23:37 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Ýewropalylaryň Kudusy almak synanyşyklary | |
ÝEWROPALYLARYŇ KUDUSY ALMAK ÜÇIN SYNANYŞYKLARYNYŇ NETIJESIZ BOLMAGY WE IKI TARAPYŇ ARASYNDA ÝARAŞYK ŞERTNAMASYNYŇ BAGLAŞYLMAGY Ýafa şäheri kenarýakada we Askalan-Kudus aralygynda ýerleşýärdi. Kudusy kenara birleşdirýän iň gysga ýol bu ýere gelip ýetýärdi. Duşman bu ýeri oňaryp, bejerip özüne merkez edinseler, onda iki şäheriň (Askalan we Kudus) üstüne hem çozup bilýärdiler. Bu ýagdaýda musulmanlara hem Askalany, hem-de Kudusy goramak üçin goşuny ikä bölmek gerekdi. Askalan deňiz kenaryndady. Duşman bu ýeri gabasa, flotdan hem peýdalanyp biljekdi. Beýle ýagdaýda bolsa Akkanyň başyna gelenler, Askalanyň hem başyna gelip bilerdi. Şonuň üçin emirler, eger Askalanyň goragyna karar berilse, Soltanyň ogullarynyň biriniň serkerdeliginde şähere girmek islediler. Netijede, Soltan maslahat geçirdi. Masla-hatda bu meýilnamanyň bähbitsizdigi üçin, goşunyň ählisini bir ýere ýygnap, Askalanyň galasyny ýykmaly we ähli güýçleri Kudusyň goranyşa birleşdirmeli diýlen karara gelindi. Mälik Adyl goşunyň uly bölegi bilen Ýafanyň eteginde duşmanyň öňünde böwet bolup durka, Soltan 1191-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda, penşenbe güni galan güýçler bilen Askalanyň minaralaryny we galasyny ýykmaga başlady. Şäher doly boşadylyp, halk başga ýerlere göçürildi. Netijede, 10 günüň içinde şäher weýran edilip, ýakyldy. Beýleki tarapdan iki tarap hem uzaga çeken uruşlardan ýadapdylar. Haçlylar basymrak ýaraşyk ýoly bilen bolsa hem, Kudusy yzyna alyp, söweşleri ýatyrmak isleýärdiler. Şonuň üçin Soltan Askalany ýykdyransoň haçlylar Onfroi de Toron IV iberip, täzeden gepleşiklere başladylar. Ýöne ýene öňki talaplaryny gaýtalansoňlar gepleşikler kesildi. Şeýlelikde, ýewropalylar Soltanyň gyş düşende esgerlerine rugsat berip ülkelerine goýberen wagtynda, öňlerinde az sanly goşunyň galjakdygyny, şol wagt hem Ýafadan Kudusa ýöriş etmegiň has aňsat boljakdygyny pikirlenip, wagt utmak isleýärdiler. Soltan 23-nji sentýabrda Askalany ýykdyrandan soňra, Mälik Adylyň karargähine Ýubna gitdi. 24-nji sentýabrda bolsa Remlä geçdi. Mälik Adyla Remle galasynyň we Ludd katedralynyň ýykylmagyny, bu ýerleriň halkynyň başga ýerlere göçürilmegine buýruk berdi. Soltan 26-njy sentýabrda, gizlin, Kudusa bardy. Soltan Kudusy eýelän wagtynda şäheriň häkimligini Fakyh Zyýaeddin Isa beripdi. 1189-njy ýylda onuň wepatyndan soňra Kudus häkimligine Husameddin Saýaruk Nejmi bellenildi. Soltan şäherdäki gorag işlerini, azyk we ýarag ýagdaýlaryny gözden geçirensoň, 30-njy sentýabrda karargähine gaýdyp geldi. Emir Sarymeddin Gaýmaz şol wagt Şeriga deresinde Kudus hristianlaryndan bir topary tutupdy. Olaryň ýanlaryndan Kudus häkimi Saýarugyň Soltana Kudusda gorag üçin ýeterlik ýaragynyň we azygynyň ýokdugy barada ýazan hatyny tapdy. Bu haty hristianlar haçlylara alyp barýardylar. Olaryň maksatlary äşgär bolansoň, hemmesiniň kellesi kesildi. Şeýle hem şol wagt Gylyç Arslan II ogly we Malatyýa hökümdary Kaýsar şa özleriniň agasy Kutbeddin Mälik şa garşy kömek soramak üçin karargähe geldi. Kaýsar şa Mälik Adylyň gyzlarynyň birine öýlenendi. Bu nika eýýuplylar bilen Anadoly seljuklylarynyň arasynda nesil taýdan ilkinji ýakynlykdyr. 30-njy sentýabrda odun ýygnamak üçin Ýafadan çykan bir haçly bölümi musulmanlaryň bukuda ýatan esgerleriniň üstünden bardy. Muny eşiden Riçard bölüminiň kömegine howlukdy. Iki tarapyň arasynda aýylganç söweş başlady, korol tas öldürilipdi. Onuň edil özi ýaly geýnen serkerdesi Guillaum de Preks onuň öňüne özüni atyp, özüni gurban etdi we koroly halas etdi. Korol ýaralanyp gaçdy. 3-nji oktýabrda musulmanlaryň öň hatarky bölümleri bilen duşmanyň arasynda ýene-de çaknyşyk boldy. Bu çaknyşykda meşhur haçly graf öldürildi. 4-nji oktýabrda Soltan karargähini Beýti-Natrunyň golaýyndaky beýik bir depä göçürdi. Onuň halypa iberen bir hatynda şeýle diýilýär: «Uzaga çeken söweşler, gije-gündiz dowam eden çaknyşyklar esgerleri ýadatdy. Esgerler soňky dört ýylda söweşden ýaňa ne gyşlak, ne-de ýaýlag gördüler. Atlar bolsa söweşlerden we çapmakdan ýaňa tapdan düşüp garradylar, ýyndam we berk atlar azaldy. Çarhlaryň çykarýan seslerinden ýaňa ürkek boldular. Dor atlaryň ýagyrnysy ýagyr boldy. Duşmanyň hatarlarynyň içine kürsäp girip bilmez derejä ýetdiler. Ýaraglar gutardy we azaldy. Tokaýlarda ok ýasar ýaly agaç galmady. Sagdaklardaky we ammarlardaky oklar gutardy. Senetçiler dynç almazdan ok ýasap, ujuny ýiteldýärler. Hatda ýiteltmekden ýaňa demir serişdeleri azaldy. Şeýle hem, hyzmatkäriňiziň ýeke özi jyhat parzyny ýerine ýetirmek bilen meşgul. Müşrükleriň köküni gyrmak üçin güýç-gaýratyny igeleýär. Tabynlaryndan diňe Mosul we Sinjar häkimleri oňa kömek berýär». • ÝARAŞYK GEPLEŞIKLERI Şol mahallar Riçard bilen Suruň häkimi Konrad musulmanlar bilen ylalaşyk gazanmak üçin iş alyp bardylar. Konrad eger Soltan Beýrut bilen Saýdany özüne berse, beýleki haçlylara garşy musulmanlar bilen birleşjekdigini aýdýardy. Konrad bu teklibinde çynlakaýdy. Sebäbi Riçard Sur şäherini öz elinden alar öýdüp gorkýardy. Soltan bu teklipden soňra, 3-nji oktýabrda Adyl bin Ajamyny Sura iberip, özüniň haçlylara garşy duşmanlygyny yglan eden Konrada, eger Sur bilen Akkadaky musulman ýesirleri azat etse, Beýrut bilen Saýdany oňa berjekdigini habar berdi. Konrad bir aýdan soňra Reno de Sidony ilçi edip, Soltana iberdi. Reno 3-nji noýabrda Sol-tanyň Remledäki karargähine geldi. Soltan Riçard bilen gepleşikleriň geçirilýändigi üçin Renony garaşdyrdy. Ol haýsy tarap has bähbitli şert hödürlese, şol tarap bilen ylalaşmak isleýärdi. Soltan 10-njy noýabrda Renony huzuryna kabul edip, onuň şertlerini diňledi. Reno eger Saýdany Konrada berse, onuň beýleki haçlylara gar-şy özi bilen ýaran boljakdygyny habar berdi. Soltan haçlylaryň arasynda agzalalyk döretmek üçin jogabyny emirlerini bilen maslahatlaşansoň berjekdigini aýtdy. Konradyň işlerinden howatyrlanan Riçard 2-nji, 7-nji we 16-njy oktýabrda yzly-yzyna gepleşikler geçirdi we söweşiň uzaga çekmeginiň iki tarapa hem zyýan berjek-digini, şeriň soňuna çykylmalydygyny habar berdi. Ýöne ýaraşyk üçin öňki Kudus haçly korollygynyň mülklerini we hakyky haçy talap edensoň, ýene-de gepleşikler ýatyryldy. Soltan Riçarda beren jogabynda: «Kudus siziň üçin nähili ähmiýetli bolsa, biz üçin hem şeýledir. Ol ýerden el çeksek, biziň musulmanlar üçin ýalňyş bir iş etdigimiz bolar. Siziň talap edýän ýerleriňiz aslynda biziňkidi. Siziň Kudusy basyp almagyňyz bolsa, şol mahalky musulmanlaryň gowşaklygy sebäplidir. Söweş bolup dursa, Allatagala size ol ýerde ýekeje daş goýmagy-da nesip etdirmez. Hakyky haç barada bolsa, yslama peýdaly bolup biljek iş üçin ony size berip bileris» diýdi . Mundan soňra Riçard 20-nji oktýabrda ýene bir ilçi iberip, Sisiliýa korolyndan dul galan aýal dogany Žannanyň Mälik Adyla durmuşa çykarmagyny we täze guruljak Kudus korollygyna bularyň ikisiniň korol we şazada zenan bolmaklaryny, Akka bilen Askalan aralygyndaky kenarýakasynyň aýal dogany Žannanyň, beýleki ýerleriň bolsa Mälik Adylyň ýörite yktasynyň bolmagyny, templiýer we gospitaliýer rysar-laryna ykta ýerleriniň berilmegini, ýesirleriň çalşygyny, Kudusdaky musulmanlaryň we hristianlaryň mukaddes ýerleriniň bu dinleriň adamlary tarapyndan ýöredil-megini isledi. Soltan bu şertleri kabul etdi. Mälik Adylyň kätibi Sanygat bin Nahhaly Riçarda iberdi. Riçard ilçä beren jogabynda, eger-de Adyl hristian bolmasa, doganynyň durmuşa çykmak islemeýändigini aýtdy. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, Riçardyň teklibi çynlakaýdy. Dogany Jan-na bolsa bu teklibe öňürti razy bolupdy. Emma habar daş-töwerege ýaýransoň, poplar muňa garşy çykyp, Žanna afaroz bilen haýbat atdylar we bu nika üçin Mälik Adylyň hristian bolmagyna şert goýdular. Elbetde Adyl hristian bolmagy kabul etmedi. Netije-de, ýaraşyk umydy ýene puç boldy. 6-njy noýabrda Riçard ýene-de bir ilçi iberdi. 2-nji, soňra bolsa 8-nji noýabrda Adyl bilen Riçard ikisi duşuşdylar. Geçirilen gepleşiklerden soňra, sowgatlar alşyp-çalşyldy. Iki tarap şertnama bipen razylaşdylar. Riçard yzyna gidende Adylyň kätibi Sanygaty hem öz ýany bilen alyp gidip, Ýafadaky musulman ýesirleriniň ýagdaýy bilen tanyşdyrdy. 9-njy noýabrda Konradyň ilçisi Reno de Sidon hem barka, Riçard Onfroi de Toron IV iberip Soltana: «Bolýar kenarýakasyny doganyňa berdiň. Onuň bilen meniň aramda hem sen araçy bol ! Kudus siziňki bolsun, ýöne şäher bilen biziň muňa baglanyşygymyz bolsun» diýdi. Soltan hem razy boldy. Ýöne ýesirleriň çalşygy meselesiniň ylalaşylmagyna-da şert goýdy. Riçard bolsa gyz doganynyň Mälik Adyla durmuşa çykmagy bilen bu meseläniň çözüljekdigini, şonuň üçin papadan rugsat aljakdygyny, eger ol razy bolmasa, onda Adyla doganynyň gyzy Eleonorany alyp berjekdigini söz berýärdi. Musulman taryhçylarynyň aýtmagyna görä, Riçard tekliplerinde çyny bilen däldi. Ol diňe Soltan bilen Konrad haýsydyr bir ylalaşygy gazanar diýip gorkýandygy üçin bu işleri edýärdi. Soltan 11-nji noýabrda emirleri we maslahatçylary bilen ýygnak geçirdi. Ýagdaýy olar bilen maslahatlaşdy. Emirler Konrad musulmanlar bilen goňşy bolup durýandygy üçin, onuň bilen baglaşylan ýaraşygyň uzaga çekmejekdigini we onuň Riçard ýaly abraýly däldigini aýtdylar. Geçirilen gepleşiklerden soňra Riçardyň hakyky hereket etmeýändigi ýüze çykdy we Konrad bilen ylalaşylmaly diýlen karara gelindi. Şertnamanyň metini taýýarlanylyp Reno de Sidon bilen bile Adyl bin Ajamy Sura iberildi. Şol wagt ýewropalylar öz aralaryndaky agzalalygy aradan aýyrmaga synanyşýardylar. Riçard bilen Konradyň arasy düzelişipdi. Şonuň üçin şertnama gol çekilmedi. 1192-nji ýylyň martynda Konrad Reno de Sidonyň hyzmatkäri Ýusuby täze şertler bilen Soltana iberdi. Iki tarapyň arasyn-da geçirilen gepleşiklerden gelnen netijä görä, Konradyň haçlylardan aljak ýerleri onuňky bolmalydy, iki tarapyň bilelikde alan ýerleriniň topragy Konradyňky, zatlary we ýesirleri musulmanlaryňky bolmalydy. Askalan we onuň aňyrsyndaky topraklar musulmanlaryňky bolmalydy, iki tarapyň arasynda galan ýerlerdäki topraklar bilelikde peýdalanylmalydy. Eger musulmanlar Riçard bilen haýsydyr bir şertnama baglanyşylsa, ol gidensoň onuň ýerine Konrad bilen bu şertnama güýjüni saklajakdy. Iki tarapyň arasynda yzygiderli ilçiler gatnady. Ahyrsoňy, 1192-nji ýylyň 28-nji aprelinde Konradyň Surda haşhaşlylar tarapyndan öldürilmegi bilen bu mesele ýapyldy. Şeýle-de, Riçard bilen gepleşikler hem bolup geçýärdi. Riçard 1191-nji ýylyň 12-nji dekabrynda bir ilçi iberip, Mälik Adyl bilen täzeden duşuşmak isledi. Şol wagt esgerleriň köpüsi gyş paslynyň gelendigi sebäpli, ülkelerine gidipdiler. Soltan bilen emirler, esgerleri yzyna gaýdyp gelýänçäler duşmany güýmemek isleýärdiler. Mälik Adyl Riçarda bir hat ýazyp, ondan özüniň şertlerini aýtmagyny isledi. Riçard özüniň jogabynda, Beýrutyň we hakyky hajyň özüne berilmegini, Isanyň guburynyň ýerleşýän ýeri bolan Kyýama kilisesiniň haçly poplarynyň golastyna berilmegini, söweşmeýän ýewropalylaryň bu ýere zyýarat etmeklerine rugsat berilmegini talap edýärdi. Soltan we emirler muňa razylyk berdiler. Adyl özüniň hajyby Abu Bekri Riçarda iberdi. Ýöne Riçardyň şertleriniň üýtgetmegi netijesinde, ylalaşyk gazanylmady. Bulardan belli bolşuna görä, Riçard wagt utmak isleýärdi, musulman esgerleriň köpüsi ülkelerine gidensoň Kudusyň üstüne çozmaga niýetlenýärdi. Konrad öldürilensoň, onuň ýerine Genrih de Şampagne Akkada täze haçly korollygynyň başyna geçdi. Ýewropalylaryň arasynda agzybirlik gazanyldy. Musulmanlaryň arasyndaky meseleler bolsa heniz doly çözülmändi. Ýokarda hem aýdylyşy ýaly, Takyýeddin bilen Gökböri wagtlaýynça gün-dogara gidensoňlar, yzyna gaýdyp gelmändiler. Takyýeddin 1191-nji ýylyň 9-njy martynda Malazgirtde wepat bolansoň, onuň ogly Mälik Mansur esgerleriniň başynda durup, Myýafarykyna gaýdyp gelmedi, agasy (kakasynyň dogany) Salahaddinden kakasynyň golastyndaky ýerleriň özüne berilmegini sorapdy. Soltan Mansuryň hereketlerine göwni ýetipdi, ýöne onuň döwlet işlerinde heniz ýeterlik tejribesiniň ýokdugy üçin, Fyratyň gündogaryndaky mülkleriň yzyna aljakdygyny duýdurdy. Mälik Mansur agasynyň ýanyna gitmän, Myýafarykynda galdy. Soltan onuň Begteýmir bilen bileleşip, kyn döwürde özüniň başyna musallat bolar öýdüp gorkýardy. Şonuň üçin biraz wagt geçensoň Fyratyň gündogaryndaky mülkleri dogany Adyla berdi. Ony inisi Mälik Mansury köşeşdirmek üçin we gündogaryndaky beýleki meseleleri çözmek üçin gündogara iberdi. Mälik Adylyň gündogara gitmegi karargähdäki esgerleriň sanyny azaltdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |