01:52 Syrly dagdan / hekaýa | |
SYRLY DAGDAN
Hekaýalar
Annabibi daýza gyzynyňka birki günlük gezmäge gelipdi. Ol agşam düýşüne garry mamasynyň girendigini aýdyp, onuň ruhuna aýat-töwir okady. «Garry mamamyň ýüzi örän aladaly göründi welin, name üçinkä?» diýip oýlandy. Tawus ejesiniň gören düýşüniň oraşan bolandygyny bilse-de, onuň sebabini aytmaga bogny ysmady. Daşardan gelen Läläniň boýnunda kümüş dagdanjygyň ýokdugyny gören Annabibi daýza: «Dagdany indi dakynaňokmy?» diýip sorady. Lälejik gamgyn halda «Men ony ýitirdim-a, mama» diýip jogap berdi. Annabibi daýza gulagyna ynanmaýan ýaly, Läleden gaýtalap sorady, ýene-de gaýtalanan şol jogaba onuň ýüregi sanjyp gitdi, ysgyny gaçan ýaly boldy. Ol «Wahe-e-eý...» diýdi-de esli salym gürlemän başyny aşak salyp oturdy. Onuň gaty gynanýanyny aňan Tawusyň ýüregi gyýym-gyýym boldy. Ejesiniň halyna dözmedi: - Gaty gymmat zat dal-ä, bazardan şoňa meňzeşini alaýarys-da, şol zerarly özüňi gynap oturmasana, eje! - diýip, göwünlik bermek isledi. Annabibi daýza: - Wah, gep şoňa meňzeş dagdany tapmakda dal-dă, balam! Ol dagdan meň mamamyň mamasy. Hapes baýyň gyzynyňkydy. Ol dagdanyň üstünden gaty köp taryhy wakalar geçendir. Üstünden asyr aşyp, nesilme-nesil geçip gelen dagdandy. Gelip-gelip bizde ýitäýmelimi diýsene - diýip, ýassyga kellesini goýup, süýndi-de ýatyberdi. Tawus oña nädip göwünlik berjegini bilmän, esli oturdy. Biraz dymyşlykdan soň, Annabibi daýza öz bolup ýatyşyna gyzynyň birahat balýandygyny añdymy- nămemi, ýatan ýerinden galdy-da, bu dagdan bilen bagly taryhy wakalar barada gürrüň berip başlady. - Bu dagdany Hapes baý ýeke gyzy üçin kümşe gyzyl çaýdyryp, ýörite ýasadypdyr. Dagdanyň arka ýüzüne üns beren bolsaň «Haldürli» diýen ýazgy hem bolmaly. Onuň ady Haldürli eken. Ýeke gyz bolansoň yzyndan dürli-dürli çagalary bolsun diýip, yrym edip dakandyrlar-da. Hapes baý başga çagasy bolmasa-da, başga aýal almak ýa ogullyk almak hakda pikir hem etmändir. Haldürli bu dagdany hiç wagt boynundan aýyrmandyr. Ol uzyn boýly, ýogyn, togar saçly, owadan gyz eken. Olaryň öýlerinde Hapes baýyň ýogalan çopanynyň ýetim galan ogly hem ýaşayan eken. Onuň başga gidere ýeri bolmansoň, baý oňa hossar çykypdyr. Öwezdurdy gerdenlek, pälwan yigit bolup ýetişipdir. Toylarda onuň öňüne geçen pälwan bolmandyr. Hapes baýyňam bar mydary şol ýigit bolupdyr. Öýüň ähli hysyrdysy hem, çöldäki dowarlaryň aladasy hem onuň boýnuna eken. Öwezdurdy atarmanlykda, çaparmanlykda hem öňüne adam geçirmändir. Bir gezek oba ýagy çozýar. Obanyň eli ýarag tutup biljek erkek adamlarynyň hemmesi söweşe çykýar. Gelen ýagynyň sany gaty köp bolara çemell, söweş öte gazaply bolupdyr. Şol söweşde Hapes baýyň daşyna üýşen dört duşmany Öwezdurdynyň bir özi gylyçdan geçiripdir. Şol wakadan sonra Hapes baýyň Öwezdurda bolan garaýşy hasam üýtgäpdir. Ol ony öz oglundan kem görmändir. Baýyň gyzynyň jemaly, edep-ekramy, oturyp-turşy ýaş ýigidiň ünsünden sowa geçmeýär. Haldürli Öwezdurdynyň özüne üýtgeşik nazar bilen garaýşyndan onuň özünde göwni bardygyny aňýar. Ýigidiňem boý syraty. edermenligi gyzy öz erkine goýmaýar. Bir gün Haldürli tahya bejerip, ony Öwezdurda bermegi ýüregine düwýär. Ýöne nädip gowşurjagyny bilmän kösenýär. Ahyrynam ony ejesine aýdýar. Gyzynyň Öwezdurdynyň adyny tutup bilmän. gyzaryp-bozaryp oturşyny gören ene ýagdaýyna düşünse-de, oňa hiç zat diýmeýär. Obanyň özüne göwní ýetýän baýlarynyň biri öň öýlenen Gully atly ogluna Haldüriini ikinji ayal edip alyp bermek üçin yzyny üzmän sawçylyga gatnapdyr. Nåçe jan etse-de, hoş söz almadyk Gully soñabaka «Gowulyk bilen bermeseler, zor bilen alaryn» diýip, haybat atyp başlapdyr. Beýle ýagdaý ýeke gyzyny abraý bllen durmuşa çykarmak barada baýyň çynlakaý oýlanmagyna getiripdir. Ol bir gün aýalyny çagyryp: - Soltan, Öwezdurdy gowy yigit. Onun bizden başga hossary hem ýok, gözil-başly etmegiň ugruna çykjagy hem ýok. Biz ony öýlendirmegin ugruna çykaýsak nõhili bolar? - dlýip sorapdyr. Adamsynyň näme diýmekçi bolýandygyna doly gözi ýetmedik Annasoltan: - Seniñ sawçylyga barmak barada göz önünde tutýanyň barmy? - diýipdir. - Men bu barada köp oýlandym, pikiriňi bileýin diýip hem seni çagyrdym. Eger Haldürli ikiňiz garşy bolmasaňyz, olara özüm toý tutup berjek. Sen muny nahili görýäň? - diýipdir. Annasoltan gyzynyň muňa göwnejegini bilse-de, ikirjiňlenipdir. Ol: - Wah, Öwezdurdy gowy ýigit, ýöne... - diýip, sözüniň yzyny aytmaga çekinýän ýaly bolup oturypdyr. Baý: - Ýeri-ýeri, Soltan, ýönäň name, aýt bakaly, eşideli - diýýär. Annasoltan: - Seniň agalaryň ýeke gyzyny ýetime berdi» diýmezlermi? - diýýär. Baý: - Elbetde, agalarymyň hem gownüni ýykasym gelenok. ýöne gyz meňki. Öwezdurdynyň ýetimliginden başga aýby ýok. Gyzymyzy ynjytmaz hemem ol hemişe biziň ýanymyzda bolar. Galanynam sen gyzyňa maslahat salyp gör, eger garşy bolmasa, toýa taýýarlyk göreliň... Baý toýy uludan tutupdy, atly bagşylaryň ençemesini çagyrypdy. Ýakyn-u-alysdan myhmanlar gelipdiler. Toýy abraý bilen sowup, myhmanlaryny ugradan baý irkilen hem bolsa, Annasoltanyň gözüne uky gelmedi. Ol gije bir çene baranyndan soň eşidilen at aýagynyň seslerine ynjalman ylgap daş çykýar. Öwezdurdydyr Haldürli üçin gurlan ak tamyň ýanyndan añyrlygyna birnäçe atlynyň atlaryny çapdyryp gidenini gören enäniň ýüregine howsala düşüp, ynjalykdan gaçyrypdyr. Ol ýaş çatynjalaryň jaýyna golaý barypdyr. Ýöne öyüň içine seretmäge ejap edip, biraz wagt diňşirgenip durupdyr. Öýden ses-seda çykmandyr. Annasoltan ýuwaşja gapyny kakýar. Öýden Haldürliniň «kimsiñ» diýen sesi eşidilýär. Ejesiniň «men, balam!» diýen sesini eşiden gyz gapyny açypdyr. Öýde Haldürliniň ýeke özüdigini görüp, göwnüne her zatlar gelen ene kürsäp öýe girenini hem duýmandyr. Ejesiniň «Öwezdurdy nirede?» diýen soragyna aňk-tank bolan gyz: - Ýañy iki sany atly gelip, «Gaýraky oba ýagy çozupdyr. kömege gitmeli, hemmeler takyra ýygnandylar. Bir sen galdyñ. Bizi seniň yzyňdan Hapes baý «alyp geliň» diýip ugratdy diýdiler. Öwezdurdy şolar bilen gitdi - diýip jogap beripdir. Gyzynyň sözlerine geň galan Annasoltan: - Way, işim gaýtdy, o niräň ýagysymyş, kakaň-a öýde uklap ýatyr - diýip öz öýüne tarap ylgapdyr... Atlylar ýüzin salyp, takyra tarap eñip barýarlar. Öwezdurdynyň ta takyra ýetinçäler göwnüne hiç zat gelmeýär. Takyra ýetilende ol ýerde diñe dört sany atlynyň duranyny gören Öwezdurdy nämedir bir ýakymsyz zadyň bardygyny añýar. Ol: - Hany baý aga, hany adamlar nirede? - diyip ýanyndakylara ýüzlenýär. Onuň soragyna duranlaryň biri: - Söweş üçin saňa şular hem ýeterlik bolar, ýa baýyň pälwan giýewisi üçin bular azyrakmy? - diýip, nakys gülüpdir. Öwezdurdy bu sesiň Gullynyňkydygyny tanaýar. Ol şol wagt özüniň aldanandygyny bilip galýar. Ol: - Ýigitler, bu nämäniň oýny, size näme gerek? - diýýär. - Sen näme, obanyň atly baýynyň owadan gyzyna, emlägine añsatlyk bilen eýe bolaýaryn öýtdüňmi? Sen ýetimiň şol zatlara mynasypdygyňy däldigiňi synagdan geçirmek üçin çagyrdyk. Şu pälwanlary ýeňip, üstün çykyp bilseň-ä ol näzenine eýe bolmagyň hem mümkin, eger ýeňilseň, onda onuň kime nesip etjegini özüň bilýänsiň - diýip, ýene-de içýakgyç gülüpdir. Öwezdurdynyň üstüne dört atly dort ýerden hüjüm edýär. Ol birinji gelýäni bir kakanda atdan agdarýar. Ikinji bilen söweşip duran wagty atlylaryň çepiksijesi onuň ýeňsesinden gelip gylyç salmak isleýär. Öwezdurdy onuň gylyjyndan ýapyşyp, ony bulap ýere urýar. Emma ýiti gylyç onuň elini mazalyja kesýär. Onuň başam barmagy gopara gelýär. Şol barmana atlylaryň biriniň salan gylyjy onuň çep goluny sydyrdyp gidýär. Öwezdurdy gyzgynyna ýaralarynyň agyrysyny duýmasa-da duýmaýar welin, öte köp gan ýitirýär. Söweş gaty gyzyşan mahaly Gullynyň ýigitleriniň biriniñ «atlylar gelýär» diýen sesi eşidilýär. Gully yigitleri bilen yzyna garaman gaçyp gidýär. Öwezdurdy atdan düşýär. Añyrdan «Öwezdurdy» diyip gygyrýan ses eşidilýär. Ol ses Hapes baýyň sesidi. Baý Öwezdurdynyň başynyň dikligini görüp, «Dirimiň, oglum» diyip ony gujaklaýar. Başyna her hili kynçylyk düşende-de müzzermedik Öwezdurdyny baýyň atalyk mähri bilen gujagyna gysmagy biraz ejizledýär... Öwezdurdy bilen Haldürliniň iki ogly hem bir gyzlary dünýä inýär. Emma Haldürli soňkuja gyzy dünýä ineninden soň galnyp gidibermeýär. Tebip baryna görkezýärler. Ahyry goňşy obalarda bir aýal tebipden peýda tapan ýaly bolýar. Haldürli ol tebibiň öýünde ençeme gün bolanyndan soň, Öwezdurdy bilen yzyna dolanýar. Emma olar öýe gelmändirler. Ýolda olara näme bolandygyny hiç kim bilmeýär. Näçe gözleselerem, ideselerem, olary gördüm-bildim diýen bolmandyr. Aradan esli wagt geçýär. Hapes baýyň çopany çölde iki sany adamyň jesediniň üstünden barandygyny, emma olaryň kimlerdigini tanap bolmaýandygyny habar berýär. Şol jesetleriň biriniň boýnunda şujagaz dagdan bar eken. Şondan hem olaryň Öwezdurdy bilen Haldürlidigini tanapdyrlar. - Hawa - diýip, Annabibi daýza sözüne dyngy berdi. Gözüni bir nokada dikip esli oturdy-da: - Wah, şunça külpetleri başyndan geçirse-de ýitmän, indi gelip-gelip şu gün ýitäýmellmi diýsene. Garry mamam görgüli yöne yere düýşüme girmändir eken - diýip, gözüne ýaş aýlady. Tawus: - Eje, altyn-kümüş halal eýesinden daşlaşmazmyş diýýärler. Belki biziňem dagdanymyzdan nesibämiz aýrylyşmasyn-da - diýdi. Özi bolsa içinden ýiten dagdany nireden gözlesem gowy bolarka?» diýip oýlandy. Ol ilki bilen ýoldaky awtobus duralgalaryna bildiriş ýazmaly diýen netijä geldi. Sonra bolsa gyzynyň gatnaýan çagalar bagynyň terbiýeçilerinden, gelýän ene-atalardan sorap bermeklerini haýyş etmegi ýüregine düwdi. Şeýle hem etdi. Şondan uzak wagt geçmänkä, bir gün ol Läläni çagalar bagyna eltende terblýeçi: - Tawus gelneje, siziñ araky soraýan dagdanyñyz şu-ha däldir-dä? - diýip begenç sorag biken ýüzlendi. Tawus dagdany görüp, ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol terbiýeçini garsa gujaklady. Begençden ýaña ýaşaran gözlerini gyrpyldadyp dagdanyň arka tarapyndaky şol ýazgyny okady. Onuñ göwnüne balmasa, elindaki kiçilik kümüş dagdanyň ýüzünde Hapes baýyñ gyzy Haldürliniñ keşbi janlanan ýaly boldy. Ol begenç bilen atasy öýlerine, ejesiniñ ýanyna ugrady. Oguljahan SOPYÝEWA. | |
|
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Syrly dagdan / hekaýa - 24.12.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |