12:38 Taryhyñ iñ uly oýnaş dawalary | |
TARYHYÑ IÑ ULY OÝNAŞ DAWALARY
Geň-taňsy wakalar
Aýalynyñ daşyndan başga biri bilen "gezmegi-de" her kim-her kim oñarmaýar. Taryhda tanalýan şahsyýetleriñ şahsy durmuşy hem şular ýaly dawaly meseleden çetde bolmandyr. Eger kimdir bir zenan bilen "gezýäniñi" bildirmän oñarsa-ha oñarany, bardy-geldi üsti açylaýan ýagdaýynda hem ullakan biabraýçylygyñ üstünden baran belli şahsyýetler az däl. Şonuñ üçin oýnaşyñ üstünde turýan dawalar taryha ýañ salan dawalardyr. "Çagaly öýde ogurlyk ýatmaz" diýlişi ýaly il-günüñ götermejek, halamajak işini hernäçe gizleseñem, ahyrsoñunda ýüze çykýar. Şolar ýaly käbir şahsyýetler muny ussatlyk bilen gizlänem bolsalar, soñra paş bolup uly ile gep bolany galypdyr. Käbiri bolsa şobada paş bolup, zähmet karýerasyna uly zyýan ýetiripdir. Geliñ indi bolsa, aşakda geçmişden häzirki wagta çenli bolup geçen iñ uly oýnaş we jynsy azgynçylykly dawalara göz gezdireliñ... • Bill Klinton we Monika Lewinskaýa ABŞ-nyñ öñki Prezidenti Bill Klinton "erkek eşekligini" edip aýaly Hillari Klintonyñ üstüne Monika Lewinskaýa bilen "gezipdir". Uly dawalaryñ turmagyna sebäp bolan bu ogryn gatnaşyk netijesinde Klintondan öz islegi bilen eýeleýän kürsüsini boşatmak talap edildi. Hernä onuñ aýaly Hillari Klinton adamsyna arka çykaýdy, şeýdibem "Bill kaka" wezipesinde galmagy başardy. • Jawaharlal Neru we Edwina Jawaharlal Neru Hindistanyñ ilkinji premýer-ministridir. Mahatma Gandiniñ ýeñşinden soñ Angliýa Hindistandan el çekipdi. 1948-nji ýylda Angliýa iñlis güýçleriniñ hindi topragyndan çykmagyna guramaçylyk etmek üçin Lord Luis Mountbatteni Hindistana ugradypdyr. Lord Luis bolsa Hindistana gidende aýaly Edwinany hem ýanyna alyp gidipdi. Şol ýerde-de Edwinanyñ göwni premýer-ministr Neruwa gitdi we olar ogryn-dogryn duşuşdylar. Bu ogryn "söýgi" gatnaşygy şol wagt hindi jemgyýetçiliginden bukuldy, çünki iki tarapam halkyñ aýaga galmagyndan çekindi. • Jon Profumo dawasy Iñlis hökümetiniñ harby sekretary Jon Profumo 19 ýaşly gyz Kristina Kiler bilen ogryn "söýgi" gatnaşygyny saklaýandygy ýüze çykyp, wezipesinden el çekmäge mejbur boldy. Kristina Kiler şol wagtlar sowet jansyzlary bilenem ýakyn gatnaşyk saklaýan eken. Şol sebäpli Jon Profumo öz "söýgülisine" döwlet syrlaryny aýan eden bolaýmasyn diýen şübhe döredi. Profumo özi barada aýdylýanlary hernäçe inkär etse-de, halkyñ Garold Makmillianyñ hökümetine bolan ynamy peseldi. Netijede Profumo syýasatdan çetleşdirildi. • Doýmaz-dolmaz Ýekaterina Beýik Ýekaterina diýibem atlandyrylan şa aýal Ýekaterina XVIII asyryñ iñ meşhur şahsyýetlerindendir. Beýik Pýotryñ agtygy Pýotryñ aýaly Ýekaterina II hernäçe Krymy Russiýa imperiýasynyñ düzümine goşandygyna we otuz dört ýyllap döwleti dolandyrandygyna garamazdan, çakdanaşa aýgyrlygy sebäpli bir ärde oñmandyr. Pýotr bilenem zoraýakdan ýaşaşýandygy üçin, hem adamsynyñ, hem özüniñ sanardan köp binika gatnaşykda bolandygy hemmä mälim taryhy hakykatdyr. • Tomas Jefferson we hyzmatkär gyrnak Tomas Jefferson ABŞ-nyñ üçünji Prezidentidir. 1801-nji ýylda Prezidentlik wezipesine gelen Jefferson 1809-njy ýyla çenli bu kürsüde oturdy. Jeffersonyñ ady şol döwür öýünde saklaýan hyzmatkär gyrnagy bilen "seks-şop" dawasyna bulaşdy. Şeýle-de bolsa Jefferson aýdylýanlaryñ düýbünden ýalandygyny aýdyp, özüni goramaga çalyşdy. Emma geçirilen DNK barlaglarynyñ netijesi hyzmatkär gyrnagyñ binika dogran alty çagasynyñam Jeffersona degişlidigini subut etdi. • Munsinger dawasy Kanadanyñ iñ uly seks dawasy bolan "Munsinger dawasy" öz döwründe tutuş dünýä ýañ saldy. Kanadanyñ Diefenbaker hökümetiniñ düzümine girýän birnäçe ministriñ ady seks dawasyna bulaşdy. Bu "seks-şop" dawasy kanadaly ministrler bilen sowet jansyzlarynyñ arasynda turdy. Ýurda ýañ salan dawanyñ sebäpkäri Gerta Munsinger diýen zenandy. Munsinger kanadaly ministrleriñ birnäçesi bilen "ýatyp-turupdy". Ottawada ýaşaýan Gerda Munsingeriñ özi SSSR-iñ hasabyna işleýän nemes jansyzydy. Ol ugradylan ýurdundaky ýokary wezipeli döwlet işgärleri bilen "gezip" SSSR-e gerekli maglumatlary iberýän eken. 1955-nji ýylda Kanada ugradylan Munsinger 1961-nji ýylda Germaniýa yzyna ugradylypdyr. Dawa bolsa ýapyk gapylaryñ añyrsynda çözülipdir. Munsinger häzir sowuk uruş döwrüniñ Mata Harisi hökmünde tanalýar. • Kanaan Banana Kanaan Banana taryhyñ iñ masgaraçylykly seks dawasyny başdan geçiren şahsyýetdir. Banananyñ ady ol 1980-1987-nji ýyllarda Zimbabweniñ ilkinji Prezidenti bolup işlän ýyllarynda birgiden bolgusyz wakanyñ içine bulaşdy. Banana on bir sany dürli-dürli jenaýaty etmekde aýyplandy. Olaryñ arasynda beçebazlyk, tabynlygyndakylary zor bilen jynsy gatnaşyga itermek ýaly aýyplamalar hem bardy. Jerime tölegini töländen soñ tussaglykdan boşadylan Banananyñ ýakasyny goýbermedik Robert Mugabe ony AIDS keselini Afrika yklymyna ýaýratmakda günäkärledi. Özüni Mugabeniñ öldürmeginden gorkan Banana Günorta Afrika respublikasyna gaçdy. Nelson Mandela onuñ bilen duşuşyp watanyna dolanmagyny gazandy. Banana öz janpenalary bilen pul seçip tans etmekden, olary zor bilen jynsy gatnaşyga itermekden we başga günäler bilen aýyplanyp, 1999-njy ýylda on ýyl azatlykdan mahrum edildi. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |