08:46 Sere gelen setirler | |
SERE GELEN SETIRLER
Sözler
- Adamlar siziň deriňizi düşek edinýärler, biziňkiden bolsa telpek tikinýärler – diýip, goýun-a öwünýärmiş, geçi hem bu gyjyda kemsinýärmiş. - Gaplaňyň suratyny ilkiji gezek gören pişik: - Göwräm kiçi diýäýmeseň, gaplaňa gaty meňzeşdirin, hemmämiz bir kowumdan-da – diýip, mähnet ýuwaş köpegiň ýanynda öwünmäni çykardy. - Näme üçin şahyrlar biz hakynda goşgy ýazanokkalar? -- diýip, eşegiň meýdana zyňlan läşini çekeläp oturan garga dazzarkelden sorady. - Gargalaryň söhbetinde owaz eden bilbiliň çykyşy ol ýerde şowsuz hasaplanyp, saýramagy öwrenmegi üçin bir gargany oňa halypa belläpdirler. - Towukhana çal tilki müdir bellenensoň, ol hojalygyň tabşyrýan ýelegi-hä gaty köpelenmiş. - “Ýylanyň ýigreneni-gaçgyny men boldum” diýip, başga şepe gözlemäge başlan narpyz näçe jan etse-de, kirpi bilenem, ýylan bilenem ysnyşyp bilmän, öňki ýalňyzlygyna galdy. - Täjir ýigit söýen gülüne,gyz bolsa onuň puluna aşykdy. - Syrdam we owadan mahabat gurjaklarynyň egnindäki ýaraşykly eşikler özüne-de gelşer öýdüp ýörenler gaty kändir. - Zenan halky akylly diýleninden owadan diýleniňi gowy görýändir. - Kürsi ýetse nadana, azar berer adama. Sahymerdan Sary Ogly. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |