20:11 Ýolda galdyrylan sowgat | |
ÝOLDA GALDYRYLAN SOWGAT
Hekaýalar
Tomsuň yssy günleriniň biridi. Zähmet rugsadyna çykypdyk. Hemişe bolşy ýaly bu gezek hem oba gezmäge gitmegi ýüregimize düwüp, gyzym bilen bile ýola çykdyk. Bu gezek obada köpräk bolmakçydyk. Sebäbi uniwersitetde bile okan joram körpe gyzyny durmuşa çykarýandygyny şol toý bilen hem öz duruş gurmaklarynyň 30 ýyllyk ýubuleý toýynyň gabat gelendigini aýdyp, goşa toýa çagyrypdy. Bile okan gyzlarymyzyň birnäçesi bilen habarlaşyp, bu taoýa üýşüp barmagy maksat edinipdik. Men dogduk obamy, öz mähribanlarymy hem ýaşlygymyzyň ýagty günleriniň şaýatlary bolan bile okan deň-duşlarymy görjegime begenmekden ýaňa, uzak ýoluň ýadawlygy hakda pikir hem edemokdym. Günortan demir ýol menzilinde otla mündük. Otluda biziň ýanymyza biz bilen deň-duşurak bir gelin hem mündi. Biz goşlarymyzy ýerleşdirip, ýerli ýerimize geçdik. Ýanymyzdaky gelin meniň: “Çaý içeris, gümür-ýamyr ederis, aşakda oturyberiň” diýmegime garaman, “Men ýadaw” diýdi-de, ýokarky gata geçip gyşardy. Şol wagt hem bir topar ýaş oglan-gyzlar uly şowhun bilen otla mündüler. Olaryň içinden bir gyz: “Meniň ýerim-ä, ine şu ýerde” diýip biziň ýanymyzda galdy. Ol gzyň elinde kiçijik el torbajygyndan başga goş ýokdy. Ýaşlar ýerleşip başladylar. Şol wagtam başga bir gyz daşyna owadan edip gülli kagyz bilen dolanan ullakan bir zady alyp geldi-de: — Bagyşlaň, gelnejeler, şuny siziň otagyňyzda goýsak bolmazmyka? Biziňkide ýer ýok. Düşenimizde alarys” diýip, gapydan boýnuny uzatdy. Men: — Goýanyň zyýany ýok, goýaýyň, ýöne ýadyňyzdan çykaraýmaň. — diýip gyzlara ýüzlendim. Gyzlar: — Unutmarys. Birden yatdan çykarsak, sizem ýatladaýyň. Haýyş! — diýdi-de, biziň ýanymyza düşen gyz bilen bile beýleki otaga geçdiler. Otly ugrady. Goňşy küpeden ýaşlaryň şowhunly sesleri eşdilip durdy. Olaryň gürrüňlerinden talypdyklary, bile okaýan ýoldaşlarynyň toýuna barýandyklaryny bilmek bolýardy. Bularyň şowhuny meni ýaşlyk ýyllarymyň ýatlamasyna alyp gitdi. Men penjireden daşaryny synlap oturşyma hyýalymda ýaşlyk ýyllaryma dolandym. Ýanymdakylar ýatyrdylar. Birdenem gapyda hälki iki gyz peýda boldy. Biziň ýanymyzda ýerleşen gyz: — Daýza, joram hem meniň ýanymda oturaýsyn. — diýip, maňa ýüzlendi. Men baş atdym-da: — Geliň, maňa-da hümürdeşmäge ýolaş bolarsyňyz. Ýogsa birhili içim gysylyp başlady. Şu wagt sizi görüp öz ýaşlygymy ýatlap otyryn. — diýdim-de. Mundan 30 ýyl ozal bolup geçen wakany gürrüň berdim. Bizem bir wagt siz ýaly talypdyk. Hawa, şol günem şu günki ýaly tomsuň yssy günleriniň biridi. Biz talyp topardaşlarymyz bilen bile Murgap etrabynda ýaşaýan joramyzyň durmuş toýuna barýardyk. Ýaşlyk joşguny başymyzda. Topar bolup toýa gitmekligiň lezzetem üýtgeşik. Biz üýşüp otla mündik. Toý üçin alan sowgatlarymyzy hem torbalarymyzda ýerleşdiripdik. Emma toý sowgatlarynyň içinde iň ulusy daşyna toý edýän ýaşlaryň ady, gutlag sözleri, hem biziň atlarymyz ýazylan owadan gülli küýzäni torba salyp bolmady. Biz ony şu ýatalgalaryň (krowatlaryň) biriniň aşagyna saldyk. Garaz, şeýdip ýol boýy gülşüp-degişip toýa bardyk. Agşamlyk toý zalynda uly dabara, uly toý. Toý gutlanyp, sowgat gowşurmaly bolanda toýa alnan sowgatlarynyň içinde iň göze gelüwlisi bolan küýze ýok bolsa nätjek. Ine, boldy bir başagaýlyk. Ol sowgadyň niredediginden hiç kimiň habary ýok. Görüp otursak ol küýzäni otluda galdyran bolsak nätjek— diýdim-de, sözümi söňlap, soňlamankam ýaňky gyzlaryň biri: — Wah- eý, onsoň nätdiňiz? Ol sowgatlyk küýze soň hem tapylmadymy? — diýdi. Men: — Näme edersiň, durus çykýan gyzyň öňünde ýüzümizi sallap. Durmuşa çykýan gyzam-a gynanandyr welin, bize bildirmejek bolup: “Zyýany ýok-la, esasy siziň özüňiz ýitmän, sag-aman geldiňiz?” diýdi. Şeýdip bu toýda hem begendik hem gynandyk, garaz, ýatda galar ýaly boldy-da. Indi görüp otursam ondan bäri otuz ýyl geçäýipdir. Şu wagtam şol joramyzyň körpe gyzynyň durmuş toýyna hemem özüniň durmuş toýlarynyň otuz ýyllyk ýubileý toýlaryna barýan. Bile okan deň-duşlarymyz bilen habarlaşyp, şol toýa bile barmaly etdik. Sizi görüp öz ýaşlygym ýadyma düşdi. Bu waka edil düýn bolan ýalydy welin... — diýip sözümi soňladym. Şol wagt ýokarky gatda otla müneli bäri sesini çykarman, ýok ýaly bolup ýatan gelin kellesini galdyrdy-da: — Ol küýzede näme diýip ýazylgydy? — diýip sorady. Men toý edýän ýaşlaň ady, gutlag sözleri hemem biziň adymyz ýazylgydy— diýip, hälki aýdanymy gaýtaladym. Ol gelin anyk aýdaý-da ýaşlaň ady nämedi? — diýip, gaýtadan sorady. Men: — “Ýanow bilen Keýik, bagt toýuňyz gutly bolsun!”diýip ýazylandy. Küýzäň aşagrakda-da birküç sany at bolmaly. — diýdim-de, ol gelniň ýüzüne soragly nazar bilen garadym. Emma ol gelin soň hiç zat gürlemdi. Otly Mara Gün ýaşyberende geldi. Biz düşmäne taýýarlanyp başladyk. Ýokarda ýatan gelin aşak düşdi-de, çekinjeňlik bilen maňa ýüzlendi: — Aýal dogan, seň öz adyň näme? — Oguljan — diýip adymy aýtdym. Gelin: — Maňa el telefonuňyzyň nomerini hemem haýsy oba barýanyňyzy aýdaýyň — diýdi. Men ol gelniň näme üçin soraýanyny bilmesem hem el telefonumyň nomerini aýtdym. Soňra-da: — Bu gün öz dogduk obama, Peşanala barjak. Ertir nesip bolsa Murgaba toýa gitjek. Näme üçin soradyňyz? — diýdim. Ol gelin: — Aý, ýöne soraýdym. Menem şol töwerekdäki obalaň birinde ýaşaýan. — diýip, çalaja egnini gysdy. Men ejemlere baranymda özümden uly aýal doganlarymyň bary gelen eken. Ol gije esli wagt bäri görüşmedik doganlarym bilen gürrüň edip, gijäniň bir wagtyna çenli oturdyk. Ertesi irden çaý içip otyrkak el telefonuma nätanyş nomerden jaň geldi. Men bile okan gyzlarymyzyň biri toýa gitmek meselesi bilen jaň edýändir diýen niýet bilen telefony açdym. Telefonda düýnki otluda bile gelen gelnimiz çekinjeňlik bilen öýmiziň salgysyny soraýar. Şondan kän wagt geçmänkä howlynyň agzynda awtoulagyň saklanan sesi eşdildi. Biz daş çykdyk. Seretsek daşarda daşy owadan ýalpyldap duran kagyz bilen dolanan ullakan bir zady goltugyna gysyp, düýnki tanşan gelnim dur. Özem utanjaňlyk bilen çala ýylgyrýar. Biz nämäniň nämedigine düşünip bilmän gelen myhmana seredip durus. Ol gelin : — Men düýn otluda siziň talyp gyzlara aýdyp beren gürrüňiňizi diňledim. Onsoň ol gürrüň meň ýadyma şol bir wagt bolan wakany ýatlatdy— diýdi-de, gürrüň bermäge başlady. — Men şol gün ejem bilen Aşgabtda ýaşaýan garyndaşymyzyň toýundan gelýärdim. Şol günem birnäçe talyp ýaşlar otla mündüler. Özlerem şeýle şadyýandylar. Gyzlaryň iki sanysy biziň ýanymyzda boldy. olar bizden öň düşdüler. Biz olaryň düşen duralgasyndan soňkyda düşdük. Dogrusy biziň düşmelimiz iň soňky duralgady. Otludan düşmek üçin el goşlarymyzy taýýarlanymyzda ine, şu küýzäniň durandygyny gördük. Ejem ol küýzäniň siziňkidigini bildi. Ony ýolbelede tabşyrjak bolduk. Emma ol ýolbelet: “Küýze özüňizde dursun, siz öý salgyňyzy aýdyň, eger idän-soran bolsa men sizi salgy bererin” diýip, almady. Biz oňa öý salgymyzy, adymyzy aýdyp, küýzänem alyp öýe gaýtdyk. Emma şunça wagt geçenem bolsa küýzäni idän bolmady. Ejem pahyr: “Özüňe degişli bolmadyk zady ulanmak amanada hyýanat etmek bolar, gyzym” diýip, bu küýzäniň döwüläýmesinden gorkup, gaty berk saklady. Üç ýyl mundan öň bolsa ejem dünýesini täzeledi. Düýn men küýzede ýazylan atlary anyk bilmänim üçin bu küýze baradaky wakany şol bada aýtmadym. Sizden küýzedäki ýazgylary soramagymyň hem telefon nomeriňizi almagymyň sebäbi hem şu sebäpli. Ilki anyklaýyn diýdim — diýip, özüniň näme üçin gelendigini gysgaça düşündirdi-de, howlukmaç gitmek bilen boldy. Men öýe girip çaý içmekligi mürähet etdim. Emma ol gyssanýandygyny aýdyp, biz bilen hoşlaşdy-da gitdi. Ýolda bolan bu täsin waka biziň hemmämiz geň galdyk. Ejem bu bolýan zatlara haýran galyp durşuna: — Görsene, bu bolýan zatlary. Nesibäň aýrylmasa, şunça ýyldan soň hem gowuşjak eken— diýdi. — Durmuş toýlaryna niýetlenip alnan bu küýzäniň şunça wagtdan soň, maşgala gurmaklarynyň otuz ýyllyk toýlarynda gowuşmagy olara ýaşlyklarynyň ýatlamalaryny özünde jemleýän gaty üýtgeşik sowgat bolar diýip — men ejemiň sözüni dowam etdirdim. Dogrudan hem bu şeýle boldy. Toý edýän joramyz bu sowgady ýönekeý bir sowgat küýze däl-de, ýaşlygynyň bir parçasy hökmünde kabul etdi. Oguljahan SOPYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |