23:24 Täze goñşy / hekaýa | |
TÄZE GOÑŞY
Hekaýalar
– Eý, Hudaý jan-eý! Erkek ysnatsyz doglandan… – ýelinsesi gaty gysdy öýdýän, ýeňse ýakasyndan sokan elini zordan ýetirip, onuň irişmesini ýazdyryp goýberdi. Boz biýarada iki ösen gülaby ýaly boldumly göwüsleri gasyn–gasyn garyn arada balkonyň beton diwaryny ga:ldyryp, ho-ol aşak sallandylar. Göwüsleriniň agramyna dym-dykyz eginleriniň üstündäki mäşirik ýaly kellesi saňňyldap öňe egildi. – Tfu! – hol aşakdaky adama has golaý eltmek üçin eglip tüýkürinende… Ýeňse ýanyndaky demir krowat bolmadyk bolsa, ol edil samolýotdan taşlanan gumly halta ýaly dik başaşaklygyna gaýtmalydy. Hernä, geçen asyryň önümi bolan guýma krowat onuň göwüsleriniň we göwresiniň agramyndan saldamly geldi. Göwresini galdyryp, dikelende, demir krowatyň oňurgasyna ilip sypjyrylan ökjeleriniň yzasy ýüregine ýetdi. Ökjeleriniň awusy ýüregini syzladyp duran-da bolsa, diline täsirini ýetirip bilmedik borly. – Iki ädim ýöräniňde satanyňa ýag iýner seniň, satanyna ýag iýnmiş, zibilhana çenli!… Aşakda – çaklaňja mellejiginde kagyz ýakyp duran lopar pyýada, gabat garşysyndaky jaýyň üçünji gatynyň balkonyndan şerebesini syçradyp duran aýala seretdi. Her näçe ýiti synlasa-da, tanap bilmedi. «Nina Petrownanyň jaýy!» diýip, ol oýlandy. «Myhman-mediwan dagymyka? Ýa, göçüp gidäýdimikä Nina daýza? BAM-a – gyzymyňka göçjek diýmesi bardy, asyl» diýip, iç gepletdi. Bir zat-bir zat diýjek ýaly hem etdi-de, «Aý, zen bilen erkegiň jeňi deň çykýarmy biziň zamanymyzda!» diýip, dodagyny müňküldedip, öz jaýyna girip gitdi. Ertesi gün. Lopar pyýada, goltugyny kagyzdan dolduryp, gapysyndan çykdy. Kagyz pytramasyn diýip ýörite gazan çukuryna dessesini basdy-da, otlap goýberdi. Iki ýerinden tutaşdyrylan kagyz dessesi, tüssä öwrülip, göge galyp başlady. Emma, ýakyp duran kagyzynyňky däl-de, düýnki balkondan zogdurylyp başlan goýy, ajy tüsse loparyň demligini daraldyp ugrady. – Il–gün–u–u… yhanada bakyň, yhanadysyny aşyryp durmuşa! Tüsse berip başlady bi jaýlara, tilkä tüsse beren ýaly edip. Tilki ýaly boglup ölesiň öz hiniňde… Lopar, başyny galdyryp balkona garady. Tyňkysyny şapbatlap gyltyk sowrup duran aýala esli wagtlap ynjyly seredip durdy. Ýakýan kagyzynyň dik ýokaryk göterilýän inçemik tüssesine äňetdi. «Şu ýerde ýakýan kagyzymyň saňa ýetirýän gurumy barmy?» diýjek bolup dodaklaryny herekete getirdi. Emma, aýtmak islän sözleri başga görnüşde ysgynsyzlyk bilen köwüşleriniň tumşuklaryna döküldi. « Heleý bilen heziliň deň geljekmi!..». Lopar, boýnuny eýeriň gürlügi ýaly edip, jaýyna ýöneldi. Içini hümledip barşyna, hemsaýasynyň gykylygyna, şerraý aýalyň goňşusynyň balkona çykanyny-da görmedi. Onuň. – Gyw, goňşy, biziň ýazyjymyz ol. Ýazyjy bolsa, kagyz-petegi bol bolar-da. Ýakanda nä, ýaksa – diýen sözlerini-de eşitmedi. Şerraý aýalyň. – Tfu! Ýazyjymyş! Men, şoň ýaly ýazyjynyň üstüne … – diýip, aňkap durşuny-da görmedi. Birigünlügi. Lopar, kagyz goltuklap, balkonyň gapysynyň iç ýüzünde dur. Ol, ätiýaçlyk bilen garşysyndaky jaýa seredýär, düýnki balkona. Balkon boş, hernä. Ol, şakyrdatmanjyk gapysyny açyp, howatyrly ädimläp, kagyz «küresine» ýönelýär. Çekinjeňlik bilen kagyzlaryny «kürä» basýar. Kükürt çakjak wagty, üstüne gara buludyň kölegesi düşýär. Iýni bir howp syzan ýaly, ýagyrnysynyň gözüniň derisi dartylyp-dartylyp gidýär. Gyssanjyna otluçöp çyzýar. Ýerde çyzylan çöp balkondaky benzine degýär. Balkondan ataş pürkülip başlaýar. – Ýene ýakdy lowladyp, lowlaplar ölmüş!… Lopar, gülçe syrtyny ýere goýdy. Onuň gulagy eşitmeden, gözleri görmeden galdy. Çukurjykdaky ýanyp duran ot, onuň aýagyna dyrmaşdy. Dyzyna ýetdi, soň biline Ýalnyň ýakymsyz dilleri baş arteriýalaryň içinde burum-burum burlup, ýokaryk dyrmaşdy. Sary ýalyn bilen ajy tüsse baryp beýnä doldy. Loparyň agyz–burnundan howur çykyp başlady. Ol, ýer sermäp ýerinden turdy. Enter-menter bolup jaýyna ýöneldi. – Ana, gitdi kellesini oda gorsalan şugundyr ýaly edip, ebtini agdaryp. Yhanady, üwlis, bigaýrat… Lopar, «goşasyny» goltuklap gapyda göründi. Tüpeňiniň gundagyny goltugyna gysyp bir durdy. Garşysyndaky balkona seretdi. Balkonda gykylyklap duran aýal onuň gözlerine agzyndan alaw syçradyp duran aždarha bolup göründi. Ol tüpeňiniň nilini «aždarhaly» balkona dogrulady. Gykylyklap duran aýal gulp-jülp boldy. Soňam dizel basan pökgi ýaly has-s etdi, – ýeli çykdy. Ýüzüniň berekedini gaçyryp, sandyraklap barşyna, götinjekläp jaýyna girdi gitdi. Yzlaýyn ýöräp barşyna, özüni köşeşdirmäge gelen goňşy aýal bilen çakyşdy. Arkasy, göýä, adam tenine däl-de, «goşanyň» niline degen ýaly, hasanaklap yzyna aýlandy. Goňşy aýala gözi düşübem, ýakasyny sermeläp, çokunmaga başlady. Biraz ynjalansoň, sandyraklap durşuna, has-haslap gepledi. – Ýigit çeni bar, gyz, şonuň!.. 1986-njy ýylyň oktýabry, Aşgabat. Torum Ýaýlan BATAŞY. | |
|
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |