08:34

Şygyr ogrulary hakda...

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 435 | Добавил: Moderator | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Remezan  
1397
Sylapberdi däde Şu barada ýazanyñyz gowy welin, şeýle şahyrlar barada media arkaly tankyt berýän ökde zehinli, öz belliklerini tassyklap okyjylara (vidiotomaşaçylara ) görkezilse belki köp kişi düşünse gerek.

0
2 kungfuu  
1292
Görkezeniň ne peýda?!
Oň eýýam fanatlary, sen ýaly men ýaly "ol ogry şahyr" diýýän adamlardan köpräk bolaýmasa. Olary ynandyrmak kyn düşer hemem seň adresiňe bolar-bolgusyz kommentlerden ýagdyrarlar-da.
«Köpüň sözi deň gelmeýär az bilen».
Diňe şu şaýtda ony garalaýalar (hakyky ýöne garalamazça-da däl)...
Başga "ýerlerde" ol "akja jüýje".

0
3 Aziza  
917
Ýene-de aýdany utandyrýan eken "Siz dagy görýäňiz, dagyň aňyrsyny görip bilmeýäňiz" diýen bolup. Şo Hallyşenko diýilýäni.

0
4 Milaýa0409  
1391
Hakyky şo ogryñ "Pespällik" diyen bolup adyna geçiren goşgusy Erkin Wohidowyñ "Kamtarlik hakida" diyen 1956-njy ýyl ýazlan gosgusynyñ edil terjimesi ) beyle-de

0
6 Aziza  
917
Aýdylşyna görä öz adyna goşgusy ýok öýdýän, haýsy goşgusyny görseň ogurlan.

0
5 Haweran  
411
Instagram, Imo, TikTok we ş.m. sosial ulgamlar şular ýaly populist, öwrenje ösdürimlere hezil boldy birtarapdan, sebäp bu ulgamlarda wagtyny geçirýänleriñ umuman alanda kitap okaýyş, okanyny seljerip görme ukyby beýlekilere garanda pes bolýar. Goşguçylar hem mundan peýdalanýar. "Pişigiñ ýyndamlygy samanhana çenli".
Şeýle ýeñil "şöhrata" gyzykýanlar okamakdan, gözlemekden irmeýän okyjylaryñ internetiñ gözleg düwmesine basanda islendik ýazyjy-şahyryñ islendik eserini çykaryp bilme we munuñ netijesinde eden "ogurlygynyñ" sepini tiz açyp berme mümkinçiliginiñ bardygyny unudýarlar öýdýän...
Ras, bilibem şeýdýäsmi, öz "fanatlarymyzyñ" laýklaryna, "haladymlaryna", "berekellalaryna" begenşimiz ýaly, tankydy belliklere-de döz gelmeli bolar.

0
7 Remezan  
1397
Sylapberdi däde sizden bir haýyş bardy. Habarlaşar ýaly gmail poçtañyzy berseñiz mümkin bolsa

0
8 Gurgencli  
324
Şu ýerde "Awtorlyk hukugyny goraýan guramalar (edaralar)" ýokmy? Eger bar bolsa nirä seredýärler, diýen ýaly soraglaram ýüze çykýar.

0
9 kungfuu  
1292
He-e-eý, "şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy" diýilýäni buwagt.
Şo jümläni kim tapanam bolsa, malades, döwrüň edebiýatynyň ýagdaýyny lakoniçno beýan edip bilipdir.
Menä o jümlä birinji gezek N.Hojageldiýewiň tankyda degişli bir makalasyny okamda gabat gelipdim.

0
12 kungfuu  
1292
Bolýa, taňryýalkasyn.

0
10 sylapberdimuhamov  
1428
Ine, indi pikir ediñ!
Ol goşgy ogrulary okyjylary, halky mal hasaplaýarlar. Bylara bolýa şol, geregi şu diýip üstüñizden gülüp ýörenleri şu etdikleri. Eğer sähelçe özüñe hormat goýýan bolsañyz olary okamañ, diñlemäñ, seretmäñ!
Ýokarda aýdylan meñ pikirim-sözüm dâl, eziz adamlar! Edil siziñ ýaly bir agzanyñ meñ ýanymda jany ýanyp aýdany.

0
11 Shapak_A9602  
1502
Şahyr bolmagam aňsatlaşyberipdir-dä onda, şeýdibermeli bolsa...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]