08:38 Düýş | |
DÜÝŞ
Hekaýalar
Meniň bu ýatlamany ýatlamagyma myhmançylyga baran ýerimde gören elde çekilen suratym sebäp boldy. Myhman bolan ýerimiň uniwersitetde bile okan kursdaşymyň öýüdigini men soň bilip galdym. Iş sapary bilen meni paýtagtymyzdan uzakda ýerleşýän etraplaryň birine ugratdylar. Men baran günňm ýerli myhmanhanalaryň birine ýerleşdim. Ertesi öz işim boýunça etrap bilim bölümine uýbardym. Iş bilen gümra bolup, nädip iş wagtynyň tamamlananyny hem duýmandyryn. Işden soň öz bolýan ýerime ugramakçy bolup durkam şu ýerde hünärmen bolup işleýän gelinleriň biri öýüne myhmançylyga çagyrdy. Men ýat ýere gitmegi kyn gördüm, emma gelniň meni äkitjegi çynydy. Men ýalbardyp durmagy birhili görüp, gitmeklige razy boldum. Gelniň öýleri gaty uzakda däl ekeni. Meni myhman otagda ýerleşdirip, özi çaý-naharyň ugruna çykan gelin: “Içiňizi gysdyrmaň, şu suratlara güýmenäýiň!” diýip, elime özüniň toý albomuny berdi. Bu albomda fotasuratlardan başga-da birnäçe elde çekilen suratlar hem bar eken. Suratlar örän ezber çekilipdir. Içinde biri has öňüräk çekilenine garamazdan, daşy bejerilip bezelipdir. Şuňa meňzeş surat mende hem bardy. OL meniň öz ýaş wagtymdaky suratymdy. Meniň suratymyň bu maşgala nädip düşup biljekdigi barada oýlandym. Ony kimiň çekendigini sorasym geldi. Maňa bu suratyň taýyny talyp wagtym bir kursdaşym çekip beripdi. Men içimden pikir öwürýärin: “ A, belki bu onuň öýi bolsa näme? Albomdaky suratlarda-ha meniň tanaýan adamym ýok .” Gapynyň açylmagy meniň pikirimi böldi. Içerik eli çäýnek-käseli gelin girdi. Meniň ondan bu suratlar barada sorasym geldi, emma gürrüňi nämeden başlajagymy bilmedim. Çaý başynda öý eýesi maňa öz maşgalasy barada görröň berdi. Men şonda bu suratlary kimiň çekendigini soradym. Ol: —Gaýyn atam, ol pahyr toýumyzdan birki ýyl öň aradan çykypdyr. Meniň ýoldaşym hem ýörite gyzyklanmasa-da , käýarym surat çekmegi gowy görýär. Bu suratlary hem ýadygärlik hökmünde aýap saklaýar. Gaýynlarym obada ýaşaýar. Şu wagt ýoldaşym oba gitdi. Gaýyn enemi hem alyp gelmegi mümkin— diýip jogap berdi. Soňra ýene aşhana çykyp gitdi. Men otagda ýeke galdym. Meni bu surat talyplyk döwrömiň ýatlamalaryna alyp gitdi. Gurban saryýagyz çekinjeň oglandy. Ol kän gürlemezdi. Bir zat sorasaň ýylgyryp jogap bererdi. Toparymyzda Kakyş atly oglan bilen dostlaşardy. Kakyş Gurbanyň tersine örän alçakdy. Ol hemişe talyplara degişme aýdyp, ýa oýun oýnap, kimdir birine öýkünip güldürerdi. Bularyň ikisiniň hem ýaşlary bizden bäş-alty ýaş uludy. Şonuň ňçin olar biziň uly agalarymyz ýalydy. Gurban köplenç öz pikirine gümra bolup ýa-da bir zatlaryň suratyny çekmeklige güýmenip oturardy. Ol şowhuna goşulmazdy. Biz onuň ata-enesiniň ir ýogalyp, ýetim galandygyny bilýärdik. Köpçülige goşulmaýanynyň sebäbini hem şondanmyka öýderdik. Meniň oňa köplenç nebsim agyrardy. Bir gezek dynç günleriniň birinde biz toparyň hemme talyplary bolup gözegçilik edýän baglarymyza ideg etmäge gitdik. Ýaz paslydy. Howa örän ajapdy. Meniň seredýän baglarym bilen Gurbanyňkylar bir ýerdediler. Gurban öz baglarynyň düýbüni ýumşadyp, töwregini derrew arassalap boldy-da, maňa kömekleşmäge geldi. Ol pil bilen işlemäge gaty ökdedi. Men oňa: —Tuweleme, sen ýer işlemäge gaty ökde ekeniň— diýdim. Ol çalaja ýylgyrdy-da: —Daýhan oglu-da — diýip, jogap berdi. Men elime bedrämi alyp, suw almaga ugradym. Gurban işlerini bolup, eli bedreli yzymdan ýetdi. Soňra meniň garşylygyma seretmän, elimden bedrämi alyp suwlary özi getirdi. Men onuň ýany bilen ýöräp geldim. Biziň golaýymyzda işläp ýören Keýik atly kursdaşym degşip: A gyz, Jemal, sen kim bilen goňşy bolmalydygyny bilýän ekeniň— diýip gygyrdy. Men oňa: Alada etme, häzir saňa-da kömekleşeris—diýdim. Keýik: Sag boluň! Men eýýäm işlerimi dyndym— diýip, biziň ýanymyza geldi. Ol Gurbany gepletjek bolup: Gurban, sen haýsy bagtly gyzyň maňlaýyndan çykarkaň?—diýdi. Gurban sesini çykarman ýylgyrdy. Men: Dogrudanam, Gurban, seniň halaşýanyň barmy? Toý etmek hyýalyň ýokmy? Biziň toý göresimiz gelip gitdi.— diýdim. Gurban gyzaryp aşak seretdi-de: Halaşýanym-a ýok, halaýanym bar.—diýdi. Biz: Ol gyz kim? Biz ony tanaýarysmy? Sen oňa habar gatyp gördüňmi?— diýip, ýerli-ýerden soraşdyrdyk. Ol şol ýylgyryp durşuna : Ol hakyky türkmen gyzy, men oňa aýdyp bilemok. Onuň özi hem aňanok.— diýdi. Keýik: Waý-eý, Gurban, türkmeniňem hakykysy, hakyky däli bolýamy gyz?— diýip güldi. Gurban bize seretmäge utanýan ýaly, aşak seredip durşuna: Men onuň häsiýeti barada diýýän— diýip jogap berdi. Keýik: Onda ol bize-hä degişli däl. Ol gyz gaty asylly, akylly, edepli, çeper we ş.m. bolmaly—diýip güldi-de, öz ýerine tarap gitdi. Men Gurbanyň oýny däldigini bildim. Oňa: Dogrudanam, Gurban, kim ol gyz? Gaty gizlin bolmasa aýdaý, belki meniň kömegim deger. — diýdim. Ol birhili naýynjar halda elini owkalap oturşyna : Wah, men şony aýdyp bilemok, onuň özem duýanok, eger aýtsam ol meniň üstümden güläýjek ýaly— diýdi. Men onuň maňa kakdyrýanyny bilsemem, aňmadyk bolup: Ýeri bolýa-da, Gurban, aýdasyň gelmese aýtmada. Eger kömek gerek bolsa, “guk” diýäý men kömek ederin — diýdim-de, gyzlaryň ýanyna ugradym. Ol bolsa eline depder –galamyny alyp, surat çekmäge başlady. Şol gün hem maňa şunuň ýaly suratyň gara galamda çekilen görnüşini aşagyna goluny çekip beripdi. Biz okuwyň soňky ýylynda okap ýördük. Ýetip gelýän döwlet synaglaryna taýýarlyk görýärdik. Ol wagtlar keteni geýýän ýok diýen ýalydy. Gyzlar täzeki matalardan häzirki zaman biçüwli köýnegi geýinmegi ürç ederdiler. Meniň welin milli eşiklerimize bolan islegim gaty uludy. Joram Gunça hem şolar ýalydy. Biz keteniniň dürli reňklisini ýakasyny nagyşlap geýerdik. Başymyza bolsa, gül tahýa geýip, saçlarymyzy dört örüp goýbererdik. Meniň ýogyndan uzyn saçym bardy. Bir gün umumy sapak gidip durdy. Meniň egnimde ýaşyl keteni, üstünden owadan keşdelenip bejerilen çawyt bardy. Men mugallymyň aýdýan gürrüňlerine bar ünsňmi berip oturşyma, saçymyň aşak sallanyp ýere degenini hem duýmandyryn. Mugallym şonda maňa: “Jemal, saçyňy galdyr” diýip duýdurdy-da, gürrüňiniň yzyny türkmeniň milli lybaslary we olaryň owadanlygy, gelşiklidigi baradaky gürrüňe ýazdyrdy. Biraz wagtdan soň, maňa yzdan bir hat geçirdiler. Ol hatyň daşyna: “Türkmen gyzy Jemala ” diýilip ýazylypdyr. Ony Kakyş ýazan eken. Hatda: “ Jemal, Gurban öz gözleýän hakyky türkmen gyzyny tapdy, onuň kimdigini özüň pikirlenip bilersiň” diýilip ýazylypdyr. Men hata jogap ýazmadym. Biz okuwy tamamladyk. Gurban welin maňa göni gelip hiç zat diýmedi. Dogrusy men onuň diýmegini islämokdym. Men ýatlamalar ummanyna çümüp näçeräk oturanymy bilemok myhman alan gelniň “Otyrmyň?” diýen sesine özüme geldim. Gelniň ýanynda ak ýüzli, biz deň-duşurak zenan bardy. Ol: Gaýyn enem geldi.— diýip, bizi tanyşdyrdy. Özi bolsa saçagyň üstündäki zatlary köpeldip, nahar guýup geldi. Men şol suratlar barada gürrüň gozgadym. Ol: Döwletiň kakasy dymmarak admdy. Eli boş wagtlary içki pikirini şeýdip kagyza geçirmegi gowy görerdi. Ýuwaş, eden işine janypkeş adamdy. Ýeke gezegem göwnüme degen ýeri ýokdur bendäň. Arman ömri gysgarak eken-dä — diýip, gussa bilen ýatlady. Men özümiň şol suratdaky gyzdygymy aýtmadym. Biz Gurbanyň ruhuna bagyşlap, aýat-töwir etdik. Men içimden: ”Saňa düşünip, seni bagtly eden hakyky türkmen häsiýetli zenana duşupdyr, tüweleme döwletli maşgalaň hem bar. Arman özüň ir gidipsiň-dä ” diýip oýlandym. Özi ýok hem bolsa, kursdaşymyň maşgalada hormatynyň uludygy görnüp durdy. Men muňa öz ýanymdan begendim. Myhman ýerim bilen hoşlaşyp öz bolýan ýerime gaýtdym. Şol agşam men tanyş bir gelniňkä däl-de, hamala ýaşlygyma myhmançylyga gidip-gelen ýaly duýgulary başdan geçirdim. Oguljahan SOPYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymy. | |
|
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||