URUŞ DÖWRÜNIŇ OGLANY
Bugdaýly meýdany synlap, ýuwaşlyk bilen ýöräp barýan goja seleňläp oturan garry tuduň deňinde saklandy. Bu tuduň berdaşly göwresi daýaw-da bolsa, onuň esli ýaşandygy bildirip durdy. Onuň uzyn çybyklary gyrkylyp, ýerine täze çykan boýy iki garşa golaý baldaklary ýapraklaryny ygşyldadyp otyrdy. Goja tuduň kölegesinde aşak oturdy. Ygşyldaşýan bugdaýlary synlap oturyşyna: «Sadagaňyz bolaýyn! Ýaşaýşyň özeni, supralaryň berekedi, guşgursak däneler! Siziň bollugyňyz eşretli ýaşaýşymyzyň güwäsi» diýip, içini gepletdi. Bu goja togsany tegeläberen oba ýaşulusy Hudaýguly agady. Ol ýaşlygynda başdan geçiren ençeme wakalarynyň şaýady bolan bu goja tudy özüniň mähriban dosty, syrdaşy ýaly görýärdi. Köplenç ýagdaýda bolsa bu ýere gelerdi. Bu wagt hem özüni ýakyn dostunyň ýanynda oturan ýaly duýdy. Sergin howada şu tut agajy hem bugdaýlar barada oýlanyp oturan ýaşuly uruş ýyllaryna gabat gelen çagalyk ýyllarynyň ýatlamala- ryny serinde aýlady...
Ol wagtlar Hudaýguly on iki ýaşlaryndady. Özünden uly agasy Nury on dört ýaşlydy. Erkek adamlaryň eli ýarag tutup bilýäni bolsa bary urşa gidipdi. Obadaky işlerem aýal-gyzlardyr çagalaryň boýnuna galypdy. Nury indi esli wagt bäri uly adam hökmünde bugdaý tabşyrylýan ammarda işleýärdi. Okuwdan gelen badyna zatlaryny goýar-da, eginbaşyny çalşyryp, şol bada işe giderdi. Dogrusy, mekdepden galyp, ir bilen işe gidýän wagtlaram köp bolýardy. Indi öýde iň ekabyr şoldy. Kakasydyr uly agasy Hannynyň urşa gidenlerine indi iki ýyldan gowrak wagt ge- çipdi. Öýdäki ýekeje sygra seretmek on ýaşly Allaguly bilen sekiz ýaşly Bäşimiň boýnunady. Olaryň mamalary Akgözel eje-de ýeke ogly urşa gidip, öýde ýalňyz galany üçin, oba arasynda ýaşaýan gyzynyňkyda bolýardy. Onuň gözi kördi. Şeýle-de bolsa, çagalaryň arasynda bolanda, ejeleri arkaýynrakdy. Garrynyň gözi görmese-de, çagalara ony-muny tabşyrmaga ýaraýardy. Körpeleri Altymuhammetjige-de şolar göz-gulak bolmalydy. Çünki ejeleri ir ertirden giç agşama çenli işdedi. Bu günlerki ýaly orak möwsüminde-hä iş has hem gyzgalaňly bolýardy. Bu çagalar ejelerini diňe agşam göräýmeseler, onuň irden haçan turup, işe gidýänini bilýän ýokdy. Bir gezek giç agşam orakçylara ýolbaşçylyk edýän gelin Jemal gelneje geldi. Ol bularyň atalaryndan galan at arabasyny bugdaý çekmek üçin sorady. Şol wagt ejesiniň ýanynda oturan Hudaýguly arabada bugdaý çekmäge özüne rugsat bermeklerini sorady. Brigadir gelin:
— Wah, şu wagt kömegiň iň gerek wagty. Sen ol işi başaraýsaň-a, bize uly kömek bolar — diýip, soragly nazar bilen oglanjygyň ejesine seretdi. Ejesi:
— Ýumruk ýaly oglana gaty kyn bolarmyka diýýän? Öýde kiçilerem mamalary bilen ýeke galjak — diýip, ikirjiňlendi. Şol wagt Akgözel eje söze goşulyp:
— Ýaşajygam bolsa, dogumlyjadyr meň oglum, gaty başarar bu işi. Gyzym, sen yzyňy alada etme, çagalar bilen biz günümizi göreris — diýdi.
Ejesi, bir tarapdan, oglunyň işe gitmegini islemänem duranokdy. Sebäbi özüne berilýän zagara paýyny iýmän, öýe getireni bilenem çagalardyr batyl oturan garry ejesine az bolýardy. Ol: «Oglum işe gitse, daýhanlara berilýän nahardan iýerdi hem bir döwüm zagarany artdyryp bilse, jigilerine getirerdi. Wah, ýöne entek gaty ýaş-da, agyr işe hötde geljek bolup kösenäýmese» diýip, içini gepletdi. Ahyrynda-da, bu işi ýaşajyk Hudaýgula ynanmaly diýen karara geldiler. Hudaýguly ertir işe çykmak üçin şaýyny tutup başlady. Emma öýde onuň aýagyna geýer ýaly düzüw aýakgap ýokdy. Şonuň üçin kakasynyň rezin ädigini geýdi. Ädik uludy. Oglanjygyň aýagynda holpuldap durdy. Uly ädikde ýöremek aňsat bolar ýaly, Hudaýguly aýagyna tapan-tupan esgilerini saraşdyrdy. Ädigiň ýokarky gyrasyny aşak epledi. Indi, näme-de bolsa, ýöräp bolýardy.
Ertesi Hudaýguly ata goşulan araba bilen bugdaý daşap başlady. Ilkinji iş güni çalt geçdi. Oglanjyk erjellik bilen buýrulan işi ýerine ýetirdi. Emma gaty ýadady. Giçlik öýlerine gelende, jigileridir ejesi ýatman, onuň gelerine garaşyp otyrdylar. Hudaýguly özüniň ýadawlygyny ejesine bildirmejek boldy, ýöne onuň ýadawly- gy soramasaňam, bildirip durdy. Ol öýüň iç işiginde ädigini çykardy. Uzakly gün harmanda gezip ýören oglanyň ädigine eslije bugdaý dänesi giren ekeni. Ädik- den aýagyny çykaranda, az-owlak däne daşyna seçelendi. Hudaýguly ädigiň her taýyny gezek-gezegine başaşak tutdy. Onuň içinden çykan däneler oglanjygyň kiçijik owujyny doldurdy. Ýuwnar ýaly suw taýýarlap, oglunyň eline akydyp bermek üçin garaşyp duran ejesi el çyrany alyp, daşyna dökülen bugdaý däneleriniň birini goýman çöpleşdirdi. Oglunyň elindäki bilen goşdular. Ine, bir owuç guşgursak däne. Ene bu dänelere seredip oturyşyna: «Wah, sadagaňyz bolaýyn, guşgursak däneler» diýip seslendi. Içindenem: «Bujagaz bugdaýy üwänim bilen bir bulamaga ýeterlik un boljak däl» diýip pikir etdi-de, ýaglyjaga düwüp goýdy.
Hudaýgulynyň işe başlanyna birki gün bolupdy. Onuň ädigi bilen gelýän bugdaýlaryň üç-dört günde toplananyny ejesi degirmenden geçirip, un etdi. Bu un bulamak etmäge ýetjekdi. Içine az-owlak gök ýorunjanyň ýapragy atylyp bişirilen bulamagy çagalar hezil edip içdiler. Jigileriniň bulamakdan garynlaryny doýrup, hezil edip uklap ýatyşlaryny synlan Hudaýguly bu bulamak içişligiň her gün bolmagyny isledi. Ol ertesi işde aýagyna saran matalaryny aýryp, ädigiň ýokarsyny hem galdyrdy. Bu ýagdaýda ýöremek kyn hem bolsa çydady. Sebäbi şeýle ýagdaýda ädige köpräk bugdaý girjekdi. Oglanjyk başga zady pikirem etmändi. Agşamlyk öýde jigileri ýene Hudaýgulynyň daşyna üýşdüler. Bu gezek ädikden çykan bugdaý ep-esli bardy. Oglanjygyň goşawujyny dolabara edipdi. Bu zatlary synlap oturan ejesi bu gün oglunyň nähilidir bir emeljagaz edenini aňdy. Emma jigileriniň ýanynda oňa zat diýmedi. Ony sygryň ýüpüni daňmak bahanasy bilen daşaryk alyp çykdy. Sygyr imisala ýatyrdy. Ejesiniň bir zada howsala düşýänini, entek hiç zat aýtmasa-da, Hudaýguly aňdy-da:
— Eje, eýgilikmi? Birhili, aladaly görünýäň-le? — diýdi. Ejesi nämeden baş- lajagyny bilmän, biraz dymdy. Ulularyň işini edip, özüni uly adam saýyp ýören oglunyň çagalykdan entek ulalyp ýetişmänkä, jigileriniň aladasyny edip ýörşüne nebsi agyrdy. Ol: «Wah, özüniň kir-kimirsiz çaga kalbyna osup, eden işiniň soňy barada oýlananam däldir» diýip, içini gepletdi-de, ogluna ýüzlendi:
— Oglum, bu gün ädigiň bilen gelen bugdaýlar öňküleňden köpräk görünýäle?! Ýa, özüň... — diýdi-de, sözüni soňlaman, oglunyň ýüzüne seretdi. Hudaýguly ejesiniň ýüzüne seredip bilmedi. Ýüzüni gapdala sowdy. Ejesiniň gaýtadan beren soragy hem jogapsyz galdy. Ejesi müýnürgäp, aşak seredip duran ogluny bagryna basdy. Kellesini sypalady-da:
— Gel, oglum, otur ýanymda — diýdi. Eneli-ogul daşarda ýazylgy duran keçäniň üstünde oturdylar. Ejesi:
— Jan oglum, ýaşlygyňyzdan maşgalaň aladasyny etmeli bolduňyz. Men mu- ny jigileriň garnyny doýurmak üçin edeniňi bilýän. Ýöne näçe kynçylyk görenem bolsak, şu güne çenli halalja gazanan zadymyzyň hasabyna ýaşandyrys. Beýle zada endik etme. Şu wagt döwlet üçin dänäniň ýekeje hoşajygam gaty gymmatly. Ine, basym uruş gutarar, gidenlerimiz dolanyp geler. Ana, onsoň bugdaýlary du- lumyzda çuwallap goýarys, enşalla. Şoňa çenli gaýrat etmeli, oglum! — diýdi-de, ýaşdan dolan gözlerini gyňajynyň ujy bilen süpürdi. Aglaýanyny ogluna bildirmejek bolup jan etdi.
Ejesiniň sözlerinde hem mähir, hem gahar, hem agy gatyşygy bardy. Bildirmejek bolup, näçe jan etse-de, Hudaýguly ony aňdy. Ejesini we jigilerini begendirerin diýen niýet bilen eden işiniň ýalňyşdygyna düşündi. Oýlanman eden işiniň ejesini gynandyrandygyna ökündi. Ejesindenem ötünç sorady.
Uruş gutardy. Köp garaşdyran ýeňiş günem geldi. Urşa gidenleriň diri galanla- ry gelip başlady. Günlerde bir gün Hudaýgulynyň kakasy hem geldi. Emma ol bir wagtky başgalaryň iki bolup zordan göterýän ýandak petdeleriniň ikisini birlikde çarşagyna ildirip, alyp gidiberýän pälwan kaka däldi. Onuň bir eli doly işlänokdy. Kakalary geleninden soň hem, Hudaýguly meýdan işinden galmady. Okuwdan boş wagtlary daýhanlaryň işine kömekleşipdi. Wagtyň geçmegi bilen günler gowulaşdy. Adaty durmuş dowam etdi.
…Golaýynda saklanan awtoulagyň sesi gözüni süzüp, arkasyny tuda ýaplap oturan gojany ýatlamalaryň ummanyndan alyp çykdy. Bu gelen obanyň arçynydy. Ol Hudaýguly aga bilen bugdaý orumyny başlamak barada maslahatlaşmak üçin gelipdi.
Oguljahan SOPYÝEWA.
Hekaýalar