11:02 Sypaýyçylyk we internet | |
SYPAÝYÇYLYK WE INTERNET
Jemgyýetçilik tankydy
Internet gündelik durmuşda köp zatlary düýpgöter üýtgetdi. Esasanam, birek-birek bilen gatnaşyk saklamak babatynda, müňlerçe ýyllaň dowamynda ýonulyp-taraşlanyp gelnen sypaýyçylyk kadalaryna ýer hopduryjy zarba uruldy. Aristotel: “Adam – öz tebigaty boýunça jemgyýetçilik jandary” diýipdir. Gadymy grek filosofy bu sözi bilen özi ýalylar bilen gatnaşyk saklamagyň ynsanyň esasy ruhy zerurlyklaryna degişlidigini aýdýar. “Ýekelik Hudaýa ýagşy” diýilmeýärmi? Dini ýekemenler, zanny-ýasawy boýunça ýerindengelme garasöýmezler ýaly seýrek kadadan çykmalar bolaýmasa, ady “adam” bolanlaň aglaba köpüsi özi ýalylar bilen gatnaşyk saklaman oňup bilmeýär. Hut şonuň üçinem adamzadyň tutuş taryhynyň dowamynda jemgyýetçilik ýekirilmegine (ostrakizme, boýkota) sezewar etmek, haýsydyr bir indiwidi umumy ykrar edilen kadalara boýun bolmaga mejbur etmegiň esasy serişdeleriniň biri bolup gelipdir. Özem özi ýalylar bilen gatnaşyk saklamak zerurlygy adamlara terbiýe, durmuş tejribesi, berilýän bilim arkaly emeli ornaşdyrylan närse däl-de, hut ynsanyň tebigatyndan gelip çykýar. Munuň şeýledigine çagalygymyzy ýadymyza salsagam göz ýetireris. Haçan-da özi ýalylardan haýsydyr bir zady (eşigi, daş keşbi, hüý-häsiýeti, edebi, bilim derejesi, zehini we ş.m.) bilen saýlanýan hem-de ondan eýmenilmeýän çagajygy beýlekilere “meňzeş” etmek üçin onuň deň-duşlary nähili täsir ediş usulyny ulanýarlar? Olar ony ýekirmäge başlaýarlar, onuň bilen gürleşmegi, gatnaşmagy, oýunlaryna goşmagy bes edýärler. Özem indiwide täsir etmegiň bu usulyny olara hiç kim öwretmeýär. Olar ynsan jemgyýetiniň bu sosiallaşmak (durmuşylaşmak, jemgyýete goşulmak) usulyny öz-özünden tebigy ulanyp ugraýarlar. Sebäbi munuň ýaly bilelikde ýaşamagyň we öz jemagatynda ýaşaýanlar bilen oňuşmagyň hem-de birek-birege täsir etmegiň usullary ynsanlarda dogabitdi bar, olaryň tas genetiki hakydasynda diýen ýaly ýerleşýär. Şeýlelikde, gatnaşyk saklamak ynsanyň tebigy ruhy zerurlygy. Şol zerurlygy kanagatlandyrmagyň asyrlarda toplanan tejribesem, adamlara özara oňuşmagyň we birek-birek bilen üznüksiz dawa-jenjellerden goranmagyň ýoluny salgy beripdir. Ol ýola-da “SYPAÝYÇYLYK” diýilýär. Eýsem sypaýyçylyk näme? “Sypaýyçylyk” diýlende, özge adamlar bilen sylag-hormatly hem olaryň göwnüne degmez ýaly usully gatnaşyk saklamaga, özara gatnaşyklarda ylalaşyk nokatlaryny tapmaga ymtylmaga we özüňkä gapma-garşy nukdaýnazary sabyrlylyk bilen diňlemäge, özüňi hemişe edepli alyp barmagy bolan başarnyga düşünilýär. Elbetde sypaýyçylyk medeni hadysa (närse) bolandygy sebäpli, milli medeni ulgamlaryň birinde umumy ykrar edilen sypaýyçylyk kadalary beýlekisinde gödeklik bolup görnüp bilýär. Ýöne, adatça tutuş adamzadyň ugur alýan sypaýyçylyk kadalary bolan mylakatly gürleýiş äheňi, ýüzüň açyklygy, söhbetdeşleň gürrüňine we özüni alyp barşyna sabyrly garamak ýaly usullar dürli medeniýetleriň arasyndaky tapawutlyklary ýüzugra sazlamaga mümkinçilik berýär. Ýöne, ýokarda bellenilişi ýaly, internetiň giňden ýaýramagy bilen sypaýyçylyk kadalarynyň berjaý edilmeginiň derejesi günsaýyn pese düşýär. Öň nähilidi? Adamlar biri-biri bilen gatnaşyk saklanlarynda esasan ýüzbe-ýüz bolmaly bolýardylar. Hatda uzak aralyklarda hat üsti bilen gatnaşyk saklaýanlaram öwran-öwran ýüzbe-ýüz bolýandyklary, biri-birinem ýakyndan tanaýandyklary sebäpli biri-birine sypaýyçylykly garamaga mejburdylar. Häzirki döwrüň sypaýyçylyk hakda aýtgylarynda şeýle diýilýär: Sypaýyçylyk – bu söhbetdeşiňi kemsitmezlige hem-de onuň tumşugyny pytratmak hyjuwyňa basalyk bermäge bolan ukypdyr. Iň edepli we birek-birege sypaýyçylykly garaýan adamlar – jeňňelde tötänden sataşan awçylardyr. Sebäbi olar daş-töwerekleriniň tokaýdygyna, ellerinde-de tüpeň bardygyna düşünýärler. Geçirilen ylmy seljermeleriň netijesinde, ynsan gatnaşyklarynda sypaýyçylygyň dişleriň abatlygyny iň aňrybaşy täsirli diş pastasyndanam gowy goraýandygy anyklandy. Bu aýtgylardan görnüşi ýaly, ilki bilen-ä internetden öňki döwürde adamlar gatnaşyk saklanda olaryň sypaýyçylykly bolmaga mejburylyklary, öz gödekliklerine, edepsizliklerine jogap hökmünde garşylyklaýyn gödeklige we edepsizlige duçar bolmakdan goranmak zerurlygyndan gelip çykýardy. Galyberse-de, adamyň ýene-de bir mahsuslygy özüňi gowy tanaýan hem-de seniň oňat tanaýan adamyňa biderejik bir bahanajyk üçin, ýüzbe-ýüz durup, gödeklige, edepsizlige, kilçik süwümsizlige ýol bermek, adamlaň aglaba köpüsi üçin düýpli stressi ýüze çykarýar. Eger-de gahar üstüne şeýle hereketlere ýol berläýen ýagdaýynda-da, adamyň duýgusy kiparlansoň, ol öz ýakyny babatda şeýle bolgusyz hereketi edendigine ökünmäge, gynanmaga başlaýar. Emma, häzirki döwürde welin, sypaýyçylygy saklamagyň bu gorag diwarlaryny inetiň anonimligi çym-pytrak edip taşlady. Indi haýsydyr bir, sekuntda oýlanyp tapylan, aglaba köp halatlarda-da tötän emele gelen nikneýme duwlanyp, anonimligine galýan adamlar, biri-birini tanamaýar, ýüzbe-ýüz gatnaşmaýarlar. Hut şu anonimligem olaryň aglaba köpüsini, keýpi kellesinde, söz seljermän islän zadyny kommentläp goýbermäge itergi berýär. Öz ýazan ajy, bihaýa, gödek, kelpeň, çylkasyz ýa-da köpbilmişden kümsük sözleriniň kimdir biriniň ýüregini agyrtjakdygy, agyrdýandygy bolsa ony ýazanyň piňine däl. Sebäbi, birinjiden-ä onuň şeýle sözleri ýazandygyny hiç kim bilmeýär. Çünki şo derejede kelpeň, bihaýa ol – adaty, gündelik durmuşda, ýagny realda edepli hem salyhatly Pylany Pylanyýewiç Pylanyýew – däl-de, mysal üçin, haýsydyr bir @AkaDepNot23-dir ýa-da @Mud.ak99SD-dir. Ikinjidenem, beýle sözleri ýazanda näme? Oň ol sözleri salgylan adamsyny ol tanamaýar-a. Kim ol, näme ol? Näme, ol, onuň sögen ýa-da üstünden gülen ýa-da salgysyna haýsydyr bir ýeňles suwjuklygy oklan adamsy, oň dostumy, doganymy, garyndaşymy, işdeşimi, kärdeşimi we ş.m.?! Ýöne, anonimlige şeýle pugta çolanyp, biziň hemmämiz esasy zatlary unudýarys: 1. Ol biziň “anonimlik” diýip guwanýan zadymyz, hakyky çyn anonimlikmikä? Belki kimdir birini nähak ynjydyp, biderejik ýerden gazanan günämiz üçin biziň bukulýan niklerimiz @AkaDepNot23 ýa-da @Mud.ak99SD, bu dünýäde-de, o dünýäde-de jogap bermezler-de, biz hut öz garyndaş-tanyşlarymyza-da, il-güne-de mälim Pylany Pylanyýewiç Pylanyýew bolup, tutuş imanymyz, ömrümiz, durmuşymyz bilen jogap bereris?! Ýa-da goý, biziň haýsydyr birimiz, Hudaýa ynanmaýan ateist bolsagam, onda adaty bir, päk ahlakly, özüni ýagşy indiwid diýip hasaplaýan şahsyýet hökmünde: “ody özüňe bas, ötmese kesekä” diýen nakylam-a bardyr. Ýa-da biz ateistligimiz bilen birlikde, biz haýwandan çala tezegi üýtgän, ýagşy-ýamany seljermez, diňe täk-tenha özüni bilýän mahlugammy? 2. Edil tämiz pikirleň, edim-gylymlaň, arassa ymtylyşlaň, ynançlaň, öz-özünden hoşal bolmagyň, sabyr-kanagatyň, durmuşydyr edýän işlerinden razylygyň we ş.m. adamyň ruhy dünýäsiniň has-da gözelleşmegine, päklenmegine täsir edişi ýaly, gaýrylýan erbet hokgalardyr, edilýän ýaman pikirler, duýulýan pisat duýgularam ynsan kalbynyň assa-ýuwaşdan kirlemegine, azmagyna getirýär. Şeýlelikde web-anonimlige gizlenip, her bir özüne gabat gelen bilen üznüksiz harçaňlaşyp, her bir gabat gelişen adamsynyň üstünden birsyhly gülüp ýören adam, haýsy nikden çykyş edýänem bolsa, onuň goparýan hokgasy ilki bilen onuň özüni üýtgedýär. Özem şeýle adam özüniň günsaýyn, her kilçik, suwjuk hokgasy, ýaman jümlesi bilen ýamanlyga garşy üýtgeýändigini, owalbaşda Hak eçilende päkize nur bilen lowurdap duran köňlüniň ädimme-ädim garalyp, porsap barşyny syzmaýar. Şeýlelikde, inetde sögünýän, adamlary kemsidýän, olaryň üstünden gülüp, olary ýaňsylaýan wirtdäki @AkaDepNot23 ýa-da @Mud.ak99SD bolsa-da, kalby zaýalanýan ýene-de realdaky Pylany Pylanyýewiç Pylanyýew bolup galýar. 3. Web-edepsizlik, ýeňleslik köpeldigiçe realdaky jemgyýetiňem sypaýyçylyk, edeplilik oriýentirleri (çelgileri) erbetlige tarap üýtgeýär. Çünki wirtde özüni şo derejede jogapkärçiliksiz alyp barmaga endik eden ynsanlar, realda-da özlerini biygtyýar şeýle alyp barjak bolup ugranlaryny duýman galýarlar. 4. Wirt-anonim gatnaşyk adamlaryň arasyndaky jyns, ýaş, aň-bilim derejesini, edil däli siliň demine düşen gumaşak depe ýaly holtumyna dolap-düýrläp, syryp äkidip barýar. Realda aýal maşgalalar bilen, özüňden ýaşy ulular bilen, bilim derejesi, tejribesi agdyklar bilen gepleşmek edebi nähili, wirtualda nähili? “Garrysy garry däl, ýaşy ýaş, aýaly aýal däl, erkegi erkek” diýen aýtgy ýadyňa düşüp gidýär. 5. Iň esasy zadam web-anonimlik ynsanlaryň arasyndan birek-birege sabyrly bolmak ukybyny ýom-ýok edip barýar. Pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalam sabryň dine ýarpydygyny aýdypdyr. Sabyr – ynsan jemgyýetiniň özeni. Haçan-da adamlar biri-birine sabyr etmegi bes edenlerinde şol pursat duşmançylyk başlanýar, bihuda gahar-gazap, ýigrenç örjeýär. Elbetde özüňe ýaramaýan, öz göwnüňden turmaýan kimdir birine sabyr etmek, özüňe basalyk bermek, diliň ujuna münen kemsidiji ýa-da ýazgaryjy sözleri ýuwutmak juda çetin iş. Ýöne bimany agressiwlikden gelýän şu zatlary jylawlamaga adamlara sabyr ýardam berýär. Internetde bolsa köp halatda anonimligiň bar ýaly, ýöne hakykatda ýok, howaýy ýapynjasyna çolanýan adamlar sabyr etmek üçin özlerine agram salmak islemeýärler. Kellä gelenini “taraşlaman şaglatmaga” endik edýärler. 6. Adamyň bir mahsuslygy bar: Ol köplenç özüne bähbitli bolan bir zady etmäge ilgezik bolýar. Mysal üçin, pul düşjegini bilse işleýär, öwüljegini bilse ýa-da tüýs ýürekden özüne minnetdar bolunjagyny bilse hereket edýär. Iň bolmanda ar almak üçin birine ýamanlyk edende-de özüniň şahsy “Menini” kanagatlandyrmak, özüni kemsidilen diýip hasaplaýan ýetmeziniň öwezini dolmak duýgusyndan ugur alýar. Emma internetde welin, köp halatda biri beýlekisiniň üstünden gülende ýa-da masgaralanda hiç hili bähbitsiz, diňe sap-tämiz “sungatyň” hatyrasyna şeýle hereket edýär. Diýmek, maddy ýa-da moral bähbit gazanmagyň nukdaýnazaryndanam internetdäki gödeklik, kilçiklik, ýuwan-ýelmiklik bimany dälmi?! Indi şu web-anonimlik we onuň adamzat sypaýyçylygyna ýetirýän täsiri hakyndaky gysgajyk :-) ekskursymyzy şu pikir bilen jemläsim gelýär: Inet – adamyň oýlap tapan zady. Onsoň nämüçin adam, öz aňynyň hem eliniň güýji bilen ýasan zadynyň guluna öwrülip, onuň özünden, ynsan dilinde geplemegiň deregine molap duran ýa-da söhbetleşmegiň deregine biri-birine jöw-jöwleşip üýrýän mahlugy ýasamagyna ýol bermeli? Biri-birimize sabyrly bolalyň, sypaýyçylykly bolalyň adamlar! Biz köçeden geçip barýan beýleki bir ykmanda iti görende, sebäpsiz-bahanasyz üýrmäge başlaýan it däl ahyry. Onsoňam, kimdir biriniň biziň aýdanymyz (ýazanymyz) bilen ylalaşmaýandygy ýa-da kimdir biriniň ýazan kyssa ýa şygyr eseriniň, çeken suratynyň, ýerleşdiren postunyň ýa-da selfisiniň, diňleýän aýdymynyň, görýän kinosynyň we ş.m. bize ýaramaýandygy, onuň Adolf Gitlerdiginem, Oswensimiň komendantydygynam ýa-da Çikatillodygynam aňlatmaýar. Adatça, olam edil biziň her birimiz ýaly, öz ynançlary, gaýgy-aladasy, durmuşy, söýgüsi, agysy-gülküsi, işi-aladasy we ş.m. ýetik, derdi başyndan agdyk adam. Oňam içi gysýar. Şonuň üçinem özüni ýaradan Allahyň zannyna guýan ymtylyşyna eýerip, özi ýaly adamlaryň gürrüňini, degişmesini, pikir alyşmasyny küýseýär. Biziň ony gözleýşimiz ýaly, olam bizi gözleýär. Ony beýle çynyňyz bilen tanasyňyz gelýänem bolsa, aýna seredäýiň... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |