23:59 Şemli ýöriş... | |
ŞEMLİ ÝÖRİŞ...
Oýlanmalar
Alagaraňkylyk... Duman... Birhili ýürekgysgynç ümsümlik... Elimde şemdan, şemdanda ýanyp duran şem... Öňe tarap ýöräp barýan... Nirä, näme üçin barýandygymy özümem bilemok, ýöne öňe tarap ýöremelidigime akyl ýetirýän... Gidip barýan, şol barşyma-da birden büdräp ýykyldym. Aýagymy erbet agyrtdym. Agladym, aglap-aglap, özüm diňdim. Turdum we ýene öňe tarap ýöräp ugradym. Bir görsem daş- töweregim eli şemdanly ynsanlardan doly eken. Çagalar-da bar, ulular-da, aýallar-da bar erkekler-de... Hemmeler öňe tarap ýöräp barýarlar. Bu ýolda her kimiň öz şemi diňe öz öňüne ýagty salýar. Ýykylsaň-da özüň galmaly... Men-ä ýykyla-ýykyla galmagy öwrendim. Soň-soňlar ýykylan wagtlarym aglabam durmadym... Türk ýazyjysy Elif Şafagyň "Yşk" romanynda ýazylan kadalary aňymda berk belledim. Ol kadalar sabyrly bolmalydygyny, garaňky gijelerden soň hökman ak daňyň atjakdygyny buşlaýar, tikene seredip güli görüp bilmegi öwredýär. Onsoň ýaşamak ýeňilleşýär duruberýär. Ýykylmak ynsany güýçli edýär eken aslynda... Elimizdäki şemleri öçürmän öňe tarap ýöräliň gadyrly ynsanlar, ýykylsaňyz-da ejizlemäň, derrew aýak üstüne galmak bilen boluň! Gurbannazar Ezizow hem aýdyp geçipdir: "Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde..." diýip. Ejizlerden däl, güýçlilerden bolalyň! | |
|