17:21 Şeýtanyň sowgady / hekaýa | |
ŞEÝTANYŇ SOWGADY
Mistika we fantastika
BS Demonverse Jon hemişe mylaýym we jomartdy. Ol mätäçlere kömek etmäge hemişe taýýardy. Emma onuň durmuşynda hemme zat aňsat däldi. Ýakynda işini ýitirdi we aýalyna rak keseli diagnozy goýuldy we ony sagaltmak üçin uly möçberde medisina tölegi zerurdy. Bir gün ol dükandan öýüne gaýdyp gelýärkä, ýolda büdräp ýykyldy. Gapdalda gara reňkde pentagram nyşany bolan täsin bir gyzyl guty bardy. Munuň nämedigini ol bilenokdy, ýöne gutyny öýüne alyp gitmegi ýüregine düwdi. Öýüne gelip, gutyny açanda, içinden kompýuter çykdy. Ol şeýle ajaýyp dizaýndaky noutbuk kompýuteri heniz görmändi. Jon kompýuter ulanmakda ökde däldi, şonuň üçin dosty Billden kömek sorady. Bill dostunyň kömege mätäçdigine tiz düşündi. Ol ikisi näçe synanşsalarda kompýuteri açyp bilmediler! Kompýuteriň işlemegi üçin birnäçe sagat sarp etdiler, ahyrsoňy ikisi-de ýadadylar. Soňra kompýuter işläp başlady. Bill dosty Jona ähli bilýänlerini öwretdi. Ertesi gün irden Jon täze kompýuterini synap görmek üçin ir turdy. Ol el-ýüz ýuwulýan otaga baryp elini ýüzüni ýuwup, öz otagyna dolandy. Gapyny açjak bolanda içerden bir zenanyň sesini eşitdi. Ýuwaşlyk bilen içeri girdi. Otagynda owadan gyzyl köýnekli ýaş zenan bardy. Ol zenan Jonyň aýaly Megana meňzeýärdi, ýöne onuň Megan däldigini Jon bilýärdi. - Ertiriňiz haýyrly Jon. - Salam. Siz kim? - Meniň adym Jennifer we men jyn. Ussadym Şeýtan meni kompýuteriňizi nähili ulanmalydygyny öwretmek üçin şu ýere iberdi. - Jyn? - Jon haýran galyp sorady. - Hawa. Jynlaryň dürli görnüşleri bar. Köplenç adam ýaly görünýäris, ýöne käwagt haýwan ýa-da ösümlik ýaly hem görünýäris. Her niçigem bolsa, soragyňyza jogap bermek üçin hawa, men jyn. Kompýuter öwrenmek isleseňiz, siz kömegimi kabul etmeli bolarsyňyz. Ilki bilen siz Ussadymyz Şeýtana ruhuňyzy bagyş etmeli-diýdi. Beýtmek bilen siz Ussadymyz tarapyndan islän islegiňizi hem amala aşyryp bilersiň. - Bolýar. Men razy. Jon razylyk bildirensoň, Jennifer ýere pentagram çyzyp her burçunda bir şem ýakdy. Jon pentagramyň ortasyna girip, Jenniferiň yzyndan gara dogalary gaýtalady. Şeýlelikde Jon Şeýtana ruhuny bagyşlady. - Ajaýyp! Indi, ilki bilen: parolyňyz "S" harpyndan başlamaly, sebäbi bu "Şeýtan" (ýagny Satan) sözüni aýdanyňyzda çykýan ses! - Parolym "Samsyklyk" (stupidity) - Bolýar, parolyňyzy hiç wagt ýatdan çykarmaň. - Bolýar. Indi men näme etmeli? Jennifer ýylgyryp, ellerini öňe uzatdy. Ellerinden ýyldyrym çakdy we ýere degdi. Aýaklarynyň aşagynda tegelek peýda boldy. Soňra ol Jona bir kagyz berdi. - Indi ýadyňyzdan çykarmaň, haçan-da internete gireniňizde diňe şu kagyzda ýazylan web sahypalaryna girip bilersiňiz. Başga web sahypalara girmäge rugsadyňyz ýok. Düşündüňizmi? - Düşündim. Men razy. - Şeýle hem, hiç wagt printer ulanmaň. Printerde işlenilmeýänliginiň bir sebäbi bar we gollanmany okasaňyz düşünersiňiz. - Bolýar. - Ýadyňyzdan çykarmaň, has köp kömek gerek bolsa, islän wagtyňyz menden sorap bilersiňiz. Bu meniň demonverse.post.dmn saýtynda poçta hyzmatyndaky elektron poçtam - diýip oňa elektron poçta salgysy ýazylan kagyz berdi. Soňra "Wiý ýogsada saňa bu saýtdan meniň bilen ýazyşyp bilmegiň üçin elektron poçta açmaly" diýdi. Jennifer oňa elektron poçta açyp berdi. Soňra bolsa ol barmaklaryny şyrkyrldadyp, gözden ýitirim boldy. Jon bolup geçen zatlara bäş minut haýran galyp durdy. Ol Şeýtana ruhunyda satypdy. Ol muňa düýşüdir öýtdi. Emma komýpýuterde... Noutbuk kompýuterde dişlenen alma "Apple" nyşany ýitirim bolup, pentagram şekilli "Satanizm" nyşany peýda bolupdy. Ol otagyndaky kitap tekjesine seretdi. Injil kitaby ýokdy. Ornuna "Joy of Satan", Laweýiň "Şeýtan Injili" we ýene birki kitap bardy. Otagyndaky Iusus Hristiosyň suratynyň ornunda bolsa Bafemotyň suraty durdy... Jon indi satanistdi, mundan öň ol hristian dininiň protestant akymyndandy. Ol içinden "Eý Beýik Rebbim we Onuň ogly Iusus, men nämeler etdim?" diýdi. Şeýle diýýärkä ony biri bogýan ýalydy. Dem almasy kynlaşdy. Gulagyna pyşyrdaýjy jynlar pyşyrdady. Olar "Heil Satan, diýip aýt" diýýärdiler. Jon olaryň diýenini etmäge mejburdy, bolmasa ol çydap bilenokdy, bogulýardy. Jon aýaly Megan hakda oýlanýardy. Megan keselhanada agyr ýatyrdy. Onuň operasiýasyna juda köp mukdarda pul zerurdy. Şol sebäpli Jon noutbugyny açdy. Jenniferiň beren girmäge rugsat berilen saýtlaryň sanawyna seretdi. Sanawda satanistleriň bankynyň web saýty hem bardy. Jon şol web saýtyna girdi. Ol herdürli kredit we bank kart tekliplerini we bank hyzmatlaryny gözden geçirdi. Ol özüne laýyk teklibi tapdy. Bu kredit teklibidi. Bank müşderä bellibir mukdarda kredit berýär, müşderi girewine iň eý görýän zadyny goýýardy, müşderi iki ýyl içinde kredit mukdaryny töläp bilmese, girewine goýlan zat bankyň emlägine geçirilýärdi. Kreditiň göterimi ýokdy. Jon girewine kakasyndan galan köne jübi sagadyny goýdy. Bu Jon üçin örän gadyrly we gymmatlydy. Jon iki ýylyň içinde krediti üzüp biljegine ynanýardy. Jon derrew bank bilen kredit şertnamasyny baglanyşdy. Web sahypada "Şertnamany printerde çap ediň we goluňyzy çekiňde aşakdaky faks belgisine, faks edip ugradyň" diýen ýazgy çykdy. Jon geň galdy, Jennifer oňa printeri ulanmazlygy aýdypdy. Jon kompýuter ekranynyň aşaky çep burçuna seretdi. Ol ýerde "Printerim işlänok" ýazgysy bardy. Jon kursory şol ýazga eltip, basdy. Täze sahypa açyldy. Täze sahypada şeýle ýazgylar bardy: [Siz şertnamany .pdf nusgada ýükläň. Soňra android telefonyňyza "Plaý Market"den "Adobe Fill&Sign" programmasyny ýükläň. .pdf nusgadaky elektron şertnamany android telefonyňyzya geçiriňde "Adobe Fill&Sign" programmasyny ulanyp goluňyzy çekiň, gol çekilen .pdf nusgasyndaky şertnamany aşakdaky elektron poçta ugradyň] Jon bularyň ählisini edip bolandan soň noutbuk ekranynda täze sahypa açyldy. Onda şeýle diýilýär: [Şertnama üstünlikli baglanşyldy, iki minudyň içinde kredit kartyňyz adama öwrülen ifrit tarapyndan, özüňize gowşurylar! Biziň bankymyzy saýlanyňyz üçin köp sagboluň!] Iki minutdan adama öwrülen ifrit jyn Jonyň öýüne gelip oňa kredit kartoçkasyny gowşuryp gitdi. Jon bir sagatdan soň Megany görmäge keselhana geldi. Ol keselhana operasiýa üçin töleg geçirdi. Megany operasiýa bellediler... Bir hepdeden soň Megan bütinleý sagalyp hassahanadan çykdy. Öýüne gelenden soň Jon ähli zady Megana gürrüň berdi we oňa hem Şeýtana ruhuny satyp, satanist bolmagy maslahat berdi. Onuň ähli gürrüňini diňlän Megan Jona erbet gaharlandy. - Şeýtana ruhumy bagyş edenimden, ölenimem gowydyr. Seniň bilen men indi artyk ýaşaşyp, kellämi bir ýassyga goýup bilmerin. Şu güniň özinde men seniň bilen aýrylyşmak isleýärin. Jon näçe ýalbarsada Megan şol diýenini tutdy durdy. Olar aýrylyşdy... Jon indi ýalňyz galdy. Ol noutbugyň başyna geçdi, açyp seretse elektron poçtasyna Jenniferden habar gelipdir. Ol habary açyp okady. Habarda şeýle ýazylandy: "Ezizim Jon, seniň bilen bolup geçen wakalardan meniň habarym bar. Sen şuwagt depressiýada, saňa kömek edip bilerin." Jon Megany ýanyna çagyrdy... ...Jon aslynda şeýtandan alan kompýuteri töwerege negatiw signal ýollayardy. Bu sowgat Jona näme sebäpden berildi? Jon beýle üýtgär ýaly näme günä edipdi ýa-da Şeýtan Jonyň haýsy hereketine haýrany hekgeripdi? Jon kompýuteri tapmazyndan bir hepde ozaldy. Jon şol gün "Tolkun" atly filme tomaşa etdi. Film Jona birhili negatiw täsir etdi. Ol filmiň manysyna düşünip bilmedi. Deňiz tolkunlary, öýündäki howuzda yüzýän adam, är-aýalyň biri biri bilen sögüşmesi yaly düşnüksiz we manysyz sahnalar bardy. Jon bu film üçin gidiren 2 sagat 48 minudyna gaty ökündi. Ol şol günüň özünde filmi bireýýäm unudypdy. Emma filmiň asyl manysy, onuň aň asty aňynda mäkäm ornaşypdy. Ertesi güni ol kesel ýatan aýaly bilen pikiri azaşyp sögüşdiler. Henizem lukman gelip olary köşeşdirmedik bolsa, Jon aýalyny stresse bogup öldürjekdi. Edil şu bolan hereketi üçinem ol şu kompýuter sowgada laýyk görüldi... ... Jennifer Jonyň öýüne geldi. Ol Jonyň beýnisine herdürli zäherli signallar ýollaýardy... ©Baýramgylyç Sapargylyjow 11.03.2023 16:10 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |