11:01 Selaheddin Eýýuby we döwlet: Müsür we Şam naýyplary | |
MÜSÜR WE ŞAM NAÝYPLARY
Taryhy makalalar
Bular mydamalyk wezipe däldir. Soltanyň ýok wagty bular onuň işlerini ýerine ýetirýärdiler. Ol gaýdyp gelensoň welin, olaryň bu hukuklary güýçden gaçýardy. Soltanyň ýok wagty bu naýyplar goşuna serkerdelik edip, harby herekete, işden boşatmaga we işe bellemäge hukuklary bardy. Olar örän möhüm meselelerde hat arkaly Soltana maslahat salýardylar. 1184-1186-njy ýyllardaky Takyýeddiniň naýyplygyndan başga, soltanyň Müsür naýyplygyny 1174-nji ýyldan 1189-njy ýylyň aýaklaryna çenli Mälik Adyl ýerine ýetiripdir. 1189-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Mälik Adylyň Akkanyň etegine gelmeginden soňra bu wezipäni Seýfeddöwle Mübärek bin Munkyz öz boýnuna alypdyr. Şam naýyplygyny bolsa 1177-1178-nji ýyllarda Turan şa, 1181-1182-nji ýyllarda Ferruh şa ýerine ýetiripdir. 1182-nji ýylda Soltan Gündogar birinji ýörişine çykan wagty Ferruh şanyň tarpa-taýyn ölüminden soňra bu wezipä Şemseddin bin Mukaddem bellenipdir. Bu naýyplar barada 1182-nji ýylda Şemseddin bin Mukaddemiň Damaska bellenmegi bilen Takyýeddiniň Müsüre bellenmegi mynasybetli çykarylan permanlary Ymadeddin öz eserinde agzap geçýär. Bize gelip ýeten bu permanlar bilen Mälik Adylyň Halaba bellenmegi mynasybetli çykarylan perman mazmun taýdan biri-birine ýakyndyr. Bu permanlarda naýyplaryň söweşe buýruk bermek, ölüm jezasy, boşatmak we bellemek, ykta paýlanyşygy, taýpalaryň arasyndaky düşünişmezliklerde eminlik etmek, goşuna serkerdelik etmek ýaly meselelerde ygtyýarlarynyň bardygy nygtalýar. Soltanyň adyndan iş alyp barmak hukugyna eýe bolan bu naýyplaryň buýruklaryna we permanlaryna ähli gullukçylar we halk boýun bolmaga mejburdylar. • YKTA HAS EÝESI BOLAN EMIRLER Agramly bölegi nesilşalyga degişli şazadalardan ybarat bolan «ykta has» (ýörite ykta) eýesi bolan emirler Müsür we Şam naýyplaryndan soňra ýokary derejeli iş-gärlerdi. Olar soltan tarapyndan özlerine «ykta has» berlen ýerde hökümdar ýalydylar. Bular «Diwanyl-inşadan» çykan we sol-tanyň tugrasy bolan menşur bilen belle-nilýärdi. Kalkeşendiniň aýdyşy ýaly, bu yktalar «ykta temlik» däl-de, «ykta istiglal» görnüşli yktadyrlar. «Ykta temlik» mülk hökmünde berilýärdi. «Ykta istiglal» bolsa ýeri we etraby ulanyp, onuň girdejisinden peýdalanmaga berilýärdi. Bu ykta eýeleri öz yktalaryna degişli ýerleriň goragy, ýeriniň ekilmegi, salgytlarynyň ýygnalmagy, halkyň işleriniň tertip-düzgünli ýöredilmegi ýaly meselelere jogapkärdirler. Ykta eýesiniň etmeli işleri we nähili hereket etmelidigi çykarylan permanda doly ýazylýardy. Bu permanda agzalan şertler ýerine ýetirilensoň, soltan onuň razyçylygy bolmazdan, elindäki yktany alyp bilmeýärdi. Bu emirler belli möçberde esger saklamaga we söweşe esger ibermäge jogapkärdiler. Şonuň üçinem, edara yktasy harby ykta ulgamy bilen biri-birine baglydy. Ykta berlen emir bu ýerden esgerlerine ykta berýärdi. Şeýdip, bir tarapdan ýeriň gözegçiligini we ulanylyşyny üpjün edýärdi. Beýleki tarapdan hem taýýar esger saklaýardy. Müsürde Isgenderiýeden Dymýatdan başga mäkäm galaly şäher ýokdy. Şam, Palestina, Eljezire we beýleki Gündogar toprakla-ryndaky şäherleriň hemmesinde berk galalar bardy. Ykta eýesi şol bir wagtyň özünde serhetleriniň içindäki galalaryň serkerdesidi. Soltan bu kişä ynam bildirmese gala serkerdeligini onuň elinden alyp, ol ýere ynamdar başga bir emiri belleýärdi. Eger ykta eýesi bolan kişi, heniz kämilleşmedik we döwlet işlerini dolandyryp biljek ýaşda bolmasa, onda soltan onuň yktasyna gala serkerdeligini ýerine ýetirip biljek we onuň adyndan döwlet işlerini dolandyrjak başga bir emiri serkerde we naýyp belleýärdi. Bu ykta eýeleri salgyt ulgamynda we beýleki dolandyryş pudakla-rynda merkeziň görkezmesini ýerine ýetirmäge mejburdylar. Ýöne 1186-njy ýylda Hums emirliginiň täzeden bellenilmegi mahalyn-da Salahaddiniň emirlikdäki mukusy ýatyrandygy baradaky permany görýäris. Mundan hem Salahaddin tarapyndan ýatyrylan mukus salgydynyň Hums emirliginde Nasyreddin Muhammet bin Şirkuhyň ölümine çenli alnandygy belli bolýar. «Ykta has» eýesi bolan emir käwagt yktasyndaky uzakda ýaşap, yktasyny ol ýere bellän naýyplary arkaly dolandyrýardy. 1170-nji ýylda Soltanyň kakasynyň dogany Turan şa Ýokarky Müsürdäki Kus-Aswany we Aýzaby ykta beripdi. Turan şa bu yktalaryna gitmän, Kairde oturypdyr. Ol öňürti Kusa Şemsil-Hylafa Muhammet bin Muhtary, onuň wepatyndan soňra bolsa Mübärek bin Munkyzy naýyp belledi. Turan şa 1175-nji ýylda Ýemenden Şama gaýdyp gelensoň, 1180-nji ýylda, wepatyna çenli Ýemeni naýyplary arkaly dolandyrandygyna ýokarda degip geçildi. Takyýeddin 1183-nji ýylda Müsüre naýyp bellenensoň, Hamada Abu Kubeýs häkimi Nasyreddin Mengubarsy naýyp belledi. Şeýle hem eger bir emiriň birnäçe galasy bar bolsa, onuň özi bularyň merkezinde oturýar, beýleki galalara hem naýyplar belleýär. 1178-nji ýylda Anadoly Seljuklylarynyň güýçleri Ragbany gaban wagtlarynda galada Şemseddin bin Mukad-demiň naýyplary bardy. Bulardan başga bir emiriň yktalarynyň hemmesi elmydama bir ýerde bolmazdy. Ýokarda 1192-nji ýylda Mälik Adyla berlen permanda yktalarynyň Şamda, Eljezirede we Müsürde dürli ýerlerden paýlanandygyna aýdyp geçipdik Takyýeddiniň yktalary hem Şama, Eljezirä we Diýarbekre paýlanyp berlipdir. Ragban şäheri Nureddiniň döwründen bäri Şemseddin bin Mukaddemiň elindedi. Ýöne onuň beýleki yktalary öň Baalbekdedi. Baalbek Turan şa berlensoň, oňa Bagryn, Magaret Nygman we Kefertap berlipdi. Yktanyň atadan ogla miras geçmegi umumy kanundy. Munuň nusgasyna hem Nureddiniň hem-de Salahaddiniň döwürlerinde duş gelmek mümkindir. Ýöne öň hem belläp geçişimiz ýaly, mirasdüşer eger çaga bolsa, soltan tarapyndan onuň adyndan döwlet işlerini dolandyryp biljek kişi naýyp bellenýärdi. Nasyreddin Muhammediň ölüminden soňra, onuň ýerine ogly Şirkuh II bellenilipdi. Ýöne Şirkuh ýaşdygy üçin Soltan Arslan Bugany naýyp, Ybraýym bin Şerwäni hem Hums galasynyň serkerdesi belledi. Şeýle hem miras galan topraklar mirasdüşeriň şahsyýeti bilen ölçäp bolmajak derejede möhüm bolsa, onuň bir bölegi soltan tarapyndan yzyna alnyp bilýärdi. Ykta eýesi wepat bolan ýagdaýynda, mirasdüşer hökmünde ýakyn hossary bolma-dyk ýagdaýynda, bu ykta yktasyz emirleriň iş ýyly iň köp bolana berilýärdi. Ykta eýesi permanyň şertlerini ýerine ýetirmese ýa-da söweşden gaçsa, Soltan onuň yktasyny elinden alýardy. Babeýn meýdan söweşiniň öň ýanynda Şerefeddin Bozguşuň goşundaky emirlere ýüzlenip: «Siz duşmany ýeňmän we kanagatlanarly sebäp bolmazdan Müsüri duşmana taşlap gaýtsaňyz, Nureddin yktalaryňyzy eliňizden alar. Şu wagta çenli alan pullaryňyzy hem yzyna talap eder» diýipdir. Çünki, Salahaddin 1191-nji ýylda Akkadan gaçan emirleriň ellerindäki yktalaryny alypdy. Müsürde bolsa emirlere «Ykta has» yktalar berilmek bilen emirlik ulgamyna görä, esaslandyrylan däldir. Bu ýurtda «ykta haslaryň» atadan ogla miras geçendigine kän duş gelinmeýär. Salahaddin 1170-nji ýylda Isgenderiýe, Dimýaty we Buhaýrany kakasy Nejmeddin Eýýuba, Kusy, Aswany we Aýzaby hem kakasynyň dogany Turan şa ykta beripdi. 1171-nji ýylda Turan şanyň yktalaryna Buş, Jizre, Semennut we Muzahymeteýn ýaly ýerler goşulýar. 1179-njy ýylda Baalbekden boýun towlansoň, Turan şa Ýemeniň üstüne goşmaça Isgenderiýe «Ykta has» berilýär. 1183-nji ýylda Takyýeddin Müsüre naýyp bellenensoň, Hamadan galan Şamdaky yktalaryndan boýun towlansoň, oňa Buhaýra, Buş, Kaý we Kaýat «Ykta has» hökmünde, Isgenderiýe bilen Dimýat hem adaty ykta hökmünde berilýär. Bulardan Buhaýranyň ýyllyk girdejisi 400 000 dinar jundi (esger dinary), Feýýumyňky 300 000, Kaý, Kaýat we Buşuňky 70 000 dinardy. Has soňra Turan şa Buşuň ýerine Semenkut we Wahat 60 000, Fuwwe we Muzahimeteýi 40 000 we Hawfu Ramzes 30 000 dinar jundi girdejisi bilen berildi. Isgenderiýeden bolsa Takyýed-diniň «hasyna» diňe 15 000 baglandy. Ymadeddiniň aýtmagyna görä, bu paýlanyşykda Şamda Hama Takyýeddiniň elinde galdyryldy, Müsürde bolsa Feýýum, Kaýat we Buş oňa «has» hökmünde berildi. Şeýle hem Müsürdäki 700 000 ýyllyk dinar jundi girdejisi bolan «Ykta hasy» elinden alyndy. 1186-njy ýylda Mälik Adyl Mälik Eziziň atabegi hökmünde Müsüre naýyp bellenilip, öňki yktasy bolan Şarkys welaýaty täzeden oňa «Ykta has» hökmünde berlipdir. Has soňlar onuň ogly Kämile Şarkyýe welaýaty ykta has hökmünde berilýär. Şeýle ýagdaýy hem göz öňüne almalydyrys, ýagny bir şazada ýa-da bir emir tarapyndan basylyp alnyp, döwlete goşulan ýerler, esasan, ol emiriň yktasy bolýardy. Mysal üçin, 1150-nji ýylda Nureddin tarapyndan Artahyň eýelenmeginde Esededdin uly işleri edensoň, Nureddin Artahy oňa berýär. Esededdiniň ölüminden soňra, Artah onuň ogly Nasyreddine geçýär. Ýemen Turan şa tarapyndan eýelenýär we ol ýer oňa ykta berilýär. 1191-nji ýylda Eljezire we Diýarbekre giden Takyýeddin ol ýerdäki ýerlerini giňeltmek üçin täze ýeňişlere başlaýar. Soltanyň ýa-da ykta eýesiniň üýtgän ýagdaýynda ikitaraplaýyn wepalylyk kasamy edilýärdi, perman täzelenýärdi. Bu ýagdaý tabyn hökümdarlar üçin şeýledi. • HAZYNADAR Nureddiniň hazynadary Weliýeddin Şyh Ysmaýyldy. Salahaddiniň hazynadary öňürti kakasy Nejmeddin bolupdy. Onuň ölüminden soňra bu wezipäni elmydama onuň ýakyn adamlaryndan bolan Safy bin Kabyzyň ýerine ýetirendigini bilýäris. Ýokarda hem nygtalyşy ýaly, Safy bu wezipäniň gapdaly bilen käwagt Damaskyň maliýe diwanynyň başlyklygyny hem ýerine ýetirýärdi. Soň 1188-nji ýylda (584-nji hijri) soňky wezipe onuň elinden alnyp, diňe hazynadarlyk oňa berilýär. Safy 1191-nji (587-nji hijri) ýylda wepat bolansoň, onuň ýerine kimiň bellenilendigi näbellidir. • HÄKIMLER Şäheriň galasynyň serkerdesine, eger galasy ýok bolsa garnizon serkerdesine weli (häkim) diýilýärdi. Käwagt weli bilen subaşy (şihne) şol bir kişi bolýardy. Şonuň üçinem weliler emirleriň hataryndan saýlanýardy. Salahaddiniň döwründe Bahaweddin Garaguş beýleki wezipelerinden başga-da, köp wagtlap Kairiň weliligini (häkimligini) ýerine ýetirýär. Sarymeddin Gutlyaba bin Musa hem 1181-nji (577-nji hijri) ýylda Ýemene gidýänçä, öňürti Fustat, soňra bolsa Feýýum welisi bolýar. Bahaweddin Garaguş Akka goragy wagtynda şäheriň welisidi. Gutlyaba Ýemene iberilensoň, Feýýum weliligine Japar bin Şems Hylafa bellenýär. Hyttyn söweşi mahalynda Damaskyň häkimi Nasyh Gaýdydy. Şeýle hem 1189-njy (585-nji hijri) ýylda bu wezipä Ferruh şanyň enebir dogany bolan Damask şihnesi (suba-şysy) we diwan başlygy Bedreddin Mewdudyň bellenilendigini görýäris. Bu döwürde köp wagtlap iş başynda bolan welileriň biri hem Isgenderiýe welisi Fahreddin Garajadyr. Fahreddin Neşrilmülk bin Farhun bolsa Buhaýranyň häkimidi. Şeýle hem ýokarda syýasy wakalardan gürrüň gozganymyzda dürli şäherleriň welilerinden gürrüň edipdik. • REÝISLER (ÝOLBAŞÇYLAR) Bir şäheriň senetçileriniň we kärdeş toparlarynyň ýolbaşçysyna, haýsydyr bir jemagatyň ýolbaşçylygyny ýerine ýetiren we olar bilen döwletiň arasyndaky gatnaşyk-lary alyp barýan şahsa reýis diýilýärdi. Reýis döwlet ýolbaşçysy tarapyndan perman bilen bellenilýärdi. Nureddin döwründen ilki Damask we Halap reýisleri uly abraýa eýediler, olar şeýle hem şol bir wagtyň özünde «ahdas» diýilýän serhetýaka güýçle-riniň serkerdesidiler. Salahaddiniň döwründe şäher reýisligi wezipesine diňe Sinjarda we Halapda duş gelýäris. Çünki, Salahaddin 1183-nji ýylda (578-nji hijri) Sinjary eýelänsoň, şäheriň reýisligini beni ýakup taýpasyndan bir kişä beripdi. Bu kişä berlen permanda onuň halka ýagşy gatnaşyk etmegini, ýagşylary sylaglandyryp, günäkärleri jezalandyrmagy, halkyň ýetmezçiliklerine çäre görmegi, dikeldiş işlerine ähmiýet bermegi ýaly meselelere seredilýär. Soltan Halaby eýelänsoň, bu şäheriň reýisligini öňküsi ýaly Safyýeddin Taryk bin Abu Ganym bin Taryra galdyrýar. Şeýle hem Halapdaky şaýylaryň ýörite reýisi bardy. Bulardan Ibn Haşşap 1175-nji (569-njy hijri) ýylynyň aýaklarynda Yzzeddin Jurdik tarapyndan öldürilýär. Müsürdäki ýehudylaryň reýisi bolsa meşhur Musa bin Meýmundy. Hojalaryň (şerifleriň) we seýitleriň reýisine Nakyp Eşraf, mutasawwuflaryň (sopularyň) reýisine şyhyl-şuýuh diýilýär. Kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda iň ähmiýetlisi Reýisul-etybbady (lukmanlaryň ýolbaşçysy). Bularyň hemmesi soltan tarapyndan perman bilen bellenilýärdi. Salahaddiniň ahyrky döwürlerinde Damaskyň nakyp eşraflygyna Jemaleddin Abul Mehasyn bellenilýär. Müsüriň nakyp eşrafy bolsa Jewwany Nessaba bolupdyr. Şyhyl-şuýuh we reýisul-etybba barada bolsa aşakda agzaljakdyr. • ŞIHNE (SUBAŞY) Bu döwürde şäherlerdäki polisiýanyň we žandarmyň wezipelerini şihne guramasy ýerine ýetirýärdi. Bu guramanyň ýolbaşçysy emirleriň hataryndan bellenilýärdi we oňa şihne (subaşy) diýilýärdi. Onuň wezipesi şäherdäki asudalyga we düzgün-tertibe seretmekdi. Ol käwagt gala serkerdeligini hem öz boýnuna alýardy. Seljuklylarda Bagdat şihneleri uly abraýa eýediler. Bularyň arasynda Sagdeddöwle Göwheraýyn, Zeňňi, Bähruz Hadym ýaly meşhur emirler bardy. Ýokarda Salahaddiniň we agasy (kakasynyň dogany) Turan şanyň Damask şihnesi (subaşysy) bolandyklaryna deglip geçilipdi. Nureddin soňky döwürlerinde mukusy ýatyransoň, şerap we zynany gadagan edensoň, şihneleri boşadyp, olaryň wezipelerini hem baş kaza (Kazyl-kuzat) geçiripdi. Fatymylaryň döw-ründe Müsürde «Diwanyl-şurta» (Polisiýa diwany) atly diwan bardy. Bu diwanyň ýolbaşçysyna reýis eş-şurta diýilýärdi. Salahaddiniň Fatymy halypalygyny ýaty-rylmagyndan soňra, bu diwanyň ýörändigine degişli maglumata duş gelmedik. Elis-seýefiň aýtmagyna görä, Nureddiniň döwründe Şamda polisiýa bölümi şihnelere degiş-lidi. Salahaddiniň döwründe Kairde bu wezipäni Bahaweddin Garaguş alyp barypdyr. Damaskda bolsa bu wezipede Bedreddin Mewdut işläpdir. Onuň naýyby bolsa Mubareddin Ybraýym bin Musady. Halapda hem şihne bardy. Salahaddin Halaby eýelänsoň, şäheriň şihneligini Husameddin Temirek Halatyny belläpdir. Şihnäniň wezipeleriniň arasynda muhtesibe, kaza we beýleki wezipelilere kömekçi bolmak borjy hem bardy. Şihnäniň kararlaryny baş kazy ýatyryp bilýärdi. Şäherlerden başga taýpalaryň we goşun bazarynyň hem ýörite şihneleri bardy. • MUHTESIP Salahaddin döwründäki möhüm wezipele-riň biri hem muhtesiplikdi. Muhtesip «hisbe» (düzgün-tertip) edarasynyň başlygydy. Bu gurama häzirki şäher hyzmatlarynyň möhüm bir bölümi bolan ahlak gözegçiligi wezipesini ýerine ýetirýärdi. Muhtesipler ylmy edaralara degişli kişilerden saýlanýardy. Olaryň iň möhüm wezipeleriniň arasynda «emr bil-magruf wel-nehi anil-munker» (Ýagşylyklary nesihat, erbetliklerden saklamak) bardy. Muhtesip halkyň, senetçileriň we dürli işçi gatlaklarynyň şerigata we däp-dessura laýyk hereket etmeklerini, ölçeg we terezi gurallaryny, satylan harydyň hilini, bahalaryny, zimmileriň ýagdaýlaryny gözegçilik edýärdiler. Onuň wezipeleriniň arasynda şähere «azyk iýmitlerini getirmek, bazarlaryň, ýollaryň we köçeleriň gözegçiligi we arassaçylygy, jynaza işleri» bardy. Bazarçylaryň we senetkärleriň işleri bilen iň ýakyndan gyzyklanan döwlet işgäri muhtesipdi. Muhtesibiň wezipeleriniň arasynda mugallymlaryň talyplary artykmaç ýençmeklerine böwet bolmak hem bardy. Salahaddiniň döwründe Müsürde muhtesibiň ýagdaýy bilen baglanyşykly haýsydyr bir maglumata duş gelmeýäris. Ýöne diňe fatymylar döwründe «diwanyl-kazy» diwanyna degişli «diwanyl-muhtesibiň» bolandygyny, bu wezipäni käwagt wezirleriň ýa-da halypalaryň öz boýunlaryna alandyklaryny bilýäris. Belki-de bu wezipäni hem Garaguş ýöreden bolmaly. Salahaddin Akkany basyp alansoň, bu şäherdäki muhtesiplik wezipesine kazy bellenen Abdyllatyp bin Abul Nejip Suhrawerdä beripdir. Bize çenli ýetip gelen muhtesiplik guramasyna degişli kämil eseri ýazan Abdyrahman bin Nasrulla Şeýzeri hem Salahaddiniň muhtesiplerindendi. Salahaddin Halaby eýelänsoň, täze perman bilen ony muhtesip belledi. Bu döwürde muhtesibiň wezipeleri barada asyl nusga resminamada bolan bu menşurda (permanda) şeýle diýilýär: «Halkyň işleriniň şerigat kanunlaryna görä ýöredilmegi parz bolandygy üçin, bu wezipä atly-abraýly, hormatly, dindar we adalatly kişini belleýäris. Gündelik ýaşaýyş we durmuş taýdan ynsanlaryň ýagdaýyny gowy bilýändigi üçin, Halapa muhtesipligine ony laýyk hasapladyk. Ol bu wezipäni çyn ýürek bilen özüniň boýnuna alsyn, şübheli düwümleri çözsün, kömek isleýänleriň kömegine ylgasyn. Halkyň işleriniň şerigat hökümlerine görä ýöredilmegine gözegçilik etsin. Bozgaklaryň hereketlerine böwet bolmak meselesinde ýowuz çäre görsün. Bazarlardaky satyjylary derňäp, olaryň içlerinde dogruçyl bolanlara sylag bersin, azaşanlara ýol görkezsin, amanata hyýanat edenleri gorkuzsyn, dogry ýoldan aýrylanlary dogry ýola getirsin, şerap içene, serhoşlykdan açylan wagty gamçy ursun. Günäkäre berilmeli jeza möçberinden geçmesin, jenaýatkäre jezasyndan artyk jeza bermesin. Günä iş edýänlere böwet bolsun. Olara nesihat etmekde gowşak bolmasyn. Ynsanlaryň arasynda masgara bolar ýaly derejede kemçiliklerini artyk-maç gözlemesin. Kimdir birine güman etse, tä meseläni doly anyklaýança oňa jeza bermäge howlukmasyn. Garma-garyşyk we hileli maly soýmagy, ýasama pul ulanmagy, karzda we alyş-satyşda süýthorlugy gadagan etsin. Ölçeglerde we terezilerde çeküw kemçiliklerinden we şerigata görä ygtybarly bolan ýoldan aýrylmakdan daşda saklasyn. Sungatçylaryň işlerine täze bolsun, köne bolsun gözegçilik etsin. Hünärmenleriň sungatlarynda laýyk kişileri işe bellesin. Sungatynda kemçilikleri bar bolanlary kemçiliklerinden, sungatyny bilme-ýäni ol sungat bilen iş salyşmakdan gadagan etsin. Ýollarda aýlanyşyp, tebip-çilik edip ýörenlere böwet bolsun. Olaryň hassalara çen bilen em etmeklerine böwet bolsun. Ýasama we nädogry dermanlary satdyrmasyn. Palçylyk, gözboýagçylyk, jadygöýlük, hokgabazlyk, doga-tumarçylyk edýänleri jezalandyrsyn, olary masgara etsin. Metjitleri we ybadathanalary senetçileriň dükan edinmeklerini, hokgabazlaryň we täjirleriň özlerine mesgen edinmeklerini gadagan etsin. Daşarda, aýratyn hem hammamlarda uýat ýerlerini açanlary berk jezalandyrsyn. Bozgak akydalylaryň hemaýatyna böwet bolsun. Öňki geçenleri tankyt edenleriň we paýyş sözler aýdanlaryň dillerini dymdyrsyn. Dogry işleri, gowy hereketleri etsin, erbetlikleri aradan aýyrsyn. Gazançlary tertiplesin, dogry ýollary açsyn, erbet güýmenjelere böwet bolsun, bahalary durnukly saklasyn, şübheli kişileri işlerden boşatsyn, pitne oduny söndürsin. Onuň wezipeleriniň arasynda ýollaryň düzeldilmegi we bejeriş işleri hem bardyr. Häkimleriň, emirleriň, şihneleriň, naýyplaryň wezipesi bu işlerde muhtesibe kömek etmek, onuň isleglerini ýerine ýetirmek, hemme meselede buýrugymyza laýyk hereket edip, oňa berlen permana boýun bolmakdyr». • ILÇILER Bu döwürdäki möhüm işgärleriň arasynda keseki hökümdarlara, aýratyn hem halypa ilçi hökmünde iberilen işgärleri hem görýäris. Nureddiniň döwründe bu wezipe bilen iş salyşan ýörite şahs ýokdy. Ymadeddin Kätip, Şerefeddin bin Abu Asrun, baş kazy Kemaleddin Şerazury, baş lukman Muhezzebeddin bin Nakgaş ýaly uly emirleriň ilçilik wezipesi bilen dürli ýerlere iberilendikleri bellidir. Ilçilik wezipesi örän möhüm wezipeleriň biridi. Bu wezipede işlejek kişiniň medeniýetli bolmagy we ilçilik usullaryny bilmegi gerekdi. 1178-nji (573-nji hijri) ýylda Kazy Fadyl tarapyndan Soltana iberilen bir hatda ilçi saýlanjak kişide bolmaly aýratynlyklar görkezilýär. Salahaddiniň döwründe bu wezipäni öňürti Müsüriň baş hatyby Şemseddin bin Abul Magda Baalbegiň ýerine ýetirendigini bilýäris. 1175-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda (571-nji ýylyň 12-nji sapary), onuň ölüminden soňra, bu wezipä Damask baş kazylygyny ýaňy taşlan Zyýaýeddin bin Şehrazury bellenilýär. Zyýaýeddin Soltanyň ölümine çenli bu wezipesinde işleýär, Soltan bilen halypa arasyndaky gatnaşyklaryň gowy ýöremegine kömek edýär. Zyýaýed-dinden başga, şol döwürde 1175-1176-nji ýyllarda (571-572-nji hijri ýyllary) Sagdeddin Abu Hamyt Ajamy mosullylara we artykly hökümdarlaryna ilçi iberilipdir. Has ýokarda, Hyttyn söweşinden soňra Reşit bin Buşenjiniň 1189-njy ýylyň (585-nji hijri) aýaklarynda Ibn Şetdadyň Bagdada ilçi iberilendigi barada gürrüň gozgaldy. 1185-nji ýylda (581-nji hijri) Diýarbekr hökümdarlaryna, 1191-nji ýylda (587-nji hijri) Anadoly hökümdarlaryna Şemseddin bin Ferraş, 1192-nji ýylda (588-nji hijri) Wizantiýa Ibn Bezzaz ilçi iberildi. Salahaddin tarapyndan dürli hökümdarlara ilçi iberilen kişileriň hatarynda Şemseddöwle Abdyrahman bin Munkyzy hem bardyr. Ol 1188-nji (584-nji hijri) ýylda Antakyýa, 1190-njy ýylda (586-nji hijri) muwahhytlylaryň soltany Ýakup bin Ýusup bin Abdylmömüne ilçi iberilipdir. Safady onuň Bagdada ilçi iberilendigini aýdýar. Şeýle hem halypanyň ilçileriniň garşy alyş we hormat-sylag dabaralary barada maglumatlar bar. 1172-nji (567-nji hijri) ýylda halypanyň sowgatlarynyň Kaire geti-rilişi, 1180-nji (576-nji hijri) we 1183-nji (579-nji hijri) ýyllarda Şyhyl-şuýuhyň we Beşir Hadymyň, 1187-nji (583-nji hijri) ýylyň aýagynda Ymadeddiniň dogany Täjeddin Abu Hamydyň, 1189-njy (585-nji hijri) ýylyň başynda Abdylwah-hap bin Sekinäniň gelişleri mynasybetli bu meselede giňişleýin maglumat berilýär. Bu ýerlerdäki umumy beýana görä, halypanyň ilçisi bir gün öňürti şäheriň daşynda ýokary wezipeli döwlet işgäri tarapyndan garşylanýar we ýörite jaýda myhman alynýar. Ertesi gün, irden şähere gelýär, soltan we naýyp tarapyndan dabaraly garşy alynýar. Soňra resmi binalaryň birinde myhman bolýar. 1189-njy ýylyň başynda (585-nji hijri) Damaska gelen ilçi Sekuna, onuň bilen Bagdada iberilen Zyýaýeddin bin Şährizury Damaskda we Bagdatda «Daryl-kerame» (daryl-zyýapat, myhman öýi) diýilýän resmi binalarda myhman alnypdy. Şu ýagdaýy ýörite nygtamalydyrys, ýagny ilçileriň sowgat getirmegi, iberilen hökümdar tarapyndan halat-serpaý ýapylmagy däpdi. Üçünji haçly ýörişi mahalynda musulmanlar bilen haçlylaryň arasynda bolup geçen gepleşiklerde garşylyklaýyn sowgat berlipdir. 1183-nji (578-nji hijri) ýylda Sinjaryň gabawy mahalynda Soltanyň ýanyna gelen Şa Ermeniň ilçisi Begteýmir halat we serpaý getirmändi. Onuň bu ýagdaýy Ymadeddin tarapyndan tankyt edilýär. • KAZYLYK EDARASY WE BAŞ KAZY Yslam döwletlerinde kazylyk edarasy döwletiň iň möhüm bölümlerinden biri bolup, ylmy gatlagyň elindedi. Ähli syýasy we harby gysyşdan daş bolan bu gurama, esasan, üç bölüme bölünýärdi: «Kazy kuzat» (baş kazy) ýolbaşçylygynda raýat kazylyk edarasy, «Kazy-esger» ýolbaşçylygynda harby kazylyk edarasy, aýratyn ähmiýetli dawalaryň çözülýän we şikaýatlaryň diňlen-ýän ýeri bolan «mezalym sudy» (soltanlyk sudy). Bu soňky sud edarasy Soltanyň ýa-da onuň naýybynyň gatnaşýan oturlyşygynda ýygnanýardy. Baş kazy hem-de kazy-esger soltan tarapyndan çykarylan perman bilen bellenilýär. Olar hem özleriniň adyndan adalaty ýöretjek bolan beýleki kazylary (orunbasarlaryny) belleýärdiler. Nureddin we Salahaddin «Adalat mülküň gözbaşydyr» ýörelgesine çyn ýürekden ynanypdyrlar. Nureddin şol döwre çenli özbaşdak bina eýe bolmadyk «mezalym suduny», daryl-adyly gurupdy. Ol duşenbe we penşenbe günleri bu ýerde oturlyşyklar gurnaýardy, halkyň arz-şikaýatlaryny diňleýärdi. Nureddiniň baş kazysy Kemaleddin Şährizury ahyrky döwürlerinde onuň döwletiniň iň ynamdar adamlarynyň birine öwrülipdi. Hatda ýokar-da hem aýdylyşy ýaly, Nureddin şihneleri (subaşylary) işden boşadyp, bu wezipäni hem baş kaza geçiripdi. Şeýle hem beýleki wakflara (hazynalara) we «mewarys haşryýe» (mirasdüşeri bolman döwlete galan mallar) işlerine hem baş kazy seredýärdi. Nureddin adalata berýän ähmiýeti sebäpli, ol «Mälik Adyl» lakamyna eýe bolupdy. Hemme meselede bolşy ýaly, adalat meselesinde hem Salahaddin Nureddiniň ýoluny dowam etdirdi. Ýokarda onuň şahsyýeti barada gürrüň gozgaýarkak onuň şol tarapyna degip geçdik we Ibn Jubeýrden bir mysal hem getiripdik. Ibn Şetdat bu meselede başga mysallar görkezýär, soltanyň bir mesele sebäpli hut eminiň öňüne çykandygyny, inisi Takyýeddini hem eminiň öňüne çykmaga mejbur edendigini aýdýar. Salahaddin hem Nureddin ýaly her hepdäniň duşenbe we penşenbe günleri daryl-adylda oturlyşyk geçirip, halkyň şikaýatlaryny diňlärdi. Ibn Şetdat onuň gapysynyň şikaýatçylara her gün we elmydama açykdygyny nygtaýar. Elisseýefiň aýtmagyna görä, Nureddiniň döwründe dört sünni mezhebiniň her haýsynda özbaşdak bir kazy bardy. Ýöne ne Nureddin ne-de Salahaddin döwründen gürrüň gozgan çeşmelerde beýle ýazga duş gelmedik. Nureddiniň özi hanapy mezhebinden bolsa-da, baş kazysy Kemaleddin şapygy mezhe-bindedi. Onuň naýyplyrynyň arasynda dört mezhepden kazylar bardy. Baş kaza adalatyň ýöredilmegi meselesinde «şuhud» (bilermen kişiler) bilen «udul» (emin, žýuri) hem kömek edýärdi . Fatymylaryň döründe Mü-sürdäki baş kazylaryň möhüm bir bölegi sünni alymlaryň hataryndan bellenilýärdi. Öňler bu kazylaryň ysmaýylyýe mezhebiniň hökümlerine görä karar çykarmaklary şertdi. Wagtyň geçmegi bilen dolandyryşda sünnileriň köpelmegi netijesinde bu şert ortadan aýryldy. 1131-nji (526-njy hijri) ýylynda sünni wezir Abu Aly Ahmet bin Afdal bin Bedruljemaly ysmaýylylardan, şapygylardan, ymamylardan we mälikilerden aýry-aýry baş kazy belledi. Bular öz mezhepleriniň agzalaryny suda çekýärdiler we öz mezheplerine görä höküm ýöredýärdiler. 1152-nji (547-nji hijri) ýylynda Müsüriň baş kazylygyna bellenilen Abulmagaly Mujella bin Jumeýýi bolsa şapygy mezhe-bine görä höküm berýärdi. Salahaddin Müsürde dolandyrylyşy ele alan wagtynda ülkäniň baş kazysy Salamat Uweýrisdi. 1170-nji (565-nji hijri) ýylda çykarylan bir perman bilen Salamat Uweýris boşadylyp, ýerine Hybatulla bin Kämil bellenilýär. Şol permana görä mundan soňra Kairde Fakyh Zyýaýeddin Isa, Fustatda Hibetulla bin Kämil kazylyk işlerine seretmelidi. Ondan biraz wagt geçensoň 1171-nji ýylynyň 6-njy martyn-da (566-njy hijri ýylyň jumadyl ahyr aýynyň 26-sy) çykarylan perman bilen Hybatulla bin Kämil we onuň naýyplary işden boşadyldy. Ysmaýylyýe mezhebiniň wagyzçylyk ýolbaşçylygy bolan «dagyl-dugat» (çagyryjylaryň çagyryjysy) guramasy ýatyryldy. Soltan Müsüriň baş kazy-lygyna özüniň taýpasyndan Abdylmälik bin Dirbasy belledi. Ibn Dirbas onuň ömürboýy baş kazysy bolup işledi. Onuň ölüminden soňra 1194-nji (590-njy hijri) ýylyň başlarynda Ibn Dirbas wezipeden boşadylyp, ýerine Aly bin Ýusup bin Bundar bellenildi. Ibn Dirbas, has soňra 1197-nji we 1199-njy ýyllarda (594-nji we 596-njy hijri) iki gezek ýene-de baş kazylyk wezipesine bellenildi. Salahaddiniň döwründe Ibn Dirbas Kair naýyplarynyň arasynda dogany Zyýaýeddin Osman bilen Şerefeddin Muhammet bin Abdylla Saffawy, Isgenderiýe naýyplarynyň arasynda Hasan bin Habbap bilen Şerefeddin Aly bin Mufatdal bin Muferrij, Aýýut naýyplarynyň arasynda Abul Berekat Muhammet bin Aly Mosuly dagylar bardylar. Görnüşi ýaly, Müsürde dolandyryş edarasyndaky bütewilikden başga kazylyk guramasynda hem bütewilik göze ilýärdi. Ülkäniň beýleki pudaklary bu meselede Kaire berk baglydylar. Eýýuplylar döwletiniň Müsürden galan bölümlerinde bolsa bu kazylyk bütewiligi ýokdy. Ýemende we Hyjaz-da öz aralarynda kazylyk bütewiligi bardy. Bu sebitlerde hem kazylyk edarasy şapygylaryň elindedi. Şamda bolsa kazylyk edarasynda biteeilik göze ilmeýärdi. Salahaddin Damasky eýelänsoň Şam kazylygynda ýene baş kazy Kemaleddin Şährizury goýdy. Kemaleddin mundan soňra uzak ýaşamady. Ol 1176-njy ýylyň 15-nji iýulynda (572-nji hijri) 80 ýaşlarynda ýogaldy. Ol ölmezinden öňürti öz ýerine Salahaddiniň ýakyn adamlaryndan inisi (doganynyň ogly) Zyýaýeddin bin Şährizurynyň bellenilmegini wesýet etdi. Onuň wesýetine laýyklykda ýerine inisi Zyýaýeddin bellenildi. Ýöne ol wagtlar Şamdaky şapygylaryň ýolbaşçysy we döwrüň meşhur fakyhy Şerefeddin bin Abu Asrun Damaska geldi. Kazy Fadyl bilen Fakyh Zyýaýeddin Isa onuň baş kazylyga bellenilmegini isleýärdiler. Soltan sebäpsiz ýere Zyýaýeddin bin Şährizuryny wezi-pesinden boşatmak islemeýärdi. Şol wagt baş kazylyk bilen baglanyşykly bolup geçýän wakalardan habarly bolan Zyýaýeddin bin Şährizury wezipesinde galmagy bähbitli hasaplady. Ol agasynyň ölüminden birnäçe aý soň, baş kazylygy taşlady. Soltan öňürti onuň işden gitmek islegine razy bolmasa-da, onuň haýyşy netijesinde ony «wekaletu beýtil-mal» (hazynadarlyk) wezipesine bellemek şerti bilen baş kazylyk-dan gitmegine razy boldy. Soň bolsa ony ýogalan Şemseddin bin Abul Maza Baalbekiniň ýerine halypa we hökümdarlara iberilen ilçilik wezipesine belledi. Ýokarda hem aýdylyşy ýaly, Soltanyň ölümine çenli bu wezipäni Zyýaýeddin alyp bardy. Baş kazylyk wezipesinde naýyp hökmünde Ahwat Dawut atly bir kişi galypdy. Salahaddin baş kazylygyň öňki Şamyň baş kazysy Zekiýeddiniň maşgalasyna geçmegini isleýärdi. Şonuň üçin Zekiýeddiniň ogly Muhiddiniň Abul Magaly Muhammet bilen Ahwat Dawudyň naýyp bolmaklary şerti bilen Şamyň baş kazylygyny Şerefeddin bin Abu Asruna berdi. 1178-nji (574-nji hijri) ýylynda Ibn Abu Asrunyň gözleri kör boldy. Bu ýagdaýdan soň Kazy Fadylyň nesihaty bilen Soltan şol ýylyň aýaklarynda Ibn Abu Asrunyň ogly Muhiddin Abu Hamyt Muhammedi kakasynyň ýerine wekil hökmünde Şamyň baş kazylygyna geçirdi. Bu döwre çenli baş kazynyň ýokarsynda bolan «diwanyl-wakf» guramasyny baş kazydan alyp, onuň naýyplaryndan bolan Muhýiddin bin Zekä berdi. Muhiddin Halap baş kazylygyna bellenensoň ýerine Jemaleddin Harastaýy bellenildi. 1189-njy ýylda (585-nji hijri) Şerefeddin bin Abu Asrun wepat bolansoň, onuň wekili we ogly Muhiddin Abu Hamyt Muhammediň ýerine onuň neslinden bolandygy üçin Şamyň baş kazylygyna bellenildi. Ýöne Muhýiddin Abu Hamyt mundan soňra ylymdar gatlagyň alyp baran pespälligine we şertlerine uýmady. Emirler ýaly atlar we harby gullar edinmäge, söweşlere goşulmaga başlady, kazylyk wezipesini ikinji nobata goýdy. Onuň bu hereketlerini gowy garşylamadyk Soltan 1192-nji ýylyň (588-nji hijri) başlarynda ony baş kazylykdan boşadyp, ýerine 1192-nji ýylyň 5-nji aprelinde (588-nji ýylyň rabygyl-owwal aýynyň 20-si) Muhiddin bin Zekini belledi. Soltan ýogalan wagty bu wezipede Ibn Zeki bardy. Şamda baş kazy bolsa-da, Salahaddin bu sebitdäki käbir şäherlere özbaşdak kazylar belledi. Bularyň arasynda Sinjar kazysy Nyzameddin Nasr bin Muzapbar bin Ýakuby, 1183-nji (578-nji hijri) ýylda Halap kazysy bellenilen Muhýiddin bin Zekini Myýafarykynyň kazylygynda goýulan Ýusup bin Hibet bin Bessam Jilini şu ýerde agzamalydyrys. Salahaddin 1187-nji ýylda (583-nji hijri) Akkany eýelänsoň, bu şähere Abdyllatyp bin Abul Nejip Suhrawerdini, Askalana Jemaleddin Abdylla bin Omar Damaskyny, Jebelä öňki kazysy Mansur bin Nebili we ömrüniň ahyrlarynda Kudusa Ibn Şetdady kazy belledi. Tabyn hökümdarlar bolsa kazylaryny özleri belleýär-iler. Hatda Salahaddin özüne gönüden-göni garaşly emirlikleriň köpüsine bu meselede hiç hili päsgel bolmandyr. Diňe merkezde Salahaddiniň töwereginde ýygnanan alymlar gatlagyna degişli ýolbaşçylaryň köpüsi aşa şapygydylar. Şonuň üçinem Salahaddin öz bellän kazylarynyň köpüsini şapygylardan saýlardy. Ibn Adimiň aýtmagyna görä, Fakyh Zyýaýeddin Isanyň bu meselede Soltanyň ýanynda uly täsiri bardy. Halabyň boýun bolmak şert-leriniň arasynda kazylygyň we hatyplygyň hanapylarda galmagy şertiniň bolmagyna garamazdan, kazylygy Ibn Adimiň kakasynyň doganyndan alyp, ýokarda hem nygtalşy ýaly Ibn Zekä beripdir. Dogrudan hem Salahaddin döwründe şapygy mezhebi öňe sürlüpdir. Nureddin Kemaleddin Şährizury ýaly şapygylary baş kazy bellese-de, Salahaddiniň döwründe hanapy kazysynyň möhüm bir kazylyga bellenilendigi görülmeýär. Ymadeddin Kätibiň aýtmagyna görä, Soltan fakyhlaryň arasyndaky mezhep jedellerinden närahat bolardy. Onuň şapygylaryň tarapyny tutmaga iteren zat daş-töweregidi. Şapygylaryň kazylykdaky bu hökmirowanlygy eýýuplylaryň soňlaryna çenli dowam edip, memluklaryň başlarynda Beýbarsyň dört mezhepden aýry-aýry dört sany baş kazy bellemegi bilen gutarypdyr. • KAZY-ESGER Musulmanlaryň arasynda kazy-esgerlik öňden bäri bardy. Hezreti Omar tarapyndan karargäh şäherlerine bellenilen kazylar raýat däl-de, harby şahsyýetlerdi. Şonuň üçinem kazy-esgerlik edarasynyň hezreti Omar tarapyndan gurlandygy çeşmelerde agzalýar. Nureddiniň we Salahaddiniň döwürlerinde kazylyk edarasynda baş kazydan soň iň ýokary derejeli kişi hökmünde kazy-esger durýar. Has soň-soňlar osmanlylarda baş kazy (kazy kuzat) ulgamy ýatyrylyp, onuň ýerine ýetirýän wezipelerini hem kazy-esger öz boýnuna alypdyr. Nureddiniň döwründe bu wezipäni Burhaneddin Mesgut bin Şujag Balhy bilen Şemseddin Muhammet bin Ferraj ýerine ýetiripdirler. Salahaddiniň döwründe bolsa bu wezipäni Şemseddin bin Ferraj ýerine ýetiripdir. Ýöne onuň Şährizura bellenen wagtynda we üçün-ji haçly ýörişiniň ahyrlarynda bu wezipede Ibn Şetdadyň işländigi belli bolýar. • MEZALYM SUDY WE DARYL-ADYL Yslam döwletlerinde ilkinji döwürlerden başlap, adaty kazylaryň we sudlaryň çözüp bilmedik möhüm dawalaryna sereden we halkyň arz-şikaýatlaryny diňleýän ýokary mezalym sudlary bardy. Bu maksat bilen halypa, hökümdar ýa-da fatymylarda bolşy ýaly hökümdarlyk hukugyny ulanýan wezirler ýa-da hökümdar tarapyndan özlerine ygtyýar berlen kişiler halkyň arz-şikaýatlaryny diňlemek üçin oturşyklar geçirýärdiler. Ýöne bu meselede, Nureddin Mahmyt bin Zeňňiniň aýratyn şöhrata eýedigi görünýär. Oňa bu abraýy gazandyran ýagdaý, bu sudlar üçin ýörite gurama bolan «daryl-adyly» ilkinji bolup döreden kişi bolmagydyr. Ondan öň bu guramanyň özbaşdak bir binasy we artykmaç ygtyýary ýokdy. Nureddin öňler Halapda bir «diwanyl-adyl» açypdy . Ýöne bu meselede ony abraýa ýetiren Kemaleddin Şährizurynyň baş kazylygy döwründe Damaskda guran «daryl-adylydyr». Bu «daryl-adylyň» gurulmagynda Kemaleddin Şährizurynyň hem paýy bardyr. Ymadeddiniň aýtmagyna görä, Kemaleddin haýsydyr bir adalatsyzlyk günäsiniň aşagynda galmazlyk, möhüm dawalary we meseleleri hökümdaryň huzurynda çözmek üçin «daryl-adyly» gurdurypdyr. Ibn Esire görä bolsa, Damaskyň eýelenmeginden soňra Esededdin Şirkuhyň abraýy artypdy. Kemaleddine Şirkuhyň naýyplarynyň halka zulum edýändiklerine degişli habarlar gelýärdi. Kemaleddin Şirkuhy sud jogapkärçiligine çekmekden çekinýärdi. Ol ýagdaýy Nureddine habar berensoň Nureddin ýokary gatlak döwlet işgärlerini suda çekmek üçin Damask galasynda «daryl-adyly» gurdurdy. Muny eşiden Şirkuh naýyplaryny ýygnap, halka adalatly bolmaklaryny, özüni Nureddiniň huzurynda suda çykmaga mejbur etmezliklerini duýdurdy. Has soň-soňlar Salahaddin Kairde, ogly Mälik Zahyr Halapda bu «daryl-adylyň» nusgasyny gurdurypdyr. Şeýle hem Salahaddin 1187-nji (583-nji hijri) ýylda Damaskyň galasyny dikeldip, «Babyl-nasry» açan wagtlary daryl-adyla Baalbek häkiminiň birleşip duran öýüni hem goşdy. Mundan soňra bu bina «daryl-sagadat» diýilmäge başlandy. Nureddin we Salahaddin paýtagtda bolan wagtlary duşenbe we penşenbe günleri daryl-adylda halkyň arz-şikaýatlaryny diňlemek üçin oturlyşyklar gurnaýardy. Şeýzeriniň, Nuweýriniň, Makryzynyň we Kalkaşendiniň aýtmaklaryna görä, daryl-adylda soltan tarapyndan geçirilýän bu oturşyklar remezan aýyndan galan wagt her duşenbe we penşenbe günleri geçirilýärdi. Soltanyň ýygnagy açmagy üçin ýanynda syr kätibiniň we beýleki gerekli kätipleriň, goragçylaryň, kazylaryň, fakyhlaryň, şuhutlaryň we udullaryň (şol ugurdan bilýän kişileriň we žýurileriň), käbir uly emirleriň gatnaşmaklary hökmandy. Bularyň hemmesi gelensoň oturyşyk açylýardy. Dogrudan hem, Ymadeddin 1175-nji (571-nji hijri) ýylynda Damaskda bir gün daryl-adylda soltanyň huzurynda onuň buýruklaryny ýerine ýetirip oturka, şahyr Sagadat Daryryň gelip, soltany wasp edendigini aýdýar. Başga bir ýerde 1188-nji ýylyň (584-nji hijri) başlarynda soltanyň Damaskda bolan wagtlary eden işlerinden gürrüň edýärkä, «Abraýly kazylaryň we alymlaryň huzurynda daryl-adylda oturşyklar geçirmek bilen işe başlady» diýýär. Bu diwanda mezalymyň seredilmeginden soňra döwlet işleriniň, işe bellenişleriň we wezipesinden boşatmaklaryň gürrüňleri geçirilýärdi. Bu nukdaýnazardan ol osmanlylardaky diwan ýygnanyşmalary bilen deňdi. • ULY MERKEZLERIŇ HUTBAÇYLARY Bu döwürde ylymdar gatlagyna degişli kişileriň elindäki uly wezipeleriň hatarynda müderrislikler we uly merkezleriň hutbaçylyklary hem bardy. Baş kazylykda bolşy ýaly Kair, Damask we Halap ýaly uly merkezleriň baş hutbaçylary şapygy mezhebindendi. Bularyň arasynda Müsürde Apbaslylaryň adyna ilkinji hutbany okan Fustatyň baş hutbaçysy Şemseddin bin Abul Meza Baalbeki barada ýokarda gürrüň edildi. Ondan soňra bu wezipä bellenilen Abu Yshak Ybraýym bin Mansur Yraky 1200-nji (596-njy hijri) ýyldaky ölümine çenli bu wezipede işledi. Salahaddiniň döwründäki Damaskyň baş hutbaçysy we döwrüniň uly fakyhlaryndan Abdyl Mälik bin Zeýt Döwleýi bu döwürde medresäniň we şerigat garaýşynyň iň görnükli wekilleridi. Ol halkyň we hökümdarlaryň ýanynda uly abraýa eýedi. Ýokarda Salahaddiniň Halaby eýelän wagty kazylygyň we hatyplygyň hanapylaryň elinde galmagyny kabul edendigine, soňra bolsa Fakyh Zyýaýeddin Isanyň täsiri bilen bu wezipeleri şapygylara berendigini agzapdyk. Dogrudan hem, Salahaddin Halabyň baş hutbaçysy we Ibn Adimiň kakasynyň dogany Abulmaganyny boşadyp, bu wezipä Abul Berekat Sagyt bin Haşymy belläpdir. Şeýle hem 1187-nji (583-nji hijri) ýylda Akkanyň kazylygyna bellän Jemaleddiniň Abdyllatyp bin Abulmejit Suhrawerdä şäheriň hutbaçylygyny, muhtesipligini, fakyhlaryň gözegçiligini beripdir. Bulardan we ýokarda agzalan wezipelerden başga daryl-darp (darphana, zikgehana) emiri we emeldarlaryň käbiri hem ylymdar gatlagyna degişli kişilerdendi. Müderrislikler degişli bolmak bilen bu wezipeleri ýörediş gullukçylar soltan tarapyndan perman bilen bellenilýärdi. Çünki, Halabyň eýelenmeginden soňra bu şäherdäki hana-py medreseleri müderrisligine we mütewelliligine bellenilen Alaýeddin Kasanä berlen perman «Bark» atly eserde agzalýar. Alymlar gatlagyna degişli kişiler haýsy wezipä bellenseler-de, mugallymçylygyna taşlamazdylar. Nureddiniň döwründe Kemaleddin Şährizury baş kazy, Ymadeddin diwanyl-inşanyň başlygy bolsalar-da, şol bir wagtyň özünde mugallymçylyk hem edýärdiler. Bu ýagdaý soň-soňlar hem dowam etdi. • HARBY DOLANDYRYŞ Nureddiniň döwründe bolşy ýaly, Salahaddiniň döwründe hem döwletiň iň uly maksady Kudusy we Ýakyn Gündogarda ýewropalylar tarapyndan eýelenen beýleki yslam topraklaryny halas etmekdi. Şonuň üçinem döwlet harby häsiýete eýedi. Döwlet elmydama uly goşun saklamaga mejburdy, býujetiniň köpüsini harby maksatlar üçin harçlaýardy. Bu goşun Nureddiniň goşuny ýaly, uly bölegi bilen topraga bagly yktaly harbylardan ybaratdy. Ýokarda hem aýdylyşy ýaly, uly bir sebäp çykmasa, ykta atadan ogla miras geçýärdi. Ykta eýesi bolan her bir emir belli möçberde söweşe taýýar esger saklamak bilen we söweş çykdajylaryna goşant goşmaga mejburdylar. Bu esgerleriň sanlary, ýaraglary we alýan aýlyklary «diwanyl-maldaky» we «diwanyl-jeýşdäki» dep-derlere ýazylan wagtynda esgerleriň sanyny we üpjünçilik ýagdaýyny örän çalt bilip bolýardy. Muňa arz (derňew) diýilýärdi. Şeýdip esgerleriň sanlary we ýagdaýlary barada yzygiderli maglumat alnyp durulýardy, haýsydyr bir ýöriş wagtynda ýeterlik möçberde harbylar çaltlyk bilen duşmana garşy herekete geçip bilýärdi. Tabyn hökümdarlar bolsa öz esgerlerini özleri saklaýardy. Bular soltan bilen baglaşan ylalaşyga görä, ýewropalylara garşy edilen ýörişlerde hut esgerleriniň başynda dur-mak ýa-da goşun serkerdeleriniň golastynda esger ibermek arkaly ýörişlere goşulmaga mejburdylar. Müsüriň ýeňşine çenli Nureddiniň goşuny diňe gury ýer güýjünden ybaratdy. Müsür eýelenenden soňra deňiz güýjüne hem eýe bolnupdy. Salahaddin tarapyndan deňiz güýji kuwwatlandyryldy we täsirli ýagdaýa getirildi. Şeýle hem eýýuplylaryň goşuny esasan gury ýer goşuny hökmünde galdy. Bu gury ýer goşunynyň iň uly bölümini türkmenler düzýärdi. Soňra nobat boýunça kürtler we araplar gelýärdi. Goşunyň bir bölegi azat erkin kişilerden, bir bölegi bolsa memluklardan ybaratdy. • GURY ÝER GOŞUNY Zeňňiler we eýýuplylar döwletlerinde elmydama gury ýer goşunynyň agramly bölegini atly goşun düzýärdi. Atly goşun bölümleri häzirki döwrüň tehniki bölümleri ýaly çaltlyk bilen hüjüm etmek güýjüne eýedi. Pyýadalar bularyň öňünde hereketsiz we täsirsiz ýagdaýda galýardylar. Şonuň üçinem hüjümlerde we meýdan söweşlerinde diňe atly goşundan gürrüň gozgalýar. Pyýadalara bolsa gala goraglarynda we gabawlarynda duş gelinýär. Goşunyň söweş tertibi merkez, sag we çep ganatlar görnüşinde bölünýärdi. Ýöriş mahalynda öň hatarky goşunlar we yz hatarky goşunlar bolardy. Söweş mahalynda duşman bilen garpyşan öň hatarky güýçlere «ýezek» (türkmençe söz) diýilýärdi. Bulardan başga söweş wagtynda «talaýy» diýilýän aňtaw bölümleri bilen «jalyşyýe» diýilýän hüjüm bölümleri öňe çykarylýardy. Goşun merkez, sag we çep ganatlara bölünip, söweşde «tulplar» (bölümler) görnüşinde düzülýärdi. Makryzynyň Kazy Fadyldan rowaýat etmegine görä, «tulp» sözi oguz-türkmen dilinde ýörite baýdagy, depregi we surnaýy bolan 70 bilen 100 kişi aralygyndaky atly goşuna aýdylypdyr. Biziň pikirimize görä, Kazy Fadyl tarapyndan berlen bu maglumat «tulp» sözüniň dar manysyndadyr. Ymaded-diniň eserlerinden belli bolşuna görä, «tulp» sözi bu döwürde kiçi bolsun, uly bolsun göniden-göni bir emiriň serkerdeligindäki söweşjeň bölüme berlen atdyr. Remlede Onfroi de Toron III ýaralanmagy we Hyttyn söweşi sebäpli Salahaddiniň Onfroi de Toronyň, Boduin IV we Trablus Konty Raýmondyň bölümleri, Arsuw waka-syndaky Mosul bölümi üçin «tulp» sözüni ulanýar. Söweşde merkez, sag we çep ganatlaryň her haýsyna bir serkerdäniň serkerdelik edendigi hem şübhelidir. Akkanyň öňündäki Uly söweş, Mälik Adyl wakasy, Ragsyl-Ma hereketi, Arsuf wakasy sebäpli Ibn Şetdat tarapyndan goşunyň tertibi bilen baglanyşykly berlen maglumatlar her bölümiň serkerdesiniň beýleki bölümler bilen ylalaşykly bolup, öz bölümine serkerdelik edendigini görkezýär. Ýöriş ýagdaýynda bolsa gapdaldan geljek haýsydyr bir hüjüme garşy aňsatlyk bilen tertip-düzgün alyp bilmek üçin goşunyň merkezi ortada, sag we çep ganatlardan biri öňde, beýlekisi yzdan hereket edýärdi. Duşmanyň herekete geçmegi netijesinde soltanyň we emirleriň deprekleri we surnaýlary çalmaga başlaýardy. Goşun dessine söweş nyzamyna girýärdi. Akka söweşinde munuň birnäçe mysalyna duş gelinýär. Fatymylaryň ahyrky döwürlerindäki Müsür goşuny sudanlylardan, ermenilerden we bedewilerden ybaratdy. Esgat bin Memmatynyň nygtamagyna görä, Ruzzyk bin Talaýynyň wezirligi wagtynda (1160-1162-njy milady/556-558-nji hijri ýyllary) fatymy goşunynyň sany 40 000 atly, 33 000 ýa-da 36 000 pyýada goşundy. 10 söweş gämisine eýe bir flot bilen 10 000 deňiz esgeri bardy. Dogrudan hem Esededdin Şirkuhyň birinji Müsür ýörişi mahalynda Bilbisiň öňünde ýeňen goşuny Salahaddine garşy sudanlylardan we ermenileriň gozgalaňynda Müsür goşuny örän köpdi. Ýöne bu köplük goşun ýewropalylara we Nureddiniň esgerlerine garşy hiç hili täsir edip bilmändi. Şaweriň Bilbisiň eteginde Şirkuha garap: «Sen bulary esger hasaplaýarsyňmy? Bularyň birnäçesi aýakgapçy, birnäçesi tikinçi, birnäçesi bolsa daýhandyr. Bular deprek çalsaň ýygnanyşarlar, gamçy görkezseň gaçarlar» diýmegi bu döwürdäki Müsür goşunynyň düzüminiň nähili derejede çüýrükdigini görkezýär. Salahaddin sudanlylaryň we ermenileriň gozgalaňyny basyp ýatyran wagty bu goşuny dargatdy. Munuň ýerine Şamdan gelen türkmenler we beýleki toparlardan ybarat Nureddiniň goşunyny goýdy. Müsürli esgerlerden yna-myna girenleri ýerinde galdyrdy. Şemsul-Hylafa, Şemsul-Hawwas Mengubars, Husameddin Lulu Hajyp dagylar bularyň hataryndady. Salahaddin şeýle hem kinana, juzam we mudar taýpalaryna degişli esgerleriň sanyny azaltdy. Gibb tarapyndan Salahaddiniň goşunynyň sany barada berlen maglumatlaryň köpüsi takmynandyr. Bu sanlardan diňe Kazy Fadylyň 1172-1181-nji (567-577-nji hijri) ýyllardaky harby özgerişler bilen baglanyşykly bolan maglumatlary hakykata ýakyndyr. Beýleki sanlar bolsa ýörişlere goşulan esgerleriň sanlaryna esaslanýar. Ýöne möhüm ýörişlerde hem esgerleriň uly bir bölegi ülkäniň we berk ýerleriň goragy üçin goýulýardy. Mysal üçin, Salahaddin 1174-nji (570-nji hijri) ýylda Müsürden Şama gidýärkä, ýanynda ýedi ýüz töweregi atly bardy. 1182-nji (578-nji hijri) ýylda Şamda ýagdaý örän dartgynlaşanlygy we bolluk bolsa-da, Müsür goşunynyň ýarysyndan köpüsini ýanyna alypdyr, beýleki esgerleri dogany Mälik Adylyň serkerdeliginde Müsüriň goragyna goýupdy. Ymadeddin bu ýörişde soltanyň ýanynda bolan goşuny «Beýik goşun» diýipdir. Ymadeddiniň goşunynyň sany barada berýän iň uly sanlar: Esededdiniň üçünji Müsür ýörişine gatnaşan esgerler üçin berýän 7 000 sany bilen Hyttyn söweşine gatnaşanlar üçin berýän 12 000 sanydyr. Ymadeddin bu goşunlaryň barlagyna hut özi goşulandygy üçin onuň berýän sanlaryna şübhe etmeli däldir. Ymadeddin bulardan başga 1176-njy (571-nji hijri) ýyldaky Tell Soltan söweşinde soltanyň goşunynyň 6000, Mosul-Halap goşunynyň bolsa 20 000 atlydan ybaratdygyny aýdýar. Mosul-Halap goşunynyň sany barada onuň berýän bu sanyny Ibn Esir tankyt edýär. Ähtimal Halap-Mosul güýçleriniň köpüsi raýat güýçlerinden ybarat bolan bolmaly . Kazy Fadylyň tarapynda on ýyl aralygynda, 1172-1181-nji (567-577-nji hijri) ýyllar içinde Müsürdäki esgerler barada giňişleýin maglumat berilýär. Sala-haddin 1171-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda, şenbe güni (567-nji hijri ýylynyň muharram aýynyň 8-i) Kairde Ýewropa we Wizantiýa ilçileriniň hem gatnaşan dabarasynda nyzamly gözden geçiriliş (parad) geçirdi. Bu harby gözden geçirilişi irden başlap ýassy wagtyna çenli dowam etdi. Müsürdäki 147 tulpdan 127 tulp bu harby gözden geçirilişe gatnaşdy. Bölümler atlarynyň üstünde doly üpjün şekilde Salahad-diniň öňünden geçdiler. Soltan şeýdip içerki we daşarky duşmanlaryna özüniň güýjüni görkezdi. 147 tulpuň jemi 14 000 esger töweregindedi. Bularyň köpüsi tawajy (gul, memluk) esgerler, beýleki galanlary bolsa gara gulamlardy. Tawajylaryň ýyllyk aýlygy ykta we aýlyk pul hökmünde 700 bilen 1000 ýa-da 1200 dinar aralygynda üýtgeýärdi. Bularyň her haýsynyň ýaragyny göterýän we ulaglaryna seredýän hyzmatkäri, ýüklerini daşaýan düesi, gatyry, adaty wagtlarda müner ýaly aty we söweşde müner ýaly aty bolup, on töweregi maly-ulagy bardy. Şol gün Salahaddin 7000 atlydan ybarat Juzam araplaryny hem barlagdan geçirdi. Bu sany has uly görüp, içlerinden 1300 esgeri taşlady. Beýlekilerden salgyt alynmagyna perman berdi. Bu sanyň içine Kenaniýe, Mydaryýe we Askalandan Dymýata göçürilen Asakile (askalanlylar) hem barmyka? Bu meselede hiç zat aýdylmaýar . Munça esger dogrudan hem, Müsür üçin artykmaçdy. Salahaddin we onuň adamlary bu esgerleriň bir bölegini başga ýerlere ibermek üçin, şol ýyl we soňky ýyllarda Liwiýa, Nube we Ýemen ýaly ýerleri gözlediler. 1177-1181-nji (572-577-nji hijri) ýyllarda Müsürde gezip ýörkä, Salahaddin Müsür goşunynda we ykta ulgamynda täze özge-rişler geçirdi. 1181-nji ýylda täze tertiplenişikde aýlykly we yktaly Müsür goşunynyň sany 8640 atly hökmünde görkezildi. Bu 8640 atlydan 111-si emir, 6976-sy tawaşy, 1553-i bolsa garagulamdy. Bulardan başga aýlyklaryny ýer salgydyndan alýan mahlullar (yktasyz, aýlykly esgerler), Şarkyýe we Buhaýra welaýatlarynda ykta eýesi kinana we mudar kabylalaryna degişli esgerler hem bardy. Has soňra üçünji haçly ýörişi wagtynda bu sanyň köpelen bolmagy mümkindir. Şeýle hem Ibn Memmatynyň ýokarda agzalan ýazgysynyň dowamyna görä, Salahaddiniň Müsürdäki esgerleriniň sany hiç wagt 12 000 atlydan geçmändir. Onuň wepatyndan soňra bu san 8 500 atla çenli peselipdir. Salahaddiniň Şam, Eljezire, demirgazyk Yrak we beýleki ýerlerdäki esgerleriniň sany hem iň azyndan Müsürdäki ýaly bolmalydyr. Müsüri eýeläp we Hyttyn ýeňşi-ni gazanan güýçleriň käbir bölegi Şam, Eljezire, Diýarbekr, Mosul we demirgazyk Yrakda şol wagt bar bolan harby güýçdi. Ymadeddin tarapyndan berlen iň uly üç sandan ýokarda gürrüň gozgaldy. Kazy Fadyl tarapyndan 1175-nji ýylda (570-nji hij-ri) Humsuň eýelenen wagtynda ýazylan bir hatda: «Şu wagta çenli ýanymyzda 7000 töwereginde atly goşun ýygnandy. Bölümler diýseň köpeldi» diýilýär. Ýokarda hem agzalyşy ýaly, Salahaddin bu ýörişe Müsürden çykan wagty ýanyna diňe ýedi ýüz atly alypdy. Diýmek, galan möçber Şamdan Salahad-diniň hyzmatyna gatnaşanlardan ybaratdy. Üstesine-de, şol wagtlar Halapdaky, Elje-ziredäki, Diýarbekrdäki we Mosuldaky güýç-ler soltana duşman bolan zeňňileriň hyzma-tyndady. Öň hem aýdyşymyz ýaly, Halap Salahaddiniň öňünde köp durupdy. 1183-nji (579-njy hijri) ýylynda bu şäheriň eýelenen wagty şäherde 10 000-den hem köp söweşiji bardy. Eljezire, Diýarbekr we Mosuldaky esgerleriň takyk sany barada anyk maglumat ýok. «Jibap et-Türkmen» söweşine gatnaşan Halap we Mosul esgerlerinden gürrüň edýärkäk, Ibn Esir barlag depderlerine esaslanyp, Mosuldan we töwereginden 6000 atly çykarylandygyny aýdýar. Bulara Artykly, Halap we Sinjar esgerleriniň hem birleşmegi bilen, ýaranlaryň esger sany 20.000-ýe ýakynlapdyr. Şeýle hem bu ýerleriň howpsuzlygy üçin hem güýçler goýlan bol-maly. Gibb Soltanyň 1178-1179-njy (574-575-nji hijri) ýyllarda Şamdaky harby hereketine esaslanyp, bu sebitdäki harby güýç barada çaklamalary öňe sürýär. Ýöne bu ýyllarda Şamda gytçylygyň höküm sürendigi üçin Soltanyň ýanyna köp esger saklamaga mümkinçiligi hem ýokdy. Şeýle hem ýörişler mahalynda ülkäniň asudalygy üçin serhetlerde we galalarda esger saklamak gerekdigini hem göz öňünde tutsak, Gibbiň berýän sanlary gümürtikdir. Ýokarda, Hyttyn söweşine gatnaşan musulman güýçleri barada käbir sanlary agzapdyk. Bu söweş üçin esgerler barlag edilmezden öňürti, Gökböriniň we adamlarynyň Safuryýa taraplarynda geçiren aňtaw toparyna Ernoulyň aýtmagyna görä, 7000 atly goşun gatnaşyp-dyr. Bu aňtaw topary we Arsuf wakasy sebäp-li Ýewropa çeşmeleriniň berýän sanlarynyň has ulaldylandygyna bular bilen baglanyşykly wakalardan gürrüň edýärkäk degip geçipdik. Demirgazyk Afrika ýörişe giden bölümleriň esger sany hiç haçan 800-den geçen däldir. Turan şa Ýemene ýörişe çykan wagty Salahaddin onuň bölümine goşmaça müň atly beripdi. 1181-nji (577-nji hijri) ýylynda Ýemene iberilen Gutly-abanyň golastynda bäş esger bilen Emir Bahil bardy. Belli bolşuna görä, Ýemende we demirgazyk Afrikada üç müňden köp esger ýokdy. Atly goşun esgerlerinde haçlylar bilen musulmanlar arasyndaky tapawudy bolsa şeýledi: musulmanlaryň atlary kiçi we çalasyndy, atlylaryň köpüsi ýukajyk sowutlydy. Haçlylaryň atlary äpetdi, güýçlidi, çalasynlyklary azdy, atlylary galyň, agyr sowutlydy. Memluklar: Mydamalyk goşun düýp taýdan, esasan, ikä bölünýärdi. Azat, erkin bolup dogry ulalan ýörite esgerler we türkmenlerden satyn alnyp ýa-da çagyrylyp, esger hökmünde ýetişdirilen, belli bir terbiýeden geçensoň, azat edilen memluklar (tawaşylar). Memluklar eýýuply goşunynyň iň güýçli söweşiji esger gatlagydy. Hemmesi hem atlydy. Memluk gatlagy çagyrylyp ýa-da satyn alnyp, esger ýetişdirmek usuly örän gadymy däp-dessurdyr. Wizantiýalylarda we sasanlylarda hem bu däp bardy. Musul-manlar hem bu däbi dowam etdirdiler. Apbasly halypalaryndan Mugtasymyň türkmen memluklaryny edinmäge uly ähmiýet berendigi bellidir. Soň-soňlar samanlylar, gaznalylar, fatymylar, seljuklylar we beýleki musulman döwletlerinde türkmen memluk ýetişdirmek usuly dowam etdi. Makdisiniň aýtmagyna görä, Wizantiýa goşunynda hazar we türk memluklary köpdi. Wizantiýalylar we haçlylar bu hili memluk türklere «türkopol» diýýärdiler. Andalusdaky memluklara sakalyba (slawýanlar) diýilýärdi. Lidunus yslam taryhynda möhüm rol oýnaýan bu memluklara slawýan diýilmegi olaryň aslynyň gul bolany üçin bolmaly. Bu türk memluklaryň köpüsi Kawkazyň we Garade-ňiziň demirgazygyndaky ülkelerden getirilýärdi. Orta asyrlarda materikler arasynda uly gul söwdasy bardy. Gullar ýa ýesir düşmek ýa-da çagalaryň ene-atalaryndan pula satyn almak arkaly üpjün edilýärdi. Memluklar özlerini esger hökmünde ýetişdirip, azat eden kişä degişli hasap edýärdiler. Käwagt olar gelen ülkelerine ýa-da taýpasyna hem degişli edilýärdi. Nureddiniň we Salahaddiniň döwründe emirleriň memluk ýetişdirmegi däp görnüşine gelipdi. Ýokarda Salahaddiniň baş kazysy Muhýiddin Abu Hamyt bin Abu Arsunyň emirler ýaly memluk edinmäge synanyşandygy üçin işden boşadylandygyny agzap geçipdik. Bu döwürde Nureddiniň, Salahaddiniň, Esededdin Şirkuhyň, Nejmeddin Eýýubyň, Takyýeddiniň, Mälik Adylyň memluklarynyň arasyndan örän meşhur serkerdeler (emirler) ýetişipdir. Bular özleriniň degişli bolan şahsyýetlerine görä Nuryýe, Esediýe, Nejmiýe, Salahyýe, Takawyýa, Adylyýa ýaly toparlara bölünýärdi. Bir kişiniň ýokary çekilmeginde azat ýa-da memluk bolmagy hiç hili rol oýnamaýardy. Şeýle hem memluklar hyzmatkärler we hyzmatkär däller diýlip, iki bölege bölünýärdi. Bularyň arasynda öýlenip, çaga-çugaly bolanlar hem bardy. Bu döwürde memluklar emirleriň bölüm-leriniň özeni bolup durýardylar. Bulardan Esededdiniň memluklarynyň bäş ýüz kişi-digini bilýäris. Nureddiniň, Salahaddiniň we onuň kakasy Eýýubyň, Takyýeddiniň mem-luklary hem iň azyndan bu möçbere ýetipdirler. Ýokarda Müsürdäki esgerlerden gürrüň gozgaýarkak, memluklaryň (tawaşylaryň) mydamalyk goşunynyň aglabasyny düzýändigini görüpdik. Bu döwürdäki meşhur memluk emirlerden Bahaweddin Garaguş, Şerefeddin Garaguş, Boz Aba, Yzzeddin Çawly, Gutlyaba, Il Aba, Sungur Halaby, Arslan Buga, Gaýmaz Nejmi, Ýazgyç we beýlekiler barada ýokarda birnäçe sebäpler arkaly gürrüň edildi. Salahaddiniň döwründe memluklaryň ýagdaýy şeýle güýçlüdi welin Ýafanyň eteginde Soltana garşy çykan Jenah aýdýan sözlerinde memluklaryň öňe sürülýändigini aýdypdy. Belli bolşuna görä, azat esgerleriň bir bölegi memluklaryň öňe tutulýandyklaryny aýdýardylar. Salahaddiniň ölüminden soňra bu memluklardan Umera Esediýe we Umera Salahyýe döwletiň syýasatynda hyzmaty örän uly bolupdyr. Memluklaryň döwletiň içindäki abraýy wagtyň geçmegi bilen artyp, XII asyryň ortalaryndan başlap häkimiýet bütinleý memluklaryň eline geçýär. Döwlet Memluklar döwleti diýlip atlandyrylýar. Memluklarda soltan bolmagyň esasy şerti hem memluk asylly bolmakdy . Bulardan başga bu döwürdäki söweşlerde «Halkat soltan», «Mufredun», «Atlap Mire» ýaly adalgalar ulanylýar. Bulardan «Halkat soltan» soltanyň ýörite bölümi, gönüden-göni özünden buýruk alan we söweşde soltany goramaga borçly esgerlerdir. Bular soltanyň memluklaryndan we ýörite esgerlerinden ybaratdy. Seljuklylarda hem bar bolan «mufredun», «diwanyl-mufrede» degişli bolan esgerlerdir. Biziň çaklaýşymyza görä, «halkat soltanyň» köpüsi diwana degişli bolmaly. Bular memluk we azat esgerlerden ybaratdy. «Mire» bölümlerini düşündirmek örän kyndyr. Diňe Kazy Fadylyň bir hatynda agzalýan bu sözden gönüden-göni merkeze degişli bolan we welaýatlardaky emirler bilen baglanyşygy bolmadyk esgerler manysy çykýar. Hyttyn söweşinden öňki Kerek ýörişi sebäpli «Soltan tabyn-lary we ýakyn adamlary bilen Kerkiň üstüne ýöredi», Tabaryýanyň eýelenenligi sebäpli, «fi hawasihil-asesiýe», ýagny «goraýjy bölümi» 1192-nji (588-nji hijri) ýyldaky Ýafa ýeňşi sebäpli «memluklary we ýörite esgerleri bilen Ýafany gabady» sözleri ulanylýar. Ýörite bölüm we memluklar ýöriş wagtynda elmydama soltanyň ýanynda bolýardylar. Üçünji haçly ýörişi wagtynda hem bu esgerler elmydama soltan bilen birlikde bolupdyrlar. Emma beýleki esgerler welin söweş möwsümi geçensoň ülkelerine we yktalaryna gaýdyp gelýärdiler. Ýokarda aýlyklaryny haraçdan (zekatdan, ýer salgydyndan) alan mahlullar barada gürrüň gozgapdyk. Bular yktasyz bolan esgerlerdir. Şeýle hem battalun (pensionerler) diýilýän esgerler bardy. Bu gatlak esgerler ilkinji gezek 1173-nji (568-nji hijri) ýylda Nube ýörişinde agzalýar. Bu gatlaga degişli esgerleriň bir bölegi 1182-nji (577-nji hijri) ýylda otuz dinar aýlyk bilen Ýemene iberildi. 1191-nji (586-njy hijri) ýylda Akkadaky bölüm üýtgedilen wagty käbir emirler içeri girmek islemändirler. Diňe «battaluna» pul we mal berlip Akka salnypdyr. Mundan belli bolşuna görä, bu esgerleriň işleri esgerlik bolsa-da, belli bir wezipesi bolmadyk we pes aýlyk alýan esgerlerdi. Bulardan başga üçünji haçly ýörişi mahalynda Akka söweşlerinde partizançylyk söweşini alyp baran harby däl geýimli we gizlin esgerler bardy. Bular duşmanyň karargähine duýdansyz hüjüm ederdiler. Esgerleriň tälim geçirýän we söweş oýnuny oýnaýan ýörite meýdançalary bardy. Halapda we Damaskda bu meýdançalara «meýdan ahdar» (ýaşyl meýdan) diýilýärdi. Bu ýerlerde at üstünde çowgan oýnuny oýnaýardylar. Şeýle hem aňtaw geçirmek we harby tälimi ösdürmek üçin boş wagtlarda awa çykylýardy. _________________________ F.Köprüli, Berit maddasy, YÝE, 2, 546-547 s.; Salahaddiniň döwründe eýýuplylaryň döwleti, 126-127 s. Bark Şamy, 5, 56-57, 155-157, 159-162 s.; Mizmar Hakaýyk, 154-161 s. Bu ýere çenli işler bilen baglanyşykly seret: Salahaddiniň döwründe eýýuplylaryň döwleti. 113-114 s. Bahyr, 133s. Mizmar Hakaýyk, 150-160 s.; Suluk, 2, 91 s. Senal-bark, 297, 341 s.; Ýaprak 225 a; bark Şamy, 4, 59 a; Feth Kussi, 215, 216; 576 s.; Ibn Şetdat, 85 s. Suluk, 1, 70-71, 72-73, 75 s. Bark, 5, 33-34 s. Bark Şamy, 5, 128 s.; Senal-bark, 146, 165, 222 s.; Ibn Şetdat, 126, 157 s.; Salahaddiniє döwrґnde eýýuplylaryє döwleti, 119-120 s. Bark, 5, 130-134 s. Bark Şamy, 4, 39 a-b, 5, 62, 102-167 s.; Senal-bark, 1, 88, 94-96, 102, 136, 142, 216, 225, 226, 244, 273, 357-358, Ýaprak 211 a, 239 b, Salahaddiniñ döwründe eýýuplylaryñ döwleti, 121-122 s. Ibn Şetdat, 13, 16 s. Hyrat, 2, 107-108 s.; Cahen, A Propos des shuhud, 31 (1970), 71-79 c.; Nureddin 826-827 s. Salahaddiniє döwrґnde eýýuplylaryє döwleti 128-132 s. Harydet kasr, Şam bölґmi, 1, 289-306 s.; Senal-bark, 1, 181 s.; Feth Kussi, 625s.; Rawzateýn, 2, 209 s.; Subhul-agşa, 4, 36, 11, 204-207 s.; Kaldy Nagy, Kazyl-esger maddasy, 12, 4, 392 s. Şeýzeri, 99-100s.; Hytat, 2, 207-208 s. Nureddin, 846 s. Senal-bark, 1, 223-224s.; Bahyr, 168 s. Salahaddiniє döwrґnde eýýuplylaryє döwleti, 135-136 s. Senal-bark, 1, 210 s.; Bahyr, 169 s. Bark Şamy, 3, 13 a, 17 a; Hytat, 1, 86 s. Hytat, 1, 86-94 s. Gibb, the Armiýes of Saladin, 74-82 c. Senal-bark, 1, 200-201 s.; Ibn Esir, 11, 429 s. Hytat, 1, 86-87 s.; Suluk, 1, 47, 75 s. Ittihaz Hunefa, 162 a. Hytat, 1, 86, 94-95 s.; Suluk, 1, 75 s. Rawzateýn, 1, 239 s. Salahaddiniє döwrґnde eýýuplylaryє döwleti, 142-143 s. Bazyl-arymy, Memälik, Beýrut, 1979 s.; Salahaddiniň döwründe eýýuplylaryň döwleti, 144-146 s.; Dawid Aýalan I`Esclavage du mamelouk, Jarusalam, 1951, 10 c. Salahaddiniň döwründe eýýuplylaryň döwleti, 146-147 s. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |