18:55 Söýgi hatyndan soňky oýlanma | |
SÖÝGI HATYNDAN SOÑKY OÝLANMA
Goşgular
![]() Gözel gyzyň ýazan söýgi hatyndan, Durlap bilmän ýaňy bozlan nepesim. Belent jaýlaň iň ýokarky gatyndan, Synlap durun agaçlaryň depesin. Ýaprak neçüýn terk edipdir şahasyn, Bu sowalyň jogaby bar ýönekeý. Bilip-bilmän ömre düşýän bahasyn, Söýgiň üçin gurban bolma, Ýöne köý! Kepderileň sürüsi dek pikirlem, Gonara ýer tapman uçýarlar gökde. Oglan yhlasym bar juda ýekirlen, Onsoň nirden aýdym bolsun ýürekde. Sebäp özgä gülüp bakan gözleriň, Kalbymda yşk odun ýakmaýar indi. Ýöne geçen günlerime dözmerin, Söýgi maňa hasrat bolup göründi. Indi bize düşünişmek kyn bolar, Söýgi bize geçip giden şalykdyr. Balygyň gylçygna dönen kineler, Bokurdakda tegek bolup galypdyr. Ilmet GURBAN. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |