16:40 Tebigylyga siñýän keşpler | |
TEBIGYLYGA SIŇÝÄN KEŞPLER
Teatr we kino sungaty
Gözellik diýen zada her kim birhili düşünýär. Kim ony geýýän eşiginde görse, kim tebigatda görýär. Kimler bolsa öz zähmeti bilen ynsana ruhy lezzet paýlamagy, ynsan kalbyny bu nurana dünýäniň täsinligi bilen dolap almagy baryp ýatan gözellik hasaplaýar. Ine, sungat ýolunda ynsanlara ajaýyp pursatlary, egsilmez ruhubelentligi paýlaýan keşplerde çykyş edip gelýän ussat artist Süleýman Eminow hem ençeme ýyllardan bäri, esasan, baş keşpleri janlandyryp, köpleriň söýgüsini gazanmagy başaryp gelýär. Süleýmanyň döredijilikli zähmet hem durmuş ýoly hakdaky gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Süleýman, ilkinji ýüregiňize ýakyn hasaplan keşbiňiz haýsy bolupdy? — Döreden keşplerimiň her biriniň hem ýüregimde, ruhy dünýämde aýratyn orny bar. Ýöne «Keremli söz» çeper filmindäki Keremiň ynsanlara bagt paýlamak ugrundaky yhlasy, maksada okgunlylygy maňa has ýakyn. Kino sungatynda teatrdaky ýaly däl. Teatrda «Watan hakda üç aýdym» spektaklynda janlandyran Çary çapygyň keşbini her gezek janlandyranymda, täzeçe duýgular bilen ýüzbe-ýüz bolýan. Bu halat Watan söýgüsiniň hiç haçan könelmeýändigi, wagt geçdigiçe barha berkeýändigi bilen bagly bolsa gerek. — Artist haçan öz başarnygyna dogry göz ýetirýär? — Kyn sowal. Kyn diýýänim, başarnygyňa göz ýetirmegiň köp ýyllaryň zähmet tejribesi bilen, ýa bolmasa, ýyllaryň geçmegi bilen, bärden gaýtmalaryň juda kändigine akyl ýetirişiň bilen baglylygy. Ýaşlyk-da, kalbymda artist bolmak, onda-da ussat artist bolmak hakyndaky umyt-arzuwlary besläp, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bosagasyndan ätlän ilkinji günüm men öz başarnygyma buýsanypdym. Badyhowa talyplyk ýyllarymda baş gahrymanyň keşbini janlandyran pursatlarym hem buýsanypdym. Soňlugy bilen keşplerimiň sany köpeldigiçe, bir zada akyl ýetirdim: kämillige tarap ädimler ädildigiçe, özüňe bolan talap güýçlenýän eken. Sungatda başarnygyň köp ýyllaryň tejribesini talap edýändigine göz ýetirdim. Ussat halypalar bilen iş salşyp, olardan tälim alyp ugran günümden bäri olaryň her sözi, jümläni ýürekden syzdyryp, ýürege ýetirişini synlap, halypalardan bize enteklerem öwrenmäge zadyň juda kändigine düşündüm. — Baş gahrymanyň keşbini janlandyran ençeme spektakllaryňyza, kinolaryňyza tomaşa edipdim. Her gezek bir ýagdaý göze ilýär. Sizde tebigylyk, tebigat bilen ýakynlyk bada-bat duýulýar. Ýalňyşmasam, çagalygyňyz obada geçen ýaly. — Ahmal. Artiste onuň tomaşaçysyna görä baha berilýär. Tomaşaçyda şeýle duýgyny oýaryp bilýän Bolsam, haýsydyr bir aýratynlygym göze ilýän bolsa, sungat ýolundaky yhlasymyň ýerine düşdügi. Men oba oglany-ha däl. Ýöne çagalygymdan bäri dynç alyş günlerimiň ählisini obada, has dogrusy, sonarly sähralarda mal yzynda gezýän oba oglanlarynyň arasynda geçirýärdim. Ol günleriň, tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolan pursatlarymyň meniň durmuşymdaky iň ýakymly pursatlar bolandygy welin hakykat. Tebigylyk, sadalyk halkymyza mahsus milli häsiýet. Şol sebäpden spektakllarymyzdaky, ýa bolmasa, çeper filmlerimizdäki gahrymanlaryň aglabasy bu häsiýetden daşda bolmadyk gahrymanlar. «Gündogar ýyldyzy», «Söýgi duralgasy», «Hak aşyklar», «Awaza — asal aý» ýaly spektakllarda, «Ýönekeý gyz», «Men-menlik», «Keremli söz», «Bagt guşy» ýaly ençeme çeper filmlerde döreden gahrymanlarymyň keşpleriniň hemmesiniň häsiýetini tebigylyk düzýär. — Täze keşpleri döreden günüňiz nähili duýgulary başdan geçirýäňiz? — Haýsydyr bir keşbi janlandyrmak üçin çekilýän azaby diňe ony döreden bilýär. Režissýoryň göwnünden turanyň bilenem, öz göwnüň ýetmesi diýenem bir zat bar. Täze keşbi döreden günüm göýä üstümden agyr ýük aýrylan, dünýä täzeden gelen ýaly bolýan. Ony başaran her günümi bir ynsanyň ömrüne berimsiz gün hasaplaýan. Bu ukyby, zehini, sungata bolan söýgini maňa tebigat berdi. Men hem ajaýyp duýgularymy, mährimi, söýgimi garyp, keşp döretmegi, tomaşaçylara ruhy lezzet paýlamagy özümiň artykmaçlygym däl-de, borjum hasaplaýan. — Sungatda gazanan üstünlikleriňiz, ol üstünlikleri nämede görýänligiňiz hakynda aýdaýsaňyz? — Türkmen halky: “Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin” diýýändir. Adam, isle, şahyr bolsun, isle, daýhan, isle, sürüji bolsun, isle, artist, tapawudy ýok, islendik kärde bolanda-da, owaly bilen hünärine ýüregini bermegi başarmaly. Maňa kiçiligimden hiç kim maslahat berip, «Artist bol» diýmedi. Aslynda, bu meniň ykbalym eken. Heniz mana düşmeýän çaga wagtlarym hem özüme ýakyn gahrymanlarym bardy, olara öýkünip, hereketleridir sözlerini gaýtalap gezmegim, bularyň bary meniň ykbalymdy. Maňa bolsa ýeňil bolmadyk bu sungat ýoluna aýgytly ädimleri ataýmak galypdy. Hawa, «Ejem meniň ilkinji janköýer tomaşaçym» diýsem, ýalňyş bolmasa gerek. Ol sungat adamy bolmasa-da, her bir döreden keşbimi içgin synlap, özüçe baha bererdi. Ýadymda, bir gezek «Durmuş kyssalary» atly gysga göwrümli filmlerde otrisatel gahrymanyň keşbini janlandyrypdym. Ejem döreden keşbime çyny bilen gynanan bolsa näme. Ol çeper filmi synlan dessine, maňa jaň etdi. Sesi-de juda howsalaly: «Oglum, beýle keşpleri gaýdyp janlandyrma». Birje jümle. Ene-dä, oňa sungat ýolunda özüňe ynanylan keşbi bolmalysy ýaly janlandyrmagyň her bir artistiň borjudygyny düşündirmegiň hajaty ýok. Menem: «Bor eje» diýip jogap berdim. Talyplyk ýyllarymdan bäri teatrda hem-de çeper filmlerde keşpleri döredip gelýän. Ykbalymy, ömrümi kärime bagyşlanlygymdanmy, döreden keşplerime çyn ýüregimi berenligimdenmi, köplenç, döreden keşplerim diýseň şowly çykýardy. — Häzirki günlerde-de täze spektaklda keşp döretmäge taýýarlyk görýänsiňiz-le? — Bu günler Gylyçmyrat Kakabaýewiň ýazan edebi esasyna Handurdy Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylýan «Ýurt we zürýat» atly spektakl goýulýar. Men onda Begli batyryň keşbini janlandyrýan. Oýun diýseň gyzykly. Nesip bolsa, ýakyn günlerde tomaşaçylarymyza ýetireris. — Arzuwlaryňyz hem maksatlaryňyz! — Arzuwym — döreden keşplerimi tomaşaçynyň ýürekden kabul edip bilmegi, şol keşpleriň ýaşynyň uzyn bolmagy. Maksadym — geljekde teatr sungatyna yhlas bilen işläp, goşant goşmak, täzeden-täze keşpleri döretmek. —Size mundan beýläk hem durmuşda, işde uly üstünlikleriň, şowlulyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris. — Men hem ähli kärdeşlerime durmuşda bagt, işde rowaçlyk arzuw edýän. Söhbetdeş bolan: Ýazbibi ANNAGURBANOWA. | |
|