20:23 Uruş döwrüniň oglany | |
URUŞ DÖWRÜNIŇ OGLANY
Hekaýalar
Bugdaýly meýdany synlap, ýuwaşlyk bilen ýöräp barýan goja seleňläp oturan garry tut agajynyň deňinde saklandy. Bu tut agajynyň berdaşly göwresi daýaw-da bolsa, onuň esli ýaşandygy bildirip durdy. Tuduň uzyn çybyklary gyrkylyp, ýerine täze çykan boýy iki garşa golaý ballaklary ýapraklaryny ygşyldadyp otyrdy. Goja tuduň kölegesinde aşak oturdy. Ygşyldap oturan bugdaýlary synlap oturşyna: “Sadagaňyz bolaýyn! Ýaşaýşyň özeni, supralaryň berekedi, guşgursak däneler! Siziň bollugyňyz eşretli ýaşaýşymyzyň güwäsi” diýip, içini gepletdi. Bu goja togsanyň onuny tegeläberen oba ýaşulysy Hudaýguly agady. Ol ýaşlygynda başdan geçiren ençeme wakalarynyň şaýady bolan bu goja tudy özüniň mähriban dosty, syrdaşy ýaly görýärdi. Köplenç ýagdaýy bolsa bu ýere gelerdi. Bu wagt hem özüni ýakyn dostunyň ýanynda oturan ýaly duýdy. Sergin howada şu tut agajy, hem bugdaýlar barada oýlanyp oturan ýaşuly uruş ýyllaryna gabat gelen çagalyk ýyllarynyň ýatlamalaryny serinde aýlady... Ol wagtlar Hudaýguly on iki ýaşlaryndady. Özünden uly agasy Nury on dört ýaşlydy. Erkek adamlaryň eli ýarag tutup bilýäni bolsa bary urşa gidipdi. Obadaky işlerem aýal-gyzlardyr çagalaryň boýnuna galypdy. Nury indi esli wagt bäri uly adam hökmünde bugdaý tabşyrylýan ammarda işleýärdi. Okuwdan gelen badyna zatlaryny goýar-da, egin başyny çalşyryp, şol bada işe giderdi. Dogrusy mekdepden galyp, ir bilen işe gidýän wagtlaram köp bolýardy. Indi öýde iň ekabyr şoldy. Kakasydyr uly agasy Hannynyň urşa gidenlerine indi iki ýyldan gowrak wagt geçipdi. Öýdäki ýekeje sygra seretmek on ýaşly Allaguly bilen sekiz ýaşly Bäşimiň boýnunady. Olaryň mamalary Akgözel eje-de ýeke ogly urşa gidip, öýde ýalňyz galany üçin oba arasynda ýaşaýan gyzynyňkyda bolýardy. Onuň gözi kördi. Şeýle-de bolsa, çagalaryň arasynda bolsa ejeleri arkaýynrakdy. Garrynyň gözi görmese-de, çagalara ony-muny tabşyrmaga ýaraýardy. Körpeleri Altymuhammetjige-de şolar göz-gulak bolmalydy. Çünki ejeleri ir ertirden, giç agşama çenli işdedi. Bu günlerki ýaly orak möwsümin-dä, iş has hem gyzgalaňly bolýady. Bu çagalar ejelerini diňe agşamlyk göräýmeseler onuň irden haçan turup işe gidýänini görýän ýokdy. Bir gezek giç agşam orakçylara ýolbaşçylyk edýän gelin Jemal gelneje geldi. Ol bularyň atalaryndan galan at arabasyny bugdaý çekmek üçin sorady. Şol wagt ejesiniň ýanynda oturan Hudaýguly arabada bugdaý çekmäge özüne rugsat bermeklerini sorady. Brigadir gelin: Wah, şu wagt kömegiň iň gerek wagty. Sen ol işi başaraýsaň-a, bize uly kömek bolar— diýip, soragly nazar bilen oglanjygyň ejesine seretdi. Ejesi: Ýumruk ýaly oglana gaty kyn bolarmyka diýýän? Öýde kiçilerem mamalary bilen ýeke galjak— diýip, ikirjeňlendi. Şol wagt Akgözel eje söze goşuldy: Ýaşajygam bolsa dogumlyjadyr meň oglum, gaty başarar bu işi. Gyzym, sen yzyňy alada etme, çagalar bilen biz günümizi göreris — diýdi. Ejesi bir tarapdan oglunyň işe gitmegini islemänem duranokdy. Sebäbi özüne berilýän zagara paýyny iýmän öýe getireni bilenem çagalardyr, batyl oturan garry ejesine az bolýady. Ol: “Oglum işe gitse, daýhanlara berilýän nahardan iýer hem bir döwüm zagarany artdyryp bilse, jigilerine getirerdi. Wah, ýöne entek gaty ýaş-da, agyr işe hötde geljek bolup kösenäýmese...” diýip, içini gepletdi. Ahyrynda-da, bu işi ýaşajyk Hudaýgula ynanmaly diýen karara geldiler. Hudaýguly ertir işe çykmak üçin şaýyny tutup başlady. Emma öýde onuň aýagyna geýer ýaly düzüw aýak gap ýokdy. Şonuň üçin kakasynyň rezin ädigini geýdi. Ädik uludy. Oglanjygyň aýagyna holpuldap durdy. Uly ädikde ýöremek aňsat bolar ýaly Hudaýguly aýagyna tapan-tupan esgilerini saraşdyrdy. Ädigiň ýokaryky gyrasyny aşak epledi. Indi näme-de bolsa ýöräp bolýardy. Ertesi Hudaýguly ata goşulan araba bilen bugdaý daşap başlady. Ilkinji iş güni çalt geçdi. Oglanjyk erjellik bilen buýrulan işi ýerine ýetirdi. Emma gaty ýadapdy. Giçlik öýlerine gelende jigileridir ejesi ýatman, onuň gelerine garaşyp otyrdylar. Ýaşajyk Hudaýguly özüniň ýadawlygyny ejesine bildirmejek boldy, ýöne onuň ýadawlygyny soramasaňam bildirip durdy. Ol öýiň iç işiginde ädigini çykardy. Uzakly gün harmanda gezip ýören oglanyň ädigine eslije bugdaý dänesi giren ekeni. Ädikden aýagyny çykaranda az-owlak däne daşyna seçelendi. Hudaýguly ädigiň her taýyny gezek-gezegine başaşak tutdy. Onuň içinden çykan däneler oglanjygyň kiçijik owujyny doldurdy. Ýuwunar ýaly suw taýýarlap, oglunyň eline akydyp bermek üçin garaşyp duran ejesi el çyrany alyp, daşyna dökülen bugdaý däneleriniň birini goýman çöpleşdirdi. Oglunyň elindäki bilen goşdular. Ine, bir owuç guş gursak däne. Ene bu dänelere seredip oturşyna: “Wah, sadagaňyz bolaýyn, guşgursak däneler” diýip seslendi. Içindenem: “Bujagaz bugdaýy üwänim bilen bir bulamaga ýeterlik un boljak däl” diýip, pikir etdi-de, ýaglyjaga düwüp goýdy. Hudaýgulynyň işe başlanyna birki gün bolupdy. Onuň ädigi bilen gelýän bugdaýlaryň üç-dört günde toplananyny ejsi degirmenden geçirip, un etdi. Ejeleriniň degirmen üweýşine oglanjyklar höwes bilen synladylar. Çykan un bir käsäni dolabara etdi. Bu un bulamak etmäge ýetjekdi. Içine az-owlak gök ýorunjanyň ýapragyny atyp bişirilen bulamagy çagalar hezil edip içdiler. Jigileriniň bulamakdan garynlaryny doýuryp, hezil edip uklap ýatyşlaryny synlan Hudaýguly bu bulamak içişligiň her gün bolmagyny isledi. Ol ertesi işde aýagyna saran matalaryny aýryp, ädigiň ýokarsyny hem galdyrdy. Bu ýagdaýda ýöremek kyn hem bolsa çydady. Sebäbi şeýle ýagdaýda ädige köpräk bugdaý girjekdi. Oglanjyk başga zady pikirem etmändi. Agşamlyk öýde jigileri ýene Hudaýgulynyň daşyna üýşdiler. Bu gezek ädikden çykan bugdaý ep-esli bardy. Oglanjygyň goşaowujyny dolabara edipdi. Bu zatlary synlap oturan ejesi bu gün oglunyň nähilidir bir emeljagaz edenini aňdy. Emma jigileriniň ýanynda oňa zat diýmedi. Ony sygryň ýüpüni daňmak bahanasy bilen daşaryk alyp çykdy. Sygyr imisala ýatyrdy. Ejesiniň bir zada howsala düşýänini entek hiç zat aýtmasa-da, Hudaýguly aňdy-da: — Eje, eýgilikmi? Birhili aladaly görünýäň-le — diýdi. Ejesi nämeden başlajagyny bilmän biraz dymdy. Ulularyň işini edip, özüni uly adam saýyp ýören oglunyň çagalykdan entek ulalyp ýetişmänkä jigileriniň aladasyny edip ýörşüne nebsi agyrdy. Ol: “Wah, özüniň kir-kimirsiz çaga kalbyna osup, eden işiniň soňy barada oýlananam däldir” diýip, içini gepletdi-de, ogluna ýüzlendi: — Oglum, bu gün ädigiň bilen gelen bugdaýlar öňküleňden köpräk görünýä-le... Ýa, özüň...— diýdi-de, sözüni soňlaman, oglunyň ýüzüne seretdi. Hudaýguly ejesiniň ýüzüne seredip bilmedi. Ýüzini gapdala sowdy. Ejesiniň gaýtadan beren soragy hem jogapsyz galdy. Ejesi müýnürgäp, aşak seredip duran ogluny bagryna basdy. Kellesini sypalady-da: Gel, oglum, otur ýanymda— diýdi. Eneli ogul daşarda ýazylgy duran keçäniň üstünde oturdylar. Ejesi: Jan oglum, ýaşlygyňyzdan maşgalaň aladasyny etmeli bolduňyz. Men muny jigileriň garnyny doýurmak üçin edeniňi bilýän. Ýöne näçe kynçylyk görenem bolsak, şu güne çenli halalja gazanan zadymyzyň hasabyna ýaşandyrys. Beýle zada endik etme. Ogurlygyň ulusynyňam, kiçisiniňem soragy deňdir. Onsaňam, eger biläýseler seni bu jelegaýlarda goýmazlar, balam! Beýle zady gaýtalama! Şu wagt döwlet üçin dänäniň ýekeje hoşajygam gaty gymmatly. Ine, basym uruş gutarar, gidenlerimiz dolanyp geler. Ana, onsaň bugdaýlary dulumyzda çuwallap goýarys, enşalla. Şoňa çenli gaýrat etmeli, oglum!— diýdi-de, ýaşdan dolan gözlerini gyňajynyň ujy bilen süpürdi. Aglaýanyny ogluna bildirmejek bolup jan etdi. Ejesiniň sözlerinde hem mähir, hem gahar, hem agy gatyşygy bardy. Bildirmejek bolup näçe jan etse-de, Hudaýguly ony aňdy. Ejesini we jigilerini begendirerin diýen niýet bilen eden işiniň ýalňyşdygyna düşündi. Oýlanman eden işiniň ejesini gynandyrandygyna ökündi. Ejesindenem ötünç sorady. Hawa, uruş hem gutardy. Ahyryn köp garaşdyran ýeňiş günem geldi. Urşa gidenleriň diri galanlary gelip başlady. Günlerde bir gün Hudaýgulynyň kakasy hem geldi. Emma ol bir wagtky başgalaryň iki bolaup zordan göterýän ýandak petdeleriniň ikisini birlikde çarşagyna ildirip, alyp gidiberýän pälwan kaka däldi. Onuň bir eli doly işlänokdy. Göwresi hem öňküsiniň ýary ýalydy. Kakalary geleninden soň hem Hudaýguly meýdan işinden galmady. Okuwdan boş wagtlary daýhanlaryň hemme işine kömekleşipdi. Wagtyň geçmegi bilen günler gowulaşdy. Adaty durmuş dowam etdi. Golaýynda saklanan awtoulagyň ses gözüni süzüp, arkasyny tuta ýaplap oturan gojany ýatlamalaryň ummanyndan alyp çykdy. Bu gelen obanyň arçynydy. Ol Hudaýguly aga bilen bugdaý orumyny başlamak barada maslahatlaşmak üçin gelipdi. Oguljahan SOPYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy. | |
|
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |