23:09

Taryhy romanlaryñ söhbeti

Edebiýaty öwreniş
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 489 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljahan Sopyýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 251 2 »
0
1 Wirus  
Ýedi müñ çakrymy okadym. Agyr eken. Zordan soñuna çykdym. Beýleiu ikisini okamok.

0
2 Bagabat  
43
Maňa-ha şü "Ýedi müň çakyrym" hem, "Nusaý galasy" hem sapsym ýöremedi. Ýogsa okajak bolup şunça jan etdim. Özümem okamak meselesinde kitap dannawy ýok mädesi ýaman irileriň biridirin welin...Şü 30 ýyl mundan ozal Nurberdi Pommanyň "Gatakar" romanynda-da şeýle bolanym ýadymda galypdyr. Bilemok ýa-da, Tikgiň: "Gaharymy getirmäň-eý! Gaharym gelse ukym tutup başlaýar!" diýşi ýaly, meniňkem şoňa meňzeş bir zatlar boldumy... cool

0
3 Hаwеrаn  
245
"Ýedi müñ çakryma" beren 50 manadym ü.n keýwany üstünden iki-üç ýyl geçenem bolsa, häzirem iñirdäp ýör "20 manada aldym diýip meni aldadyñ, 50 eken..." diýip... tongue

0
4 Hаwеrаn  
245
Dogrudanam, gaty agyr ýazylan, ýönekeý okyjynyñ sabry ýetmeýär okamaga. Ondan gelenem Nobatguly halypa kitabyñ sözbaşysynda "Bu - sowatly okyjy ü.nem.." diýip ýazypdyr... ))

0
5 Hаwеrаn  
245
Asyl sowatly okyjylaram kejikdiriberýän eken. Mbähh, eýýäm siz - ikinji adam şeý diýd-aý, Serdar aga.
Arada ýazyjy Ogulgerek Ussaýewa-da şeý diýipdi. Öñünde duran eken, pikirini barlamak ü.n "gowja romandyr..." diýdim welin, "ýok-la, okanyña degenok, okadanogam, gaty agyr..." diýipdi.

0
6 Bagabat  
43
Taryhy romany Wladimir Ýanyňky, Isaý Kalaşnikowyňky, Esen Ataýewiňki, Walentin Rybiniňki, Ata Gowşudowyňky, Aleksandr Dýumaňky, Alekseý Tolstoýyňky, Puşkiniň "Kapitanyň gyzy" ýaly ýazmaly. Dym bolmasa, Lew Tolstoýyň ýa-da Moris Drýuonyň ýa-da Walter Skottyň ýazyşam bolman durmaýar.

0
7 Bagabat  
43
Agyr ýazyp, taryhy jikme-jiklige çakdan aşa berilseňem, öz beýan edýän döwrüň psihologiýasyny 21-nji asyryň 2-nji onýyllygynyň psihologiýasyna göräräk edip ýazsaňam bolmaý bolup oturypdymyka diýýän.

0
8 Hаwеrаn  
245
Romany özüme zor edip diñe şü Kristinanyñ Sähet b.n arasynyñ nähili soñlanyşyny biljek bolup soñuna çenli okadym, birem şü Fransiýa gidende Napoleonyñ mes aýal doganynyñ Sähede süýkenişi gyzykdyrdy tongue

0
9 Bagabat  
43
Biziňkem: "Men seniň ýazanyňy okamadym, ýöne şonda-da ol erbet" diýilýäni boldy öýdýän. tomato

0
10 Hаwеrаn  
245
Men şü Osman aganyñ "Altynjan hatynyny" bir gezek okap, ses ýazgysynam gaýta-gaýta diñläp bir pikire geldim: meñ pikirimçe taryhy wakalary hronologik tertipde takyk bereniñ bilen mesele çözülenok. Ady agzalan romanda Abdylmäligiñ galasynda bolýan her bir zadyñ Altyndaşa wagtly wagtynda şugullanyşy, seljuklaryñ gylyç syryp, serhet goraýşy, köşkde keýpi-sapa sürüp ýören gulamlaryñ bolsa döwletiñ gülüni çirtmegi, munuñ bilenem oñman olaryñ seljuklar bilen Mahmyt Gaznawynyñ arasyna çöp atyşlary, seljuklardan olja edinen gaznawy serdarlarynyñ şerap içip mes bolup garşysyndaky aýal-gyzdyr öýdüp peneklemegi, doganyñ eden ýagşylygyny bilmän (Ybraýym Ýynal), iñ soñunda (ýogsam arasynda sözleri aşyp talagyny berip göwnüne degenem bolsa) öz aýalyñ arka durmagy... we ş.m.. mysal getirip boljak ýene-de onlarla epizodlar aslynda şu döwürde biziñ gözümiziñ görüp ýören zatlary. Muny diñe ýitilik we synçylyk bilen duýup, daşyna taryhy röwüş çaýaýmak galýar. Şu aýdýanlarymy men ýene bir romanda - Esen Ataýewiñ "Zulmat tününde" romanynda görüp bildim.

0
11 Hаwеrаn  
245
Okyjy okanda eseriñ wakalary bilen öz döwrüniñ wakalarynyñ arasynda baglanyşyk, meñzeşlik görmese, onda ol esere nähili taryhy reñk çaýsañam soñuna çenli okatmasa gerek.

0
12 Hаwеrаn  
245
O.Gurdowanyñ "Nusaý" romanyny entek okap göremok. Ýöne okamaly bor indi. Ýöne Atajan aganyñ "Köñül kelamynda" gürrüñi gidýän döwri we janlandyran obrazlary onuñ öñ işlän ("Saragt galasy") temasy, Atajan Tagan ýaly ussat ikilenç öñ işlän temasyna ýüzlenen bolsa, onda düýbünden täze we okanyña degýän romandyr diýip tama etse bolar.

0
13 Bagabat  
43
Esen Ataýewiň "Zulmat tününde" romanyndan başga "Jeň tozy" romany, "Ýüz müň ýyl mundan ozal", "Serwiniň gözleginde" powestlerem bolmaly. Gaty gyzykly hem özüne çekiji ýazylypdyr. Atajan aganyň "Köňül kelamynda" atly romany bolsa, ýalňyşmasam onuň öň "Pereňli ýesiriň ýatlamasy" diýen at bilen ýazylan powestiniň giňledilen görnüşdäki "Keseki" romanynyň başgaça ady bolmagy ahmal.

0
14 Hаwеrаn  
245
Esen Ataýewiñ "Nusaý galasy" romany-da bar, agam smile

0
15 Hаwеrаn  
245
Taryhy romanyñ ýene bir ussady Ýazmyrat Mämmedi sözbaşy ýazan. Nesip bolsa, tizden saýtda goýjak wink

1-15 16-25
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]