21:44 Size sargydym | |
Dostlarym, bar size şeýle sargydym,
Goşgular
Ownuk hossarlykdan dyndaryň meni. Çybyklary gyradeň däl daragtyň, Eselsem, kötekläp syndaryň meni. Ýaşamda ýaşaýyn adam şekilli, Wyždanyňa görä gezmek ýakymly, Boljak bolsam, öz-özümden akylly, Gaýadan başaşak inderiň meni. Eger düýä münüp hataba buksam, Çemçeläp ýygnanmy, çanaklap döksem, Il-günüme gyýa göz bilen baksam, It alan sanaja dönderiň meni. Yhlasym, höwesim şygyrlarymda, Şolara siňendir maňlaý derim-de. Sizem medet berip, gerek ýerinde Ýyly mähriňizden gandaryň meni. Bu ejiz ýüregim sizi küýseýär, Guş dek uçup, boz jeren dek tasaýar, Gülden-güle gonup, yşky küýseýär, Sawçy dek öýlere gönderiň meni. Ýylgaý Durdyýew. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 9 | ||||||||||
| ||||||||||