14:55 Tahyrylar döwleti | |
TAHYRYLAR DÖWLETI
Taryhy makalalar
VIII asyryň ahyrynda – IX asyryň başlarynda Horasanyň hökümdary Aly ibn Isa ilatdan salgyt ýygnamakda gaty rehimsizlik görkezipdir. Ol kanundan daşary hem ençeme salgytlary girizipdir. Bu ýagdaý bolsa ilatyň dürli gatlaklarynda: daýhanlarda, senetçilerde, söwdagärlerde-täjirlerde, hatda iri ýer eýelerinde hem nägilelikler döredipdir. Emma ol halyf Harun ar Reşidiň göwnüni tapyp, öz wezipesinde galmagy başarypdyr. Aly ibn Isa Mawerannahr we Horasan bilen birlikde Seýistanyň hem hökümdary bolupdyr. Şeýlelikde, ol bu welaýatlardan halyf hazynasyna ägirt köp mukdarda pul we gymmat bahaly sowgatlar ugradypdyr. Aly ibn Isanyň eden-etdiligine garşy Seýistanda haryjylaryň eden hereketine Hamza ibn Etrek, Mawerannahrda Rafi ibn Leýs ýolbaşçylyk edipdir. Başda gozgalaňçylar ýeňiş gazanyp, azda-kände ýeňilliklere eýe bolupdyrlar. Seýistan birnäçe ýyllap halyflykdan bölünip aýrylypdyr. Ýer üçin salynýan salgyt-hyraj ilatyň musulman böleginden alynmandyr. Mawerannahrda halk gozgalaňyny basyp ýatyrmak Horasanyň we Mawerannahryň şol wagtky dikmesi Mamuna başardypdyr. 809-njy ýylda halyf Harun ar Reşit aradan çykandan soň, onuň ogullary Al Amin bilen Al Mamunyň arasynda tagt ugrunda ýiti göreş gidipdir. Dowam edip gelýän däp-dessuryň tersine, Harun ar Raşyt kiçi ogly Al Amine tagtyny wesýet edipdir. Doganlaryň özara göreşinde Al Manun üstün çykyp, halyf diýlip yglan edilipdir. Emma ol halyflygy ele alsa-da, birbada Bagdada gitmändir, 819-njy ýyla çenli Merwde ýaşapdyr. Şeýlelikde, Merw ýedi ýyllap (813-819) halyflygyň paýtagty bolupdyr. Al Mamun Harun ar Raşydyň eýranly aýalyndan bolanlygy üçin, daýy ugruna ýykgyn edipdir. Halyf köşgüne wezirlige asly gelip çykyşlary eýranly bolan doganlar Fazl ibn Sahl bilen Hasan ibn Sahl bellenipdir. 819-njy ýylda halyf Al Mamun Merwden Bagdada göçüpdir. Araplaryň Horasany we Horezmşalar döwletini eýeländigine, yslam dininiň köpçülikleýin ykrar edilendigine garamazdan, ýerli ilatyň arasynda häli-şindi närazylyklar duýlup durupdyr. Bu ýagdaý arap halyflygynyň kuwwatyny gowşadypdyr. Mundan çykalga gözläp, halyflar ýerli begzadalary dolandyryş işlerine çekip başlapdyrlar. Ýurtda ösýän närazyçylygyň öňüni şolaryň üsti bilen almagy maksat edinipdirler. Raýat dolandyryşynda-da, harby işde-de ýerli ilatyň wekilleriniň sany barha artyp başlapdyr. Emma bu ýagdaý garaşylýan netijäni bermändir. Gaýtam, tersine, arap halyflygynyň ýerlerdäki daýanç nokatlarynyň ýitirilmegi bilen ylalaşmaga, isleseler-islemeseler-de emele gelen syýasy ýagdaýlara boýun bolmaga mejbur bolupdyrlar. Horasana Bagdatdan (merkezi häkimiýetden) edilýän gös-göni gözegçilik ýitirilip, indi ýerleri ylalaşyk-şertnama esasynda dolandyrmaga geçilipdir. 818-nji ýylda halyf Al Mamun Horasanyň häkimleri bilen welaýatlarda asudalygy üpjün etmek barada şertnama baglaşypdyr. Emma muňa garamazdan, Horasanda halyflygyň häkimligine garşy hereketler ýygy-ýygydan gaýtalanyp durupdyr. Şeýle ýagdaýda halyf häkimiýeti Horasanyň häkimlerini tiz-tizden çalşyrmaly bolupdyr. 821-nji ýylda Al Mamunyň permany bilen Horasanyň hökümdarlygyna Hyrat sebitlerinden uly baýlaryň biri Tahyr Zul Emineýin bellenilýär. Halyf Al Mamun bu adamy ozaldan tanaýan eken we onuň öňünde “borçly” eken. Sebäbi 809– 813-nji ýyllarda doganlar Al Mamun bilen Al Aminiň halyflyk ugrundaky bäsleşik göreşlerinde Tahyr Al Mamuny goldapdyr we onuň ýeňiş gazanmagyny üpjün edipdir. Tahyr, hakykatdan-da, ady belli serkerde eken. Ol ozal halyfyň döwlet gullugynda: Al Jezir welaýatynyň demirgazyk böleginde hökümdar, Sawad salgyt müdiri, şol bir wagtyň özünde hem Bagdadyň goşunbaşysy bolupdyr we gaýry işlerde işläpdir. Emma “Özge ýurtda şa bolandan, öz ýurduňda gedaý bol” diýen halk pähimine eýerip, Tahyryň göwni hemişe Horasany küýsäp durupdyr. Hut şoňa görä-de oňa Horasana häkim bolmak teklip edilende, ol ikirjiňlenmän razylyk beripdir. Şol döwürde Horasanyň paýtagty Hyrat bolupdyr. Tahyr bu wezipä geçen pursatyndan Horasanyň bähbidini arap, birnäçe çäreler işläp düzýär. Şolardan iň möhüminiň biri - halyfa garaşsyz bolmak maksady bilen, eýýäm bir ýyla ýetip-ýetmänkä, 822-nji ýylda Merwde juma namazynda hutba okalanda halyf Al Mamunyň adynyň tutulmazlygyny gazanypdyr. Şol bir wagtyň özünde hem öz adyndan altyn dinar zikge kakdyryp, halyfyň adyny puluň ýüzünde görkezmändir. Bu bolsa iş ýüzünde Horasanyň özbaşdaklygynyň jar edilmegidi. Elbetde, halyf bu ýagdaýa parhsyz garap biljek däldi. Tahyr şondan soňra tiz wagtdan aradan çykypdyr. Taryhçylaryň çaklamagyna görä, ol halyfyň gizlin içalylary tarapyndan öldürilipdir. Arap halyflygy Horasany elden bermejek bolup jan edipdir. Sebäbi ol bu ýurtdan döwlet hazynasyna köp mukdarda salgyt-girdeji alypdyr. Horasanyň iri welaýatlary bolan Nusaýdan 893 müň 400, Sarahsdan 307 müň 440, Abywerdden 700 müň dirhem ýygnalypdyr, diňe 826 - 827-nji ýyllarda, ýagny iki ýylda Horasandan halyf gaznasyna 44 mln 846 müň dirhem, 13 sany saýlama tohum at, 2 müň goýun, umumy bahasy 600 müň dirheme barabar oguz gullary, 1187 top mata we köp mukdarda demir iberilipdir. 836-njy ýylda salgytlaryň möçberi az-owlak azalypdyr. 844-nji ýylda tahyrylar döwletiniň raýatyndaky ähli ilatdan toplanan salgytlaryň mukdary 38 mln dirheme barabar bolupdyr. Halyf gaznasyna Horasandan düşen pullaryň az-owlak azalandygynyň sebäbi, toplanan salgydyň belli bir mukdaryny Horasan hökümdary ýurduň içki hajatlaryna harçlamak üçin alyp galypdyr. 822–828-nji ýyllarda Horasanda hökümdar bolan Talha ibn Tahyr örän çeýe syýasat ýöredipdir. Ol halyf häkimiýeti bilen arasyny üzmändir, şonuň bilen birlikde hem halyfa garaşlydygyny aýtsa-da, Horasanda özbaşdak hereket edipdir. Emma onuň edara eden döwründe ýurduň içi galagoply ýagdaýda bolupdyr. Häli-şindi gozgalaň turup durupdyr. Hökümdar bolsa özüniň köp wagtyny şol gozgalaňlary ýatyrmaga sarp edip, ýurduň içki abadançylygyny ünsden düşüripdir. Şol bir wagtyň özünde Horasana goňşy ýurt bolan Seýistanda haryjylaryň turzan gozgalaňy hem Horasana howp salypdyr. 828-nji ýylda haryjylar bilen tahyrylar goşunynyň arasyndaky çaknyşykda Talhanyň dogany Aly ibn Tahyr, şondan köp wagt geçmänkä bolsa Talhanyň özi hem wepat bolupdyr. Horasan hökümdarynyň ölmegi, ýurduň baştutansyz galmagy haryjylar üçin gaty amatly ýagdaý döredipdir, olar aýgytly herekete geçipdirler. Horasana uly howp abanypdyr. Şeýle ýagdaý Siriýada we Müsürde halyfyň harby-diplomatik işlerini ýerine ýetirip ýören, tahyrylardan bolan Abdyllany örän biynjalyk edipdir we ol öz ýurdy Horasana gaýdyp gelipdir. Abdylla ibn Tahyryň edara eden ýyllary (828 – 844) Tahyrylar döwletiniň gülläp ösen döwri bolupdyr. Bu hökümdar Horasandan başga-da Mawerannahry, Horezmi, Seýistany, Tabarystany, Gürgeni hem-de halyflygyň gündogar welaýatlaryny özüne tabyn edipdir. Şoňa görä-de oňa “Amir al Maşryk” (“Gündogaryň hökümdary”) diýipdirler. Bu belent adyň oňa döwletiň serhediniň harby ýörişler arkaly giňeltmän, eýsem uly diplomatik ýollar arkaly giňeldendigi sebäpli, berlendigini bellemek gerek. Abdylla ibn Tahyr döwleti pugtalandyrmak maksady bilen birnäçe möhüm çäreler geçiripdir. Ol ekerançylary goldap, olar hakyndaky aladany döwleti gurplandyrmagyň esasy serişdeleriniň biri hasaplapdyr: “Hudaý şolaryň eli bilen bizi ekleýär, şoňa görä-de olaryň göwnüne degmegi bize gadagan edýär” diýip, daýhanlar barada alada edilmelidigini hökümdar emeldarlara ýatladar eken. Ol oba hojalygyny, aýratyn-da ekerançylygy düzgüne salmagyň, onuň üçin hem suwdan rejeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtapdyr. Abdylla bu meselede atasynyň wesýetlerini ýerine ýetirmäge çalşypdyr. Atasy oňa: “Baýlyk hazynada toplanany we durany bilen girdeji getirmeýär, ony öz raýatyňdaky ilatyň hajatlary üçin, olary aladadan halas etmek üçin harçlan wagtyňda sen döwletiň gülläp ösmegini gazanarsyň, döwletiň şöhraty we güýji hem şondadyr. Hut şeýle etmek bilen ekerançylykdan alynýan salgytlary artdyryp bilersiň, şeýle etseň seniň baýlygyň-da, kuwwatyň-da artar, halk köpçüligi hem senden razy bolar” diýip öwreder eken. Abdylla ibn Tahyryň edara eden döwründe suwdan peýdalanmagyň düzgünleri kanunlaşdyrylyp, “Kitab el-kuhi” (“Kärizler hakynda kitap”) düzülipdir. Bu kitap ekerançylykda suw meselesini çözmekde ençeme asyrlap esasy ýörelge bolup hyzmat edipdir. Abdylla ýurtda ýer-suwdan rejeli peýdalanylyp, şu ugurda eden-etdiligiň bolmazlygyny gazanmaga çalşypdyr. Şol döwürde täze nowhanalar, köpsanly kärizler gazylypdyr, suwaryş desgalary gurlupdyr. Ýurduň içeri we daşary söwdasynyň ösmegine uly üns berlipdir. Horasanda, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinde – Dehistanda, Parawda (Serdar etraby), Kufende (Kaka etraby), Daýahatynda (Galkynyş etraby) kerwensaraýlar bina edilipdir. Şäherlerde bazar meýdanlary bolup, olarda, bir tarapdan-a, ekerançylyk sebitleriniň ilaty bilen çarwa maldarçylyk taýpalary, ikinji tarapdan bolsa, şäherara hem-de alys ýurtlardan gelýän täjirler bilen söwda gatnaşyklary has artypdyr. 844-nji ýylda Abdylla ibn Tahyr aradan çykandan soň, tagta Tahyr II ibn Abdylla (844–862) geçýär. Ol kakasynyň syýasatyny dowam etdirip, halyf bilen oňşukly gatnaşykda bolupdyr, ýurtda hem o diýen bir dawa-jenjel, çaknyşyklar bolmandyr. Tahyrylar döwrüniň häsiýetli aýratynlyklaryndan biri hem – ýer eýeleri öz mülklerinde uly hojalyk döretmändirler, daýhanlary köpçülikleýin hakyna tutup işletmändirler. Ýer eýeleri öz ýerlerini ownuk böleklere bölüp kärendesine beripdirler. Şeýlelikde, ýersiz ýa-da juda az ýerli daýhanlaryň şol ýerleri kärendesine alyp gün-güzeran dolandyrmaga mümkinçiligi bolupdyr. Tahyrylar yslam dinini ornaşdyrmakda hem birnäçe işleri durmuşa geçiripdirler. Mekdepler, medreseler açylypdyr, Döwletiň arap halyflygynyň düzümindedigine garamazdan, ýerli ilatyň öz ene dilinde ýazmagy we okamagy çäklendirilmändir. Belli bir derejede ylma hem üns berlipdir. Tahyrylar hanedanynyň iň soňky hökümdary Muhammet ibn Tahyr (862 – 873) döwründe ýurduň köp ýerlerinde gozgalaňlar bolupdyr. Muhammediň olary ýatyrmaga ukyby bolmandyr. Şeýle ýagdaýda döwlet gowşapdyr. 873-nji ýylda bolsa din ugrunda göreşijiler-gazylar gatlagyndan bolan Ýakup ibn Leýs ibn Muaddal tarapyndan Muhammet ibn Tahyr zyndana salynýar. Şeýle ýagdaýda Tahyrylar döwleti synýar. Emma Horasanyň käbir welaýatlary tahyry nesilleriniň elinde ep-esli wagt galypdyr. Merwde Hüseýin ibn Tahyr, soňra bolsa onuň ogly Aly häkimiýeti elde saklapdyr. Hüseýin Horezm bilen arasyny üzmändir. Hatda ol Horezm goşunlaryna daýanyp, öz häkimligini giňeltmek maksady bilen Mawerannahra tarap ýöriş hem edipdir. Buharany basyp almaga synanyşypdyr, emma maksadyna ýetip bilmändir. Gozgalaň turzan ýerli ilat ony Buharadan kowup çykarypdyr. Tahyrylar döwleti pugtalandyrmagyň esasy serişdelerinden biri ozalky otparazçylyk dinine uýan adamlaryň arasynda yslam dinini ornaşdyrmak diýip düşünipdirler. Mundan başga-da ozal hem ýatlanyp geçilişi ýaly, tahyrylar salgydy düzgünleşdirmek, oba hojalygyny ösdürmek ýaly möhüm çäreler işläp düzüpdirler. Olar döwletiň baýlygy onuň hazynasyndaky altyn-kümşüň köplüginde däl-de, halkyň ýaşaýşyndadygyna düşünipdirler. Ýaşaýyş-durmuş gowy bolsa, halk hökümdara höwes bilen tabyn bolar, eger-de ýaşaýyş ýaramaz bolsa, daşyndan seredeniňde halk tabyn ýaly bolsa-da, içinden ony goldaýan däldir. Bu ýagdaýyň bolsa döwlet sütüniniň gowşamagyna getirjekdigine göz ýetiripdirler. Tahyrylaryň edara eden döwründe Horasanyň arap halyflygyndan garaşsyzlygy ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilipdir. Al Ýakubynyň berýän maglumatlaryna görä, Horasandan ýygnalýan hyrajyň – ýer salgydynyň mukdary ýylda 40 mln dirheme barabar bolupdyr. Tahyrylar onuň hemmesini diýen ýaly ýurduň öz hajatlary üçin: suwaryş desgalaryny gurmak we abadanlaşdyrmak, söwda ýollarynyň ugrunda kerwensaraýlary bina etmek, medreseler gurmak ýaly işlere harçlapdyrlar. Tahyrylar hanedanlygy Türkmenistanyň häzirki ýerlerini 55 ýyllap dolandyrypdyr. Çeşmesi: Türkmenistanyň taryhy. II tom. Aşgabat: Ylym, 2017. Sah. 47-52. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |