00:25 Halasgär / hekaýa | |
HALASGÄR
Hekaýalar
Aşyr uly ýük ulagy bilen uzak aralykda ýük gatnatýardy. Işe gidende ençeme günläp eglenerdi. Käteler on-on iki günläp öýe gelmeýän wagtlary hem bolýardy. Bu gezegem onuň işe gidenine bir hepde geçipdi. Mekdepden gelýän Amanyň howluda kakasynyň ýük ulagyna gözi düşüp, begendi. Ol ylagap gelip, kasynyň gujagyna doldy. Okuwda üçünji çärýegi üstünlikli tamamlandygyny buşlap, gündeligini görkezdi. Onuň çärýek bahalarynyň hemmesi bäşlikdi. Okuwçylar bu wagt ýazky dynç alyşa çykypdylar. Aşyr ogluna eger çärýegi üstünlikli tamamlasa, çöle, çopan goşuna äkitjekdigini aýdypdy. Baharyň mylaýym howasy, daş-töweregiň gül-gülälege bürenip oturmasy kalbyňy heýjana getirýärdi. Töwerekde ýaňy otugyp başlan guzujyklaryň mäleşýän sesleri göwnüňi göterýärdi. Aman kakasy bilen çopan goşuna gelenlerinde olary ilkinji bolup Akbilek garşylady. Oglanjyk bu kellesi gazan ýaly iti görüp biraz eýmendi. Akbilegiň bolşy myhmanlary öňden tanaýan ýalydy. Aşyryň golaýyna gelip, onuň aýagyna süýkendi. Aşyr: “Halasgär, dostum!” diýip, bu äpet köpegiň: arkasyny sypaşdyrdy. Şol wagt aňyrdan gelýän çopanyň “Akblek!” diýip, çagyrýan sesini eşidip, köpek oňa tarap ylgap gitdi. Goşda çaý-çörek edinip, biraz dynç alnandan soň, her kim öz işli-işine turdy. Aşyr hem ogly bilen töweregi synlamak üçin ilerdäki alaňyň üstüne çykdylar. Aman häliden bäri özüni gyzyklandyrýan soragy bermäge maý döränine begenip, kakasyna ýüzlendi: — Kaka, ýaňky itiň adyny çopan Geldi aga Akbilek diýdi welin, sen näme üçin oňa Halasgär diýip ýüzlendiň? Bu iti sen öň tanaýaňmy?— diýdi. Oglunyň bu soragyna Aşyr çalaja ýylgyrdy-da: — Hawa, bu hakykatdanam meň halasgärim— diýip, mähir bilen Akbilegiň goýunlaryň yzynda gezip ýören ýerine tarap seretdi. Soňam Akbilek bilen ilkinji tanyşlygyny ogluna gürrüň bermäge başlady. — Bir gezek ulagym bilen çöldäki çopanlara ýük alyp barýadym. Ýoluň köp bölegini geçipdim. Birden ulagym bir kemçilik tapdy-da duruberdi. Eýlesini-beýlesini seredişdirdim. Görsem suw saklaýjy enjam (radiatory) deşilip, suwuny döküpdir. El telefonymam çöküp galypdyr. Näme etjegimi bilmän, çen-çak bilen çopanlaryň goşuna tarap ugradym. Howa gaty yssydy. Ýanymdaky suwam gutardy. Yssyň içinde ep-esli ýol geçdim. Suwsuzlykdan eňkamym agyp, ýykylypdyryn. Bu ýerde näçe ýatanymy bilemok. Bir ýyly zadyň ýüzümi ýalaýanynyna özüme geldim. Ilki bolan zaday aklyma aýlap bilmedim. Bir seretsem Akbilek meň ýüzümi ýalap dur. Ol arasynda birhili naýynjar üýrýärem. Näme-de bolsa meniň bagtyma akylly köpek derrew ýetişipdir, ýogsa bu ýagdaýyň näme bilen gutarjagy belli däldi. Özüme geldim emma şonda-da, ýerimden galyp bilmedim. Akbilek adam diline düşünýän ýaly biraz ikirjeňlenip durdy-da, bir ýerlerik ylgap gitdi. Biraz wagtdanam çopanlary yzyna düşürip geldi. Sen ol wagt tomus Gökderedäki sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almaga gidipdiň. Bolsa-da, men çopanlaryň goşuna golaý gelen ekenim. Şeýdibem halas boldum. Halasgär bu adyny özi gazandy. Bu meniň hakyky halasgärim. — diýdi. Aman: — Kaka, Akbilek seniň bu ýerde suwsuz heläk bolanyňy nädip bildikä?— diýip sorady. — Ine, bu soragyňy agşam Geldi agadan soraýarys. Ol türkmen itleri barasynda menden has köp zat bilýändir — diýip jogap berdi. Agşama çenli ataly-ogul gözel tebigaty synladylar, kömelek çöplediler. Garaz wagtyň nädip geçenini hem duýmadylar. Agşamlyk Aman hälki soragyny gaýtalady. Aşyr ogluny gyzyklandyrýan soragy Geldi aga berdi. Geldi aga: — Akbilek türkmeniň Alabaý itiniň tohumyndan. Bular eýesine wepaly hem çydamly itler. Özlerem bular eýesi nähili şertde ýaşatsa, şoňa kaýyl bolup ýaşaýarlar. Itleriň duýuşy, ys alyşy ynsanyňka garaňda 10 esse dagy güýçli. Olar hatda gelýän adamyň ýagşy niýetlimi, ýa ýaman niýetlimidiginem bilip bilýäler. Hawa, türkmen aga, gözüňesöwdügim atlarynyň, itleriniň ajaýyp tohumlaryny ýetişdirip, olary şu günlere çenli saklap bilipdir. Ilçilikde wepaly itler, ajaýyp atlar maşgala agzasy ýaly söýgülenip saklanýar.— diýip guwanç bilen gürrüň berdi. Aman üçin bu gezekki dynç alyş gaty gyzykly boldy. Çopanlaryň goşunda birnäçe günüň nädip geçenini hem bilmedi. Ajaýyp sährada geçirilen günler, ylaýtada, Halasgärli waka onda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Oguljahan SOPYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |