13:39 Stil nämeden agtarylýar? | |
ÝAŞ ŞAHYRA GOLLANMA
Edebi tankyt
▶ STIL NÄMEDEN AGTARYLÝAR? (gysgaldylyp alyndy) Soñky döwür edebiýaty öwreniş ylmynda, edebi-çeper tankydynda ýazyjy-şahyryñ döredijilik özboluşlylygy, umuman, edebi stil problemalary dogrudaky gürrüñler ylmy çuñluk bilen aýtymyny gineldip barýar. Bu işjeñ tankydyñ geçäýmeli ýoludyr, edebiýatyñ syýasy-teoretiki mazmunyna doly akyl ýetirilmeginiñ alamatydyr. Jemgyýetiñ ösmegine zehinini, pähim-paýhasyny, ynsanperwer ideýalaryny bagyşlan her bir döredijiniñ zähmetiniñ ýerine düşmeginde onuñ özboluşly döredijilik stiline-de ullakan hyzmat degişli. Progressiw indiwidual stiliñ formirlenmegi, bar zatdan öñürti, durmuş wakalaryny, dünýä hadysalaryny "eleginde elemegi başarýan, obýektiw hakykaty döredijilik ylhamyna gönezlik edip goýan dünýägaraýşyñ kemala gelendigini añladýar. Edebi stiliñ şular ýaly kanunalaýyklygyny döredijiligindr jemlän söz ussadynyñ eserleri emosional-estetik gymmatyndan başga-da, jemgyýet bähbitli taraplaryny logiki esasda ýüze çykarýar. Döredijilil stiliñ estetik-praktiki ähmiýetini eseriñ çeperçilik fantaziýasy - obrazyñ özboluşly röwüşleri, pikir ýöretmegiñ hususy tärleri, dil aýratynlygy we ş.m. bilen düşündirmek bolar. • Aslynda "stil" diýen düşünjäniñ özi näme? Asyl manysy grekleriñ "taýajyk" sözüni añladýan bu düşünjäniñ edebiýatçy alymlaryñ dürlüçe häsiýetlendirýändiklerine garamazdan, düşündirişleriñ düýp mazmuny şol bir zadyñ daşynda jemlenýär: stil - bu ol ýa-da beýleki edebi ugruñ, aýry-aýry döwürlerde dörän akymlaryñ bütewiligini emele getirýän, ýazyjydyr şahyrlaryñ döredijilik özboluşlylygyny, aýratynlygyny añladýan düşünjedir. Stil hakdaky gürrüñler umumy kesgitlemeden has takyk gürrüñlere syrykdyrylyp, edebi eseriñ komponentleri bilen gatnaşygyna gezek gelende, edebiýatçylaryñ arasynda çapraz düşündirişler ýüze çykdy. Bu, hususan-da, stiliñ mazmuna, forma degişliligi, stil nämäniñ häsiýeti diýen sowalda şeýle boldy. Bize tanyş bolan kitaplaryñ birnäçesinde edebi stiliñ içine diñe bir formanyñ ähli bölekleri däl, eýsem ony ýüze çykarýan mazmun hem girizilýär. Maglumat üçin pikirleri degşireliñ: W.A.Kowalew: "Stil - bu forma we mazmundyr". A.Grigorýan: "Stil - ideýanyñ we suratlandyrmanyñ, mazmunyñ hem formanyñ gatnaşyk saklaýyş, bap geliş, biri-birine geçiş pursatydyr". Ýe.Etkind: "Stiliñ forma degişli bolup görünýän bolmagam mümkin. Ýöne siz formany üýtgetseñiz, mazmuny hem üýtgedersiñiz". Ýokardakylar bir hörpden gopýan pikirler. Aşakda ikinji bir kysym düşündirişler: G.N.Pospelowyñ pikiriçe, "...çeper eseriñ stili - bu eseriñ mazmunynyñ däl-de, formasynyñ häsiýetidir". "Stiliñ häsiýetleri eseriñ diñe çeper, obrazly formasyna mahsusdyr. Öz-özünden eseriñ mazmunynyñ stili bolmaýar hem ol stiliñ içine girmeýär. Ýöne ol, ozal belleýşimiz ýaly, çeper formanyñ stil häsiýetlerinde ýüze çykýar we olary özüniñ döwürleýin gaýtalanmaýan aýratynlyklary bilen kesgitlenýär". Edebiýatçy "Edebi stil problemalary" atly kitabynda ýokarky pikirini ösdürip, mazmun özboluşlylygyny stil diýip ykrar edýän garaýyşlary "biziñ ylmy pikirlenmämizde şu güne çenli ýaşap gelýän däp" hökmünde häsiýetlendirýär. Ýa.Ýe.Elsbergiñ sözlerine salgylansak, "Stil - bu çeper formanyñ dominantydyr, ony gurnaýjy güýçdür". Bulardan başga-da, A.N.Sokolow, A.Ýe.Çiçerin, P.Pustowoýt, W.W.Kurilow ýaly edebiýatçylaryñ-da stile berýän kesgitlemesi ýokarky zeýillidir. Biz bu garaýyşlaryñ haýsyna gol ýapýanlygymyzy (bu meselede ortalyk pikiriñ bolmagy mümkin däl), okyjyny haýsy bir pikire ündeýändigimizi aýtmazymyzdan ozal, türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda, edebi-çeper tankydynda stil düşünjesi hakdaky pikirleri görüp geçmegimiz gerek. 1947-nji ýylda A.Ýazkulyýewiñ "Edebiýat teoriýasyna giriş" atly kitaby çap edilýär. Edebiýatçy bu kitabynda edebi stili aşakdaky ýaly kesgitläpdir: "Ýazyjynyñ döredijigindäki ideýa we döredijilik (çeperçilik) aýratynlyklarynyñ birligine, tutuşlygyna onuñ edebi stili diýilýär. A.Kekilowyñ edebi stil hakdaky garaýşy: "Şeýlelik bilen, her bir awtoryñ, her bir ýazyjynyñ özüne mahsus bolan aýratynlygy bolýar. Ýazyjynyñ tema saýlap almagyndaky, ideýany beýan etmegindäki, eseriñ kompozisiýasyny gurmagyndaky we dilindäki ideýa-çeperçilik aýratynlygyna stil diýilýär. "Häzirki döwürde stil diýen termin dil biliminde aýry-aýry adamlaryñ ýazuw hem-de gepleýiş dilindäki aýratynlygyny añlatsa, edebiýat hakdaky ylymda ol aýry-aýry ýazyjynyñ döredijiliginiñ, edebi prosesde emele gelýän aýry-aýry akymyñ ideýa tematikasyndaky, sýužeti ösdürmekdäki, jemläp aýdanda, hakykaty suratlandyryş tärlerindäki, çeper dilindäki özboluşly aýratynlygy añladýar" diýip, Öde Abdyllaýew "Edebiýat teoriýasynyñ esaslary" diýen kitabynda ýazdy. B.Şamyradow bilen O.Ýazymowyñ "Edebiýat terminleriniñ gysgaça sözlüginde" stil termini şular ýaly häsiýetlendirilýär: "Stil - ýazyjynyñ eserlerinde köp gezek gaýtalanýan we onuñ döredijiligine häsiýetli bolan aýratynlyklaryñ jemine aýdylýar. Ýazyjynyñ stili onuñ dünýägaraýyşlarynda, öñe sürýän ideýalarynda, saýlap alan sýužetlerinde, obrazlarynda we olary ýerleşdirişinde, çeperçilik serişdeleri ulanyşynda, dil baýlygynda we ş.m. ýüze çykýar". R.Rejebow: "Stil ýazyjynyñ, şahyryñ bütin döredijiliginde dürli formada öz esasynu saklap, käbir üýtgeşikler bilen gaýtalanyp durýan döredijilik aýratynlyklarynyñ jemidir. Stiliñ birinji elementi obrazlar sistemasydyr. Ýazyjynyñ aýratynlygy birinji nobatda onuñ döreden obrazlarynda, işlän häsiýetlerinde, tiplerinde, öñe süren ideýalarynda ýüze çykýar" diýip düşündirýär. Ady agzalan çeşmeleriñ üstüne B.A.Garryýewiñ, Z.B.Muhammedowanyñ, R.Alyýewiñ, A.Myradowyñ, H.Tañryberdiýewiñ, D.Nuralyýewiñ makalalaryny hem goşmak bolardy, ýöne olarda bu mesele teoretiki jähetden yzarlananok. Görnüşi ýaly, türkmen edebiýatynda garşylykly pikirler ýok, edebiýatçy alymlarymyzyn garaýyşlary bir ugurdan gopýar: edebi eseriñ stili onuñ ähli komponentleriniñ birligidir. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda stiliñ mazmuny we forma degişliligi dogruda ýörite mesele henize çenli gozgalanok. Şonuñ üçinem türkmen edebiýatçylarynyñ bu mesele dogrudaky pikir ugurdaşlygyna edebiýaty öwreniş ylmynyñ henize çenli birýüzli edip bilmedik jedelini "eleginde eläp" takyk netijä gelenligi diýip düşünmeli däl. Hernäçe geñ eşidilse-de, ol ugurdaşlyk stil problemalaryny her taraply işlemäge batyrgaý deprenmeýänligimizi añladýar, edebiýatçylarymyzyñ köpçülikleýin tagallasynyñ zerurdygyny görkezýär. Biziñ pikirimizçe, stil problemasyny doly çözmeklik şol sowalyñ birýüzli edilmeginden başlanmalydyr. • Stil nämäniñ häsiýetidir? Bilşimiz ýaly, edebi eseriñ bütewiliginde mazmun we formany biri-birinden aýrybaşgalaşmak bolanok. Diñe şertli, ylmy edebi pikirlenmede, eseriñ gurluşy derñelende şeýtmek mümkin. Onsoñam olar biri-birinw geçip duran - otnositel gatnaşykdadyr. Ýöne ol mazmun we formanyñ çäksiz, bütewi düşünjelerdigini hem añlatmaýar. Çeper eserde mazmun ruhy ahwalat, forma material zatlar bolup çykyş edýär: mazmun - ideýa-tematika, forma bolsa ony ýüze çykarmaga gatnaşýan durmuş hadysalarynyñ, çeperçiliginin jemidir. Mazmun we formanyñ çägi dogrudaky pikirler hem dürli-dürli. Edebiýatçylarymyzyñ käsi mazmunyñ içine obrazy hem goşýar, kä teoretiklerimiz bolsa "ideýa-mazmun" diýen sözleri tirkeşdiril ulanmaklygy makul tapýar. Biziñ düşünişimizçe, mazmun - ideýa-tematikadyr. Her bir anyk ideýa durmuşyñ belli bir anyk meselesini oñyn ýa-da tersin amal etmäge tezis. Ideýa-tematika şular ýaly dialektiki gatnaşykda bolansoñ, temasyz ideýa, ideýasyz tema ýok. Stil nämäniñ häsiýetidir diýen sowalymyza dönüm edýäris. Ilki bilen, stil mazmun we formanyñ häsiýetidir diýen nukdaýnazardan bu meselä çemeleşeliñ. Bu düşünjeden biziñ many çykaryşymyza görä, stil edebi eseriñ formasynda kemala geliş derejesinde mazmunda-da ýüze çykmalydyr. "Arassa" tematiki nazardan şahyryñ döredijilik özboluşlylygyny kesgitläp bolanok. Sebäbi käbir tematikanyñ işleni aktiwligi şahyrlaryñ döredijiliginde deñ derejede diýen ýalydyr. Bu gyradeñlik döwrüñ stil akymy dogruda maglumat berýän sypatlardan bolsa-da bolaýar. • Belki, şahyrlaryñ özboluşlylygyny ol tematikanyñ öñe sürýän ideýasynyñ häsiýeti alamatlandyrýandyr? Ideýa-tematiki nazardan döredijilik indiwiduallygy ýüze çykarjak bolsak, islendik netijäni bermeýär, ol ählumumylga alyp barýar. Diýmek, ol ýa-da beýleki awtoryñ stil hususyýetini çepet formadan gözlemeli. Şonuñ üçinem stil edebi-çeper formanyñ häsiýetidir. Çem gelen formanyñ stili ýüze çykaryp bilmeýändigi sebäpli, "edebi-çeper" sözleri nygtaýarys. Alyp görsek, stollar, stullar we ş.m. bir galyp zatlaryñ formasy özboluşlylykdan mahrumdyr. Onsoñam häli-şindi "pylanynyñ stili formirlenipdir" diýilýär. Şunuñ özi endige görä aýdylýan bolsa-da, stile dogry häsiýetnama. Stil formanyñ häsiýetli aýratynlygy diýlende, "garyndysyz" formanyñ, ýagny mazmundan üzñe formanyñ (aslynda, şeýle zat hiç bir predmete, hadysa mahsus bolmasa-da) önümi diýip kabul etmek bolmaz. Ýazyjy-şahyr eser döretmekde belli bir ideýany, ol dogrudaky şahsy düşünjesini okyja ýetirmekligi niýet edinýär. Bu ruhy ahwalatdyr. Döredijiniñ şol maksady ony edebi formalaryñ gözlegine çykarýar. Ol ruhy dünýäsini durmuşdaky material zatlaryñ garşylygy, göreşi, aragatnaşygy arkaly ýüze çykarmaly. Şeýlelikde, ideýa material predmetleriñ eşigine girip, estetiki-emosional täsirli ýüze çykýar, ýagny okyjy material zatlar - çeper formalar arkaly eseriñ mazmunyna aralaşýar. Onda mazmunyñ stile nähili gatnaşygy bar? Edebi eseriñ mazmuny çeper stiliñ kemala gelmegine faktor, başgaçalap aýtsak, gönezlikdir. Ol özüniñ taryhylygy, ynsanperwerligi we ş.m. beýleki taraplary bilen çeper stiliñ häsiýetini kesgitleýär we onuñ häsiýet aýratynlygynda öz durkuny görkezýär. * * * ÖZBOLUŞLYLYK ("Poeziýamyzyñ häzirki zaman keşbi" kitabynyñ sözsoñusyndan bölekler) Özboluşlylyk ~ bu şahyryñ şahsy islegi däl-de, döredijiligiñ zerurlygydyr. Özboluşlylyk ~ bu tötänlik bolman, şygyrýetçiligiñ ösüşidir, ol taryhy hadysadyr. Çeper özboluşlylyk şahyrçylyk zehin bilen durmuş hakykatynyñ perzendi, biri-birine gatnaşygynyñ häsiýeti, kanunalaýyklygydyr. Kanunalaýyk zatlar bolsa öz hereketini, ýaşaýşyny ykrar etdirip gidip otyr. Mysal üçin, pasyllaryñ çalşyp durşy ýaly, ýel ösüp, ýagynyñ ýagyşy ýaly. Häzirki zaman türkmen poeziýasynda çeper özboluşlylyk problemasynyñ "pasyllary", "ýeli", "ýagyny", öñde görüşimiz ýaly, her şahyryñ döredijiliginde özüçe "çalyşýar", özüçe "ösýär", özüçe "ýagýar". Özboluşlylygyñ hamyrmaýasy - ideýa-tematika özüniñ ähliumumylygyndan başga-da, her şahyryñ "hususy" meseleleridir ideýalarynyñ ýüze çykmagy bilen häsiýetlendi, şahyrana psihika edebi tärlet arkaly şahyrlaryñ döredijilik nukdaýnazaryny, temperamentini - ol birine liriki akymy, beýleki birine epiki eññidi "peşgeş" berdi, "aşyky" sözleriñ häsiýeti bolsa özboluşly möhri bilen olaryñ döredijiliginde yz galdyrdy. * * * Liriki gahryman köp halatda okyja pelsepe "peşgeş berýär. Onuñ pelsepesi hadysalaryñ, predmetleriñ göçme manyda - şertli ulanmagynda ýüze çykýar. Iñ guwançly ýeri - ol şertlilik durmuşdan üzñe şertlilik däldir. Şahyryñ gürrüñ berýän hadysasy gündelik durmuşymyzda görüp ýören zatlarymyz bolsa..., öñe sürülýän ideýany, pelsepäni tebigylaşdyrýar, okyjynyñ makullamagyny gazanýar. Liriki gahryman özgaraýyşly, estetik duýgusy ösen, berk erkli, söweşjeñ şahs bolsa, okyja duýulýar. Şahyrlaryñ liriki gahrymanlarynyñ şular ýaly indiwidual aýrybaşgalygy, häzirki zaman türkmen (sowet) poeziýasynyñ dürli reñkliligini, progressiwligini, şonuñ üçinem dürli formalary ýüze çykarmaga ukyplydygyny añladýar... we döredijilik gözleglere, özboluşly pikirlenmäge mümkinçilikler berýändigini tassyklaýar. Stiliñ ýek ýigreneni durgunlylyk. OL ŞOL BIR EDEBI TÄRLER, PRINSIPLER BILEN ÝOLUNY DOWAM ETDIRIP BILMEÝÄR! Ony timarlap, timarlap, intipat edip durmalydyr. Şony şeýdip bilýänlere bolsa ŞAHYR, DÖREDIJI diýilýär. Zehin şu talapdan asgyn gelse, birmahalky şahyrçylyk şöhratyna guwanyp ýörmekden özge çäre ýok. Olar täze-täze döredijilik gözlegleri, ajaýyp forma tapyndylary bilen okyjysynyñ ruhy-estetik dünýäsini has hem baýlaşdyrar diýen ýagşy umytda bolalyñ... Kämilligiñ serhedi ýokdur. Şonuñ üçinem şahyrlaryñ indiwidual stilinde kän zatlaryñ özgermegi, kän zatlaryñ düşüp galmagy, gelip goşulmagy kanuny ýagdaý. Sebäbi "...stil amanat kassanyñ beren kitapçasy däldir". (M.B.Hrapçenko). Gurbandurdy GELDIÝEW, professor, tankytçy. | |
|
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||