09:37 Tañryguly Taganow | |
TAÑRUGULY TAGANOW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Tañryguly Taganow, belli türkmen ýazyjysy, dramaturg, pedagog. T.Taganow 1918-nji ýylyñ 9-njy maýynda Aşgabat şäheriniñ Köşi obasynda dogulýar. Köşiniñ oba mekdebini tamamlandan soñra Çärjewiñ pedtehnikumyna (häzirki Türkmenabadyñ Seýdi adyndaky Mugallymçylyk instututy) okuwa girýär we ony 1937-nji ýylda tamamlaýar. Ol soñra Aşgabadyñ pedagogik institutunyñ türkmen filologiýasy fakultetini hem okap gutarýar. T.Taganow 1937-1939-njy ýyllarda Türkmenistanyń Halk magaryf ministrliginiñ Mekdepler ylmy-barlag institutynda işleýär. Şol ýyllar hem "V-VII klaslarda ene dilini okatmagyñ metodikasy boýunça oçerkler" diýen ylmy-metodik gollanma ýazýar. Onuñ bu metodik işi birnäçe ýyllap mugallymlara gollanma bolup hyzmat edip gelýär. T.Taganow edebi döredijilik işine 1947-nji ýylda başlaýar. Ýazyjynyñ "Saýrak bilbil" (1959), "Onuñ arkasy güýçli", "Beýik şahyr" (1959), "Dostluk daragty" (1960), "Der gelmese, dür gelmez" (1960), "Dürler hazynasy" (1961), "Leññer Pälwan" (1963) ýaly powestler we hekaýalar ýygyndylary çap bolup çykdy. Onuñ "Ikinji naharhana" (1956), "Sugry bagana" (1957), "Kökenli ýüzük" (1960), "Harasat" (1962), "Yşk mülküniñ şasy" (1963), "Ganly gije" (1964), "Ölümden gorkmaýan ýigit" (1965), "Saltyk" (1969), "Gekgewler" (1971), "Dört ýürek" (1974), "Baky diriler" (G.Seýitliýew bilen bile, 1975) ýaly pýessalary türkmen teatrlarynyñ sahnalaryndan uzak ýyllaryñ dowamynda düşmän geldi. Ýazyjy T.Taganowyñ ýazan drama eserleri 37-ä ýetýär. Ýazyjynyñ "Wyždan" (1960), "Şabibi" (1963), "Körpe ogul" (1975), "Pyragy" (1991) diýen romanlary türkmen romanynyñ altyn hazynasyna goşuldy. Mundan başga-da onuñ "Ikinji naharhana", "Mähriban Kepban", "Hüýrjemal totam", "Çydamly gelin" ýaly birnäçe eserleri öz wagtynda respublikan konkurslarda baýrakly orunlara mynasyp bolupdy. T.Taganowyñ "Bilbil", "Hüýrjemal totam", "Pälwan aganyñ körpe gyzy", "Saltyk hakynda rowaýat", "Duhtary ýekraha", "Keýker gyzyñ hakyky tary" we başga-da birnäçe eseri rus, gazak, azerbaýjan, täjik hem-de beýleki halklaryñ dillerine terjim edildi. Ýazyjynyñ özü-de rus we beýleki halklaryñ ýazyjylarynyñ eserlerini türkmen diline terjime etmekde köp işleri bitirdi. T.Taganow Türkmenistanda halk magaryfyny hem-de medeniýetini ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin ol 1948-nji ýylda "Halk magaryfynyñ otliçnigi", 1969-njy ýylda "SSSR medeniýetiniñ otliçnigi" diýen nyşanlar bilen, 1978-nji ýylda "Zähmet Weterany" diýen medal bilen sylaglanýar. T.Taganow 1990-njy ýylda aradan çykdy. ♣ Kitaplary: 1). Dostluk daragty (çagalar üçin powest), TDN, Aşgabat-1960 ý; 2). Dürler hazynasy (powest), TDN, Aşgabat-1961 ý; 3). Ene dilini okatmagyñ metodikasy boýunça oçerkler (orta we ýediýyllyk mekdepleriñ 5-7 klaslarynda ene dilini okadýan mugallymlar üçin metodiki gollanma), TDON, Aşgabat-1956 ý; 4). Körpe ogul (roman), "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1975 ý; 5). Leññer Pälwan (powestler, hekaýalar we pýessalar), TDN, Aşgabat-1962; 6). Magtymguly (taryhy roman), "Türkmenistan" neşirýaty, Aşgabat-1992 ý; 7). Şabibi (roman), TDN, Aşgabat-1992 ý; 8). Saýrak bilbil (hekaýalar), TDN, Aşgabat-1959 ý we başgalar... | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |