20:29 Seýdiniñ döwürdeşlere açyk haty | |
SEÝDINIÑ DÖWÜRDEŞLERE AÇYK HATY
Goşgular
Garabekewül raýonynda uly ýoluñ ýakasynda "Şu ýerde beýik şahyr Seýitnazar Seýdiniñ ýadygärligi dikeldiljek" diýen ýazgynyñ goýlanyna indi on ýyldan hem köp wagt geçdi. Men size ýüzlenýän açyk hat bilen, Ähli oý-pikirim jemläp serimde. Welnamyñ dogmasy Mirhaýdar bilen Gylyç syrup, darkaş guran ýerimde. Goýupsyñyz dört burç bir kesim daşy, "Ýadygärlik" diýip "beýik şahyra". (Men özümi beýle beýik saýmandym, Pes pälli bolupdym ozal-ahyra). Gitsem-de bu ygtybarsyz jahandan, Egne geýip alty gary bizleri. Boş wadalar bilen, ýalan söz bilen Edil beýdip kemsitmäñler bizleri! Başym silkip, buýsanyplar gezdim men, Bedew atly ýigitlere baş bolup. Indem ýol üstünde, aýak astynda Ýatmak ýokuş degýär tokga daş bolup. Elden-ele geçse şygyr diwanym, Namalarym bezel berse sazlara. Hatyjanyñ waspyn eden setirlem Sadly bolup habar gatsa gyzlara. Gyzgyn söweşlerde dörän nagmalar Ýigitleñ göwnüne bekletse ganat. Garrylykda jahyllygmy ýatlanym Gojalara berip bilse kanagat. Maña başga ýadygärlik gerek däl, "Hemme şu ykrarda durulsyn imdi". Ýok ediñ şol daşy, ýogsam bolmasa... "Herne kysmat bolsa görülsin imdi". Şahyryñ hyýaly hatyny ýazga geçiren Akmämmet HÜMMEDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 09.01.1987 ý. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |