12:23 Sportsöýer | |
SPORTSÖÝER
Sport we turizm
Küren dagyny alkymlap oturan Bereket etrabynyň dört sany obasy bardy. Olaryň ikisi dagyň baýyrlygynda, beýlekileri demir ýolunyň gaýra tarapynda, ýapgyt meýdançada ýerleşipdi. Ýagyş ýaganda topraga siňmäge ýetişmedik suwlar baýyrlykdan aşaklygyna gaýdyp, akaba şahalaryny emele getirýärdi. Ýagyş köp ýaganda onuň suwlary demir ýolundaky demir-beton köpriniň aşagynda bina edilen akaba bilen güzeý tarapa akyp gidýärdi. Her-nä heniz bu güne deňeç ondan zyýan çeken hojalyk we edara-kärhana ýokdy. Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ýurdumyzda sagdynlyk we sersaglyk ýörelgesi yglan edilipdi we sagdyn durmuş ýörelgesine, sporta üns güýçlendirilip başlanypdy. Türkmen milli göreşine, sportuň woleýbol, basketbol görnüşlerine, aýratynam, futbola höwesek ýaşlaryň sany artyp başlapdy. Etrapda ýöriteleşdirilen sport meýdançasynyň ýokdugy, sport boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň ygtybarly maksada okgunly öňe gitmegine bökdençlik döredýärdi. Bahar paslynyň dowam edýän günleriň birinde dagetek obanyň ekabyr oglanlary sportuň futbol görnüşi boýunça meýdança döretmegi karar etdiler. Şonda jemagat halk bähbitli işi ikelläp goldapdy we degişli ýardamlary beripdi.. Ýöne işler ýaňy ugrugyp başlanda saýlanyp alnan ýer böleginiň çagalar bagy üçin niýetlenenip goýulandygy mälim bolupdy. Ýaşlar şonda-da ruhdan düşmediler. Olar täzeden haşar gurap obanyň günbatar çetinde, adaty futbol meýdançasyny gurmagy karar etdiler... Etrabyň ýolbaşçylary olary goldap sport meýdançasyny gurmak üçin ýer bölegini berdiler. Meýletinçileriň işine dürli ýaşly adamlar we edara-kärhanalaryň işgärleri gatnaşyp işjeň ýardam berdiler. Şeýlelik bilen bahar paslynyň ikinji aýynda etrabyň dagetek obasynda ilkinji sport meýdançasy we futbol topary peýda boldy. Bu ajaýyp sport wakasy ynsanyň ilkinji gezek arşa çykan güni bilen gabatlaşypdy. Şonuň üçin futbol toparyny “ Wostok” diýip atlandyrmak karar edilipdi. Bereket etrabynyň “Wostok” futbol topary saýlama oýunçylardan düzülipdi. Bu bolsa onuň bäsleşiklerde yzly-yzyna üstünlik gazanmagyna ýol açypdy. ...1968-1969-njy ýyllaryň gyş pasly örän aňzakly boldy. Ýere düşen küti gar ýaşaýyşda-durmuşda heniz garaşylmadyk kynçylyklary döredipdi. - Könelerimiz şunuň ýaly sowuk gyş sebitde asyrda bir gezek gaýtalanýar-- diýip, Derýa aga—obamyzyň hormatlanýan ýaşulusy bize gürrüň beripdi. Bahar paslynyň günleri häli-şindi üýtgäp durýar we bir-birine çalymdaş bolmaýarlar. Ýekşenbe güni ir säher bilen asmanyň ýüzüni gara bulutlar gaplapdy. Gök güpürdäp ýyldyrym çakanda, daş-döwerek ýagtylanyp gidýärdi. Ýagyş ilkibada çisňese-de, soňabaka bedreden guýulýana döndi. Kürendag tarapyndan täsin sesler gelip başlapdy. Ilat nämäniň-nämedigine heniz düşünmänkä baýyrlykdan dyňzap inen sil suwy ýüzugruna ähli zady öz girdabyna alypdy. Şol gün etrapda haşar edilip gurulan ýeke-täk futbol meýdançasy hem tekiz meýdança öwrülipdi. Ýene-de täze futbol meýdançasyny gurmak zerurlygy ýüze çykdy. Munuň üçin etrabyň ýolbaşçylaryna sala salyndy. Şonda sportsöýerler we türgenler üçin has amatly bolsun diýlip, etrap merkezindäki boş meýdança saýlanyp alyndy. Tiz wagt içinde etrabyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlarynyň, ýaşulularynyň birleşen tagallalary netijesinde täze futbol meýdançasy peýda boldy. Onuň degre--daşyny germawlamagy Bereket etrabynyň suw hojalyk kärhanasy öz üstüne aldy. Etrapda bu işe goşant goşmadyk edara-kärhana ýok diýen ýalydyr. Şeýlelikde ýaraşykly sport meýdançasy köpleriň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Indi bu ýerde sportuň diňe futbol däl-de beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin mümkinçilik döredilipdi. ...Ýurdumyzyň günbatar etraplarynyň we şäherleriniň futbol toparlarynyň arasynda başlanan ” Gaýyş pökgi” bäseşigi turuwbaşdan ýiti häsiýete eýe boldy. Toparlaryň türgenleri guramaçylykly, örän agzybir hereket edýärdiler. Futbol oýunda her, türgen her topar öz başarjaňlygyny, ussatlygyny görkezmegiň hyýalyndady. Bäsleşiginiň iň gyzgalaňly pursatynda “Wostok” futbol toparynyň hüjümçisiniň goýberen hatasy tasdanam olary ýeňlişe sezewar edipdi. Şonda futbol toparynyň ýolbaşçysy Parahat Garaýew“ Senden oňat goragçy çykmaz, derweziçi bilen ornuňy çalyşmak gerek” diýip, toparyň agzasyna gatyrganypdy. Soň-soňlar ol bu sözlemi örän welilik bilen aýdandygyny bilip galypdy. Derwezeçä öwrülen şol hüjümçi soňra günbatar Türkmenistanda iň tejribeli we adygan futbol derwezeçisi bolup ýetişdi. Aýgytly bäsleşikde Serdar etrabynyň futbolçylaryny ýeňlişe sezewar eden, bereketli türgenleriň işleri şondan soň has-da şowuna bolup ugrapdy. Ýaşaýyşda-durmuşda her dürli garaşylmadyk wakalar bolup geçýär. Futbolçylaryň käbiri orta mekdebi üstünlikli tamamlansoňlar instituta okuwa girdiler, lokomotiw deposynda we etrabyň beýleki kärhanalarynda zähmet ýoluna başlanlar, goşun gullugyna gidenler hem boldy. Ýöne sport ugry boýunça okuwa giren bolmady... “Wostok” futbol toparyny esaslandyran guramaçylaryň biri Parahat Garaýew orta mekdebi gowy bahalar bilen tamamlapdy. Oňuň sport ugrundan okuwa girmegi üçin ýol açylypdy. Ol Aşgabat şäherinde we beýleki etrap-şäherlerde ussatlykda tanalýan türgendi. Bereket etrapynda gurluşyk, ykdysady, önümçilik kärhanalarynda işlemek üçin ýerli hünärmenleriň ýiti ýetmezçiligi duýulýardy. Başga ýerlerden işe çagyrylan adamlar etapda uzak wagtlap işlänokdylar. Şonuň üçin bu meseläni ýerli oglan-gyzlary okuwa ibermegiň hasabyna çözmek gerekdi. Şonda orta mekdebi gowy bahalar bilen tamamlan Parahat Garaýewe politehniki institutyna okuwa girmegi maslahat berdiler. ...2011-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-inden 23-nji aralygynda spotuň futbol görnüşi boýunça Arkalaşyk döwletleriniň kubogyny almak ugrunda ХIХ halkara bäsleşigi geçirilýärdi. Oňa Arkalaşyk döwletlerinden futbol toparynyň on ikisi gatnaşýardy. Türkmenistanyň Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” futbol komandasy hem şol toparda çykyş etmäge hukuk gazanypdy. Türkmen futbol toparyna Parahat Garaýew ýolbaşçylyk edýärdi. Halkara futbol bäsleşiginiň geçýän günlerinde oňa meşhur futbolçy Mihail Platini we dünýä futbol federasiýasynyň başlygy For Paraçet bilen duşuşyp söhbetdeş bolmak nesip etdi. Ýakyndan tanamaýan, bilmeýän adamlaryň barasynda haýsydyr bir zady aýtmak çetin bolýar. Geçen asyryň togsanynjy ýyllarynda Parahat Garaýew ilki gurluşyk uçastogynyň başlygy, soňra Bereket etrabynyň ýerine ýetiriji edarasynyň başlygynyň orunbasary bolup işläpdi. Şonda onuň başlangyjy bilen Bereket etrabynyň çäginde bir topar binalar guruldy, awtoulag ýollarynyň durky täzelendi. Bäşinji ýaşaýyş jaý toplumynda iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmeginde onuň goşandy az däldir. ...Ynsan bir käri tutuş kalby bilen söýen bolsa iru-giç oňa gaýdyp gelýär. Halys bolmanda söýen käriniň ösüp-örňemegine degerli ýardamyny berip durýar eken. Muny Parahat Garaýewiň durmuşyny mysal getirmek arkaly göz ýetirmek kyn däldir. Ol etraplarda, şäherlerde, welaýatlarda geçirilýän futbol ýaryşlaryna toparlaryň gatnaşmagyna hemişe ýardam berdi we işjeň gatnaşdy. Sportsöer Parahat Garaýewiň Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň mysalydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine aýratyn üns berilýär. Sagdynlyga, ruhubelentlige gönükdirilen çärelerde Gahryman Arkadagymyzyň hut özi nusga alarlyk görelde bolýar. Her ýyl ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda giň gerimde, sportuň dürli görnüşleri boýunça biraýlyk geçirmek däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň agzybirliginiň, ruhubelentliginiň ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň kepilidir. Ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýörelgesine uly üns berilýändiginiň güwäsidir. Indi birnäçe ýyl bäri Bereket etrap häkimligi, welaýat, sport we ýaşlar baradaky komiteti hem-de Balkan welaýat futbol federasiýasy sport, bilim, medeniýet ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda etrabyň halypa futbolçylarynyň arasynda geçirýän duşuşygy barha meşhurlyga eýe bolýar. Şol çäreleriň birinde baýry futbolçy Garataýew 1949-1956-ýyllar aralygynda lokomotiw deposynyň esasy komandasynda oýnan oýunçylaryň sanawyny maňa gowşurdy. Bereket etrabyndaky häzirki zaman sport toplumynda baýry futbolçylaryň etrabyň futbol topary bilen bolan duşuşykda ýaş we baýry türgenlere jemgyýetçilik guramalarynyň hormat hatlarydyr, ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şonda halypalar söz sözläp türkmen sportunyň at-abraýynyň ösmegi, kämil türgenleriň kemala gelmegi ähli ugurlarda şol sanda sportda hem halypa şägirtlik ýörelgesiniň rowaçlanmagy üçin ähli şert mümkinçilikleri döreden Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar! Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |