TAÑRY MYHMANLARY
Ogullarynyñ hersi bir pudakda işläp zähmet çekip ýörensoñ, Gurbangeldi aga olar bilen seýrek görüşýärdi. Aglaba, agtyklaryny göresi gelse özi bir-iki gün gidip, ýatyp gaýdardy.
Ine-de bir gün, onuñ dilegi duş boldy. Nowruz baýramy mynasybetli, oglanlarynyñ bary, çagalary bilen öýlerinde jemlendiler. Gurbangeldi aga, ogullaryna garap :
- Hudaýa şükür, köpden bäri başyñyzy bir saçaga jemläp bilmän ýördüm. Dünýeligiñ ynsan bilen göwündeş ýeri ýokdyr.Ogullarynyñ hemmesi göwresi bilen gulaga öwrülip gulak asyp otutyşlaryna, uly ogly ümsümligi bozdy.
-Kaka! Bu göwündeş bolmazlygyñ sebäbi nämedekä?
Hawa, oglum! Alla Tagala ähli janly jansyz ýaradylan zatlaryñ barçasyny ynsanlaryñ bähbidi üçin hyzmata goýupdyr.
Bulara dört öri diýilýär: birinjisi-ähli suwlar, ikinjisi-nebatat, ýagny ösümlikler, üçünjisi-gaty daş-demir magdanlar, dördünjisi bolsa-haýwanatlar.
Haýwanat iki topardyr. Natyk-nutk sözleýji we gaýry natyk-geplemeýändir.
Natyk ynsanlardyr. Galanlarynyñ hemmesine "Ynsana tabyn bol" diýip emr edilendir. Ynsanyñ çagasy-da äpet düýäni idip ýörendir.
Emma, adamzadyñ öz ahlagynda bir kemçilik bardyr. Şol kemçiliklere sebäp bolan zat, onuñ nebsi, haý-u höwäsi we şeýtandyr. Bulardan goranmak üçin kyrk sany gözel ahlagy (gylygy) daşyna dolak edendir. Kä mahal adam birine gaharlanyp:- Sen-ä haýwança-da ýok ekeniñ - diýmesi bardyr. Sebäbi haýwan emr edilen, boýun bolmak hökümi gyşarnyksyz berjaý edýär. Eýesi aç dañyp goýsa-da ýüz öwürmeýär.
Adama weli ähli ýaradylanlara ybrat gözi bilen garamak, ýaradany unutmazlyk emrini berjaý etmeýäligi üçin Ynsan-ýagny unudyjy lakamy berlipdir.
Men size garry atamdan eşiden bir tymsalyny gürrüñ bermekçi - diýdi-de, çaý bilen bokurdagyny arçap, gürrüñe başlady.
- Bir zamanda, Akyl, Paýhas, Gahar, Rysgal dördüsi, öz aralarynda, haýsy birimiz mürewwetde belentdiris - diýip, jedelleşipdirler. Akyl ilki söze başlap:
-Adamzadyñ ahlak gymmatlygy, onuñ başynda meniñ barlygym bilendir - diýipdir.
Paýhas:
- Ýok! Sen endişelik bilen adamlary äwmezlige sezewar edýärsiñ. Seniñ bu halyñdan jomartlygy görmeýärin. Rysgal hem dura bilmän:
-Mürewwet mende-dir. Adamlaryñ elini, dilini uzaldyp bilýärin. Gury söz bilen ýerliksiz öwünjeñlik olaryñ göwnünlerini-de hoş edip bilmez. Mürewwetiñ özidirin men.Gahar:
-Ýok, dostlar, siz ýalnyşýarsyñyz! Meniñ ýok ýerimde gaýrat aýaga galyp bilmez. Gahary bolmadygyñ gaýraty bolarmy?!
Bu jedeliñ çözülmejegini añan Paýhas olara:
Geliñ gowusy adamzadyñ özünden sorap göreliñ?!
Bular Paýhasyñ teklibi bilen adamzadyñ sypatyna girip, ýerini işläp ýören daýhanyñ ýanyna barýarlar. Oña:
-Tañry myhmany alarmysyñyz?! -diýip ýüzlenipdirler.
Daýhan bu myhmanlara salam berip:
- Hoş geldiñiz! Elbetde alaryn. Geliñ-de geçiberiñ - diýip, öýüniñ töründen ýer beripdir. Paýhas:
- Eý hormatly! Bize rugsat berseñiz özümizi tanyş etjek. Biz azyk owkadyñ hyrydarlary däl. Ynha, bu oturan Akyl, sagyndaky Rysgal, solundaky Gahar, men-de Paýhasdyryn. Biz bir meseläni sizden soraly diýip geldik. Daýhan:
- Siz hakykatdanam tañry myhmanlary ekeniñiz - diýip, bag goýnyny soýup, söwūş etmäge durupdyr. Akyl:
- Siz bizi atma-at tanap söwüş etmäge durduñyz weli, bu maly haýsymyzyñ hormatymyza soýmakçy?! Daýhan:
- Atamyñ wesýetini tutup soýmakçy boldum. Ol maña "Beýik tañryñ myhmanyna supra ýaýsañ Tañry-da, aýat tamakin bolup ýatanlaryñy jennetden naharlajakdyr. Myhman goñşyñyza gelen-de bolsa çagyrsañ, üç haky berjaý edersiñiz. Tanry- da , goñşyñdyr myhman-da razy bolar" diýip wesýet etdi. Gahar:
- A, eger-de şu dördimiziñ biri üçin soýmaly bolsañyz haýsymyzyñ hormatyna soýardyñ?!
Daýhan:
-Akyl, Gahar, Paýhas, Rysgal adama myhmandyr. Bir gün akylam çaşar, gaharam synar, paýhasam kesmez, rysgalam gitjekdir. Öz ýerinde hormatyñyzy tutaryn.Onda Rysgal:
-Biz sizden aýyp görmeris. Ýüz görmäñ. Jomartlykda haýsymyzy ýagşyrak bilýäñiz?!
Daýhan oýlanyp durupdyrda:
- Eziz myhmanlarym! Siziñ jomartlygyñyza baha bermeli bolsam, Akyl, men sizden başlamakçy. Siz başymyzyñ edasy-da bolsañyz gaty ýaýal hem haýal terpenýärsiñiz! Gahar gelip etjegini edensoñ, gelen bolýarsyñ, giç bolýar. Külüni ataýmaly bolansoñ peýdañ ýok. Şol sebäpden seniñ üçin-ä söwüş etmezdim!
Gahar sen hakda aýdar bolsam, haý seniñ halyña, waý meniñ halyma! Ýerliksiz ýere joşar sen, hed- hudutdan aşar sen! Sen zerarly Şalar tagtyndan aýryldy, ärler bagtyndan. Dost dostdan, dogan gardaşdan, syrdaşdan aýryldy. Sen bir suwda sönmeýän o:tsyñ. Iñ ýamany-da imandanam daş edýärsiñ. Señ başyñ ýel, aýagyñam kül. Seniñ üçin söwüş ekeni, pyçagymam ellemerin!
Rysgal, senem gadyr bilmez gardaş ýaly öýüñ mekanyñ bilinmez. Tutup biljeg-ä ýetdireñok, tutmajagam kowsa-da gideñok. Ynsanlaram tapanyny şükür tanapyna baglap tygşytlansa bolaýjak weli, o tanapam nebsiniñ şütürine baglap hyýal bazaryna alamana iberip, özem olja garaşyp ýatyr. Seniñ üçin-ä çymçygam soýmazdym!
Paýhas! Sen akylyñ hemrasy ahyryn! Seniñ baran jaýyña gahar girebilmez. Ähli gowgadyr jeñler seniñ bilen ýatyrylýar. Duşmany dost edip bilýärsiñ, amallary hasyl edip bilýärsiñ. Soramanka açlara nan berdirýärsiñ, ýalañaja don! Akylyñ ýeten ýerine amal etdirensiñ. Adamzada berilen kyrk gylygyñ serdary sensiñ. Dünýe malyny saña bagş etsemem azdyr. Mürewwet sendedir - diýip, sözüni soñlapdyr.
Ine, balalarym!
Bu tymsaldan görnüşi ýaly hemme zat akyla mätäç bolsa-da, akylyñ hem mätäçligi bardyr. Ol paýhasa, tejribä mätäçdir. "Iki akyl birigse dal oky daşdan ötürer" diýlen pähim şol ýerde döräpdir. Ikiñ biri paýhasdyr. Iki adam uruşsa akly günäkärdir, paýhasa eýermänligi üçindir- diýip Gurbangeldi aga nesihatlaryny tamam etdi.
16.02.2017 ý.
Aşyr Salyh Ogly.
Hekaýalar