16:22 Tarasyň watany azat ediler | |
TARASYŇ WATANY AZAT EDILER
Goşgular
Öňki bürgütleriň uçan ýerinde, Häzir süýnüşip ýör gara ýylanlar. Gadym Dnepriň mele suwuna Garalyp, akyp dur gyrmyzy ganlar. Günüň her gün eňegini galdyryp Dünýä bilen salamlaşýan ýerini Bu gün, näme, gara duman tutdumy, Dyza çökerdimi watan nerini? Ýok, ýok, göýä itiň porsan maslygny Joşgunly deňize taşlandyr bir güýç. Emma aňyrsyna göz ýetmeýän suw Bir maslyk zerarly zaýalanmaz hiç. Söweş tupanyndan goralar watan, Hä diýmän duşmanlar bolarlar berbat. Gan içiji faşistleriň zulmundan Tarasyň watany ediler azat. • TARAS ŞEWÇENKONYŇ "WESÝETNAMASYNA" JOGAP Ukrain halkynyň hatyry üçin Gara guma garylan är, tur indi! Eziz Dnepriň ýylpyldysyndan Gamaşdy zamanyň gözi, gör indi! Tur-da gör en, heläklenen ýolbarsy, Bir eýýäm zynjyryn gyrdy, boşandy, Seret, arzuwlaryň amala aşdy, Synla, guwan, täze nagma joş indi. Rehimsiz baýlardan, ganhor şalardan Dynyp, halkyň aldy öz erkinligin. Gutla, ukrainleriň ruslar bilen Dostluk, doganlygnyň has berkänligin. Indi bu şatlykly, azat ülkede Al-asmana gal-da bürgüt dek uç sen. Görersiň gül açan gözel mekanňy, Gözellikler hakda gaýna-da, joş sen. Gal ýeriňden, diň salyp gör halkyňa, Olar seniň adyň bilen söz açýar. Şygryňdan duşmanlar amana gelýär, Tilki dek ýygrylýar, bukulýar, gaçýar. Hawa, halkyň gyrdy şalyk köküni, Rewolýusiýanyň goly, tur indi! Sen nesliň ukudan oýandy birçak, Tur senem, tur senem, Taras, gör indi! Halk ganyny döken sütem tyglarny, Halkyň özi gümün çekdi, syndyrdy. Zalymlardan alyp kül-peýhun etdi, Süýthorlara agyr zarba inderdi. Guwanyp bilersiň, seniň neberäň Ýeňişde jahana görelde boldy. Ägirt uly sowet maşgalasynda Garry eneň ýigdelip, aýaga galdy. Indi bu diňe bir seniň ülkäň däl, Deňiz kenarlary, al-ýaşyl çöller... Gözel Dnepri, Ukrainany Bu gün taryp edýär müňlerçe diller. Suw hem daýhanlaryň "abyraýy" dek, Bilýänsiň, biderek akar ýatardy. Käte bolsa, göýä dönerdi gana, Şeýle suwy synlamagam hatardy. Bu günem ol ýeňşiň şöhraty ýaly Akyp ýatyr, joşgunynda gujur bar. Bol suw bilen Ukrainaň giň göwsi Adamzat bagty üçin boldy gül-gülzar. Häzir seň ülkäňde gam ýok, gussa ýok, Diňe seniň agyň gelýär bir ýerden. Duşmany ýeňiji gyzyl Goşunlar Gorar watanyny howup-hatardan. "Öldi" diýip bilmeýäris biz saňa, Barsyň aramyzda, bilýäs aç-açan. Biz seniň adyňy, hem wesýetiňi Ýadymyzdan çykarmarys hiç haçan. Meniň-de watanym ýesir bolupdy, Ganly penjelerde galyp endişä. Emma men sowetler ýurduna gelip, Ýetişdim parahat, rahat durmuşa. Häzirem her gije müň sany boýny Sütem duzgagynda düýşde görýärin. Soňra gyzyl baýdak Eýran üstünde Parlaýar - pikirde, huşda görýärin. Görýärin men, ezilýänleň ganyndan Pars topragy jeýhun bolup daşyp dur. Bir gigant salynýar Karun üstünde, Bu derýa-da Dnepr dek joşup dur. Häzir seň watanyň azat edildi, Bu ýerde ýumruldy hesretleň dagy. Elbetde, ertirem meň mekanymda Parlar sosializmiň beýik baýdagy. Hawa, bir gün hesret çekýän Eýrandan Zulmuň kökün sogrup taşlarys hökman. Şonda biz doganlyk maşgalasynda Seni-de ýatlarys, Taras, unutman. • MAKSIM GORKÄ Ýürek derdin çekmek agyrdyr, agyr Emma sen başyňy belent tut, gerçek! Gam leşgeri saňa hüjüm edende Il seni penalap kükregin gerjek. • JAMBYLY ÝATLAP Eserleri ölmez ol beýik adam Müdimilik gelipdir bu jahana. Öli okap bilmez, men bu hatymy Bagş edýän Jambyla - ölmez ynsana. • LENIN ORDENI Ak ýürekden yhlas edip elmydam, Zähmetkeşiň gullugynda boldum men. Iň beýik sylagy - Lenin ordeni, Dörediji, şanly synpdan aldym men. Ýüregmizde mydam ýaşaýan Lenin Synlap meniň - zähmetkeşiň bu işin. Hoşal bolup, göýä gözmüň öňünde, Galdyran dek boldy ol belent başyn. Abulkasym LAHUTY. Goşgulary täjikçeden terjime eden Baýrammämmet AHUNDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 13.12.1967 ý. | |
|
√ Boş bolgaý / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Bagş etdim saňa / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Dostum, älem seniň çün olar duşman maňa... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Ol gözler... / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Moda hakda modasyz goşgy / Goşgular - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||