06:12 Ibrahim Reisiniñ ölümi we soñky ýüzýyllykda Türkiýe-Eýran gatnaşyklary | |
IBRAHIM REISINIÑ ÖLÜMI we SOÑKY ÝÜZÝYLLYKDA TÜRKIÝE-EÝRAN GATNAŞYKLARY
Publisistika
Geçen asyryñ başynda yslam dünýäsi doly tümlüge bürendi. Osmanly, Eýran, Türküstan, Indoneziýa, hatda Owganystanam Russiýanyñ we Günbataryñ golastyna geçdi. Emma ilki Owganystanyñ (1919 ý.), yzyndanam Türkiýäniñ garaşsyzlygyny almagy (1923 ý.) gözýetimde umyt ýalkymy bolup ýylpyldapdy. Eýranyñ ýagdaýy biraz üýtgeşikdi. Doly basylyp alynmasa-da, ruslar Kawkaz ýurtlaryndan Eyrany kowup çykarypdy. Angliýa hem Huzystan welaýatyndaky Mesjit-Süleýman şäherinde birinji bolup nebitiñ üstünden baransoñ (1908 ý.) "Anglo-Persian Oil Company" arkaly Angliýanyñ golastyna geçipdi. Angliýa şol wagtdan soñ (1913 ý.) günortadan Eýrany basyp almaga girişipdi. Ikinji jahan uruşyndan soñ bolsa ruslaryñ goldawy bilen günbatardaky kürtleriñ garaşsyzlygyny yglan eden Mehabat Respublikasy (1946 ý.), Azerbaýjan Milli hökümeti bilen azerileriñ garaşsyzlyk ugrunda öñegidişlikleri günortadaky nebitli welaýatlaryñ we Basra aýlagyndaky Angliýanyñ basybalyjylykly-harby gözegçilik müddetine gündogardaky owganlardyr buluçlar bilen bolan uruşlaram goşulanda, Eýran üçin ýagdaýlar hasam erbet bolup görünýärdi. Ýöne hernäme-de bolsa, "imperiýalar mazarystanlygy" diýilýän Owganystandan başlap Eýran, Türkiýe ýaly ýurtlar belli bir derejede-de bolsa, ýarym asyryñ dowamynda özlerini dürsäp bildiler. Eýranyñ Ikinji jahan uruşyndaky Günbatar serhetleri / Surat: Wikipedia • Türkiýe-Eýran gatnaşyklary Milli Azat-edijilik uruşyny göni goldamasa-da, sesini çykarman oturmagy hem peýdaly bolan Eýran bilen Türkiýänim ilkinji resmi guramaçylykly gatnaşygy 1926-njy ýylyñ 22-nji aprelinde baglaşylan "Dostluk we howpsuzluk" şertnamasyndan başlanýar. Iki ýyldan soñ Türkiýe Agry dagynyñ etegindäki araçägiñ düzedilmeguniñ ýerine Eýrandan ýer alypdyr we wagtyñ geçmegi bilen gatnaşyklar kadalaşypdyr. 1639-njy ýyldan bäri iki ýurduñ arasyndaky çäkler umuman alanda üýtgemedigem bolsa, iki tarapa howp salýan kürt gozgalañlary we geografiki düşünişmezlikler ýüze çykyp durandygyna garamazdan, gatnaşyklar taryhy goñşuçylyk we daşardan abanýan kynçylyklardan ötri iki doganoglanyñ basdaşlygy ýaly çözülip gelnipdir. Owgan we eýran şalary döwrebaplaşma çärelerinde Türkiýä eýeripdirler. Çepde Ryza Pehlewi (1934 ý.), sagdaky bolsa owgan patyşasy Amanulla han (1928 ý.) • Eýranyñ basybalyjylardan halas bolmak ugrundaky tagallasy Napoleonyñ 1802-nji ýylda Siriýada Akka galasynyñ gahrymany garry möjek Jezzar Ahmet paşadan ýeñilmegi biziñ günlerimize çenli dowam edip gelen deñagramlyga täsirini ýetirdi. "Uly oýun" ("Great Game") diýilýän şu müddetde fransuzlar Siriýadyr Eýranyñ üstünden, ruslaram Owganystanyñ üstünden güýç birikdirip iñlisleri Owganystandan kowup çykarmak üçin Eýrana giripdiler. "Akkada aýagyma badak atylmadyk bolsa, tutuş Gündogary basyp alardym" diýen Napoleony amana getiren segsen ýaşly goja Ahmet paşa Iñlisleriñ Eýrany urmagy bilen abraýdan gaçan Eýran owganlara degişli Hyratdan almaga ýönelenem bolsa, bu ýerde-de eýranlylar owganlardan ýeñilipdi. Kakasy şol gabawda wepat bolan Ryza Pehlewi 1920-nji ýylda iñlisleriñ goldawy bilen Eýranyñ tagtyna oturdyldy. Pehlewi iñlisleriñ dikmesi ýaly hereket edip başlansoñ, garyp eýran halky gozgalañ turuzdy we 1941-nji ýylda ony tagtdan agdardy. 1941-nji ýylda ýene iñlisler tarapyndan onuñ ogly Muhammet tagta oturdylanam bolsa, 1953-nji ýylda "Garry geçi" lakamly nasionalist premýer-ministr Muhammet Musaddyk "Anglo-Persian" kompaniýasynyñ aksiýalaryny eline alyp, ony döwlet eýeçiligine geçirjek bolanda, şa ilki daşary ýurda gaçdy, Musaddygam amerikanlaryñ we iñlisleriñ guran "Aýaks" gurnan operasiýasy arkaly wezipeden çetleşdirildi. Musaddyga we nasionalistlere tagtyny elden giderip daşary ýurda gaçan şa Angliýadyr ABŞ-nyñ goldawy bilen bir ýylyñ içinde yzyna gaýdyp geldi. Muhamet Ryza Pehlewi mundan soñky Pers imperiýasynyñ 2500 ýyllygyny baýram etmek, sekulýar işler, oba hojalyk we söwdagär gatlagyñ arasyndaky "Ak rewolýusiýa" işleri, çalt döwrebaplaşma, atom energiýasyny edinme, milli harny we ykdysady syýasy ugurlary ösdürme prosesi bilen geçen ýigrimi alty ýyllyk döwründen soñ 1979-njy ýylyñ rewolýusiýasynda agdaryldy we bir ýyldan soñ Müsürde sürgünde aradan çykdy. Fransiýadan gelen we ABŞ-na - "Uly şeýtana" garşy yglan edilen, bir ýyldan soñ Eýran Yslam Ynkylaby diýlip at berilen ganly wezipeden çetleşdirmeler we daşarda Yrak bilen dowam eden sekiz ýyllyk manysyz uruş netijesinde Eýran üç müñ ýyllyk syýasy tejribesi, pers añyýeti we şaýy agyrlykly strategiýasy bilen Ýakyn Gündogarda Fransiýa-Russiýa halkaly Günbataryñ lokomotiw harby pozisiýasyna oturdy, goranyş halkasyny gurup, "Şaýy ýarymaýy" idealyna ýetmäge synanyşdy. Bu halka nämüçindir ABŞ-nyñ ýumran Yrak, Siriýa, Ýemen harabalygyna goldanýar. Bulam şaýy-sünni çaknyşygyna getirdi. Eýrany "şaýy gylyjy" we 300-e golaý topary 100 müñ milliard dollara barabar gaznasy bilen dolandyrýanam 2020-nji ýylda amerikanlar tarapyndan öldürilen Kasym Süleýmanydy. Ýemene, Yraga, Siriýa gönügen "Şaýy ýarymaýy" • Prezident Ibrahim Reisiniñ ölümi 2024-nji ýylyñ 19-njy maýynda ýekşenbe güni Eýranyñ prezidenti Ibrahim Reisiniñ we Daşary işler ministri Emir Abdullahiýanyñ ýany bilen jemi dokuz adamyñ ölen wertolýot heläkçiligi bütin dünýäde Gaza uruşynyñ wakalaryny bir gyra oklajak derejede gyzgyn seslenme döretdi. Munuñ iñ esasy sebäbi-de, bu hadysanyñ Ysraýyl, ABŞ, Angliýa tarapyndan gurnalyp gurnalmanlygydyr. Çünki eger bu hadysa Ysraýylyñ Eýrana beren nobatdaky jogaby bolsa, onda ýadro ýaraglarynyñ ulanyljak gorkunç uruşyñ turmagyna getirer pikiri bar. Hadysanyñ aşakdaky sebäplerden ötri taryhy ähmiýeti bar: - Azerbaýjan-Eýran ýaraşygy; - Kontrolly Ysraýyl we Eýran atyşmalary; - Gaza gyrgynçylygy; - ABŞ-ÝB we Russiýa-Hytaý garpyşygy. Amerikan önümi bolan "uçýan tabytlar" (altmyşynjy ýyllaryñ tehnologiýasyna eýe "Bell" kompaniýasy tarapyndan öndüriilen "UH-1" wertolýotlary) howa şertlerine we daglyk ýerlere garamazdan döwlüp durýar. Ýönekeý ulagda-da GPRS-iñ bar wagty wertolýotda ýokdugyna, hatda telefonlaryñam ýerini anyklap bolmazlygyna düşünip bolanok we haýsy kelle bilen munça döwlet ýolbaşçysy gara ýol arkaly awtoulag bilenem gidip bolýarka 600 kilometrlik ýol üçin wertolýota münýärkä? Hadysada signal kesme ýagdaýy bolup bilermi? Aklyña-oýuña her hili soraglar gelýär, ýöne häzirlikçe bu hadysa ilkinji nobatda kimiñ peýdasyna boldy diýip pikir etsek gowy bolar. Hadysanyñ bolan ýerine iñ ýakyn ýerde - Azerbaýjanda ysraýyl harby bazasynyñ bardygy, şol wagt sebitde uçan amerikan uçarynyñ we hadysadan soñ sebitdäki adamlaryñ bolandygy aýdylýar. Ýakyn Gündogaryñ ady rowaýata öwrülen "SAWAK" kontrrazwedka gullugy olar ýalam akmak bolup bilmez. Eger bu hadysa Ysraýylyñ ýa-da içerki güýçleriñ eli bilen gurnalan bolsa, onda Eýranyñ dat gününe! Ýakyn Gündogarda 500 milliard dollar çykdajy eden we Hytaýdyr Russiýanyñ "ýakyn köprüsi" bular ýaly harsal-gyssanmaç hereket etmese gerek. Çünki "Uly Ýakyn Gündogar maksatnamasynyñ" çäginde ýerleşen Eýran hemmetaraplaýyn hüşgär bolmaga mejbur. Bolup geçen hadysadan soñ Eýranda Reisiniñ ýerine onuñ orunbasary Muhbir bellendi. Elli günden soñ täze saýlawlardan çykan Eýran 10% gatnaşyk bilen täzeden saýlaw geçirer. Çünki kim gelende-de öñ ýola goýlan nyzam ýene-de Ali Hamaneýe baglydyr. Hamaneýiñ ogly bolsa ýeke-täk bäsdeşi bolan Reisiden öñ nobatyna garaşyp dur. Eger bu hadysa awariýa däl bolsa, onda muny ýewangelist-sionist gäbazanlar Hudaýy kyýamata mejbur etmek üçin edip bilerlermi? Bolup biläýjek zat. Çünki şanyñam aýdyşy ýaly, ABŞ-daky ysraýyl lobbisi Ysraýyldan has beter howply. Bu banda Kennedini we ondan öñki amerikan prezidentini wezipeden aýryp hem-de Tramp bilen trampet oýnap biljek derejede güýçli. Ukrainada, Slowakiýada bolup geçen wakalar, talyplaryñ köpçülikleýin çykyşlary bu añyýetiñ şeýtandan sapak alandygyny görkezýär. Bu añyýet diýýän zadymyz ýekeje ýumurtga üçin dünýäni oda berjek derejede azgyn we zalym bandadyr. Reisi Saud Arabystany bilen Hytaýyñ arada durmagynda ýaraşyk şertnamasyny baglaşdy, Eýrany Şanhaý hyzmatdaşlygy guramasyna agza etdi, diñe şu ýylyñ ýanwar aýynda Türkiýe bilen azyndan on sany strategiki şertnama gol çekdi. Emma Yraga, Halaba, aýratynam sünni kürtlere edilen eýran zulmuny ýatdan çykarmak mümkin däl. Çünki haçan Ysraýyl Eýrana ýumruk salgasa, Eýranyñ dowam edip gelýän režimi muny "Mossadyñ" Erbildäki merkezlerine baglanyşdyryp, ol ýerde Türkiýä ýakyn durýan biznesmenleriñ we syýasatçylaryñ janyna kast etdi. Mysal üçin, Süleýmaniýe-Türkiýe tebigy gaz geçirijini guran Şeýg Baz el-Kerim Berzenjiniñ öldürilen 2022-nji ýyl terakty, 1988-nji ýylda Päkistanyñ prezidenti Ziýa-ül Hak janyna kast edilen terakt we şol ýyl Turgut Özalyñ öldürilen terakty, Eýran-Yrak uruşynyñ gutarmagy, ruslaryñ Owganystandan çykmagy we şeýle wakalaryñ başlanan wagtynyñ nämüçindir 1979-njy ýyldygy diýseñ täsin. Emma men hadysa awariýa bolup çykaýanda-da, iñ ýaramaz ähtimallygy pikir edip, öñüni alyş-taýýarlyk işleriniñ geçirilmeginiñ we heläkçiligiñ iñ ownuk detallaryna çenli derñelmeginiñ tarapdary. Bu boýunça aýratynam 1993-2002-nji ýyllar aralaygynda bolup geçen hadysalardan tejribe barsyny toplan Türkiýeden goldaw alyp bilerler. Ysraýylyñ "halwasyny bişirmek" üçin we goñşy Türkiýäniñ ähmiýetini bilip, bular ýaly pajygaly wakalaryñ öñüni almak üçin Türkiýäniñ, Müsüriñ, Päkistanyñ, Eýranyñ ýolbaşçylygynda "Bereketli Ýarymaý bileleşigini" (BÝB) gurmak gerek. Birimiz üçin erbet zadyñ beýlekimize gowy bolmajakdygy ýatdan çykarylmasyn. Biz Ýewropadan öñem ýakyn goñşudyk we Nyzamylmülkiñ geñeşdarlygynda ganymyzam, janymyzam garym-gatym bolup, bir jan-bir tene öwrülen ýagdaýymyz bar. Reisiniñ ýanwar aýynda ýurt baştutanynyz bilen bilelikde ýagşy niýet bilen ýadygärlik kitabynda galdyran ýazgysynda nygtalyşy ýaly, "Hoşbaşke zalim nebereke rabe menzile" ("Zalymyñ zulmy hemişelik däldir we zalym menziline ýetip bilmez"). Ysraýylam... Dr. Hüseýin ŞEÝHANLYOGLY, Türkiýäniñ Kütahýa Dumlupynar uniwersitetiniñ mugallymy, Syýasaty öwreniş ylmy we halkara gatnaşyklar boýunça ýörite hünärmen, professor. @Hseyhanlioglu hseyhanlioglu@gmail.com Penşenbe 23.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |