnan Apbasly halypasy Nasyra iberilip, wepaty habar berildi. Soltanyň şu wagt hem Damaskda bolan gubury uly zyýarathanalaryň biridir. Salahaddin wepat bolan wagty Müsürde, Liwiýada, Hyjazda, Ýemende, Palestinada, Iordaniýada, Siriýada we Liwanyň deňiz kenarlaryndaky hemme ýerlerde, Malatyýa we Ahlata çenli günorta we gündogar Anadoluda, Hemedana çenli demirgazyk Yrakda onuň adyna hutba okalyp, zikge basylýardy. Mosul, Ahlat, Artykly beglikleri Soltana tabyndylar (bular Soltanyň wepatyndan soň baş göterip, Eýýuply tabynlygyndan çykdylar). Akka korollygy, Trablus graflygy, Aktakyýa patrikligi onuň bilen dostlukly hyzmatdaşlyk halyndadylar. Ülkesiniň dolandyryş bölünişigi hakda aýtsak, Soltanyň iň uly ogly we mirasdüşer şazada Mälik Afdal Damaskda, ikinji ogly Eziz Müsürde, üçünji ogly Zahyr Halapda, dördünji ogly Faýyz Busrada onuň naýybydylar. Dogany Mälik Adyl şu günki Iordaniýa bilen Fy-ratyň gündogaryndaky ýerleriň, Togtegin Hyjazyň we Ýemeniň, Şerafeddin Garaguş Trablusgalbyň, Ferruh şanyň ogly Bähram şa Baalbegiň, Takyýeddiniň ogly Mälik Mansur Halabyň, Nasyreddin Muhammediň ogly Şirkuh II Hysnyň, Gökböri Erbiliň, şeýle hem ýokarda agzalan birnäçe emirler hem özleriniň ýaşaýan ýerleriniň yktalarynyň eýesidiler. Eýýuply emirlikleri diýilýän beglikler, soňra ýüze çykan zat däl-de, heniz Salahaddin dirikä, onuň tarapyndan bellenilen, ýagny ýokardaky agzalan emirliklerdir. Ýöne soňra bularda käbir üýtgeşmeler bolup geçendir. Bu beglikleriň ählisiniň tabyn bolan iň uly Soltany Kairde ýa-da Damaskda oturardy. Mälik Kämiliň döwründe Salahaddin tarapyndan gurluşygyna başlanan Kair galalaryny we Kalgatyl-Jebeliň gurluşygynyň tamamlanmagyndan soňra, Damask öňki abraýyny ýitirip, ilki eýuplylaryň, soňra bolsa memluklaryň paýtagty ýene-de Kair bolupdyr. Ymadeddiniň, Ibn Şetdadyň we Abdyllatyp Bagdadynyň aýtmaklaryna görä, Soltanyň ölüm habaryny hemmeler uly gynanç bilen garşy aldylar. Hatda Abdyllatyp: «Ondan başga bir hökümdaryň ölümi-ne ynsanlaryň şeýle derejede gynanandyklaryny görmedim. Ol ýagşy-ýaman, musulman-kapyr hemmeler tarapyndan örän gowy görülýärdi» diýýär. Onuň ölümi mynasybetli kazy Fadyl tarapyndan Mälik Zahyra iberilen gynanç hatynda: «Onuň ölümi wagtynda musulmanlaryň başlaryna kyýamat gopdy, gözýaşlar ýüzleri gyzartdy. Hojaýynym bolan kakaň bilen indi hiç wagt duşuşmajakdygym üçin hoşlaşdym. Seniň we öz adymdan ýüzüňi öpdüm. Gapydaky uly goşun ondan Allanyň ýazgydyny dep edip bilmediler. Size wesýet berip oturjak däl. Indi bolup biläýjek zat diňe şudur: «Eger siz agzybir bolsaňyz, onda diňe kakaňyzy ýitirdigiňiz bolar. Eger agzala bolsaňyz, kakaňyzyň wepaty başyňyza gelen belanyň iň ulusy bolar» diýýär. Kazy Fadylyň bu sözleri ýersizdi. Aradan köp wagt geçmänkä, Salahaddiniň ogullary gurt ýaly döwlet adamlarynyň we emirleriň oýunjagyna öwrülip biri-birlerine duşman boldular. Döwleti bu bulam-bujarlykdan bäş ýyldan soňra Soltanyň dogany Mälik Adyl halas edip, ýene-de agzybirligi dikeltdi. Doganlaryň arasyndaky söweşler wagtynda Kazy Fadyl özüniň bir hatynda: «Bu neberäniň atalary birleşip, hökümdar boldular, perzentleri bolsa agzalalyga düşüp, heläk boldular» diýipdir. • SALAHADDINIŇ ŞAHSYÝETI Salahaddiniň durmuşynyň fiziki tarapy barada kän zat bilýäris. Ymadeddin onuň çowgan (at üstünde oýnalýan top oýny) oýnunda ökde oýunçydygyny, Nureddin bilen bu oýny ýygy-ýygydan oýnandygyny aýdýar. Ol ömrüniň köpüsini elmydama atyň üstünde geçiripdir. Onuň örän güýçli kişi bolmagy hem muny tassyklaýar. Ibn Uneýn tarapyndan Salahaddine we onuň dostlaryna degişli bir şorta sözde, onuň çalaja agsakdygy aýdylýar. Beýleki çeşmelerde bu maglumat ýok. Onuň merhemetli, güler ýüzli, derwüşsypat, jomart, ýumşak, agras, tutanýerli, mert we haýbatly kişi bolandygy aýdylýar. Ol ahlak häsiýetleri taýdan örän belent kişi bolansoň onuň fiziki aýratynlyklaryna känbir üns berilmändir. Ol ähli meselelerde Nureddiniň başlan ýoluny dowam etdiripdir. Ymadeddin bu mesele barada: «Salahaddin dindarlyk, namyslyk, arassaçylyk, hüşgärlik, hökümdarlyk usuly, döwlet dolandyryşy meselesinde Nureddiniň ýolundan ýöredi. Ahlak häsiýetleriniň esaslaryny ondan öwrendi. Ol öz döwründe ady agzalan meselelerde iň belent mertebä täsir eden Müsürdäki naýyby bolupdyr. Nureddiniň we agasy (kakasynyň dogany) Şirkuhyň memluklary bolan esetlileriň-oguzlaryň, köp sanly neberesiniň, uly emirleriniň we serkerdeleriň kömegi bilen Müsüri içerki we daşarky duşmanlardan gorapdyr, zerur bolan dolandyryş, harby, medeni we ykdysady öwrülişikleri amala aşyryp, ülkäni içerde we daşarda uly abraýa ýetiripdir. Ol Ýemen, Hyjaz, Liwiýa we Demirgazyk Sudany öz gözegçiligine alypdyr. Nureddiniň wepatyndan soňra Salahad-diniň esasan iki sany uly syýasy we harby maksady bardy. Birinjisi Nureddiniň döwründe gurlan syýasy birligi dargamakdan goramak, onuň döwründe başlanan gurluşyk işlerini dowam etdirmek. Ikinjisi bolsa, Nureddiniň döwründe halas etmäge synanyşylan, ýöne oňa ýeňşi nesip etmedik Kudusy we deňizýaka sebitini haçly basybalyşlaryndan arassalap, yslam dünýäsiniň maňlaýyndaky bu gara tegmili süpürip aýyrmakdy. Ol birinji maksadyny on ýyla çeken göreşden soň uly üstünlik bilen amala aşyrdy. Mundan soňra ikinji maksadyna gaýdyp geldi. Hyttynyň ýeňşi we Kudus bilen deňizýaka sebitiniň uly böleginiň eýelenmek bilen ikinji maksadyna ýetmäge az galypdy, ýöne üçünji haçly ýörişi munuň amala aşmagyna böwet boldy. Şeýle hem yslam dünýäniň onuň ýeke özüni ýalňyz goýmagyna garamazdan, haçlylara garşy alyp baran aldym-berdimli söweşleri, olaryň öňünde görkezen gujur-gaýraty bu sebitdäki yslam güýjüniň bir asyr mundan ozalky däldigini, haçlylara Kudusy yza almagyň mümkin däldigini görkezen. Onuň üçünji haçly ýörişleri mahalyndaky söweşlerde görkezen polat durnuklylygy, haçly ýörişleriniň taryhynda onuň yslam dünýäsinde gahrymanlygyň simwolyna öwrülmegini üpjün etdi. Bu uly serkerde, döwlet işgäri, binagär, medeni we ynsany gymmatlyklarynyň goraýjysydy. Onuň ylma görkezen hormaty saýasynda ençeme meşhur taryhçylar ýetişipdir. Musulmanlar onda hakyky döwlet ýolbaşçysyny gördüler, ýewropalylar bolsa hakyky yslam gahrymanyny gördüler. Onuň mertligine, ynsanperwerligine haýran galdylar. Ýewropaly taryhçy Çampdora eseriniň adyny «Saladin: Le plus pur heros de L' Islam» (Salahaddin görnükli yslam gahrymanydyr) diýip atlan-dyrmaga mejbur eden zat, onuň bu mert we serkerdelik ruhudyr. Onuň öz döwründen başlap, Gündogar we Günbatar ýazyjylary we şahyrlary eserlerinde wasp edipdirler. Gündogarly her bir ýazyjy bolsa ony öz milletine degişli etmäge synanyşypdyr. Biziň günlerimiziň şahyrlarynyň iň meşhurlaryndan türkiýeli Namyk Kemal «Ewraky perişan» atly yslam gahrymanlaryndan gürrüň gozgaýan eseriniň birinji bölümini oňa bagyş edipdir. Mehmet Akyf bolsa Çanakgala şehitleri üçin ýazan dessanynda oňa: «Gündogaryň iň söýgüli Soltany Salahaddin» diýýär we onuň yslam dünýäsiniň iň söýgüli hökümdarydygyny nygtaýar. Eýýuplylaryň baýdaklaryndaky bürgüt gerbinden belli bolşy ýaly, şeýle-de şol döwürlerdäki şahyrlaryň we taryhçylaryň nygtaýyşlary ýaly, onuň döwletiniň türkmen döwleti, özüniň bolsa türkmen Soltany bolmak bilen birlikde, Nureddin bilen Salahaddin özleriniň göreşlerini yslam dininiň adyndan ýöredipdirler. Sebäbi haçlylar birnäçe milletlere degişli bolsalar-da, göreşlerini hristianlygyň adyndan ýöredipdirler. Yslamyň adyndan ýöredilen bu söweşde iň uly hyzmaty türkmenleriň ýerine ýetirendigi bolsa hiç hili şek-şübhesiz hakykatdyr. Salahaddiniň gazanan üstünliginde we alyp baran işlerinde onuň weziri we syr saklaýjy kätibi Kazy Fadylyň, dogany Mälik Adylyň, doganoglanlary Takyýeddin bilen Ferruh şa ýaly ýakyn garyndaşlarynyň, birnäçe emirleriň, alymlaryň we serkerdeleriň paýy uludyr. Onuň ulumsylykdan, tekepbirlikden daş durmagy golas-tyndakylara we raýatlaryna adalatly bolmagy, geçirimli we jomart häsiýetleriniň saýasynda daş-töweregindäkileriň we halkyň elmydama söýgüsini we hormatyny gazanypdyr. Hatda bu geçirimliligini we jomartlygyny duşmanlaryna-da görkezip, olaryň hem öwgüsini gazanypdyr. Birki waka diýäýmeseň emirleri elmydama oňa hormat goýupdyrlar. Nureddin we halypa Nasyr ýaly hökümdarlar, Şemseddin bin Mukaddem we Mälik Mansur ýaly emirleri bilen arasynda ýüze çykan meseleler, onuň dana maslahatçylarynyň beren maslahatlary bilen hiç tarapyň göwnüne degilmän parahatlyk bilen çözülipdir. Ol Nureddinden soň boşap galan orny dolduryp, özüniň ýolbaşçylyk häsiýetlerini subut edipdir. Has soňraky döwürde, ýagny Beýbarsyň döwründe ýaşan taryhçy Ibn Wasyl, Salahaddin bilen wezi-ri Kazy Fadyl üçin: «Soltan diýeniň Salahaddin ýaly bolup, wezir diýeniň hem Kazy Fadyl ýaly maslahatçy bolsun» diýipdir. Taryhçylar Usama bin Munkyz bilen Ibn Şetdat ony hulafaýy-Reşidiň (dört çaryýarlar) döwrüni täzeden janlandyran höküm-dar hökmünde hasaplaýarlar. Onuň ölüminden soňra ne ogullary, ne-de dogany Adyl onuň ýerini tutup bilmändirler. Onuň ölümi bilen Nureddin bilen başlanan aňyýet hereketi ýitipdir we jyhat ruhy peselipdir. Hatda deňiz ýakasynda biri-birinden aýry üç dar ýerde ýerleşdirilen haçly döwletleri, bu aňyýet hereketiniň ýitmegi we jyhat ruhunyň peselmegi sebäpli özleriniň barlyklaryny ýene-de bir asyrlap dowam etdiripdirler. Salahaddiniň ömür ýoluny beýan eden taryhçylaryň aýtmaklaryna görä, Soltan wagtyny ýa ylym, ýa jyhat, ýa-da döwlet işleri ugrunda geçiripdir. Onuň mezhebi amalda şapygy, ygtykatda bolsa eşgarlydy. Müneçjimlere we ýyldyz ylmyna ynanmazdy. Ylymlaryň ählisini diýen ýaly okapdy. Türkmençe, arapça, kürtçe we parsça gürläp bilýärdi. Gurhany-Kerimi we Abu Temmamyň «Hamase» atly kitabyny ýat tutupdy. Hemme kätipleriň ýazgylaryna göwni ýetmeýärdi. Beýrut we Kudus şäherlerini eýelände, Ymadeddinden galanlarynyň ýazan ýeňişnamalaryny halamandyr we daş-töwerege ibermändir. Ibn Şetdat onuň taryh ylmy barada şeýle diýýär: «Taryh ylmyny gowy bilýärdi, hemmetaraplaýyn medeniýete eýedi. Mejlisine gatnaşanlar, ondan henize çenli eşitmedik zatlaryny eşidýärdiler». Ol Silefi, Kutbeddin Nyşapury, Ibn Awf we Ibn Şetdat ýaly öz döwründäki uly din alymlaryndan hadys we fykh ylymlaryny öwrenipdir. Ol şeýle hem fakyhlaryň çekeleşiklerini we pelsepelerini halamazdy. Ol wadasynda tapylýan, ynsanperwerlik duýgulary güýçli kişidi. Ýalňyşanlaryň, özüne garşy gödek hereketleri edenleriň, günäkärleriň günäsini geçmegi söerdi. Ymaddedin ol Harranda agyr syrkaw ýatyrka töweregindäkilere örän mylaýym bolandygyny aýratyn nygtaýar. Käbir günbatarly ýazyjylar Şawere, fatymylaryň tarapdarlaryna we Reno de Şatillona garşy ýowuz hereketleri üçin ony tankyt edýärler. Aslynda bolsa ol Şaweri diňe tussag edendir, ony Azyt öldürdipdir. Ol fatymylara öňürti örän rehimdarlyk edipdir, emma olar daşarky duşmanlar bilen birleşip, özüne garşy çykanlarynda bolsa, özüniň olara bolan garaýşyny üýtgedipdir. Reno de Şatillony bolsa şertnamalaryny we kasamlaryny ýerine ýetirmändigi üçin we köp bozandygy üçin öldürdipdir. Ol ony öldürden wagty hökümdarlaryň hökümdary öldürmek däbiniň ýokdugyny, ýöne onuň kasam edip, soň hem kasamynda durmaýandygy üçin ony öldürdendigini hem aýdypdyr. Şeýle hem Ibn Esir tarapyndan ýazdyrylyşy ýaly, Zeňňiler maşgalasyna garşy haýsydyr bir ýowuz çemeleşen ýeri ýokdur. Ol Nureddini elmydama rahmet bilen ýatlapdyr, zeňňiler maşgalasynyň arasynda özüne garşy bolanlardan döwletiň bütewiligini bozmazlyklaryny, ýewropalylara garşy agzybir bolmak üçin özüne tabyn bolmaklaryny isläpdir. Ýöne gynansagam, zeňňileriň arasyndaky soltana garşy toparlar iki tarapyň ara-syndaky gatnaşyklarynyň köp wagtlap dartgynly bolmagyna sebäp bolupdyr. Onuň Kudusyň we deňizýaka sebitiniň ýeňşi wagtynda haçlylara garşy merhemetli we ynsanperwer gatnaşyklary ýewropaly taryhçylar tarapyndan uly öwgi bilen agzalýar. Salahaddin diňe templiýer we gospitaliýer rysarlaryna ýowuz darapdyr. Şeýle hem Riçardyň Akkada aman bilen boýun egen musulmanlary gylyçdan geçirmeginden soňra, biraz wagtlap duşmandan alnan ýesirleri öldürdipdir. Ibn Jubeýriň nygtamagyna görä, ol: «Günä geçmek meselesinde ýalňyş goýbermek, hakly bolup jezalandyrmakdan maňa has ýaraýar» diýerdi. Käbir soňky taryhçylar onuň soň-soňlar Müsüre kän üns bermän, Şama uly ähmiýet berendigini ýazýarlar. Aslynda onuň özüniň soňky döwürlerini, esasan, Şamda geçirmegi: «Bu ýeriň ýewropalylaryň topraklaryna ýöriş etmäge has amatly bolandygy üçindir. Ol Remlede ýeňlenden soňra, Müsürden Kudus korollygynyň topraklaryna hiç haçan ýöriş edilmändir. Bu aýdanlarymyzda, 1190-nji ýylda Kazy Fadyl tarapyndan Soltana iberilen bir hatdaky: «Hojaýynymyz Müsür hazynasyny Şamy almak üçin, Şamyň hazynasyny Eljeziräni eýelemek üçin harçlady. Indi hemmesiniň hazynasyny deňizýakasy sebitiniň ýeňişi üçin harçlaýar» diýen sözleri tassyklaýar. Soltanyň adalatsöerligi Ibn Şetdat we Ibn Jubeýr tarapyndan aýratyn nygtalýar. Ol Takyýeddini kazynyň öňüne çykmaga mejbur edişi ýaly, özüni şikaýat eden bir kişi bilen özi hem kazynyň öňüne çykypdyr. Bir gün onuň adamlarynyň biri, bir düeçi barada oňa şikaýat edipdir, onda ol: «Musulmanlaryň aralaryndaky düşünişmezlikleri çözüji kazylar bar. Kazylyga şikaýat gapysy hemmelere açyk. Men asudalygy üpjün etmäge jogap berýän. Seniň meseläňi kazy çözer» diýipdir. Ol örän sahydy. Wepat bolan mahaly onuň hazynasynda bary ýogy bir Müsür dinary bilen otuz alty ýa-da otuz ýedi nasyry dirhemi bardy. Ol Amyt şäheriniň ähli baýlyklaryny ele geçirse-de, emirleriniň nägileligine garamazdan, olaryň hemmesini Nureddin bin Gara Arslana beripdir. Ymaddedin ol barada: «Onuň münýän aty ýa birine peşgeş berlipdir, ýa-da peşgeş berilmek üçin wada berlipdir. Ol söweşe giden wagty atyny esgere bererdi, özi bolsa başgalaryndan at alardy. Her kim onuň atyna münerdi, ýagşylygyna garaşardy» diýýär. Ol ýene bir ýerde, Soltanyň ölüminden soňra bir hökümdaryň at ýatagynda ýyndam atlary görendigini we özüniň: «Soltan diri bolsady, bulary esgerlerine bererdi» diýendigini, ol ýerdäkileriň bolsa Soltanyň jomartlygyny isrip etmek hasaplaýandyklaryny aýdýar. Şeýle hem ol: «Soltan şeýle edendigi üçin ýeňişleri gazandy, esgerleri hem oňa tabyn boldular» diýýär we üçünji haçly ýörişi wagtynda Soltanyň esgerlerine 12 000 at paýlandygyny nygtaýar. Soltan golastyndakylar bilen bolan gatnaşyklarynda olar bilen dost ýaly hereket ederdi. Şonuň üçin hiç kim özüniň pikirini, garaýyşyny ýa-da islegini oňa çekinmän aýdýardy. Ymaddedin: «Onuň bilen oturan kişi Soltan bilen oturandyryn diýip pikir etmeýärdi. Öz ýönekeý bir dosty bilen oturandyryn öýdýärdi. Pähimli, geçirimli, arassa, dindar, agras kişidi. Kemçilikleri görmedik bolardy, gaharlanmazdy. Güler ýüzlüdi, geleniň ýüzüni almazdy. Bir zat isläp geleni, eli boş goýbermezdi» diýýär. Onuň mejlisleri arkaýyn, asuda we şerapsyz geçýärdi. Mylaýym sözlüdi. Ymadeddin: «Men hiç mahal ondan pes we ýowuz söz eşitmedim» diýýär. Ibn Şetdat bolsa: «Ol hemmeler barada ýagşy sözler aýdylmagyny isleýärdi. Agzy arassady. Hiç käýinmezdi. Ähdine wepalydy» diýýär. Hakykatdan hem Soltanyň bütin ömri boýunça beren sözünden dänendigi, ähdine wepasyzdygy görlen däldir. Ol her hereketinde özüne bolan ynama zeper ýetirmezlige üns bererdi. Onuň şahsyýeti baradaky maglumatlarymyzy Abdyllatyp Bagdadynyň ýaraşyk şertnamasyndan soňra, Kudusda ýewropalylar bilen onuň ýanyna baran wagty, özünde galdyran täsirleri beýan eden şu setirleri bilen soňlamak isleýäris: «Huzuryna baranymda gözleri yzzat, kalplary muhabbet bilen dolduran bir hökümdary gördüm. Emirleri oňa meňzemäge dyrjaşýardylar. Ýanyna baran günümiň agşamy mejlisini alymlar bilen doly ýagdaýda gördüm. Bu alymlar hemme ylym pudaklaryndan habarlydylar. Ynsanlar onda pygamberlerden görlen ahlak-sypatlary ýaly häsiýetler gördüler. Ýagşy-ýaman, musulman-kapyr hemmeler tarapyndan söýülýärdi». ___________________________ Uýunel-enbag, II, 206 s. Ibn Uýeýn, Diwan, 210-211 s. Senal-bark, I, 56 s. Ibn Jґbeýr, Rihle, 279 s. Rawzateýn, II, 177s. Ibn Jubeýr, Rihle, 298 s. feth Kussi, 156 s.; Rawzateýn, II, 217 s. feth Kussi, 617 s. Uýunel-enbag, II, 206. Bu mowzuk üçin seret: Salahaddiniň döwründe eýýuplylar döwleti, 92-97 s. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |