21:23 Deñizçiniñ aýdymy | |
DEŇIZÇINIŇ AÝDYMY
Hekaýalar
Ýaz aýlary. Aýjemal doganoglany Gülbahardyr onuň ejesi Gurbangül bilen Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýan Gözel ejeleriniňkä myhmançylyga gitmek üçin ýola düşdüler. Ýanlaryna alan goşlary esli bardy. Demir ýol menzilinde elleri agyr goşly otla münmekçi bolup duran gyzlaryň deňinden geçip barýan Mergen bulara kömek etmek isledi. Emma göni baryp trorbalara ýapyşybermegi birhiliräk gördi. Olara ýüzlenmegiň ebeteýini gözledi. Şol wagtam Gurbangül gelneje: “Aýjemal, ol agyr torbany özüm alaryn, sen kiçirägini alaý!” diýdi. Mergen: “Gelneje, men ýükleriňizi götermäge kömekleşeýin. Agyr torbany maňa beriň!” diýdi-de, sen-men ýok agyr torbany, ýene bir kiçiräk torbany alyp, otla münmäge başlady. Gurbangül gelnejedir gyzlar onuň yzy bilen otla mündiler. Görüp otursalar bularyň otludaky otaglary hem bile düşüpdir. Uzak ýoly gümür – ýamyr edip gitmäge gowy ýoldaş duşanyna Mergen örän begendi. Ilki tanyşlygy Gurbangül gelneje açdy. Ol alçak hem degişgen aýaldy. Mergen uzyn boýly, saryýagyz Aýjemaly ogryn synlaýardy. Onuň bilen nazary çaknyşanda tok urana dönýärdi. Aýjemalyň hem haly Mergeniňkiden öwerlik däldi. Daýaw göwresi berdaşly ýigit özüniň Türkmenistanyň harby deňiz institutyny tamamlap, Halkara deňiz portunda işleýändigini, şu wagt hem dynç alyş wagtynda ene-atasynyň ýanyndan gelýändigini gürrüň berdi. Özara gürrüň edişip barýan ýolagçylar uzak ýoluň nädip geçenini hem duýmadylar. Otly Türkmenbaşy şäherinde geldi. Mergen ýolagçy ýoldaşlarynyň goşlaryny göterişip, olary ulaga mündürip ugratdy. Emma olaryň nirede we näçe günlük gelendiklerini welin soramandygyna ökündi. Iş ýerine gelen ýigidiň hiç zat bilen weji bolmady. Göräýmäge ýolagçy ýoldaşlary bilen diňe az wagt gürrüňdeş bolan hem bolsalar, edil köp wagtlap bile bolan, ýakyn dostlaryndan aýra düşüen ýaly gaýgyly pursaty başdan geçirdi. Ertir iş günüdi. Ol: “Başga zatlar hakda pikir etmän, ertirki işiň aladasy bilen bolmaly” diýip, öz-özüne maslahat berdi. Emma nirä seretse, Aýjemalyň mawy deňzi ýatladyp duran gözleri ony yzarlap duran ýalydy. Ertesi uzakly gün hem Aýjemally ýatlamalar ondan daşlaşmady. Uzakly gün iş üstünde bolup, az-kem ýadan ýigit agşam dynç alyp oturan wagty radionyň burmasyny towlady. Şol wagtam “Meniň Aýjemalym gymmat bahaly, tylladandyr köwüşiniň nahaly” diýip, näzik ses bilen aýdylýan aýdym eşdildi. Bu aýdym Mergeni ýene Aýjemally ýatlamalar tarap alyp gitdi. Deňizçi ýigit özüniň bolup ýörüşine özi geň galdy. Ýolda tanyşan ýoldaşlary bilen üýtgeşik gürrüň eden zatlaram ýok, emma näme üçindir Aýjemalyň keşbi onuň hyýalyndan gidenok. Bu gün dynç günüdi. Mergeniň öýde oturyp karary ýetmedi. Ol säher bilen eline kitabyny aldy-da, deňziň kenaryna golaý dynç alyş seýilgähine çykdy. Seýilgähdäki açylyp oturan güller, suw çüwdürimleri göwnüňi göterýärdi. Salkyn howa hem janyňa hoş ýakýardy. Seýilgähiň çeträginde bagyň goýry kölegesinde birküç sany gyza gözi düşdi. Olaryň biri saýada kitap okaýardy. Beýleki ikisi gülleriň arasynda surata düşýärdiler. Mergen olara golaýlanda bularyň ikisi ýolda tanyşan gyzlarydygyny tanady. “Beýleki gyz olaryň myhman bolan öýleriniň öý eýesiniň gyzy bolmagy ahamal” diýip, içini gepletdi-de, gyzlara tarap ýöneldi. Kitap okap oturan gyzyň ýanyna baryp: “Gülbahar, salam!” diýdi. Gyz ony tanady. Mergen oturmaga rugsat sorady. Otur, otur, Mergen. Gezelenje çykdyňyzmy?— diýip, Gülbahar göwnihoşluk bilen sorady. Hawa, dynç güni-dä, öýde ýeke özüm içim gysdy-da, arassa howada dynç alaýyn diýip, çykaýdym. Sizi görenime örän şat — diýip jogap berdi-de, Gülbaharyň nehili kitap okaýandygy bilen gyzyklandy. Gülbahar Lukmançylyk uniwersitetine girmek üçin synaglara taýýarlyk görýändigini aýdyp, okap oturan kitabyny Mergene görkezdi. Seniň eliňde-de kitap bar. Sen näme okaýaň? Hä, men çeper eser okamagy halaýan. Boş wagtlarym köplenç kitap bilen geçirýän— diýip, Mergen ýylgyrdy. Şol wagt beýleki gyzlar hem geldiler. Mergen olary görüp ýerinden turdy. Onuň aljyraýany daşyndanam bildirip durdy. Hälki gürleşip oturan oglan indi bir zat soralsa, çala başyny atyp durdy. Aýjemalyň hem ýagdaýy onuňkydan öwerlik däldi. Gülbahar bularyň bolup durşlaryny synlap, dymyşlygy bozdy. Bu Aýjemal, bu hem Mergen siz-ä bir-biriňizi tanaýaňyz. Bu hem Gunça, meň Gözel ejemiň gyzy. Bular Türkmenbaşy şäherinde ýaşaýarlar— diýdi. Soň hem degişmä salyp: Aýjemal halyçy. Ýöne şu ýyl ol hem Harby deňiz institudyna okuwa synanyşmagy mümkin — diýip, ýylgyrdy. Onuň nämä kakdyrýanyny aňan Aýjemalyň ýaňaklary gyzardy. Ol çalaja gözüni alardyp, Gülbahara seretdi. Mergen: Gyzlar, entek öýe gaýtmaýan bolsaňyz ertir täze gurlan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geliň. Bile emeli ada gideliň. Ol ýeriniň üýtgeşik owadan tebigaty, dürli haýwanat we ösümlik dünýäsi bar.— diýdi. gyzlar razylaşdylar. Biraz wagtdan soň öýlerine gaýtdylar. Gyzlar ertesi gepleşişleri ýaly ir bilen täze gurlan Halkara deňiz portuna geldiler. Gäminiň töwereginde aýdyma hiňlenip, işe güýmenip ýören Mergen gyzlary görmedi. Gyzlar seslerini çykarman biraz ony synlap durdular. Meniň Aýjemalym gymmat bahaly, Tylladandyr köwüşiniň nahaly... Ýigidiň aýdymyna Gülbahar bilen Gunça ýylgyryp, biri-birine seretdiler. Gülbahar çalaja: “Ähm-ühüm” edip, üsgürünjirän boldy. bular kiçiräjik motorly gaýykda emeli ada gitdiler. Emeli adadaky gezelenç gaty gyzykly geçdi. Adanyň gözel tebigaty gyzlaryň göwnüni joşurdy. Ine, bu gün hem gezelenje gelenleriň öýlerine gaýtmaly günüdi. Gözel ejedir Gunçada myhmanlary ugratmak üçin demir ýol menziline gelipdiler. Gülbahar assyrynlyk bilen Aýjemaly synlaýardy. Onuň sesini çykarman, aşaklyk bilen töweregine garaýany bildirýärdi. Gyz her näçe bildirmejek bolsa-da, pikirleriniň başga ýerdedigi gowy synlana bildirip durdy. Mergen myhmanlary ugratmak üçin howlukmaçlyk bilen demir ýol menziline tarap ugrady. Näçe howluksa-da, wagtynda gelip bilmedi. Ol menzile gelende otly ýaňy ýerinden gozganypdy. Deňizçi ýigidiň gözleri penjireden garaýan intizar gözlere düşdi. Olar diňe gözleri bilen hoşlaşdylar. Gezelençden gelen gyzlara bu gezekki syýahatlary gaty üýtgeşik täsir etdi. Olaryň edil güýçlerine täze güýç goşulan ýaly boldy. Gülbahar uly güýç bilen synaglara taýýarlanmagyny dowam eti, Aýjemal hem täze halysyny dokap başlady. Bu gezelenç ylaýta-da Aýjemala täsir etdi. Ol Mergen bilen üýtgeşik gürrüňdeş bolmadyk hem bolsa, onuň keşbi, özüne seredip duran gözleri onuň hiç ýadyndan çykmady. Ondan bäri bir aý gowrak wagt geçdi. Oguljahan SOPYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy. | |
|
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |