10:30 Sungat harsallygy halamaýar | |
Annamuhammet Allagulyýewiñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
Ýekşenbe, 14.04.2024 ý. (Has Türkmeniň Nukdaýnazar sahypasy üçin “Aýdym-sazymyz hakda oý-pikirler” atly ýörite çykyşyna seslenme) Awtor aýdym-sazymyz barada örän ýerlikli belläp geçýär. Toýlarda manysyz, rifma-kapiýasyz, bogun sazlaşygy saklanmaýan, goşga meňzemeýän gury sarnamalary diňlemeklik hemmämize miýesser eden bolsa gerek. Diňe toýlarda däl, hatda, radioda ýa-da, mawy ekranda şeýle bagşysumaklaryň aýdymlaryny diňlemeli bolýan pursatlarymyz köp. Joşup-kükräp aýtmaly aýdymlary käbir “bagşylarymyzyň” gynançly äheňde (naýynjar) ýa-da gussaly aýdymlary joşup aýdyp ýörenleri hem bar. Magtymguly Pyragynyň: “ Söhbet içre söz lezzetin bilmeýen, Aňa bilmez mejlis nedir, saz nedir” – - aýdyşy ýaly sözi, sazy saýgarmaýan aýdymçylarymyz barha köpelýär. Olaryň aýdymlaryndan lezzet almakdana geçen, gaýtam aýdymçynyň goşgy-gazal we saz babatynda düşünjesiniň pesligine haýpyň gelýär. Hany ata-babalarymyzyň apalap bize ýetiren sungatyna goýýan sarpamyz? Eger sungata şeýle çemeleşsek, onda biziň aýdym-sazymyzdan derek galarmyka? Aýdym-sazyň gudraty barasynda näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Haçan-da sazy bilen sözleri jüpüne düşen wagty aýdymyň täsiri has-da üýtgeşik. Argyn wagtyň ýadawlygyňy aýyrýan, gamly wagtyň ýüregiňe teselli berýän, şatlygyňa şatlyk goşýan jadyly sungatyň hemme täsirlerini beýan etmek asla mümkin hem däl. Ylaýta-da, Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdymlary diňläniňde beýniň durlanyp, göwrümiň giňäp, paýhaslanan ýaly bolýarsyň. Emma onuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň şama-şaýyrdy aýdymlaryň heňinde özem, ýoýlup ýerine ýetirilmegi juda gynandyrýar. Metbugatda şeýle säwlikler barada çykyş edilmegine garamazdan, bu kemçiliklepiň dowam edip gelmegi lapyňy keç edýär. Ýeri gelende bellesek, Pyragynyň goşgularyna iň köp aýdym aýdan Öwezgeldi Tekedir. Onuň Magtymguly Pyragynyň «Buluda gardy meni» goşgusyny öz heňinde ýokary ussatlyk bilen aýtmagy köpleri özüne maýyl etdi. Ýöne “beterinden-beteri bar” diýilşi ýaly gynansak-da hut şu aýdymy «Jan bar» diýen at bilen aýdýarlar. Aýdymda goşgynyň käbir sözleri, setirleri taşlanypdyr. Şu goşgy biziň döwrümize bäş bent, özem bäşleme görnüşinde gelip ýetipdir. Emma bu goşgy dörtleme edilip aýdyma salnypdyr, goşgynyň birinji bendi kitapda şeýle berilýär: Yşk ýüregimde gaýnap, ýandyrdy derdi meni, Tütünim bada berip, buluda gardy meni, Pelek bilegim towlap, çarhyna sardy meni, Hyrydar gözi birle kim gelip gördi meni, Hijran ýagmyry ýagyp, gam sile berdi meni. Aýdymda şu bendiň ikinji setirini bütinleý taşlap, bäşinji setiri bolsa «Hijran ýagmyry ýagyp meni» görnüşinde, ýagny, şu setirdäki «gam sile berdi» jümläni galdyryp aýdýarlar. Edil şuňa meňzeş «operasiýalary» ikinji, dördünji, bäşinji bentlerde hem ýerine ýetirilýär. Bu goşgynyň, üçünji bendi aýdymyň gaýtalamasy edilip alnypdyr we ýarpy-ýalta ýerine ýetirilýär. Bu aýdymyň sazy hakynda gürrüň etmäniňde-de, Magtymguly ýaly Beýik Ussadyň çuňňur mana ýugrulan eserine şeýle geleňsiz çemeleşmäge neneň milt edip bildilerkä?! Ýaş nesle edep-terbiýe bermekde aýdym-sazyň tutýan orny uludyr. Sebäbi ýaşulylara garanyňda ýaşlar, aýdym-sazy çalt kabul edýärler we özleriçe many çykarýarlar. Meniň pikirimçe aýdymlaryň sözleri we sazy ýörite hünärmenler tarapyndan öwrenilip soňra olary halk köpçüligine hödürlemeli. Umuman aýdymlaryň sözüne we sazyna ünsi güýçlendirmegi zerur hasap edýäris. Aýdym-saz sungatynyň läheňleri: Magtymguly Garly, Sahy Jepbar, Nurberdi Gul, Orazgeldi Ylýas ... şeýle-de akkordeon, tar we depde aýdym aýtmagyň ussatlary Öwezgeldi Teke, Annaberdi Atdan, Saparmyrat Baba, Toýguly Jepbar we Mämi Çary ýaly belli aýdymçylaryň aýdymlary we olar baradaky gepleşikler efirde (ýaýlymda) köpräk goýberilse has oňat bolardy. Surat: Norweg suratkeşi Edward Munk / "Nala" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |